Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/3 sah. 27—31
  • Ýalan dinden gaça duruň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýalan dinden gaça duruň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Beýik Babyldan» çykyň
  • Ýalan dinden nädip gaça durmaly?
  • «Paýhasly boluň»
  • «Sagdyn sözleriň nusgasyny gaýym sakla»
  • Dinler Hudaý barada ýalan zatlary öwredýär
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýa ýaraýan sežde
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Dinlere näme bolar?
    Hudaýyň hoş habary
  • Beýik Wawilon näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/3 sah. 27—31

Ýalan dinden gaça duruň!

«Reb diýýär: «Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň» (2 KORINTOSLYLAR 6:17).

1. Päk ýürekli adamlaryň köpüsi näme hakda hökman bilmeli?

PÄK ýürekli adamlaryň köpüsi Hudaý hakda we adamzadyň gelejegi barada hakykaty bilenok, sebäbi olar wajyp sowallaryna hiç hili göwnejaý jogap tapyp bilmeýärler. Şeýdip, hiç zatdan baş çykaryp bilmän, hatda olaryň gelejege-de ynamy gaçýar. Millionlarça adamlar Hudaýa ýaramaýan yrymlaryň, däp-dessurlaryň we baýramçylyklaryň gulçulygynda. Belki-de, seniň goňşylaryň ýa garyndaşlaryň hem dowzah oduna, üç ýüzli Hudaýa, baky ruha ýa-da başga bir ýalan taglymata ynanýandyr.

2. Dini ýolbaşçylar näme etdi we netijesi näme boldy?

2 Ruhy tümlügiň ýaýramagyna näme jogapkär? Gynansak-da, din. Esasanam, Hudaýyň pikirine garşy gelýän düşünjeleri ýaýradýan dini guramalar we dini ýolbaşçylar (Markus 7:7, 8). Netijede, köp adamlar hak Hudaýa gulluk edýändirin öýdýärler, ýöne aslynda welin, olar Hudaýyň göwnüne degýärler. Şeýle gynançly ýagdaýa ýalan din jogapkär.

3. Ýalan diniň esasy sebäpkäri kim we Injilde ol nähili suratlandyrylýar?

3 Ýalan dini göze görünmeýän bir zalym ruh goldaýar. Şol hakda Pawlus resul şeýle ýazdy: «Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip, bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir» (2 Korintoslylar 4:4). Şunlukda, «bu dünýäniň taňrysy» — Şeýtan Iblis. Ol ýalan seždäniň esasy sebäpkäri. Pawlusyň ýazmagyna görä, «Şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär. Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse, bu uly bir zat däldir» (2 Korintoslylar 11:14, 15). Şeýtan ýaman zady ýagşy görkezip, adamlary ýalan zatlar bilen aldaýar.

4. Hudaýyň gadymy Ysraýyla beren kanunynda ýalan pygamberler barada näme diýilýär?

4 Hut şol sebäpli-de, Mukaddes Ýazgylar ýalan dini berk ýazgarýar! Meselem, Musanyň kanunynda Hudaýyň halkyna ýalan pygamberlerden ägä bolmak barada aýratyn duýdurylýar. Ýalan taglymatlary we ýalan taňrylara sežde etmegi ýaýradýan her bir adam «öldürülmelidi, sebäbi Hudaýy Ýehowa garşy pitne turuzmaga yrdy». Şeýdip ysraýyllylar «ýamany arasyndan çykarmalydy» (Kanunyň gaýtalanyşy 13:1—5). Hawa, Ýehowa ýalan dini ýamanlyk saýýar (Ezekiýel 13:3).

5. Şu günler biz haýsy duýduryşa ünsli bolmaly?

5 Ýehowanyň göreldesine eýerip, Isa we onuň resullary hem ýalan dini ýazgarýarlar. Bir gezek Isa şägirtlerine: «Ýalan pygamberlerden ägä boluň; olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler» diýip duýdurdy (Matta 7:15; Markus 13:22, 23). Pawlus bolsa şeýle ýazdy: «Hudaýyň hakykaty nädogrulykda saklaýan adamlaryň bütin hudaýsyzlyk we nädogrulygyna edýän gahar-gazaby gökden aýan bolýandyr» (Rimliler 1:18). Hakyky mesihçiler hem şeýle duýduryşlara ünsli bolup, Hudaýyň Sözündäki hakykata garşy gidýänlerden we ýalan taglymaty ýaýradýanlardan gaça durmaly! (1 Ýahýa 4:1).

«Beýik Babyldan» çykyň

6. Injilde «Beýik Babyl» nähili suratlandyrylýar?

6 Injiliň Ylham kitabynda ýalan din suratlandyrylýar. Şol ýerde ýalan din serhoş kemçine meňzedilýär. Ol köp patyşalaryň we halklaryň üstünden agalyk edýär. Şeýle-de kemçin aýal ençeme patyşalar bilen zyna edýär hem-de Hudaýyň hakyky gullukçylarynyň ganyndan ýaňa serhoş (Ylham 17:1, 2, 6, 18). Onuň maňlaýyna bolsa ahlaksyz hem ýigrenji işleri üçin mynasyp at ýazylypdyr. Onuň ady «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi» (Ylham 17:5).

7, 8. Ýalan din nädip zyna edýär hem-de bu nämä eltdi?

7 Injiliň Beýik Babyl hakda aýdýanlary ähli ýalan dinleri aňladýar. Müňlerçe dinler resmi taýdan bir bütindünýä gurama girmeseler-de, olaryň maksady hem işi gaty meňzeş. Ylham kitabyndaky kemçin aýal ýaly, ýalan din hem hökümetlere güýçli täsir edýär. Ýalan din dürli hökümetler bilen gezekli-gezegine syýasy birleşikler döredip, ärine ikilik edýän aýal kimin ruhy taýdan zyna edýär. Bu babatda Ýakup şägirt şeýle diýipdi: «Eý zynahorlar, dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärmisiňiz? Dünýäniň dosty bolmagy isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir» (Ýakup 4:4).

8 Ýalan diniň syýasy işlere goşulmagy sebäpli adamzat köp görgi görmeli boldy. Afrikaly syýasy synçy Onena Mangu şeýle diýýär: «Dünýä taryhynda diniň syýasy işlere goşulmagy sebäpli birgiden adamlaryň gyrlyşy hakda ençeme mysallar bar». Ýaňy-ýakynda çykan gazetleriň birinde bolsa: «Şu günler bolup geçýän iň gandöküşikli hem iň howply dawa-jenjeller... din sebäpli bolýar» diýilýär. Dinleriň goldamagy bilen turýan uruşlarda millionlarça adamlar janyny gurban etdi. Beýik Babyl hatda Hudaýyň hakyky gullukçylaryny hem yzarlady, öldürdi, başgaça aýdaňda, olaryň ganyndan ýaňa serhoş boldy (Ylham 18:24).

9. Ylham kitabynda Ýehowanyň ýalan dine bolan ýigrenji nähili beýan edilýär?

9 Ýehowanyň ýalan dini güýçli ýigrenýändigini Beýik Babylyň heläk bolşundan hem düşünse bolýar. Ylham 17:16-da şeýle diýilýär: «Gören janawaryň we on şah kemçini ýigrenip, daşyny çolardyp, ony ýalaňaçlar. Onuň etini iýip, özüni-de otlar». Şunlukda, ilki bilen, ullakan janawar ony ölýänçä dalap, etini iýýär. Soňra galan zatlary tutuşlygyna otlanýar. Şoňa meňzeşlikde, tizden dünýä hökümetleri hem şeýdip ýalan dini ýok ederler. Hudaý olara muny etdirer (Ylham 17:17). Beýik Babyl — ýalan diniň dünýä şalygy — hökman heläk bolar. Ýalan din indi hiç haçan «tapylmaz» (Ylham 18:21).

10. Biz ýalan dine nähili garamaly?

10 Hakyky mesihçiler Beýik Babyla nähili garamaly? Biz ikigöwünli bolman, eýsem, Injiliň: «Eý halkym! Onuň günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çykyň» diýen maslahatyna eýermeli (Ylham 18:4). Şoňa görä-de, halas bolmak isleýänler, wagt barka, ýalan dinden çykmaly. Soňky günlerde köp adamlaryň özüne Isanyň şägirdi diýjekdigi hakda Isanyň özi ýerdekä aýdypdy (Matta 24:3—5). Şeýle adamlara ol: «Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!» diýdi (Matta 7:23). Häzir hem tagta çykan Patyşa Isa Mesihiň ýalan din bilen hiç hili arasy ýok.

Ýalan dinden nädip gaça durmaly?

11. Ýalan dinden gaça durmak üçin biz näme etmeli?

11 Hakyky mesihçiler ýalan dinden gaça durmak üçin ýalan seždeden we ýalan dini taglymatlardan ýüz öwürýärler. Şol sebäpli biz Hudaý we Mukaddes Ýazgylar hakda ýalan zatlary ýaýradýan radio-telegepleşikleri diňlemeýäris we görmeýäris hem-de dini edebiýatlary okamaýarys (Zebur 119:37). Şeýle-de biz ýalan din bilen baglanyşykly guramalaryň guraýan jemgyýetçilik işlerine ýa ýygnaklaryna we göwün açmalaryna gatnaşmaýarys. Şeýlelik-de, biz ýalan dini hiç hili goldamaýarys (1 Korintoslylar 10:21). Şu zatlardan daşda dursak, onda hiç kim bizi «adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen... ýesir edip» bilmez (Koloseliler 2:8).

12. Ýalan din bilen araňy kesmek üçin näme etmeli?

12 Biri Ýehowanyň Güwäçisi bolmak isleýän bolsa, ýöne şu wagt ýalan diniň hasabynda duran bolsa, onda näme etmeli? Mümkin, käbir ýagdaýlarda şol dinden çykýandygyň hakda hat ýazsaň, onda ýalan diniň agzasy bolmak islemeýändigiňi görkezýärsiň. Ýalan din bilen ruhy taýdan hiç hili hapalanmazlyk üçin aýgytly bolmak örän wajyp. Ýehowanyň Güwäçisi bolmak isleýän adamyň işleri öňki dindeşlerine we başga adamlara şol din bilen gatnaşygyny kesendigini mese-mälim görkezmeli.

13. Ýalan dinden gaça durmak babatda Injil näme maslahat berýär?

13 Pawlus resul şeýle diýýär: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar? Mesihiň Belial bilen näme agzybirligi bar? Ýa-da imanlynyň imansyz bilen näme paýdaşlygy bar? Hudaýyň ybadathanasynyň butlar bilen näme ylalaşygy bar?... Hudaý bolsa: «Olaryň arasynda mekan tutup gezerin; Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar» diýýär. Reb diýýär: «Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin» (2 Korintoslylar 6:14—17). Biz ýalan dinden gaça dursak, onda şu sözlere gulak asdygymyz bolar. Eýsem, Pawlusyň maslahaty ýalan dine degişli adamlardan hem gaça durmagy aňlatmaýarmy?

«Paýhasly boluň»

14. Biz ýalan dine uýýan adamlardan asla gaça durmalymy? Düşündir.

14 Eýsem, hakyky mesihçiler ýalan dine uýýan adamlar bilen asla gürleşmeli dälmi? Eýsem, biziň dinimize ynanmaýan adamlara sowuk-sala garamalymy? Ýok, beýle etmeli däl. Iň uly iki tabşyrygyň birinde: «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýilýär (Matta 22:39). Adamlara hoş habary wagyz etsek, onda goňşularymyzy, ýagny ýakynlarymyzy söýdügimiz bolar. Şeýle-de olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirsek hem-de ýalan dinden gaça durmagyň wajypdygyny düşündirsek, söýgümizi görkezýäris.

15. Dünýäden aýry bolmak näme aňladýar?

15 Goňşularymyza hoş habary wagyz etsek-de, Isanyň şägirtlerine aýdyşy ýaly, biz «dünýäden däl» (Ýahýa 15:19). Şu aýatdaky «dünýä» sözi Hudaýdan daşlaşan adamlary aňladýar (Efesliler 4:17—19; 1 Ýahýa 5:19). Biz dünýäden aýry, sebäbi olaryň Hudaýa ýaramaýan garaýşyna, gepleýşine we özüni alyp barşyna eýermeýäris we goldamaýarys (1 Ýahýa 2:15—17). Onsoňam, «ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» diýen prinsipe laýyklykda, biz Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen dost bolmaýarys (1 Korintoslylar 15:33). «Dünýäden däl» diýmek «özüňi dünýäden çirksiz saklamagy» aňladýar (Ýakup 1:27). Şeýlelikde, dünýäden aýry bolmak adamlar bilen asla gatnaşmazlygy aňlatmaýar (Ýahýa 17:15, 16; 1 Korintoslylar 5:9, 10).

16, 17. Mesihçiler hakykaty bilmeýän adamlar bilen özüni nähili alyp barmaly?

16 Onda biz hakykaty bilmeýän adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly? Pawlus Kolose şäherindäki ýygnaga şeýle sözleri ýazdy: «Pursatdan peýdalanyp, özüňizden bolmadyklar bilen paýhasly boluň. Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Koloseliler 4:5, 6). Petrus resul bolsa şeýle diýdi: «Ýüregiňizde Reb Hudaýy mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň» (1 Petrus 3:15, 16). Şeýle-de Pawlus mesihçilere «hiç kimi ýamanlamazlygy, igenjeň bolman, mylaýym bolup, ähli adamlara ýumşaklyk görkezmegi» maslahat berýär (Titus 3:2).

17 Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde biz özümizi adamlar bilen gödek hem ulumsy alyp barmaýarys. Onsoňam, biz başga dine uýýan adamlar hakda kemsidiji sözleri aýtmaýarys. Gaýtam, wagyzda öý eýesi, ýa goňşular, ýa-da işdeşler gödeklik etse-de, sögünç sözler aýtsa-da, biz özümizi sypaýyçylykly alyp barýarys (Koloseliler 4:6; 2 Timoteos 2:24).

«Sagdyn sözleriň nusgasyny gaýym sakla»

18. Ýalan seždä dolanýan adamlaryň ýagdaýy nähili bolýar?

18 Biri Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny öwrenip, soňra ýene-de ýalan seždä dolansa, ýagdaýy has-da erbetleşýär! Munuň gynançly netijesini Injil şeýle beýan edýär: «Çünki olar Reb hem halasgär Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçansoňlar ýene-de bulara garyşyp, ýeňlen bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňküden erbetdir. . . . Olaryň başyna bu hakyky nakylda aýdylanlar geldi: «It öz gusugyna gaýdyp geldi, ýuwnan doňuz batgada togalanmaga» (2 Petrus 2:20—22).

19. Ruhy saglygyňa howp salyp biljek zatlardan näme üçin ägä bolmaly?

19 Biz ruhy saglygymyza howp salyp biljek zatlardan ägä bolmaly. Hakykatdan-da, abanýan howp köp! Pawlus resul şeýle duýdurýar: «Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner. . . . aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar» (1 Timoteos 4:1, 2). Biz häzir «soňky wagtlarda» ýaşaýarys. Şol sebäpli ýalan dinden gaça durmaýanlary «adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileler gurmakdaky ökdeligi arkaly her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk itekleýär» (Efesliler 4:13, 14).

20. Biz özümizi ýalan diniň zyýanly täsirinden nädip gorap bileris?

20 Ýogsa-da, biz özümizi ýalan diniň zyýanly täsirinden nädip gorap bileris? Geliň, Ýehowanyň berýän zatlaryny ýatlap geçeliň. Meselem, ol bize Mukaddes Ýazgylary berdi (2 Timoteos 3:16, 17). Şeýle-de Ýehowa «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly bolelin ruhy iýmit berýär (Matta 24:45). Eýsem, hakykatda ösdügimizçe, ruhy taýdan ýetişen adamlara berilýän «agyr damagy» has-da küýsäp, duşuşyklara barmaga islegimiz has-da artmaly dälmi näme? (Ýewreýler 5:13, 14; Zebur 26:8). «Eşiden sagdyn sözlerimiziň nusgasyny... gaýym saklamak» üçin, geliň, Ýehowanyň berýän zatlaryny doly peýdalanalyň! (2 Timoteos 1:13). Şeýdip biz ýalan dinden gaça durarys.

Siz näme öwrendiňiz?

• «Beýik Babyl» diýmek näme aňladýar?

• Biz ýalan dinden gaça durmak üçin näme

etmeli?

• Biziň ruhy saglygymyza nähili howplar abanmagy mümkin?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş