Ewolýusiýa toslamamy ýa-da hakykat?
Professor Riçard Dawkin şeýle diýýär: «Günüň ýylylyk berýändigi köre-de mälim. Edil şonuň ýaly, ewolýusiýa taglymatynyň hakykatdygyna şek-şübhe ýok».16 Elbetde, alymlaryň geçiren barlaglary Günüň ýylylyk berýändigini subut edýär. Ýöne ewolýusiýa taglymatynyň hakykatdygyny subut edýän ýeterlik deliller barmyka?
Bu soragyň jogabyny bilmezden öň, geliň, käbir zatlar hakda gürrüň edeliň. Köp alymlar janly-jandarlaryň ýyllaryň dowamynda daş görnüşiniň sähelçe üýtgeýändigine üns berdiler. Meselem, adamlaryň dürli görnüşli itleri çaknyşdyrmagynyň netijesinde gysga aýakly, tüýlek itler döreýära. Käbir alymlar şeýle sähelçe üýtgeşmeleri «mikroewolýusiýa» diýip atlandyrýarlar.
Ewolýusiýa taglymatyna uýýan adamlar milliardlarça ýyllaryň dowamynda kiçijik özgerişlikleriň bolandygyny, soňra olaryň uly özgerişliklere sebäp bolandygyny öňe sürýärler. Meselem, olar balyklaryň gurbaga, maýmynlaryň bolsa adama öwrülendigine ynanýar. Şeýle uly özgerişlige «makroewolýusiýa» diýýärler.
Çarlz Darwin we «Görnüşleriň gelip çykyşy» kitaby
Çarlz Darwiniň aýtmagyna görä, eger kiçi özgerişlikler bolýan bolsa, onda olar arkaly uly özgerişlikler hem bolup biler. Emma şu çaka çenli şeýle ýagdaýy hiç kim görmedi.17 Onuň pikiriçe, köp ýyllaryň dowamynda ujypsyzja üýtgeşmeler arkaly ýönekeý öýjüklerden millionlarça janly-jandarlar döredi.18
Köp adamlar munuň şeýledigine ynanýar. Olaryň aýtmagyna görä, «belli bir görnüşdäki jandarlarda kiçijik üýtgeşmeler bolýan bolsa, köp ýyllaryň dowamynda ewolýusiýa arkaly täze görnüşli jandar emele gelip biler». Emma biz ewolýusiýanyň üç toslama esaslanýandygyny unutmaly däl. Geliň, olara seredeliň.
1-nji toslama. Mutasiýa esasynda janly-jandarlaryň täze görnüşi döreýär. Ösümlikleriň, haýwanlaryň genetiki kodunyň üýtgemegine «mutasiýa» diýilýär. Makroewolýusiýa taglymaty «mutasiýa» düşünjesine esaslanýar. Ewolýusiýa taglymatyna ynanýanlaryň öwretmegine görä, mutasiýa arkaly ösümlikleriň, haýwanlaryň diňe bir täze görnüşi däl-de, täze maşgalasy hem döreýär.19
Mutasiýa arkaly ösümlik öňküsinden biraz ulalsa-da, onuň görnüşi üýtgemeýär.
Hakykat. Ösümlikleriň, haýwanlaryň daş görnüşi, reňki we başga-da aýratynlyklary hakdaky maglumatlar genetiki kodda ýerleşýär. Genetiki kod janly-jandarlaryň her bir öýjüginiň ýadrosynda ýerleşýärb. Alymlar mutasiýa arkaly janly-jandarlaryň geljekki neslini biraz üýtgedip bolýandygyny anykladylar. Ýöne mutasiýa arkaly ösümlikleriň, haýwanlaryň täze görnüşi döräp bilermi? Genetika ugrunda bir asyrdan gowrak geçirilen barlaglar nämäni subut edýär?
Alymlar tebigy seçginiň mutasiýa arkaly ösümlikleriň täze görnüşlerini döredip bilýändigini bilýärdiler. Tebigy seçgi — adam gatnaşmazdan bolup geçýär, oňa daşky gurşaw täsir edýär. Ýaşaýşa ukyply jandarlar diri galýar we nesil öndürmegini dowam edýär, ejizleri bolsa ýok bolup gidýär. 1930-njy ýyllaryň ahyrynda alymlar emeli seçginiň üstünde işläp başladylar. Näme üçin? Sebäbi tebigy seçgi arkaly ösümlikleriň has gowy görnüşi döreýän bolsa, onda emeli seçgi arkaly has owadan, çydamly we täze görnüşini döredip bileris diýip pikir edýärdiler. Germaniýadaky ösümlikleriň seçgisini öwrenýän Maks Plank adyndaky institutyň alymy Wolf-Ekkehard Lönnigc şeýle diýýär: «Biologlar, janly-jandarlaryň genetikasyny, seçgisini öwrenýän alymlar şu işe höwes bilen, hyjuw bilen ýapyşdylar». Näme üçin? Lönnig 30 ýylyň dowamynda ösümlikleriň genetikasynyň mutasiýasyny öwrenýär. Ol: «Alymlar ösümlikleriň we haýwanlaryň öňden gelýän seçgi usulyny düýpgöter üýtgetmeli diýen karara geldiler. Olar mutasiýanyň, emeli seçginiň kömegi bilen ösümlikleriň we haýwanlaryň has gowy görnüşini dörederis öýdýärdiler» diýýär.20 Olar hatda düýbünden täze görnüşli janly-jandary döredip, ewolýusiýany öz gözleri bilen görmegi umyt edýärdiler.
Mutasiýa arkaly emele gelen siňeklerde käbir üýtgeşmeler bolsa-da, olar siňekligine galýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Aziýanyň, Ýewropanyň alymlary ösümlikleriň, haýwanlaryň ewolýusiýasyny çaltlandyrmak üçin ýörite usul oýlap tapdylar. Olar 40 ýyldan gowrak düýpli barlag geçirdiler we köp çykdajy etdiler. Netijesi nähili boldy? Alymlar mutasiýa, emeli seçgi arkaly owadan, çydamly ösümlikleri, gowy, tohum haýwanlary döretmek üçin ummasyz pul harçladylar. Emma bary biderek boldy.21 Lönnig şeýle diýýär: «1980-nji ýyllarda alymlaryň bar umydy, arzuwy puç boldy. Günbatar ýurtlarda emeli seçgiden doly ýüz öwürdiler. Sebäbi mutasiýa arkaly döredilen janly-jandarlar (mutantlar) ejizdiler ýa-da köpüsi gyrylýardy».d
Alymlar 100 ýyla golaý mutasiýany, 70 ýyla golaý bolsa emeli seçgini öwrendiler. Olaryň barlaglary netijesinde mutasiýa arkaly täze görnüşli jandary döredip bolýandygy ýa-da bolmaýandygy anyklandy. Alym Lönnig geçiren barlaglary esasynda şeýle netijä gelýär: «Mutasiýa arkaly ösümligiň ýa haýwanyň täze görnüşini döredip bolmaýar». Munuň şeýledigini XX asyrda geçirilen örän köp barlaglar we ähtimallyk teoriýasy subut edýär.
Mutasiýa we emeli seçgi arkaly janly-jandarlaryň täze görnüşini döredip bolýarmy? Ýok. Alym Lönnig şeýle diýýär: «Janly-jandarlaryň genetikasy bir-birinden düýbünden tapawutlanýar. Şonuň üçin ony mutasiýa arkaly üýtgedip bolmaýar».22
Oýlanyp görüň, alymlar ähli şertleri bolan laboratoriýada emeli seçgi we mutasiýa arkaly täze görnüşli janly-jandary döredip bilmeýär. Onda tebigy seçgi arkaly täze görnüşli jandar nädip döresin?! Eger mutasiýa arkaly täze görnüşli janly-jandarlary döredip bolmaýan bolsa, makroewolýusiýa nädip bolup geçsin?!
2-nji toslama. Tebigy seçgi esasynda täze görnüşli janly-jandarlar döreýär. Darwiniň aýtmagyna görä, olaryň çydamlylary we daşky gurşawa tiz öwrenişýänleri diri galýar, ejizleri bolsa gyrylýar. Ewolýusiýa taglymatyny öňe sürýän alymlaryň öwretmegine görä, tebigy seçgi esasynda janly-jandarlaryň dürli görnüşleri döreýär, daş-töwerege ýaýraýar we toparlara bölünýär, mutasiýa esasynda bolsa olaryň geni üýtgeýär. Ýaşaýan ýeriniň tebigy şertlerine uýgunlaşanlary diri galýar. Şol diri galan we toparlara bölünen jandarlardan köp ýyllaryň dowamynda kiçijik özgerişmeler esasynda täze görnüşli jandarlar döräpdir.
Hakykat. Ýokarda belleýşimiz ýaly, barlaglaryň netijesinde mutasiýa arkaly janly-jandarlaryň täze görnüşini döredip bolmaýar. Onda näme üçin ewolýusiýa taglymatyny öňe sürýän alymlar emeli seçgi arkaly täze görnüşli jandary döredip bolýar diýip pikir edýär? 1999-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Milli ylymlar akademiýasynyň çap eden broşýurasynda şeýle diýilýär: «Darwin Galapagos adasynda girrik guşlaryň 13 görnüşini öwrendi. Häzir ol guşlara „Darwiniň girrik guşy“ diýilýär».23
1970-njy ýyllarda Prinston uniwersitetiniň alymlary är-aýal Piter we Rozmeriniň ýolbaşçylygyndaky topar girrik guşlaryny öwrendiler. Şonda olar bir ýyl dowam eden gurakçylykdan soň çüňki uzyn girrik guşlaryň köpelendigini, kiçi çüňkli girrik guşlaryň bolsa azalandygyny anykladylar. Olar girrik guşlaryň çüňkleriniň uzynlygyna we gysgalygyna görä 13 görnüşini anykladylar. Bu olaryň eden uly açyşlarynyň biri boldy. Milli ylymlar akademiýasynyň çykaran broşýurasynda şeýle diýilýär: «Piter we Rozmeriniň çaklamalaryna görä, eger adada gurakçylyk döwri 10 ýyldan bir gezek bolsa, onda girrik guşlarynyň täze görnüşi takmynan 200 ýyldan soň dörär».24
Ýöne şol broşýurada bir aýratynlyk ýazylmady, ýagny gurakçylyk ýyly tamamlanansoň, adada gysga çüňkli girrik guşlary has köpeldi. Alymlar adada howa şertleriniň üýtgemegi bilen käte uzyn çüňkli girrik guşlarynyň, käte bolsa gysga çüňkli girrik guşlarynyň köpelýändigine üns berdiler. Şeýle-de olar tebigy seçgi esasynda gysga we uzyn çüňkli girrik guşlarynyň çaknyşýandygyny we olardan has çydamly jüýjeleriň döreýändigini anykladylar. Alymlaryň pikiriçe, şeýle tebigy seçgi dowam etse, girrik guşunyň iki görnüşinden täze bir görnüş emele geler.25
Darwiniň girrik guşlary hakda barlag geçiren alymlar diňe bir zady subut etdi: girrik guşlary daşky gurşawa öwrenişip bilýär.
Onda tebigy seçgi esasynda täze görnüşli janly-jandar dörärmi? Onlarça ýyl mundan öň ewolýusiýa taglymatyny öňe sürýän biolog Jorj Kristofer Wilýams tebigy seçgi esasynda janly-jandarlaryň täze görnüşiniň döreýändigini şübhä goýdy.26 1999-njy ýylda ewolýusiýa boýunça teoriýaçy Jeffri Şwarz şeýle ýazýar: «Tebigy seçgi arkaly janly-jandarlar daşky gurşawa tiz uýgunlaşyp biler, ýöne olardan düýbünden başga görnüşli janly-jandar döremeýär».27
Dogrudanam, tebigy seçgi esasynda Darwiniň girrik guşlaryndan täze görnüşli jandar däl-de, gaýtam ýene-de girrik guşy döredi. Geçirilen barlaglar alymlaryň «tebigy seçgi arkaly täze görnüşli janly-jandarlar döreýär» diýen pikirini hem şübhä goýdy. Şeýle-de Milli ylymlar akademiýasynyň öz pikirini öňe sürmek üçin girrik guşlar baradaky ähli maglumaty ýazmandygynyň üsti açyldy.
3-nji toslama. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gadymy döwürde ýaşan jandarlaryň süňkleri makroewolýusiýanyň bolandygyny subut edýär. ABŞ-nyň Milli ylymlar akademiýasynyň çap eden broşýurasynda aýdylmagyna görä, alymlaryň tapan süňkleri geçmişde makroewolýusiýanyň bolandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Balyklar bilen ýerde-suwda ýaşaýanlara, ýerde-suwda ýaşaýanlar bilen süýrenijilere, süýrenijiler bilen süýdemdirijilere meňzeş jandarlaryň ýaşandygyny görkezýän ençeme tapyndylar bar. Şeýle-de gadymy tapyndylar maýmynlaryň (primatlaryň) iki dürli görnüşiniň aýratynlyklaryny özünde jemleýän jandarlaryň ýaşandygyny subut edýär. Ýöne iki görnüşli jandaryň arasyndaky görnüşiň haçan dörändigini anyklamak kyn».28
Hakykat. ABŞ-nyň Milli ylymlar akademiýasynyň çap eden broşýurasyndaky maglumatlar bilen hemmeler ylalaşmaýar. Näme üçin? Ewolýusiýa taglymatyna ynanýan alym Naýls Eldrijiň aýtmagyna görä: «Gadymy tapyndylar makroewolýusiýanyň bolandygyny däl-de, janly-jandarlarda uzak döwrüň dowamynda hiç hili üýtgeşmäniň bolmandygyny subut edýär».e29
Gadymy tapyndylar diňe bir zady subut etdi: geçmişde janly-jandarlar birden döräpdir, olar ençeme ýyllaryň dowamynda durkuny üýtgetmändir.
Şu güne çenli alymlar takmynan 200 million uly tapyndylary, milliardlarça kiçi tapyndylary öwrendiler we şol maglumatlary bir ýere ýygnadylar. Alymlar şol maglumatlar esasynda şeýle netijä gelýärler: gadymy döwürde janly-jandarlar birden döräpdir, olar ýyllaryň dowamynda durkuny üýtgetmändir. Şeýle-de birden döreýşi ýaly, birdenem ýok bolupdyr.
Ewolýusiýa ynanmak üçin «iman» gerek
Onda näme üçin alymlar janly-jandarlaryň makroewolýusiýa arkaly dörändigine ynanýarlar? Ewolýusiýa taglymatyna ynanýan Riçard Lewontynyň aýtmagyna görä, alymlar materializm taglymatyna uýýarlarf. Şeýlelikde, olar ylmy taýdan subut edilmedik maglumatlary dogry hasaplaýar. Köp alymlar älem-jahany Allatagalanyň ýaradandygyny çürt-kesik inkär edýärler. Lewontyn şeýle diýýär: «Biz Hudaýyň ylym dünýäsiniň bosagasyndan ýekeje ädim ätmegine-de ýol bermeris».30
Bir ylmy žurnalda sosiolog Rodny Starkyň sözleri getirilýär. Ol şeýle diýýär: «Alym bolasyň gelse, beýniňi din bilen zäherleme diýen şygar 200 ýyllap öňe sürüldi. Şol sebäpli uniwersitetlerde işleýän hudaýhon alymlar hem din barada ýekeje sözem aýdyp bilmeýärler».31
Siz makroewolýusiýa taglymatyna ynanýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, siz agnostik we ateist alymlaryň öz şahsy pikirlerini ylmy subutnamalar bilen garyşdyrmaýandygyna-da ynanmaly bolarsyňyz. Siz mutasiýa we tebigy seçgi arkaly dürli görnüşli janly-jandarlaryň dörändigine-de ynanmaly bolarsyňyz. Aslynda, bir asyryň dowamynda sansyz-sajaksyz barlaglar geçirildi. Ýöne mutasiýa arkaly ýekeje-de täze görnüşli janly-jandar döredip bolmady. Şeýle-de siz janly-jandarlaryň ýyllaryň dowamynda ewolýusiýa arkaly başga görnüşli jandara öwrülýändigine-de ynanmaly bolarsyňyz. Aslynda, gadymy tapyndylar janly-jandarlaryň birden dörändigini, milliardlarça ýyllaryň dowamynda durkuny üýtgetmändigini we başga görnüşli jandara öwrülmändigini subut edýär. Onda ewolýusiýa taglymaty hakykatmy ýa toslama? Dogrudanam, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak üçin berk «iman» gerek.
a Çaknyşdyrylyp alnan itleriň geninde näsazlyk bolandygy üçin şeýle üýtgeşmeler bolýar. Meselem, taksa itleriniň kekirdewükleriniň kadaly ösmeýändigi üçin olaryň boýy gysgajyk bolýar.
b Geçirilen barlaglara görä, janly organizmiň döremegi üçin öýjügiň sitoplazmasy, membranasy we beýleki bölekleri hem wajyp.
c Lönning ýaşaýşy biriniň döredendigine ynanýar. Ol Maks Plank adyndaky institutyň adyndan geplemän, öz pikirini aýdýar.
d Geçirilen barlaglara görä, mutantlaryň täze görnüşi gitdigiçe azalýar, öňki görnüşleri bolsa yzygiderli döreýär. Şeýle-de, ösümlikleriň mutantlarynyň bir göterimi gözleg-barlag geçirmek üçin saýlandy. Şolaryň hem takmynan bir göterimi girdeji gazanmak üçin ulanyldy. Emma mutasiýa arkaly ösümligiň täze görnüşini döredip bolmady. Haýwanlarda geçirilen mutasiýa barlaglary has-da erbet netije berdi we alymlar şu usuly düýbünden ulanmazlyk kararyna geldiler.
e Alymlar birki sany gadymy tapyndylara salgylanyp, ewolýusiýanyň dogrudygyny subut etjek bolýar. Aslynda, şol tapyndylar ewolýusiýa taglymatyny şübhä goýýar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir eden «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rus.) diýen broşýurasynyň 22—29-njy sahypalaryny okap bilersiňiz.
f Materializm taglymatyna uýýan adamlar älem-jahandaky ähli zadyň, şol sanda janly-jandarlaryň adatdan daşary güýçleriň kömegi bilen döremändigini öňe sürýärler.