Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/9 sah. 21—25
  • «Ataňyz rehimdar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ataňyz rehimdar»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mätäçlere we ezilenlere rehimdar bolmak
  • Günäkärlere rehimdar bolmak
  • Rehimdar we adalatly Hudaý
  • Näme üçin rehimdar bolmaly?
  • «Rehimliler bagtlydyr»
  • Biz «örän rehimdar» Hudaýa gulluk edýäris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Rehimdarlygy nädip bildirmeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Rehimli adam bagtlydyr
    Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň
  • «Rehimli adamlar bagtly»
    Ýehowa aýdym aýdalyň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/9 sah. 21—25

«Ataňyz rehimdar»

«Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz-de rehimdar boluň» (LUKA 6:36).

1, 2. Isanyň kanunçylara, fariseýlere we şägirtlerine aýdan sözleri rehimdarlygyň örän wajyp häsiýetdigini nädip görkezýär?

MUSA arkaly berlen kanun takmynan 600 tabşyrykdan we düzgünden ybaratdy. Ysraýyllylar Musanyň kanunyny hökman berjaý etmeli bolsa-da, rehimdar bolmak hem wajypdy. Isanyň rehimdarlyk bildirmeýän fariseýlere aýdan sözlerine seredeliň. Olary iki sapar ýazgaryp, Isa Hudaýyň sözüne salgylandy: «Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin» (Matta 9:10—13; 12:1—7; Hoşea 6:6). Ýer ýüzündäki gullugynyň ahyrynda Isa şeýle diýdi: «Waý günüňize, eý kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz narpyzdan, anisden we tminden zekat berip, kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz» (Matta 23:23).

2 Dogrudan hem, Isa rehimdarlygy örän wajyp häsiýet hasaplaýardy. Ol şägirtlerine şeýle diýdi: «Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz-de rehimdar boluň» (Luka 6:36). Emma bu babatda «Hudaýdan görelde almak» üçin biz hakyky rehimdarlygyň nämedigini bilmeli (Efesliler 5:1). Galyberse-de, onuň manysyna düşünsek, has rehimdar bolmaga höweslendirer.

Mätäçlere we ezilenlere rehimdar bolmak

3. Näme üçin hakyky rehimdarlygyň nämedigine düşünmek üçin Ýehowanyň nähili şahsyýetdigi barada oýlanmaly?

3 Mezmurçy şeýle nagma aýdýar: «Reb mähriban we rehimdardyr, gahary gelmezek we merhemeti boldur. Reb hemmelere gowudyr, Onuň mähribanlygy ähli ýaradylanlarynyň depesindedir» (Zebur 145:8, 9). Ýehowa «rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr» (2 Korintoslylar 1:3). Duýgudaş adam başgalara rehimdarlyk bildirýär. Bu Hudaýyň wajyp häsiýetleriniň biridir. Onuň göreldesi we berýän tälimi hakyky rehimdarlygyň näme aňladýandygyny bilmäge bize kömek eder.

4. Işaýa 49:15-den rehimdarlyk barada näme öwrenýäris?

4 Işaýa 49:15-de Ýehowa şeýle diýýär: «Eýsem, aýal emýän çagasyny unudarmy? Göwresinden çykan balasyna haýpy gelmezmi?» «Haýpy gelmek» diýen ýewreý sözi ýokarda getirilen Zebur 145:8, 9-njy aýatlarda rehimdarlyk bilen bagly ulanylýar. Rehimdar bolmaga Ýehowany höweslendirýän duýgy çagasynyň aladasyny edýän enäniň mähirli duýgusy bilen deňeşdirilýär. Eger çaga aç ýa-da başga zada mätäç bolsa, enäniň mähri we duýgudaşlygy çagasynyň zerurlygy barada alada etmäge höweslendirýär. Ýehowa hem şeýle näzik duýgular bilen rehimdarlyk bildirýär.

5. Ýehowa «rehime baýdygyny» Ysraýyla nädip görkezdi?

5 Emma duýgudaşlyk bildirmek bilen mätäçlere we ezilenlere iş ýüzünde kömek etmegiň arasynda uly tapawut bar. Geliň, 3 500 ýyl mundan öň, Ýehowanyň halky Müsür gulçulygynda wagty onuň nähili seslenendigine seredeliň. Ol Musa şeýle diýdi: «Men halkymyň Müsürdäki muşakgatyny gördüm, zulumkeşlerden ýaňa perýatlaryny eşitdim. Olaryň derdini bilýärin. Men olary müsürlileriň elinden halas etmek üçin, olary ol ýurtdan gowy, giň ýurda, süýt bilen bal akýan ýurda... çykarmak üçin aşak indim» (Çykyş 3:7, 8). Ysraýyllylar Müsürden çykyp takmynan 500 ýyl geçenden soň, Ýehowa olara şeýle ýatlatdy: «Men Ysraýyly Müsürden çykardym, sizi müsürlileriň elinden we sizi ezýän ähli patyşalyklaryň elinden gutardym» (1 Patyşalar 10:18). Ysrýyllylar Hudaýyň dogry kadalaryny bozýandyklary sebäpli, köplenç heläkçilige uçraýardylar. Ýöne Ýehowa olara duýgudaşlyk bildirip, telim gezek halas etdi (Kazylar 2:11—16; 2 Taryhlar 36:15). Bu mysal söýýän Hudaýyň mätäçlere, howp astyndakylara ýa-da kynçylyga sezewar bolanlara nähili seslenýändigini görkezýär. Hawa, Ýehowa «rehime baý» (Efesliler 2:4).

6. Isa Mesih rehimdarlyk bildirmekde Atasyna nädip eýerdi?

6 Isa Mesih ýer ýüzünde ýaşanda, rehimdarlyk bildirmekde Atasynyň göreldesine birkemsiz eýerýärdi. Iki kör adam: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýende, Isa nähili seslendi? Olar Isa ýalbaryp, gudrat bilen gözlerini açmagyny soradylar. Isa olaryň haýyşyny duýgudaşlyk bildirip ýerine ýetirdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degirdi welin, derrew gözleri açyldy» (Matta 20:30—34). Isanyň haýpy gelip, körlere, jynly adamlara, heýwere kesellilere we kesel çagaly ata-enelere kömek etmek üçin köp gudrat görkezdi (Matta 9:27; 15:22; 17:15; Markus 5:18, 19; Luka 17:12, 13).

7. Rehimdarlyk babatda Ýehowa Hudaýyň we onuň Oglunyň göreldesi bize näme öwredýär?

7 Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesihiň mysaly rehimdarlygyň iki aýratynlygynyň bardygyny görkezýär. Birinjisi, mätäçlere we ezilenlere gynanç, duýgudaşlyk bildirmek, ikinjisi, olara kömek etmek. Diýmek, rehimdar bolmak üçin iki aýratynlygy hem bildirmeli. Mukaddes Ýazgylarda rehimdarlyk köplenç mätäçlere ýagşylyk etmäge taýýarlygy aňladýar. Emma höküm çykarylmaly meselesinde rehimdarlyk nähili bildirilýär? Rehimdarlyk gowşaklygy aňladyp bilermi, meselem, günäkäre temmi bermekden saklaýarmy?

Günäkärlere rehimdar bolmak

8, 9. Batşeba bilen günä eden Dawuda nädip rehimdarlyk bildirilýär?

8 Natan pygamber Ysraýylyň patyşasy Dawudyň Batşeba bilen zyna edendigini aýdansoň, bolan waka seredeliň. Dawut toba edip, şeýle doga edýär: «Eý Hudaý, Öz merhemetiňe görä maňa rehim et; mähribanlygyň köplügine görä jenaýatlarymy öçür. Meni ýazygymdan bütinleý ýuw, günämden tämizle. Çünki men öz jenaýatlarymy boýun alýaryn, günäm mydama öňümdedir. Men Saňa, diňe Saňa garşy günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim» (Zebur 51:1—4).

9 Dawut etmişine ökünip, doga edýär. Ýehowa onuň günäsini geçýär, Dawut bilen Batşeba agyr jeza bermeýär. Musanyň kanunyna görä, Dawut bilen Batşeba ölüm karary çykarylmalydy (Kanunyň gaýtalanyşy 22:22). Olar eden günäsiniň hemme netijesinden gaçyp bilmeseler-de, ölümden gutulýarlar (2 Patyşalar 12:13). Hudaý rehimdar bolany üçin günäsini bagyşlaýar. Emma gerek wagtynda ýerlikli jeza berýär.

10. Ýehowa rehimdarlyk bilen höküm çykarsa-da, biz näme üçin onuň rehimdarlygyna hyýanat etmeli däl?

10 «Bir adam [Adam ata] arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä gireni» üçin, hemme adamlar ölüme mynasyp (Rimliler 5:12; 6:23). Höküm çykaranda, Ýehowanyň rehimdarlyk bildirýändigi nähili teselli berýär! Emma biz Hudaýyň rehimdarlygyna hyýanat etmeli däl. Kanunyň gaýtalanyşy 32:4-de: «[Ýehowanyň] ähli ýollary adalatlydyr» diýilýär. Hudaý rehimdarlyk bildirende, özüniň kämil we dogry kadalaryny bozmaýar.

11. Dawudyň Batşeba bilen günäsine seredende, Ýehowa nädip adalata laýyk hereket etdi?

11 Dawut bilen Batşeba çykarylmaly ölüm kararyny üýtgetmek üçin ilki olaryň günäsini bagyşlamalydy. Emma Ysraýyl kazylaryň muňa ygtyýary ýokdy. Eger bu meselä kazylar seredende, onda olar ölümden başga karar çykarmazdy. Sebäbi muny kanun talap edýärdi. Dawut bilen äht baglaşany üçin Ýehowa onuň günäsini bagyşlamaga esasyň bardygyny anyklamak isleýär (2 Patyşalar 7:12—16). Ýehowa Hudaý «bütin ýer ýüzüniň kazysy» bolany üçin ol «ýürekleri synaýar» we bu meseläni özi çözmek isleýär (Barlyk 18:25; 1 Taryhlar 29:17). Hudaý Dawudyň ýüregini bilýäni üçin onuň ýürekden toba edýändigini kesgitläp, ony bagyşlap bilýärdi.

12. Hudaý rehimdarlyk bildirer ýaly günäli adamlar näme etmeli?

12 Ýehowanyň rehimdarlygy bizi miras alan günämize laýyk berilmeli jezadan halas etmäge mümkinçilik berýär we onuň adalatyna laýyk gelýär. Adalaty bozman günämizi bagyşlamak üçin Ýehowa Ogly Isa Mesihi töleg hökmünde gurban berdi — bu iň uly rehimdarlykdyr (Matta 20:28; Rimliler 6:22, 23). Hudaý rehimdarlyk bildirer ýaly, biz «Ogla iman etmeli», çünki bu miras alan günäniň jezasyndan halas edýär (Ýahýa 3:16, 36).

Rehimdar we adalatly Hudaý

13, 14. Hudaýyň rehimdarlygy onuň adalatlylygyny saklaýarmy? Düşündiriň.

13 Ýehowanyň rehimdarlygy onuň dogry kadalaryny bozmasa-da, adalatlylygyna täsir edýär diýip bolarmy? Rehimdarlyk Hudaýy adalatlylyk bildirmeginden saklaýarmy? Ýok.

14 Hoşea pygamber arkaly Ýehowa ysraýyllylara şeýle diýdi: «Men seniň bilen ebedi nikalaşaryn, dogrulykda we adalatlylykda, merhemetlik we rehimdarlykda nikalaşaryn» (Hoşea 2:19). Bu sözler Ýehowanyň rehimdarlygy onuň başga häsiýetlerine we şol sanda adalatlylygyna laýyk gelýändigini görkezýär. Ýehowa «rehimdar we mähriban... ýazygy, jenaýaty we günäni geçýär, emma jezasyz goýmaýar» (Çykyş 34:6, 7). Ýehowa rehimdar hem-de adalatly Hudaý. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol gaýa, onuň işleri kämildir, onuň ähli ýollary adalatlydyr» (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4). Hudaýyň adalatlylygy onuň rehimdarlygy ýaly kämil. Olaryň biri beýlekisinden uly-da däl, biri beýlekisine täsir hem etmeýär. Gaýtam, onuň bu iki häsiýeti-de bir-biri bilen doly sazlaşykly.

15, 16. a) Hudaýyň adalatlylygynyň rehimsiz däldigini näme görkezýär? b) Bu zalym dünýä ýok edilende, Ýehowanyň gullukçylarynyň halas ediljekdigine näme üçin şübhelenmän bileris?

15 Ýehowanyň adalatlygy rehimsiz däl. Adatça, adalatlyk ýuridiki işler bilen bagly bolup, günäkäre mynasyp jeza çykaryp, höküm etmegi aňladýar. Emma Hudaýyň adalatlylygy mynasyplary halas edýär. Meselem, zalym şäherleri Sodom, Gomorra ýok edilende, Lot ata we onuň iki gyzy halas edildi (Barlyk 19:12—26).

16 Ýehowa bu zalym dünýäni ýok edende, «donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak eden» «uly märekäniň», ýagny Hudaýyň hakyky gullukçylarynyň halas boljakdygyna şübhelenmän bileris. Olar «agyr muşakgatdan çykyp gelerler» (Ylham 7:9—14).

Näme üçin rehimdar bolmaly?

17. Rehimdar bolmagyň nähili wajyp sebäbi bar?

17 Ýehowanyň we Isa Mesihiň mysaly bize hakyky rehimdarlygyň nämedigine düşünmäge kömek edýär. Süleýmanyň tymsallary 19:17-de rehimdar bolmagyň wajyp sebäbi görkezilýär: «Garyba haýpy gelýän Hudaýa karz berýändir; Reb bolsa oňa öwezini dolar». Ýehowa we onuň Ogly Isadan görelde alyp, başgalara rehimdar bolsak Hudaý begenýär (1 Korintoslylar 11:1). Şeýdip, biz başgalary hem rehimdar bolmaga çagyrýarys, çünki rehimdarlyk rehimdarlyga höweslendirýär (Luka 6:38).

18. Biz näme üçin rehimdar bolmaga jan etmeli?

18 Rehimdarlyk köp gowy häsiýetler bilen baglanyşykly. Oňa mähribanlyk, söýgi, ýagşylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetler degişli. Ýüregiň awamak we duýgudaşlyk rehimdar bolmaga höweslendirýär. Hudaýyň adalatlylygy rehimdarlygyna garşy gelmese-de, Ýehowa gahary gelmezek we günäkär adam toba geler ýaly oňa sabyr bilen gerekli wagt berýär (2 Petrus 3:9, 10). Şeýlelikde, rehimdarlyk çydam we sabyr bilen bagly. Rehimdarlyk şeýle arzyly häsiýetleri we şol sanda Hudaýyň ruhunyň miwesini öz içine alýandygy üçin, biz rehimdarlyk bildirende şu häsiýetleri hem ösdürip bileris (Galatýalylar 5:22, 23). Rehimdarlyk bildirmek nähili wajyp!

«Rehimliler bagtlydyr»

19, 20. Haýsy manyda rehim höküme garşy magtanýandyr?

19 Ýakup şägirt başgalara hemişe rehimdar bolmagyň sebäbini belläp geçdi. Ol şeýle ýazdy: «Rehim höküme garşy magtanýandyr» (Ýakup 2:13b). Ýakup Ýehowanyň gullukçylarynyň başgalara rehimdarlyk bildirýändigini aýdýar. «Hudaýa jogap bermeli» bolanda, ol höküme garşy magtanýandyr, çünki Ýehowa onuň rehimdarlyk bildirendigini göz öňünde tutup, Oglunyň töleg gurbany esasynda bagyşlaýar (Rimliler 14:12). Dawut rehimdar adam bolany üçin, onuň Batşeba bilen eden günäsine rehimdarlyk bildirildi (1 Patyşalar 24:4—7). Başga tarapdan bolsa, «rehim etmedige rehim edilmez» (Ýakup 2:13a). Şol sebäpli Hudaýyň «rehimsizleri» «ölüme mynasyplaryň» arasynda agzandygy geň galdyrmaýar! (Rimliler 1:31, 32).

20 Dagdaky wagzynda Isa şeýle diýdi: «Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler» (Matta 5:7). Bu sözler Hudaýyň rehimdarlygyny agtarýan adamlaryň özleriniň rehimdar bolmalydygyny nähili täsirli belleýär! Indiki makalada gündelik durmuşymyzda nädip rehimdar bolup biljekdigimize serederis.

Siz näme öwrendiňiz?

• Rehimdarlyk näme?

• Rehimdarlyk nädip bildirilýär?

• Näme üçin Ýehowa rehimdar we adalatly Hudaý diýse bolar?

• Biz näme üçin rehimdar bolmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş