Rehimdarlygy nädip bildirmeli?
«Hemmelere, ylaýta-da imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň» (GALATÝALYLAR 6:10).
1, 2. Samariýaly ýagşy adam baradaky tymsaldan rehimdarlyk babatda näme öwrenýäris?
BIR kanunçy Isa şeýle sorag berýär: «Meniň goňşym kim?» Isa jogap berip, bir tymsaly gürrüň berýär: «Bir adam Iýerusalimden Eriha barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini egninden sypyryp alýarlar-da, ony ýenjip, çalajan taşlap gidýärler. Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. Onsoň bir lewili-de şol ýere gelip, ony görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. Ýöne şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly onuň üstünden gelýär, ony görüp ýüregi awaýar. Onuň ýanyna baryp, ýaralaryna zeýtun ýagy bilen şerap guýup saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär. Şol günüň ertesi iki dinar çykaryp myhmanhanaça berip: «Muňa garaşyk et, artykmaç harajadyňy öwrülip gelýärkäm bererin» diýýär». Soňra Isa ondan: «Bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň goňşysy bolýar?» diýip soraýar. Kanunçy: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berýär (Luka 10:25, 29—37a).
2 Samariýaly adam ýaralanan adamyň aladasyny edip, hakyky rehimdarlygyň nämedigini aýdyň görkezýär. Onuň ýüregi awamagy we duýgudaşlygy ýaralanan adama iş ýüzünde kömek etmäge höweslendirýär. Galyberse-de, samariýaly adam ýaralanan adam üçin kesekidi. Görşümiz ýaly, adamyň milleti, dini we medeniýeti rehimdarlyk bildirmäge päsgel bermeýär. Samariýaly ýagşy adam baradaky tymsaly gürrüň berenden soň, Isa kanunça: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýýär (Luka 10:37b). Biz hem bu sözleri ýüregimiz bilen kabul edip, adamlara rehimdarlyk bildirmeli. Eýsem, gündelik durmuşymyzda nädip rehimdarlyk bildirip bileris?
Eger «doganyň ýalaňaç» bolsa
3, 4. Biz näme üçin ylaýta-da imanlylar içerisine rehimdarlyk bildirmeli?
3 Pawlus resul şeýle diýdi: «Wagt barka hemmelere, ylaýta-da imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň» (Galatýalylar 6:10). Geliň, ilkibaşda, imanlylar içerisine dürli ýagdaýda nädip rehimdarlyk bildirip bolýandygyna seredeliň.
4 Mesihçileri bir-birine rehimdar bolmaga ündäp, Ýakup şägirt şeýle ýazýar: «Rehim etmedige höküm rehim etmez» (Ýakup 2:13). Ol beýleki aýatlarda nädip iş ýüzünde rehimdarlyk bildirip bolýandygyny görkezýär. Meselem, Ýakup 1:27-de şeýle sözleri okaýarys: «Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüňi dünýäden çirksiz saklamakdyr». Ýakup 2:15, 16-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Bir erkek dogan ýa bir aýal dogan ýalaňaç, gündelik iýmite zarka, siziň biriňiz olara: «Asuda gidiň-de, ýylynyň, doýuň» diýse, ýöne bedene gerekli zatlary bermeseňiz, näme peýdasy bar?»
5, 6. Dogan-uýalara nähili ýagdaýlarda rehimdarlyk bildirip bileris?
5 Adamlar barada aladalanmak we mätäçlere kömek etmek hakyky dine mahsus häsiýetdir. Biz adamlara gowulyk isleýändigimizi diňe bir dilde aýtmak bilen çäklenmeýäris. Tersine, mähirli duýgudaşlyk bizi mätäçleriň zerurlyklaryna seslenmäge höweslendirýär (1 Ýahýa 3:17, 18). Hawa, kesel dogana nahar taýýarlamak, gartaşana öý işlerine kömek etmek, gerek wagtynda ýygnak duşuşyklaryna barmak üçin olary maşyn bilen üpjün etmek we mynasyp adamlara rehimdarlyk bildirmek üçin husyt bolmaly däl. Bu rehimdarlyk bildirmegiň käbir ýollarydyr (Kanunyň gaýtalanyşy 15:7—10).
6 Emma dogan-uýalary ruhy taýdan goldamak maddy taýdan kömek etmekden has wajyp. «Göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldaň» diýip, bize nesihat berilýär (1 Selanikliler 5:14). «Garry aýallara» bolsa «ýagşylygy öwredýänler bolsun» diýilýär (Titus 2:3). Ýaşulular barada Mukaddes Ýazgylarda: «Olaryň her biri ýelden gorag, çabgadan gizlengi ýer kimindir» diýilýär (Işaýa 32:2).
7. Siriýanyň Antakiýa şäherindäki şägirtlerden rehimdarlyk bildirmekde näme öwrenýäris?
7 Birinji asyrda mesihçiler dullaryň, ýetimleriň, kömege we ruhy goldawa mätäçleriň aladasyny edýärdiler. Käte başga ýerdäki imandaşlara hem kömek edýärdiler. Mysal üçin, Agabus pygamber «bütin dünýäniň başyna uly açlyk gelmelidigini» öňünden aýdanda, Siriýanyň Antakiýa şäherindäki şägirtler «Ýahudada ýaşaýan doganlara goldaw üçin şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan pul ýollamagy karar etdiler». Şonda ýaşulular «puly Barnabas we Saulyň eli bilen» iberdiler (Resullaryň işleri 11:28—30). Şu günler barada näme diýse bolar? Tupan, ýertitreme ýa-da sunami ýaly tebigy betbagtçylykda zeper ýeten dogan-uýalara kömek etmek üçin «sadyk hem akylly hyzmatkär» ýörite komitet guraýar (Matta 24:45). Biz şeýle komitetler bilen işleşip, wagtymyzy, güýjümizi we serişdelerimizi meýletin sarp etsek, iş ýüzünde rehimdarlyk bildirýäris.
«Eger-de ýüz görseňiz»
8. Näme üçin ikiýüzlülik rehimdarlyk bildirmäge päsgel berýär?
8 Göz üçin rehimdarlyk bildirmeklikden ägä bolmagy we «Patyşalyk kanuny» bolan söýgä boýun bolmagy duýduryp, Ýakup şeýle ýazdy: «Eger-de ýüz görseňiz, günä edersiňiz, kanun sizi jenaýatçy hökmünde ýazgarar» (Ýakup 2:8, 9). Eger biz baý ýa-da tanymal adama çendenaşa hoşamaýlyk bildirsek, «garybyň perýadyna» ýürekden gulak asyp bilmeris (Süleýmanyň tymsallary 21:13). Ikiýüzlülik rehimdarlyk ruhuny bildirmäge päsgel berýär. Biz adamlary ýüz görmesek, rehimdar bolup bileris.
9. Näme üçin mynasyplara aýratyn hormat bildirmek nädogry hasaplanmaýar?
9 Eýsem, käbir dogan-uýalara aýratyn hoşamaýlyk bildirmek gadaganmy? Elbetde ýok. Işdeşi Epafrodit barada Pawlus resul şeýle ýazdy: «Onuň ýaly adamlary hormatlaň». Näme üçin? «Çünki ol siziň maňa bolan gullugyňyzyň ýetmezini doldurjak bolup, janyny howp astyna sokup, Mesihiň işi ugrunda tas ölüpdi» (Filipililer 2:25, 29, 30). Wepaly gullugy üçin Epafrodit aýratyn hormata we öwgä mynasypdy. Galyberse-de, 1 Timoteos 5:17-de şeýle okaýarys: «Ýygnagy oňat dolandyrýan ýaşulular, ylaýta-da, Hudaýyň sözüni ýaýratmakda, öwretmekde zähmet çekýänler iki esse hormata laýyk görülsin» (1 Timoteos 5:17). Kimdir biri ajaýyp ruhy häsiýetleri üçin hem hormata mynasyp bolup biler. Şeýle adamlara hoşamaýlyk bildirmek ikiýüzlüligi aňlatmaýar.
«Akyldarlyk ilki bilen... rehimden... doly»
10. Näme üçin dilimize berk bolmaly?
10 Dil barada Ýakup şeýle ýazdy: «Ol durnuksyz erbetlikdir, öldüriji awudan doludyr. Biz onuň bilen Ata Hudaýa alkyş okaýarys, onuň bilen Hudaý keşbine görä ýaradylan adamlara-da gargaýarys. Alkyş, gargyş bir agyzdan çykýar». Soňra dowam edip şeýle diýýär: «Eger-de ýüregiňizde ajy içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, onda magtanmaň, hakykata garşy ýalan sözlemäň. Bu ýokardan inen akyldarlyk däl-de, dünýä, tebigata, iblise degişli akyldarlykdyr. Çünki nirede içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, ol ýerde başbozarlyk, her hili erbet iş hem bardyr. Emma gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýen ediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr» (Ýakup 3:8—10a, 14—17).
11. Dilimizi nädip rehimdarlyk bilen ulanyp bileris?
11 Diýmek, biz başgalar bilen gepleşende, «rehimden doly» akyldarlygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny görkezýäris. Eger biz göriplik edip ýa-da bahana gözläp, magtanan, ýalan sözlän ýa-da biriniň gybatyny eden bolsak näme? Zebur 94:4-de: «Ýaman iş edýänleriň ählisi öwünýär, TD» diýilýär. Erbet sözler bigünä adamyň abraýyny tiz gaçyrýar (Zebur 64:2—4). Mundan başga-da «galp şaýadyň... ýalan ýagdyrýandygy» barada hem oýlanyp görüň (Süleýmanyň tymsallary 14:5; 3 Patyşalar 21:7—13). Diliň nädogry ulanyşy barada aýdansoň, Ýakup şeýle diýýär: «Eý doganlar bu beýle bolmaly däldir» (Ýakup 3:10b). Hakyky rehimdar adamyň dili arassa, asuda we paýhasly bolýar. Isa şeýle diýdi: «Men size diýýärin, adamlar aýdan her bir boş sözi üçin höküm gününde hasap berer» (Matta 12:36). Dilimizi rehimdarlyk bilen ulanmak nähili wajyp!
«Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlaň»
12, 13. a) Agasyna köp pul bergidar bolan hyzmatkär baradaky tymsaldan rehimdar bolmak babatda näme öwrenýäris? b) Doganymyzy «ýetmiş ýola ýedi gezek» bagyşlamak nämäni aňladýar?
12 Patyşa on müň talant bergidar bolan rehimsiz hyzmatkär baradaky Isanyň aýdan tymsalynda ýene nädip rehimdar bolup biljekdigimiz görkezilýär. Bergisini töläp bilmänsoň, hyzmatkär rehim etmegi soraýar. Agasynyň «rehimi inip» hyzmatkäriň bergisini geçýär. Emma hyzmatkär daşaryk çykanda, özüne bary-ýogy ýüz dinar borçly bolan başga bir hyzmatkäre sataşýar we rehimsizlik bilen ony zyndana saldyrýar. Agasy muny eşidende, ony ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Eý erbet hyzmatkär! Maňa ýalbaranyň üçin men şol algynyň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?» Soňra ony gynaýanlaryň eline berýär. Isa tymsaly jemläp, şeýle diýýär: «Siziň hem bir biriňiz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň gökdäki Atam hem sizi şeýle eder» (Matta 18:23—35).
13 Bu tymsal rehimdar bolmak üçin bagyşlamaga taýyn bolmagyň wajypdygyny nähili gowy belläp geçýär! Ýehowa biziň köp bergimizi — ýazyklarymyzy bagyşlady. Biz hem «adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamaly» dälmi? (Matta 6:14, 15). Isa rehimsiz hyzmatkär baradaky tymsaly gürrüň bermänkä, Petrus ondan: «Ýa Reb, doganym maňa garşy näçe gezek günä etse, men ony bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip soraýar. Isa oňa şeýle jogap berýär: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş ýola ýedi gezek diýýärin» (Matta 18:21, 22). Hawa, rehimdar adam «ýetmiş ýola ýedi gezek», ýagny çäksiz bagyşlamaga taýyn.
14. Matta 7:1—4-nji aýatlara görä, gündelik durmuşymyzda nädip rehimdar bolup bileris?
14 Rehimdarlyk bildirmegiň ýene bir ýoluny Isa Dagdaky wagzynda aýdýar: «Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň. Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar... Näme üçin sen doganyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? Ýa-da öz gözüňde agaç barka, doganyňa nädip: «Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn» diýjek?» (Matta 7:1—4). Diýmek, biz gündelik durmuşymyzda doganlaryň ejizliklerini ýazgarman ýa-da çendenaşa tankytlaman, rehimdar bolup bileris.
«Hemmelere... ýagşylyk edeliň»
15. Näme üçin biziň rehimdarlygymyz diňe imanlylar içerisi bilen çäklenmeýär?
15 Ýakubyň hatynda imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň diýlende, diňe dogan-uýalara rehimdar bolmalydygyny aňlatmaýar. Zebur 145:9-da: «Reb hemmelere gowudyr, Onuň mähribanlygy ähli ýaradylanlarynyň depesindedir» diýilýär (Zebur 145:9). Biz «Hudaýdan görelde almaga» we «hemmelere... ýagşylyk etmäge» çagyrylýarys (Efesliler 5:1; Galatýalylar 6:10). Biz «dünýäni, dünýädäki zatlary söýmesek-de», adamlaryň zerurlyklaryna biperwaý garamaýarys (1 Ýahýa 2:15).
16. Rehimdarlyk bildirende nämelere üns bermeli?
16 Biz, mesihçiler hökmünde «wagt we tötänlikden» ýaňa kynçylyga uçranlara islendik kömegi bermäge hemişe taýýar (Wagyzçy 9:11). Elbetde, nähili we näçe kömek edip biljekdigimiz biziň ýagdaýymyza bagly (Süleýmanyň tymsallary 3:27). Adama kömek edende, biziň edýän ýagşylygymyz onuň ýalta bolmagyna sebäp bolmaly däl (Süleýmanyň tymsallary 20:1, 4; 2 Selanikliler 3:10—12). Diýmek, hakyky rehimdarlyk mähirli duýgudaşlyk hem-de paýhaslylyk bilen bagly bolmaly.
17. Mesihçiler ýygnagyna degişli däl adamlara rehimdarlyk bildirmegiň iň gowy ýoly näme?
17 Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň bermek, mesihçiler ýygnagyna degişli däl adamlara kömek etmegiň iň gowy ýoludyr. Näme üçin? Sebäbi adamlaryň köpüsi ruhy tümlükde ýaşaýarlar. Kynçylyga uçranlarynda çözmäge çykalga tapman, geljege hiç hili umydy bolman, olaryň köpüsi «çopansyz goýunlar ýaly pytraňňy, alaçsyz» (Matta 9:36). Hudaýyň Sözi olaryň «aýaklaryna çyra» bolup, durmuşdaky kynçylyklaryna hötde gelmäge kömek eder. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar olaryň «ýoluna nur» bolup biler, sebäbi ol Hudaýyň geljek baradaky niýetlerini aýdyp, adamlara ýagty umyt berýär (Zebur 119:105). Mätäç adamlara ajaýyp hakykaty gürrüň bermek nähili hormat! «Uly muşakgatyň» golaýlaýandygyny göz öňünde tutup, häzir Patyşalyk barada wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga yhlasly gatnaşmagyň tüýs wagty (Matta 24:3—8, 21, 22, 36—41; 28:19, 20). Bu rehimdarlyk bildirmegiň iň ähmiýetli ýoly.
«Bar zadyňyzdan... beriň»
18, 19. Näme üçin has köp rehimdarlyk bildirmäge jan etmeli?
18 Isa şeýle diýdi: «Bar zadyňyzdan sadaka beriň, ine, hemmesi siziň üçin arassa bolar» (Luka 11:41). Hakyky rehimdarlyk bildirmek üçin sadakany, ýagny ýagşylygy bar zadymyzdan — söýgi bilen we ýürekden bermeli (2 Korintoslylar 9:7). Zalym, diňe özüni bilýän, adamlaryň horlugyna we kynçylygyna rehimsiz garalýan dünýäde şeýle rehimdarlyk diýseň göwnüňi göterýär!
19 Geliň, has köp rehimdarlyk bildirmäge jan edeliň! Näçe rehimdar bolsak, şonça-da Hudaýa meňzäris. Bu biziň durmuşymyzy manyly we bagtly edýär (Matta 5:7).
Siz näme öwrendiňiz?
• Näme üçin ylaýta-da imanlylar içerisine rehimdar bolmaly?
• Mesihçi doganlarymyza nädip rehimdar bolup bileris?
• Mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyklara nädip ýagşylyk edip bileris?