«Her kim öz ýüküni özi götermeli»
«Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (RIMLILER 14:12).
1. Üç ýewreý ýigidi nämä jogapkärdigine düşünýärdi?
BABYLDA ýaşaýan üç ýewreý ýigidi belli bir karara gelmelidi, sebäbi olaryň ykbaly çözülýärdi. Eýsem, olar ýurduň kanuny boýunça äpet heýkele tagzym edermikä? Eger-de olar sežde etmekden boýun gaçyraýsa, onda olary ýanyp duran otly peje oklardylar ahyryn! Şadragyň, Meşagyň we Abednegonyň maslahat edere ne wagty, ne-de mümkinçiligi bardy. Olar birjik-de çekinmän: «Eý patyşa, bil, biz seniň taňrylaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris» diýdiler (Daniýel 3:1—18, MKS). Hawa, üç ýewreý ýigidi belli bir karara gelmäge özleriniň jogapkärdigine oňat düşünýärdi.
2. Pontius Pilatusyň Isa babatda kararyna kim täsir etdi, ýöne bu Rim häkimini jogapkärçilikden boşatdymy?
2 Alty asyrdan, bir häkim bir asylly adama garşy aýyplamany diňledi. Şol dawany seljerip, aýyplanýan adamyň bigünädigine göz ýetirdi. Emma welin, märeke şol adama ölüm jezasyny bermegi talap edýärdi. Biraz garşylyk görkezse-de, özi islemese-de, häkim jogapkärçiligi öz üstünden aýryp, iliň gepine gitdi. Ol elini ýuwdy-da: «Bu dogry Adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz» diýdi . Soňra şol adamyň pürse çüýlenmegine rugsat berdi. Hawa, Pontius Pilatus Isa pygamber babatda özüne derek başga adamlaryň karar kabul etmegine ýol berdi. Ol Isa adalatsyz jeza berdi. Hatda bütin dünýäniň suwy-da onuň günäsini ýuwup bilmez. Şunlukda, ol jogapkärçilikden boşamady (Matta 27:11—26; Luka 23:13—25).
3. Biz näme üçin başgalara bize derek karar kabul etmäge ýol bermeli däl?
3 Eýsem, sen nähili adam? Belli bir karara gelmeli bolanyňda, sen üç ýewreý ýigidi ýalymy ýa-da başgalar saňa derek karar kabul edýärmi? Käbir ýagdaýlarda belli bir karara gelmek kyn bolýar. Dogry ýoly saýlamak üçin aklyň goýalyşan bolmaly. Meselem, çagalaryna derek käbir zatlary ene-atalar çözmeli. Elbetde, ýagdaý çylşyrymly bolsa, dürli zatlar göz öňünde tutulmaly bolsa, onda belli bir karara gelmek has-da kyn bolýar. Emma karar kabul etmek jogapkärçiligini ruhy taýdan kömek berýän doganlaryň göterýän «ýüki» bilen deňeşdirip bolmaz (Galatýalylar 6:1, 2). Tersine, bu ýük üçin «her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (Rimliler 14:12). Injilde: «Her kim öz ýüküni özi götermelidir» diýilýär (Galatýalylar 6:5). Onda biz durmuşda nädip dogry karar kabul edip bileris? Ilki bilen, biz ynsan ejizliklerine düşünmeli hem-de şolara garşy göreşmeli.
Karar kabul etmek üçin näme etmeli?
4. Biz karar kabul etmek hakda ilkinji ynsan jübütiniň gulak asmazlygyndan näme öwrenýäris?
4 Adamzat taryhynyň başynda ilkinji ynsan jübüti gelen karary sebäpli heläkçilige uçrady. Olar ýagşylyk we ýamanlygy bilme agajyndan iýdiler (Barlyk 2:16, 17). Olar näme üçin şeýle karar kabul etdiler? Töwratda: «Aýal agajyň iýmit üçin oňatdygyny, we gözlere ýakymlydygyny... gördi» diýilýär. Soňra ol «onuň miwesinden alyp iýdi we özi bilen ärine-de berdi; ol-da iýdi» (Barlyk 3:6). Diýmek, How ene nebsine çapypdyr. Adam ata-da oňa goşulypdyr. Şeýdip, günä we ölüm «ähli adamlara geçdi» (Rimliler 5:12). Biz Adam ata bilen How enäniň gulak asmazlygyndan adamlaryň ejizligi hakda wajyp zady öwrenýäris: adamlar Hudaýyň maslahatyna eýermese, onda köplenç ýalňyş karar kabul edýärler.
5. Ýehowa bize näme gollanma berdi we biz ondan peýdalanmak üçin näme etmeli?
5 Bizi maslahatsyz goýmany üçin Ýehowa Hudaýa şükür! Ýazgylarda: «Siz saga ýa sola sowulsaňyz, yzyňyzdan: «Ine ýol, şol boýunça ýöräň» diýen sözi gulagyňyz eşider» diýilýär (Işaýa 30:21). Ýehowa biz bilen Mukaddes Ýazgylar arkaly gürleşýär. Şonuň üçin biz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, dogry bilim almaly. Şeýle-de dogry ýoly saýlamak üçin, biz «agyr damakdan» iýmeli hem-de «saýgarma ukyplarymyzy ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirmeli» (Ýewreýler 5:14). Eger-de saýgarma ukybymyzy öwrenişdirmek islesek, onda Hudaýyň Sözünden öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaly.
6. Ynsabyň dogry işlemegi üçin näme etmeli?
6 Belli bir karara gelmäge adamyň ynsaby hem ýardam edýär. Adamyň ynsaby eden işine baha berýär, «kä aýyplap, käte ýuwmarlaýar» (Rimliler 2:14, 15). Ýöne ynsabyň dogry işlemegi we duýgur bolmagy üçin, ony Hudaýyň Sözünden alýan dogry bilimiň boýunça terbiýelemeli. Terbiýelenmedik ynsaba ýerli däp-dessurlar aňsatlyk bilen täsir edýär. Onsoňam, dost-ýarlarymyzyň we beýleki adamlaryň garaýşy bizi aldawa salyp biler. Ynsabyň aýdýanlaryny ençeme gezek äsgermesek hem-de Hudaýyň kanunlaryny telim sapar bozsak, onda ynsabymyza näme bolar? Wagtyň geçmegi bilen, ynsabymyz «dag basylan» ýaranyň yzy ýaly duýmazak hem syzmazak bolar (1 Timoteos 4:2). Emma welin, Hudaýyň Sözi boýunça terbiýelenen ynsap ynamdar maslahatçy bolar.
7. Paýhasly karar kabul etmek üçin wajyp talap näme?
7 Paýhasly karara gelmek üçin wajyp talaplaryň biri — Mukaddes Ýazgylardan dogry bilim almaly we ony durmuşyňda ulanmaly. Karary oýlanyşyksyz hem gyssagly kabul etmegiň deregine, gaýtam, biz Mukaddes Ýazgylardan şoňa degişli prinsipleri gözläp, soňra olaryň ulanylyşy hakda mazaly oýlanmak üçin ýeterlik wagt sarp etmeli. Eger-de Hudaýyň Sözünden dogry bilim alyp, şol boýunça ynsabymyzy terbiýelän bolsak, onda Şadrak, Meşak we Abednego ýaly dessine bir karar gelmeli bolsak-da, biz hemişe taýyn bolarys. Ruhy taýdan ösmäge çalyşsak, dogry karar kabul etmäge kömek edýär. Muňa düşünmek üçin, geliň, durmuşdaky iki ýagdaýa seredip geçeliň.
Biz kimi dost tutunmaly?
8, 9. a) Haýsy prinsipler ýaman ýaranlardan gaça durmagyň wajypdygyny görkezýär? b) Mukaddes Ýazgylar diňe ahlaksyz adamlar bilen dostlugy ýazgarýarmy? Düşündir.
8 «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» diýip, Pawlus resul ýazýar (1 Korintoslylar 15:33). Isa Mesih hem şägirtlerine: «Dünýäden dälsiňiz» diýdi (Ýahýa 15:19). Şu prinsipler hakda oýlanyp, biz zynahorlary, ahlaksyzlary, ogrulary, arakkeşleri we şoňa meňzeşleri dost tutunmaly däldigimize düşünýäris (1 Korintoslylar 6:9, 10). Onsoňam, biz şeýle adamlary kinofilmlerde, telewizorda we kompýuterde görýäris hem-de olar hakda kitaplarda okaýarys. Ýöne hakykat biliminde ösdügimizçe, ýaman ýaranlar bilen şol zatlaryň üsti bilen wagt geçirmegiň hem zyýanlydygyna düşünýäris. Edil şonuň ýaly, Internediň gybat otaglarynda «ikiýüzlüler bilen» hat alyşmak hem zyýanly (Zebur 26:4).
9 Eýsem, ahlak taýdan arassa, ýöne hak Hudaýa ynanmaýan adamlar bilen ýakyndan gatnaşsak bolarmy? Injilde: «Bütin dünýäniň bolsa iblisiň goly astyndadygyny bilýäris» diýilýär (1 Ýahýa 5:19). Şu aýatyň kömegi bilen, biz ýaman ýaranlaryň diňe bir ahlaksyz hem azgyn adamlary aňlatmaýandygyna düşünýäris. Şoňa görä-de, biz diňe Ýehowany söýýän adamlardan dost tutunmagy paýhasly hasaplaýarys.
10. Dünýä bilen gatnaşmak meselesinde paýhasly karara gelmäge näme kömek edýär?
10 Dünýewi adamlar bilen asla gürleşmezlik mümkin däl, beýle etmek hökmanam däl (Ýahýa 17:15). Biz Ýehowa sežde etmeýän adamlara wagyzda, mekdepde we işde duşmaly bolýarys. Mesihçiniň ýanýoldaşy imansyz bolsa, dünýä bilen has-da köp gatnaşmaly bolýar. Ýöne saýgarma ukyplarymyzy öwrenişdirsek, onda dünýä bilen çäkli gatnaşmagyň we onuň bilen dostlugyň düýbünden başga zatdygyna göz ýetireris (Ýakup 4:4). Şulary göz öňünde tutsak, onda biz klasdan daşary geçirilýän çärelere, meselem, sport oýunlaryna we tanslara gatnaşmak hem-de işdeşleriň guraýan oturylyşygyna we toýuna barmak meselesinde paýhasly karar kabul edip bileris.
Iş saýlamak
11. Iş saýlanyňda, ilki bilen, nämäni göz öňünde tutmaly?
11 Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini paýhasly ulansak, onda «maşgalamyzyň aladasyny etmek» meselesinde hem dogry karar kabul ederis (1 Timoteos 5:8). Ilki bilen, geliň, işiň dürli görnüşlerini alyp göreliň. Eýsem, işde biziň borjumyz nämeden ybarat? Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda gös-göni ýazgarylýan zatlary goldaýan işi etmek düýbünden nädogry bolar. Şol sebäpli hakyky mesihçiler zynahorluk, ogrulyk, gan ulanmak we beýleki hudaýsyz zatlar bilen baglanyşykly işe girmeýärler. Hatda başlyk talap etse-de, biz ýalan sözlemeýäris ýa-da aldamaýarys (Resullaryň işleri 15:29; Ylham 21:8).
12, 13. Iş saýlamak meselesinde başga nämeleri göz öňünde tutmaly?
12 Saýlan işiň Hudaýyň hiç bir kanunyny gös-göni bozmaýan bolsa näme? Biz hakykat biliminde ösdügimizçe we saýgarma ukyplarymyz öwrenişdigiçe, biz başga zatlary hem göz öňünde tutup başlaýarys. Işimiz Mukaddes Ýazgylara gös-göni garşy gelmeýän bolsa näme, meselem, humarhanada (kazinoda) telefona jogap bermek? Şu ýagdaýda aýlygy kimiň berýändigini we işleýän ýeriňi hem göz öňünde tutmaly. Aýdaly, şahsy telekeçi bolup işleýän mesihçä hristian buthanasyny reňklemegi hödür edýärler. Eýsem, ol ýalan dini goldamaga kömek edermi? (2 Korintoslylar 6:14—16).
13 Başlyk ýalan diniň sežde edýän jaýyny reňklemek boýunça şertnama baglaşsa, näme etmeli? Bu ýagdaýda işdäki wezipämizi we şol işe näçeräk gatnaşýandygymyzy göz öňünde tutmaly. Eýsem, Mukaddes Ýazgylara garşy gelmeýän adaty hyzmatlar hakda näme diýse bolar? Meselem, poçtalon hatlary dürli adreslere, şol sanda haram işler bilen bagly jaýlara-da eltýär. Eýsem, şeýle ýagdaýda Matta 5:45-i ulanyp bolarmy? Şeýle-de şol işi her gün etsek, onda onuň ynsabymyza etjek täsiri hakda-da oýlanmaly (Ýewreýler 13:18). Hawa, iş saýlamak meselesinde paýhasly karara gelmek üçin biz saýgarma ukybymyzy öwrenişdirmeli hem-de ynsabymyzy terbiýelemeli.
«Bütin ýollaryňda ony tana»
14. Belli bir karara gelmek üçin nämäni göz öňünde tutmaly?
14 Biz ýokary bilim almak hem-de özüňi bejertmek meselelerinde nädip karar kabul etmeli? Biz nähili karar kabul etmeli bolsak-da, Mukaddes Ýazgylardan şoňa degişli prinsipleri tapyp, soňra şolaryň ulanylyşy hakda oýlanmaly. Gadymy Ysraýylda ýaşan Süleýman atly akyldar patyşa şeýle diýýär: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).
15. Karara gelmek meselesinde I asyrda ýaşan mesihçilerden näme öwrenýäris?
15 Şeýle-de biz başga adamlary hem göz öňünde tutmaly, sebäbi biziň gelýän kararlarymyz köplenç olara-da täsir edýär. Meselem, I asyrda ýaşan mesihçiler indi Musanyň kanuny astynda däldi. Şol sebäpli kanun boýunça haram hasaplanylýan zatlary iýseler-de, hiç hili aýyp iş etdigi bolmazdy. Emma Pawlus resul butparazlaryň ybadathanasy bilen baglanyşykly et barada şeýle ýazdy: «Damak doganymyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, onda men doganymy büdretmez ýaly, asla et iýmerin» (1 Korintoslylar 8:11—13). Pawlus irki mesihçilere adamlaryň ynsabyny sylap, olary büdretmezligi maslahat berdi. Biziň edýän kararlarymyz «büdremäge sebäp bolmaly däl» (1 Korintoslylar 10:29, 32).
Hudaýyň berýän akyldarlygyny agtar
16. Belli bir karara gelmäge doga nädip kömek edýär?
16 Belli bir karara gelmäge, esasanam, doga kömek edýär. «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler» diýip, Ýakup şägirt aýdýar (Ýakup 1:5). Biz Ýehowa ynam bilen doga edip, dogry karara gelmek üçin akyldarlygy diläp bileris. Hak Hudaýa içimizi döksek hem-de berýän maslahatlaryna eýersek, mukaddes ruh şol meselä degişli aýatlara has oňat düşünmäge we başga-da aýatlary ýada salmaga ýardam eder.
17. Belli bir karara gelmäge bize başga adamlar nädip kömek edip biler?
17 Belli bir karara gelmäge bize başga adamlar hem kömek edip bilermi? Elbetde. Ýehowa ýygnak arkaly ruhy taýdan ýetişen doganlary berýär (Efesliler 4:11, 12). Olardan maslahat sorap bilersiň, esasanam, wajyp karara gelmeli bolsaň. Ruhy düşünjeli we durmuşda tejribeli doganlar seniň kararyňa täsir edip biljek başga-da aýatlary ýatladar hem-de «iň ýokary zatlara göz ýetirmäge» kömek edýär (Filipililer 1:11). Ýöne şuny-da unutmagyn: Bize derek başgalar karar kabul etmeli däl. Jogapkärçilik ýüküni biziň özümiz çekmeli.
Hemişe oňat netije berýärmi?
18. Dogry kararyň netijesi hakda näme diýse bolar?
18 Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we ynsabyňa berk esaslanan kararlar hemişe oňat netije berýärmi? Hawa, soňy bilen oňat netije berýär. Käwagtlar welin, ilkibada ýaramaz netije bermegi mümkin. Şadrak, Meşak we Abednego äpet heýkele sežde etmeseler, öldüriljekdigini bilýärdiler (Daniýel 3:16—19). Şoňa meňzeşlikde, resullar hem ýehudy mejlisine adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly diýenlerinde, olary ýençdiler, soňra boşatdylar (Resullaryň işleri 5:27—29, 40). Onsoňam, «wagt we tötänlik» biziň islendik kararymyza ýaramaz täsir edip biler (Wagyzçy 9:11). Dogry karara gelip, şonda-da görgi görsek, onda Ýehowa çydamaga hökman kömek eder hem-de gelejekde bereket berer (2 Korintoslylar 4:7).
19. Biz jogapkärçilik ýüküni mertlerçe özümiz çekip, paýhasly karara gelmek üçin näme edip bileris?
19 Şeýlelikde, belli bir karara gelmeli bolanymyzda, Mukaddes Ýazgylardan şol meselä degişli prinsipleri agtaryp, soňra şolaryň ulanylyşy hakda oýlanmaly. Mukaddes ruh we tejribeli doganlar arkaly berýän kömegi üçin Ýehowa şükür! Şeýle kömek we maslahatlar barka, geliň, jogapkärçilik ýüküni mertlerçe özümiz çekip, paýhasly kararlar kabul edeliň.
Siz näme öwrendiňiz?
• Oňat karar kabul etmek üçin wajyp talap näme?
• Ruhy taýdan össek, onda nähili dost tutunarys?
• Iş saýlanymyzda nämeleri göz öňünde tutmaly?
• Karar kabul etmäge nämeler kömek edýär?