Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/3 sah. 22—26
  • «Hüşgär boluň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Hüşgär boluň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Işewür teklibi ölçerip görmek
  • Sallah doganlaryň we çykmadyk uýalaryň kynçylygy
  • Saglygy bejertmek
  • Agyr ýagdaýlar
  • Saglygyň aladasyny Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Mesihçiler lukmançylyk bejergilerini alsa bolýarmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ýehowa wepaly bolmak üçin sagdyn pikirleniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ähli zatda dogruçyl bol
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/3 sah. 22—26

«Hüşgär boluň»

«Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 14:15)

1, 2. a) Lut bilen Sodamda bolan wakadan näme öwrenýäris? b) «Hüşgär boluň» diýen jümle näme aňladýar?

YBRAÝYM ýegeni Luta ýurt saýlamaga mümkinçilik berdi. Şonda «Rebbiň bagy ýaly» bol suwly ýerler Lutuň gözüne ildi. Şol ýerler maşgalasy bilen ýaşamaga iň amatly ýer bolsa gerek, sebäbi «Lut bütin Iordan jülgesini özüne seçdi» hem-de Sodamyň golaýynda çadyr gurdy. Emma welin, daşky görnüş aldawçydy, çünki golaýynda ýaşaýan «Sodam halky ýamandy we Rebbiň öňünde günäkärdiler» (Barlyk 13:7—13). Wagtyň geçmegi bilen, Lut we maşgalasy köp ýitgi çekdi. Ahyrsoňy, gyzlary bilen gowakda ýaşamaly boldy (Barlyk 19:17, 23—26, 30). Başda oňat bolup görnen zat, düýbünden başga zat bolup çykdy.

2 Lutuň başyna inen ýagdaý Ýehowanyň häzirki gullukçylary üçin oňat sapak bolmaly. Durmuşda bir karara gelsek, onda ýüze çykjak howplary göz öňüne tutmaly hem-de daş keşbine aldanmakdan ägä bolmaly. Bu barada Injil örän ýerlikli sözleri aýdýar: «Hüşgär boluň» (1 Petrus 1:13). Şu aýatda «hüşgär boluň» diýip, terjime edilen grek sözi aslynda «aklyň dury bolmagyny» aňladýar. Mukaddes Ýazgylar boýunça alym R. Lenskiniň aýtmagyna görä, akyly dury bolmak «asuda hem dury pikirlenip, baha bermegi, hemme taraplaýyn ölçerip görmegi, soňra bolsa dogry karara gelmegi aňladýar». Biz köp ýagdaýlarda sagdyn düşünjeli bolmaly. Geliň, şolaryň käbirine seredeliň.

Işewür teklibi ölçerip görmek

3. Bize işewür teklip etseler, näme üçin ägä bolmaly?

3 Aýdaly, saňa abraýly biri — belki, imandaşlaryňdan biri — işewür teklip edýär. Ol bu işiň başa barjakdygy hakda joşgunly gürrüň berip, saňa-da mümkinçiligi elden sypdyrmazlygy maslahat berýär. Senem munuň maşgala ýagdaýyňy oňatlaşdyrar, şonda ruhy işler üçin wagtyň has-da köp bolar öýdýänsiň. Emma welin, Süleýmanyň tymsallary 14:15 şeýle duýdurýar: «Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir». Täze işe uly joşgun bilen başlansa-da, köplenç bolup biläýjek ýitgilere kembaha garalýar, howp-hatalara köp üns berilmeýär hem-de işiň durnuksyzlygy hakda köp oýlanylmaýar (Ýakup 4:13, 14). Şeýle ýagdaýda has-da hüşgär bolmaly!

4. Işewür teklibi ölçerenimizde, biz nädip «ädimlerimize dykgat edip» bileris?

4 Bir karara gelmänkä, pähimli kişi edilen işewür teklibi mazaly ölçerip görýär (Süleýmanyň tymsallary 21:5). Netijede, gizlin howplar göze ilýär. Geliň, bir mysala seredeliň: biri öz biznesini açmak üçin senden karz pul soraýar, beren karzyňy uly göterim bilen gaýtarmagy söz berýär. Teklip seni gyzyklandyrandyr, ýöne näme ýitgi çekmegiň mümkin? Senden pul soraýan adam biznesine näme bolaýanda-da, puluňy gaýtarmaga razymy? Ýa-da biznesiniň ýagdaýyna bagly bormy? Başgaça aýdaňda, onuň biznesi başa barmasa, sen puluňdan umydyňy üzüp bilermiň? «Ol puly näme üçin tanyş-bilişlerinden alýar? Näme üçin bankdan alanok? Belki, bank biznesi başa barmaz öýdýändir?» diýip, özüňden sorap bilersiň. Ýörite wagt tapyp, howp-hatarlary hakda mazaly oýlansaň, teklibi paýhasly ölçerip bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 13:16; 22:3).

5. a) Ýeremiýa mellek satyn alanda, özüni nädip paýhasly alyp bardy? b) Telekeçilik işleri boýunça kagyz ýüzünde resmi şertnama baglaşmak näme üçin dogry?

5 Ýegeni Ýehowa sežde etse-de, Ýeremiýa pygamber ondan mellek satyn alanda, şaýatlaryň ýanynda bolan söwdany ýazmaça şertnama bilen berkitdi (Ýeremiýa 32:9—12). Şu günler hem paýhasly adamlar telekeçilik işine başlasa, hatda garyndaşlary we imandaşlary bilen hem kagyz ýüzünde resmi şertnama baglaşýarlar.a Düşnükli hem oňat taýýarlanan resmi şertnama düşünişmezligiň öňüni alyp, agzybirligi saklamaga ýardam edýär. Emma welin, resmi şertnama baglaşylmasa, onda Ýehowanyň gullukçylarynyň arasynda köplenç şol sebäpli agzalalyk döreýär. Gynansak-da, şeýle agzalalyk sebäpli, köpler gaýgy-alada batýar, öýkeleýär, hatda ruhy taýdan hem gowşaýar.

6. Biz näme üçin açgözlükden ägä bolmaly?

6 Biz açgözlükden ägä bolmaly (Luka 12:15). Düşewüntli işe kowalaşsak, onda ugursyz işewür teklibiň howp-hatarlaryny görmeris. Hatda Ýehowa gullukda hormatly wezipeleri ýerine ýetirýän dogan-uýalar hem şol duzaga düşdüler. Injil bize: «Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň» diýýär (Ýewreýler 13:5). Mesihçi işewür teklibi ölçerip görende, özüne şeýle sowallary bermeli: «Şu işe baş goşmak hökmanmy?» Ýehowa gulluk edip, ýönekeý ýaşasaň, özüňi «her hili erbetlikden» gorarsyň (1 Timoteos 6:6—10).

Sallah doganlaryň we çykmadyk uýalaryň kynçylygy

7. a) Sallah doganlaryň we çykmadyk uýalaryň köpüsi nähili kynçylyga duş gelýär? b) Ýanýoldaş saýlamagyň Hudaýa wepaly bolmak bilen näme baglanyşygy bar?

7 Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi durmuş gurmagy arzuw edýärler, ýöne ýürek islän ýanýoldaşyny tapyp bilenok. Käbir ýurtlarda durmuş gurmadyklara köp azar berýärler. Imandaşlaryň arasyndan bolsa göwün isläniňi tapmak kyn (Süleýmanyň tymsallary 13:12). Elbetde, mesihçiler Mukaddes Ýazgylaryň «Rebde» durmuş gurmaly diýen tabşyrygyna eýerip, Ýehowa wepalydygyny görkezýärler (1 Korintoslylar 7:39). Berilýän azarlara we başyna inýän synaglara hötde gelmek üçin sallah doganlar we çykmadyk uýalar hüşgär bolmaly.

8. Şulamit atly gyz nähili kynçylyga duş geldi we şu günler mesihçi uýalar nädip şoňa meňzeş kynçylyga duşmagy mümkin?

8 Süleýmanyň aýdymlary kitabynda patyşanyň göwnüne ýaran Şulamit atly sada oba gyzy hakda gürrüň berilýär. Ol gyz başga bir ýigidi halasa-da, patyşa özüniň baýlygy, kaşaň bezegleri hem-de şaý-sepleri bilen onuň ýüregi awlajak bolýar (Süleýmanyň aýdymy 1:9—11; 3:7—10; 6:8—10, 13). Senem mesihçi uýa bolsaň, onda isleseňem-islemeseňem, saňa-da göz dikýän bardyr. Belki, iş ýeriňde başlygyň saňa lak atýandyr, göwnüňi awlajak bolýandyr ýa-da hiç ýanyňdan aýrylýan däldir. Şeýle ýaranjaňlardan seresap bol. Olar muny köplenç diňe söýüşmek ýa gezmek üçin edýärler. Şulamit atly gyz ýaly «diwar» kimin dur (Süleýmanyň aýdymy 8:4, 10). Olaryň islendik synanyşygyna çürt-kesik gaýtawul ber. Ilkibaşdan işdeşleriňe Ýehowanyň Güwäçisidigiňi mälim et hem-de her bir amatly pursatda wagyz et. Şeýdip, özüňi gorarsyň.

9. Internet boýunça nätanyş biri bilen tanyşlyk açmak näme üçin howply? (Çarçuwa seret)

9 Sallah oglanlara we çykmadyk gyzlara ýanýoldaş tapmaga kömek edýän Internet sahypalary gitdigiçe meşhurlyk gazanýar. Käbirleri muny uzak ýurtlarda ýaşaýan adamlar bilen tanyşlyk açmagyň örän amatly usuly hasaplaýarlar. Ýöne nätanyş adam bilen şeýle tanyşlyk açmak diýseň howply. Internetde hakykaty we ýalany saýgarmak kyn bolýar (Zebur 26:4). Käbir ýagdaýlarda özüne Ýehowanyň gullukçysy diýýänler, aslynda, oňa gulluk edenoklar. Onsoňam, Internet arkaly duşuşsaň, halaýan adamyňa örän çalt öwrenişip, paýhasly pikir edip bilmersiň (Süleýmanyň tymsallary 28:26). Internet arkaly ýa-da başga ýol bilen onçakly gowy tanamaýan adamyň bilen ýakyn gatnaşyk etmek paýhasly däl (1 Korintoslylar 15:33).

10. Sallah doganlary we çykmadyk uýalary imandaşlary nädip ruhlandyryp bilerler?

10 Ýehowa gullukçylaryna «köp şepagatly» garaýar (Ýakup 5:11). Ol dürli ýagdaýlar sebäpli durmuş gurmadyk mesihçileriň käwagtlar ruhdan düşýändigini bilýär. Ýehowa şol dogan-uýalaryň wepalylygyny gymmatly saýýar. Eýsem, biz olary nädip ruhlandyryp bileris? Hudaýa gulak asyp, jan aýaman gulluk edýäni üçin biz olara hemişe öwgüli sözleri aýtmaly (Kazylar 11:39, 40). Şeýle-de biz olary ruhlandyryjy oturylyşyklara çagyryp bileris. Sen ýaňy-ýakynda myhmançylyga çagyryp gördüňmi? Onsoňam, biz olar üçin doga edip, Ýehowadan olara ruhy taýdan sagdyn bolmaga hem-de şadyýan gulluk etmäge kömek etmegi haýyş edip bileris. Olar hakda tüýs ýürekden alada edip, geliň, biz hem Ýehowa ýaly olary gymmatly saýalyň (Zebur 37:28).

Saglygy bejertmek

11. Saglyk meselesi bilen baglanyşykly nähili kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin?

11 Özümiz ýa-da bize eziz adamlaryň biri agyr kesellese, gam-gussa batýarys! (Işaýa 38:1—3). Şeýle ýagdaýda syrkawy gowy bejertmek üçin alada etsek-de, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermek örän wajyp. Meselem, mesihçiler Mukaddes Ýazgylaryň gandan gaça duruň diýen tabşyrygyna gulak asýarlar hem-de spiritizm bilen baglanyşykly anyklaýyş we bejeriş usullaryny ulanmaýarlar (Resullaryň işleri 15:28, 29; Galatýalylar 5:19—21). Ýöne medisina bilimi bolmadyk adamlara bejeriş usullaryny seljermek kyn düşýär, sebäbi olar özüni ynamsyz duýýar hem-de näme etjegini bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda hüşgär bolmaga näme kömek eder?

12. Bejeriş usullaryny seljermek üçin mesihçi nädip paýhasly bolup biler?

12 «Paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edip», şu meseläni Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanýan edebiýat boýunça çuňňur öwrenýär (Süleýmanyň tymsallary 14:15). Lukmanlaryň we keselhanalaryň az ýerinde ot-çöp bilen bejerýän halk medisinasy elýeterli ýeke-täk bejeriş usuly bolmagy mümkin. Şeýle bejergi teklip edilse, onda howp-hatarlary hakda oýlanyp görmelib. Meselem, biz şuny anyklamaly: Tebip spiritizm bilen baglanyşykly işleri hem edýärmi? Şol bejergi «öýkelän taňrylar (ata-babalaryň ruhlary) ýa-da duşmanlarymyz doga-tumar bilen bizi keselledýär we öldürýär» diýen düşünjelere esaslanýarmy? Bejergini taýýarlamak ýa ulanmak üçin bir zatlar gurban berilýärmi, «doga» okalýarmy ýa-da spiritizm bilen bagly başga işler edilýärmi? (Kanunyň gaýtalanyşy 18:10—12). Şeýle etsek, onda Hudaýyň maslahatyna gulak asdygymyz bolar: «Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň»c (1 Selanikliler 5:21). Bu bize saglyk meselesinde paýhasly bolmaga kömek eder.

13, 14. a) Saglygymyz barada alada edip, biz nädip paýhasly bolup bileris? b) Dogan-uýalar bilen saglyk we medisina meseleleri hakda gürrüň edenimizde-de, biz näme üçin paýhasly bolmaly?

13 Biz durmuşda hemişe paýhasly bolmaly, esasanam, saglyk meselesinde (Süleýmanyň tymsallary 16:20). Saglyk barada ýeterlik alada etsek, onda ýaşaýyş üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Elbetde, kesellesek, onda özüňi bejertjek bolmaly. Ýöne Hudaýyň «milletlere şypa» berjek wagtyna çenli, hiç kimiň kämil saglygy bolmaz (Ylham 22:1, 2). Biz saglygymyz bilen başagaý bolup, has-da wajyp bolan ruhy zerurlyklarymyzy unutmaly däl (Matta 5:3; Filipililer 1:10).

14 Dogan-uýalar bilen saglyk hem medisina meseleleri barada gürrüň edenimizde-de paýhasly bolmaly. Şu temalar barada ýygnagyň duşuşyklarynda we kongreslerde köp gürrüň etmeli däl. Şeýle hem bejergi meselesi boýunça bir karara gelmek üçin köplenç Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini, adamyň ynsabyny we Ýehowa bilen gatnaşygyny göz öňünde tutmaly. Onsoňam, imandaşa öz garaýşymyzy kabul etdirsek ýa-da ynsabyna garşy gidirsek, imandaşy söýdügimiz bolmaz. Ýygnakda ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalardan maslahat soralsa-da, her mesihçi «öz ýüküni özi göterer» hem-de gelen karary üçin «her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (Galatýalylar 6:5; Rimliler 14:12, 22, 23).

Agyr ýagdaýlar

15. Agyr ýagdaý nädip kynçylyk döretmegi mümkin?

15 Agyr ýagdaýda hatda Ýehowanyň wepaly gullukçylary hem manysyz gürlemegi ýa-da oýlanyşyksyz iş etmegi mümkin (Wagyzçy 7:7). Agyr synaga uçrap, Eýýup näme üçindir dury pikirlenip bilmedi, şol sebäpli hem düşünjesini düzetmelidi (Eýýup 35:2, 3; 40:6—8). «Musa ýer ýüzünde hemmelerden-de has ýumşak adam» bolsa-da, bir gezek gahary gelip, oýlanyşyksyz gürledi (Sanlar 12:3; 20:7—12; Zebur 106:32, 33). Dawut Saul patyşany öldürmekden özüni saklap bildi, ýöne Nabal sögünip, ýigitlerine hapa sözler aýdan-da welin, Dawudyň gahary depesine çykyp, dury pikirlenip bilmedi. Diňe Abigail ony akylyna aýlandyrdy. Şol sebäpli ol hüşgärligi elden bermedi we uly heläkçilikden zordan gaçyp gutuldy (1 Patyşalar 24:2—7; 25:9—13, 32, 33).

16. Oýlanyşyksyz iş etmekden saklanmaga bize näme kömek eder?

16 Biz hem käbir agyr ýagdaýlar sebäpli käwagt dury pikirlenip bilýän däldiris. Dawut ýaly beýlekileriň aýdýan sözleri hakda dykgatly oýlansak, onda oýlanyşyksyz iş etmekden we günä etmekden özümizi saklarys (Süleýmanyň tymsallary 19:2). Onsoňam, Zeburda bize şeýle maslahat berilýär: «Titräň, günä etmäň; düşegiňizde içiňizden oýlanyp, ümsüm boluň» (Zebur 4:4). Mümkin bolsa, köşeşip, özümize gelýänçäk garaşmaly-da, bir iş etmäge ýa-da bir karara gelmäge howlukmaly däl (Süleýmanyň tymsallary 14:17, 29). Galyberse-de, biz Ýehowa tüýs ýürekden doga edip bileris, şonda «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Filipililer 4:6, 7). Hawa, Hudaýyň berýän parahatçylygy bizi köşeşdirer hem-de hüşgär bolmaga kömek eder.

17. Hüşgär bolmak üçin biz näme üçin Ýehowa bil baglamaly?

17 Howp-hatarlardan gaça durup, paýhasly bolmak üçin elimizden gelenini etsek-de, biziň hemmämiz ýalňyşýarys (Ýakup 3:2). Belki, bir günä işiň üstünden baryp, hatda ondan asla habarsyzdyrys (Zebur 19:12, 13). Onsoňam, biz ynsan çagasy, şol sebäpli Ýehowasyz «ädimlerimizi ugrukdyrmaga» bizde ne ukyp bar, ne-de hak (Ýeremiýa 10:23). Zeburda şeýle diýilýär: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar». Şu sözleri üçin Hudaýa şükür! (Zebur 32:8). Şeýlelikde, Ýehowanyň kömegi bilen biz hüşgär bolup bileris.

a Ýazmaça işewür şertnamalar hakda köpräk bilerin diýseňiz, onda Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden ebediýatyna serediň: «Garawul diňi» (rus.), Alp Arslan 1, 1997 ýyl, sah. 30, 31; «Garawul diňi» (rus.), Gurbansoltan 15, 1987 ýyl, sah. 16, 17 we «Oýanyň!» (iňl.), Baýdak 8, 1983 ýyl, sah. 13—15.

b Goşmaça maglumat üçin serediň: «Garawul diňi» (rus.), Bitaraplyk 15, 1994 ýyl, sah. 19—22 we «Garawul diňi» (iňl.), Gurbansoltan 15, 1987 ýyl, sah. 26—29. Ýehowanyň Güwäçileri neşir edýär.

c Şeýle garaýyş we şuňa meňzeş sowallar alternatiw bejerişiň jedelli görnüşleri hakda oýlanýanlara-da kömek eder.

Siz nähili jogap berersiňiz?

Aşakdaky ýagdaýlarda nädip hüşgär bolup bileris:

• Işewür teklip edilende?

• Ýanýoldaş gözlänimizde?

• Saglyk meselesinde?

• Agyr ýagdaýlarda?

[25-nji sahypadaky çarçuwa]

Ynansa bolarmy?

Internetiň oglan-gyzlary tanyşdyrýan sahypalarynda şeýle diýilýär:

«Biz elimizden gelenini etsek-de, sahypamyzy ulanýan adamlaryň aslynda kimligini anyk bilemizok».

«Biz şu sahypada berilýän maglumatyň anyklygyna, dogrulygyna ýa-da peýdalydygyna güwä geçip biljek däl».

«Şu sahypada adamlaryň özleri öz pikirini, tekliplerini ýa-da başga bir maglumaty ýazýar ... olaryň aýdýanlary hökmany suratda hakykatdyr diýip bilmeris».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş