13-NJI SAPAK
Dinlere näme bolar?
1. Dinleriň hemmesi Hudaýa ýaraýarmy?
Dinleriň ählisinde akýürekli adamlar bar. Allatagala bu adamlara üns berýär we olaryň aladasyny edýär. Emma gynansak-da, asyrlar boýy dinler erbet işlere baş goşup gelýärler (2 Korintoslylar 4:3, 4; 11:13—15). Habarlarda berilýän maglumatlara görä, käbir dinler terrorçylyga, gyrgynçylyga, uruşlara goşulýarlar. Şeýle-de käbir dini ýolbaşçylar çagalary horlap, olary jynsy ahlaksyzlyga iterýärler. Bu zatlar Hudaýa ynanýan adamlary, gör, nähili gynandyrýar! Matta 24:3—5, 11, 12-nji aýatlary okaň.
Hakyky din Hudaýy şöhratlandyrýar, emma ýalan din Onuň adyna ysnat getirýär. Ýalan diniň taglymatlary Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar. Olar Hudaý we ölen adamlar barada ýalan zatlary öwredýärler. Emma Süleýman pygamber ölen adamlar barada şeýle diýdi: «Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir» (Wagyz kitaby 9:5). Hawa, Ýehowa adamlaryň hakykaty bilmegini isleýär. 1 Timoteos 2:3—5-nji aýatlary okaň.
2. Dinlere näme bolar?
Hudaýy aldap bolmaýar. Ol ikiýüzli adamlaryň Hudaýy söýýäris diýip-de, Şetanyň dünýäsini söýýändigini görýär (Ýakup 4:4). Hudaýyň Sözünde ähli ýalan dinlere «Beýik Babyl» diýilýär. Näme üçin? Sebäbi ýalan dinler gadymy Babyl şäherinden gelip çykypdy. Bu şäher Nuhuň günlerindäki tupandan soň gurlupdy. Tizden Allatagala adamlary aldaýan we ýalan däp-dessurlary berjaý etmäge mejbur edýän dinleri ýok eder. Ylham 17:1, 2, 5, 16, 17; 18:8-i okaň.
Ýehowa ýalan diniň täsirine düşen akýürekli adamlary unutmaýar. Ol şeýle adamlary ýygnap, olara hakykaty öwredýär. Ýahýa 6:45-i okaň.
3. Hudaýa ýaranmak isleýän adamlar näme etmeli?
Hakyky din adamlary agzybir edýär
Ýehowa hakykaty bilmek isleýän we ýagşy işleri edýän adamlaryň aladasyny edýär. Allatagala olary ýalan dinden çykmaga höweslendirýär. Hudaýy söýýän adamlar durmuşyny özgerdip, Ony begendirmäge çalyşýarlar. Ylham 18:4-i okaň.
I asyrda ýaşan akýürekli adamlar Isanyň resullaryndan hoş habary eşidenlerinde, ony şatlyk bilen kabul etdiler. Olar Hudaýyň islegine görä ýaşamagy öwrenip, durmuşyny manyly etdiler we gelejege umyt baglap başladylar. Bu akýürekli adamlar hoş habara seslenip, Ýehowany durmuşynda ilkinji orunda goýýandygyny görkezdiler. Olar bize, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdylar! 1 Selanikliler 1:8, 9; 2:13-i okaň.
Ýehowa ýalan dinden çykýan adamlary maşgalasyna, ýagny Özüne sežde edýän adamlaryň arasyna çagyrýar. Eger siz Hudaýyň mähirli çakylygyny kabul etseňiz, Onuň dosty bolup bilersiňiz. Şeýle-de siz Ýehowa sežde edýän maşgalanyň agzasy bolarsyňyz we gelejekde ebedi ýaşaýşy miras alarsyňyz. Markus 10:29, 30; 2 Korintoslylar 6:17, 18-nji aýatlary okaň.
4. Hudaý adamzady zulumdan nädip azat eder?
Mukaddes Ýazgylarda Allatagalanyň tizden ýalan dinleri ýok etjekdigi aýdylýar. Şonda bütin adamzat nesli zulumdan azat bolar. Ýalan din indi hiç haçan adamlary aldamaz we olaryň arasynda agzalalyk döredip bilmez. Bütin ýer ýüzündäki adamlar agzybir maşgala bolup, ýeke-täk hak Hudaýa sežde ederler. Ylham 18:20, 21; 21:3, 4-nji aýatlary okaň.