Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lc sah. 2
  • Siz nämä ynanýarsyňyz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz nämä ynanýarsyňyz?
  • Ýaşaýyş nädip döredi?
  • Sözbaşylar
  • Broşýuranyň maksady
Ýaşaýyş nädip döredi?
lc sah. 2
Gyzjagaz kebelege seredýär

Siz nämä ynanýarsyňyz?

Köp dindar adamlar Mukaddes Kitaby okanlarynda ýer ýüzi bary-ýogy alty günüň dowamynda (her gün 24 sagady öz içine alýar) ýaradylandyr öýdýärler. Ateistler bolsa: «Hudaý ýok, Mukaddes Kitapda ýazylan zatlar erteki, älem-jahan öz-özünden döredi» diýýärler.

Adamlaryň köpüsi iki oduň arasynda galýar. Olar Hudaýa ynanýar, Mukaddes Kitaba hormat goýýar. Ýöne: «Eger alymlar älem-jahan öz-özünden döredi diýýän bolsa dogrudyr. Sebäbi ylymly-bilimli, öz ugrunda tejribeli alymlar ýalňyşmaz ahyry» diýip pikir edýärler. Eger siz şu broşýurany okaýan bolsaňyz, onda ýaşaýşyň nädip dörändigini bilmek isleýänsiňiz. Belki, çagalaryňyz: «Ähli zady Hudaý ýaratdymy ýa-da ewolýusiýa arkaly döredi?» diýip sorag berende, olara näme jogap berjekdigiňizi bilmeýänsiňiz.

Broşýuranyň maksady

Şu broşýura dindar adamlary ýa-da ateistleri ýazgarmak üçin ýazylmady. Ol size ynanýan zatlaryňyzy barlamaga kömek eder. Şeýle-de onda älem-jahany Allanyň ýaradandygyny görkezýän Mukaddes Kitaba esaslanan deliller bar. Siz şu broşýurany okanyňyzda ýaradylyş hakda aýdylýan zatlara köre-körlük bilen ynanman, olaryň dogry ýa nädogrudygyny barlamalydygyna düşünersiňiz.

Siz: «Hudaý ýok, Mukaddes Kitapda ýazylan zatlar erteki» diýýän adamlara ynanarsyňyzmy? Ýa-da hakykaty bilmek üçin Mukaddes Kitapda näme diýilýändigini okap görersiňiz? Älem-jahany Hudaý ýaratdymy ýa-da ewolýusiýa arkaly döredi? (Ýewreýler 11:1). Geliň, subutnamalara seredeliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş