45-nji aýdym
Öňe gidiň!
1. Öňe git, öňe git, ös ruhy taýdan!
Ýeterlik başarnyk, ukyp aldyk Hudaýdan.
Ösmäge tagalla etsek biz jandan,
Hudaý berer ak pata.
Biz hyzmat edýäs ulus-ile,
Muny Alla tabşyrdy bize.
Ýykylmarys bolsak Ýehowa bilen,
Berk ýapyş hakykata.
2. Öňe git, öňe git, wagyz et gorkman!
Her bir adam hoş habary eşitsin hökman.
Gidip Allany wasp ediň her zaman,
Gapy-gapy aýlanyp.
Bizi gorkuzjak bolýar duşman,
Emma sen wagyz et gowşaman.
Patşalyk gelendir ýok bizde arman.
Wagyz ediň şatlanyp.
3. Öňe git, öňe git, ukybyň artsyn,
Etmeli işiň köp, goý, hakykat nur saçsyn.
Mukaddes ruh saňa mydam ýol açsyn,
Şatlan Ýehowa bilen.
Adamlara sabyrly öwret,
Olaň aňyna, ýüregne ýet.
Şondan soň ýene ösmäge kömek et,
Goý, nur saçsyn hakykat!
(Şeýle-de Flp. 1:27; 3:16; Ýew. 10:39 serediň.)