5-NJI BÖLÜM
Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri
MUKADDES ÝAZGYLAR Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň berip, bizi Onuň bilen tanyşdyrýar. Meselem, onda Allatagalanyň dört esasy häsiýeti, ýagny güýji, adalatlylygy, akyldarlygy we söýgüsi barada aýdylýar. Geliň, häzir olaryň her birine seredip geçeliň.
Her zada güýji ýetýän Hudaý
Hudaýyň her zada güýji ýetýär
Ýehowa Ybraýym pygambere: «Men Gudratygüýçli Alladyryn» diýdi (Gelip çykyş 17:1). Onuň güýji deňsiz-taýsyz, çäksiz we tükeniksizdir. Hudaý güýji arkaly älem-jahany ýaratdy.
Hudaý güýjüne erk edip, ony hiç haçan erbetlige ulanmaýar. Şeýle-de Alla kämil güýjüni adalatly, paýhasly we söýgi bilen ulanýar.
Ýehowa wepaly gullukçylarynyň aladasyny etmek üçin güýjüni gaýgyrmaýar. «Ýehowa oňa ýürekden bil baglaýan adamlary goldamak üçin ýer ýüzüne ser salýar» (2 Taryhlar 16:9). Şeýle güýçli Hudaý biziň aladamyzy edýär. Siziň Onuň bilen dostlaşasyňyz gelýärmi?
Adalatly Hudaý
«Reb haky söýýändir» (Zebur 37:28). Ol elmydama kämil kadalaryna eýerip, dogry we adalatly hereket edýär.
Hudaý ala tutmaýar
Hudaý adalatsyzlygy ýigrenýär. «Ol tarapgöýlük etmeýär we para almaýar» (Kanun taglymaty 10:17). Alla adamlara azar berýänlere garşy gidip, ejizleriň, şol sanda «dul hatynlaryň... ýetimleriň» aladasyny edýär (Müsürden çykyş 22:22). Ol milletparazlyk etmeýär. «Hudaý hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändir» (Resullaryň işleri 10:34, 35).
Ýehowanyň adalatlylygy kämildir. Ol aşa geçirimlik etmeýär, ýowuz hem bolmaýar. Ol toba etmedik günäkärlere temmi berip, toba edýän adamlara rehim edýändir. «Reb rehimdar we mähribandyr; gahary gelmezek, merhemeti boldur. Hemişe käýemez, gaharyny ebedi saklamaz. Ol bize günälerimize laýyk iş etmedi, ýazyklarymyza laýyk jeza bermedi» (Zebur 103:8—10). Hudaý wepaly gullukçylarynyň ýagşy işlerini unutmaýar, olary hemişe sylaglaýar. Şeýle adalatly Hudaýa bil baglasyňyz gelýärmi?
Akyldar Hudaý
Tebigata syn etsek, Allanyň akyldarlygyna haýran galarys
Ýehowa ähli akyldarlygyň eýesidir. «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur!» (Rimliler 11:33). Onuň akyldarlygy deňsiz-taýsyz we çäksizdir.
Hudaýyň akyldarlygy Onuň ýaradan zatlaryndan aýdyň görünýär. Mezmurçy ýürekden joşup: «Ýa Reb, Seniň işleriň nähili köp! Sen olaryň ählisini akyldarlyk bilen etdiň» diýýär (Zebur 104:24).
Hudaýyň akyldarlygy barada Mukaddes Ýazgylarda hem gürrüň berilýär. Dawut patyşa: «Rebbiň şaýatlygy ygtybarlydyr, ol mön adamy hem akyldar edýändir» diýip ýazdy (Zebur 19:7). Siz hem akyldarlygy Hudaýdan öwrenip bilersiňiz! Siz şeýle mümkinçilikden peýdalanarsyňyzmy?
«Hudaý söýgüdir»
Söýgi — Ýehowanyň esasy häsiýeti. Injilde: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýahýa 4:8). Alla ähli zady söýgi bilen edýär.
Hudaý bize söýgüsini dürli ýollar bilen bildirýär. Ol bize köp ýagşylyk edýär. Alla «bize gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler berýär, ýüregimizi iýmit hem şatlykdan doldurýar» (Resullaryň işleri 14:17). Hawa, «ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir» (Ýakup 1:17). Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Özi barada gürrüň berýär we söýgüden doly kanunlaryny, prinsiplerini öwredýär. Isa pygamber hem: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýdi (Ýahýa 17:17).
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň akyldarlygy barada gürrüň berilýär
Hudaý bize kynçylyklara-da döz gelmäge kömek edýär. «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» (Zebur 55:22). Ol günälerimizi bagyşlaýar. «Ýa Reb, Sen gowy, geçirimlisiň, Özüňi çagyrýanlaryň ählisine merhemete baýsyň» (Zebur 86:5). Ol hatda bize ebedi ýaşaýşy hem wada berýär. Hudaý «olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4). Siz Hudaýyň söýgüsine seslenermisiňiz? Siz hem ony söýermisiňiz?
Hudaýa ýakynlaşyň
Allatagala bilen dostlaşmak üçin doga edip, onuň häsiýetleri hakda oýlanmaly
Hudaý özi barada bilmegiňizi isleýär. Injilde: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Allatagala Ybraýym pygambere «dostum» diýdi (Ýakup 2:23). Ýehowa siz bilen-de dostlaşmak isleýär.
Siz Hudaý barada bildigiňizçe, oňa has-da ýakynlaşarsyňyz we bagtly bolarsyňyz. «Keýpi diňe Rebbiň kanunynda, gije-gündiz Onuň kanuny hakda pikire gidýän» adam bagtlydyr (Zebur 1:1, 2). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardan bilim almagyňyzy dowam ediň we Hudaýyň häsiýetleri, işleri barada oýlanyň. Bilen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyp, Hudaýy söýýändigiňizi görkeziň. «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3). Şeýle-de mezmurçy ýaly: «Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret. Meni Öz hakykatyňda gezdir» diýip doga ediň (Zebur 25:4, 5). Şonda Hudaýyň «hiç birimizden uzakda däldigine» göz ýetirersiňiz (Resullaryň işleri 17:27).