7-NJI BÖLÜM
Allatagalanyň pygamberler arkaly beren wadasy
GADYMY döwürde ýaşan pygamberler Hudaýa iman edip, Onuň beren wadalaryna ynanyp ýaşaýardylar. Alla nämäni wada berdi?
Adam ata bilen How ene Erem bagynda günä edenden soň, Hudaý «ýylanyň» kellesini owratjak «tohumy», ýagny nesli iberjekdigini wada berdi. Diýmek, «iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan» ebedilik ýok ediler (Gelip çykyş 3:14, 15; Ylham 12:9, 12). Munuň üçin Hudaý kimi ýollaýar?
Bu ilkinji pygamberligiň aýdylanyna takmynan 2 000 ýyl geçenden soň, Ýehowa onuň Ybraýym pygamberiň neslinden geljekdigini aýtdy. Alla Ybraýyma: «Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar» diýdi (Gelip çykyş 22:18).
B. e. öň 1473-nji ýylda Hudaý Musa pygambere bu «nesil» barada käbir jikme-jiklikleri aýdýar. Musa ysraýyl ogullaryna şeýle diýdi: «Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň» (Kanun taglymaty 18:15). Musa ýaly pygamber Ybraýymyň ogullarynyň neslinden gelmelidi.
Şol pygamber Dawut patyşanyň neslinden gelip, beýik patyşa bolmalydy. Hudaý Dawut patyşa şeýle wada berdi: «Men senden soň seniň ýeriňe nesliňden, ogullaryňdan birini goýaryn... onuň patyşalyk tagtyny ebedilik berkiderin» (2 Şamuwel 7:12, 13). Hudaý Dawudyň bu nesline «Parahatlyk Şazadasy» diýiljekdigini aýdyp, şeýle diýdi: «Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu» (Işaýa 9:6, 7). Şeýlelikde, adalatly Hökümdar ýer ýüzünde parahatlygy we adalatlygy dikelder. Ol haçan geler?
Wada edilen «nesil» Ybraýymyň neslinden Musa ýaly pygamber Dawudyň neslinden b. e. 29-njy ýylynda peýda bolmaly ýylany, ýagny Şeýtany ýok etmeli
Jebraýyl perişde Daniýel pygambere: «Şuňa düşün: Iýerusalimi gaýtadan dikeltmeli diýen karar çykandan, Hökümdar Mesihe çenli ýedi hepde we altmyş iki hepde» diýdi (Daniýel 9:25). Bu 69 hepdäniň hersi 7 ýyl bolup, jemi 483 ýyla deňdir. Ol b. e. öň 455-nji ýyldan başlap, b. e. 29-njy ýylynda tamamlandya.
Musa ýaly pygamber we köp garaşylan «nesil», ýagny Mesih b. e. 29-njy ýylynda peýda boldumy? Geliň, bu barada bileliň.
a «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 255-nji sahypasyndaky 2-nji goşmaça maglumata serediň. Ýehowanyň Güwäçileri tarapyndan çap edilen.