46-njy aýdym
Ýehowa biziň Patyşamyz!
1. Beýik Ýehowa alkyş aýdyň,
Gökler jar edýär oň dogrulygyny.
Hudaýy taryplap aýdalyň biz aýdym,
Goý, ýaňlansyn onuň şöhraty!
(GAÝTALAMAK)
Goý, gökler şatlansyn, goý, zemin galkynsyn,
Patşa boldy Ýehowa Hudaý!
Goý, gökler şatlansyn, goý, zemin galkynsyn,
Patşa boldy Ýehowa Hudaý!
2. Gidip aýdalyň ýakyn-ýada,
Edýän işlerini taryplap günde.
Ýeke-täk Ýehowa mynasyp şöhrata,
Baş egýäs biz onuň öňünde.
(GAÝTALAMAK)
Goý, gökler şatlansyn, goý, zemin galkynsyn,
Patşa boldy Ýehowa Hudaý!
Goý, gökler şatlansyn, goý, zemin galkynsyn,
Patşa boldy Ýehowa Hudaý!
3. Gökde Hudaý gurdy Patşalyk.
Öz ýalňyz Ogluny etdi oň Şasy.
Dünýäniň taňrysy ýok bolar ömürlik,
Goý, Ýehowa beýgelsin baky!
(GAÝTALAMAK)
Goý, gökler şatlansyn, goý, zemin galkynsyn,
Patşa boldy Ýehowa Hudaý!
Goý, gökler şatlansyn, goý, zemin galkynsyn,
Patşa boldy Ýehowa Hudaý!
(Şeýle-de 1 Ýyl. 16:9; Zeb. 68:20; 97:6, 7 serediň.)