112-nji aýdym
Beýik Hudaý — Ýehowa
1. Gudratygüýçli, Beýik Ýehowa,
Sen mynasyp şöhrata,
Alkyşa hem hormata.
Ýaşaýaň baky, paýlaýaň bagty,
Hem adalatly Ata.
2. Bagyşlaýarsyň günälermizi,
Sende çäksiz söýgi bar,
Rehimlä sen rehimdar.
Yzyny üzmän ýagşylyk etmek,
Her işiňde görünýär.
3. Goý, perişdeler adamlar bilen,
Seni wasp etsin her dem,
Joşup bütin ýürekden.
Patşalygyňy gökde gurduň sen,
Ýer Jennet bolar tizden.
(Şeýle-de Kan. tag. 32:4; Sül. tym. 16:12; Mat. 6:10; Ylh. 4:11 serediň.)