Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rk sap. 6 sah. 15—17
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Hudaýyň hoş habary
  • Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
rk sap. 6 sah. 15—17

6-NJY BÖLÜM

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

HUDAÝ ýeri adamlaryň ýaşamagy üçin ýaratdy. Allanyň Sözünde: «Gökler Rebbiň gökleridir, emma ýeri Ol adam ogullaryna berdi» diýilýär (Zebur 115:16).

Hudaý Adam atany ýaratmanka, ýeriň bir böleginde owadan bagy döredip, ony Erem bagy diýip atlandyrdy. Töwrat kitabyna laýyklykda, Perat (Ýewfrat) bilen Tigr derýasynyň gözbaşy Erem bagyndan gaýdýara. Aýtmaklaryna görä, Erem bagy häzirki Türkiýäniň günortasynda ýerleşipdir. Hawa, Erem bagy, hakykatdan-da, ýer ýüzünde bolupdyr.

Hudaý Adam atany ýaradyp, Erem bagynda ýerleşdirýär hem-de oňa bagy «işläp bejermegi we oňa gözegçilik etmegi» tabşyrýar (Gelip çykyş 2:15). Soňra Hudaý Adam üçin aýaly, ýagny How enäni ýaradýar. Alla olara: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň» diýýär (Gelip çykyş 1:28). Görşümiz ýaly, Alla ýer ýüzüni «boş bolmasyn, adamly bolsun» diýip ýaratdy (Işaýa 45:18).

Emma Adam ata bilen How ene Hudaýyň kanunyny bilgeşleýin bozup, Oňa garşy çykdylar. Şonuň üçin Hudaý olary Jennetden kowdy. Şeýdip, olar Jenneti ýitirdiler. Ýöne Adam atanyň eden günäsi has köp zyýan ýetirdi. Injilde şeýle diýilýär: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Rimliler 5:12).

Ýehowa ýer ýüzüni Jennete öwrüp, onda bagtly adamlary ýaşatmak niýetinden el çekdimi? Ýok! Hudaý şeýle diýýär: «Meniň agzymdan çykýan sözüm-de... Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, ýetsin diýip iberen işim-de üstünlikli bolar» (Işaýa 55:11). Jennet ýer ýüzünde dikeldiler!

Jennetde ýaşaýyş nähili bolarka? Geliň, indiki sahypalardan Mukaddes Ýazgylaryň berýän wadalaryna seredeliň.

a Gelip çykyş 2:10—14-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Erem bagyny suwarýan derýa Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär. Birinji derýanyň ady Pişondyr... Ikinji derýanyň ady — Gihondyr... Üçünji derýanyň ady — Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Perat derýasydyr». Ilkinji iki derýanyň ady we ýerleşýän ýeri belli däl.

Siz nähili jogap berersiňiz?

  • Alla ýeri we adamlary näme üçin ýaratdy?

  • Biz Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetjekdigini nireden bilýäris?

Adamlar Jennetde

Ýer ýüzünde boljak Jennet

Ölen adamlar direler: «Gabyrdakylaryň hemmesi... direler» (Ýahýa 5:28, 29).

Garrylyk, keselçilik we ölüm bolmaz: Ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men syrkaw» diýmez» (Işaýa 33:24). Hudaý «olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4).

Iýmit bol bolar: «Ýer hasylyny berer; Hudaý, biziň Hudaýymyz bize ak pata berer» (Zebur 67:6).

Gowy jaýlar we lezzetli iş bolar: «Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar.... meniň saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar» (Işaýa 65:21, 22).

Uruş, jenaýatçylyk we zorluk bolmaz: Ýehowa «ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadar» (Zebur 46:9). «Erbetler... ýurtdan kesilip taşlanar» (Süleýmanyň tymsallary 2:22).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş