Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/3 sah. 17—21
  • Peýdaly dynç alyş güýç berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Peýdaly dynç alyş güýç berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dogry dynç almak
  • Peýdaly dynç almak
  • Göz öňünde tutulmaly zatlar
  • Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Göwün açmak
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Maşgalaňyzy ýaramaz täsirden goraň
    Maşgala bagtynyň syry
  • «Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/3 sah. 17—21

Peýdaly dynç alyş güýç berýär

«Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň» (1 KORINTOSLYLAR 10:31).

1, 2. Göwnüňi galkyndyrýan işlere näme üçin «Hudaýyň bereni» diýse bolar hem-de Mukaddes Ýazgylar nämäni aç-açan ýazgarýar?

BIZ köplenç göwnüňi galkyndyrýan işi etmek isleýäris. Mübärek Hudaý Ýehowa hem birgiden keýpi-sapalary eçildi, sebäbi adamlaryň durmuşdan lezzet almagyny isleýär (1 Timoteos 1:11; 6:17). Bu barada akyldar patyşa Süleýman şeýle diýdi: «Adam üçin şatlanmakdan başga oňat zadyň ýokdugyna göz ýetirdim... şonuň üçin adam iýmeli, içmeli we agyr zähmetiniň süýji miwelerinden datmaly. Bu Hudaýyň bereni» (Wagyzçy 3:12, 13).

2 Dogrudan-da, bitiren ýagşy işiňe guwanyp, esasanam, maşgalaň hem dost-ýarlaryň bilen ýatlasaň, güýç berýär. Muňa «Hudaýyň bereni» diýse bolar. Ýöne Ýaradyjynyň ähli zady bolelin bermegi hemişe şadyhorram ýaşamagy aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylar serhoşlygy, iýermenligi we ahlaksyzlygy ýazgaryp, şol işleri edýän adamlar «Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýýär (1 Korintoslylar 6:9, 10; Süleýmanyň tymsallary 23:20, 21; 1 Petrus 4:1—4).

3. Bize ruhy taýdan oýa bolup, Ýehowanyň beýik gününi ýatda berk saklamaga näme kömek eder?

3 Häzirki agyr günlerde mesihçiler öňküden-de has paýhasly ýaşap, azgyn dünýäniň ýaramaz işlerine baş goşmaly däl (Ýahýa 17:15, 16). Öňünden aýdylyşy ýaly, häzirki döwrüň adamlary «lezzeti Hudaýdan köp söýýär» welin, hatda ýakynlaşýan «agyr muşakgatyň» alamaty barada hem «hiç zady bilmeýärler», ýagny oňa asla üns bermeýärler (2 Timoteos 3:4,  5; Matta 24:21, 37—39). Isa-da şägirtlerini şeýle duýdurypdy ahyryn: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn. Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler» (Luka 21:34, 35). Biz Hudaýyň gullukçylary, şonuň üçin Isanyň duýduryşyna ünsli bolmak isleýäris. Hudaýsyz dünýäden tapawutlykda, biz ruhy taýdan oýa bolup, Ýehowanyň beýik gününi ýatda berk saklamaga jan edýäris (Sefanýa 3:8; Luka 21:36).

4. a) Dogry dynç almak näme üçin kyn? b) Efesliler 5:15, 16-njy aýatlarda näme maslahat berilýär?

4 Ýöne bize dünýäniň hapa işlerinden gaça durmak aňsat däl, sebäbi Iblis olary göze ýakymly hem elýeterli edýär. Esasanam, göwün açmak we dynç almak meselesinde has-da agyr düşýär. Dünýä köp zatlary «günäli höwesler» üçin hödürleýär (1 Petrus 2:11). Meselem, zyýanly göwün açmalar hemme ýerde diýen ýaly elýeterli, hatda metbugat, telewizor, Internet we wideofilmler arkaly adamlaryň öýüne-de ýetýär. Şoňa görä-de, Injil paýhasly maslahat berýär: «Şeýlelikde, akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň. Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr» (Efesliler 5:15, 16). Şu maslahat boýunça gyşarnyksyz ýaşasak, diňe şonda zyýanly göwün açmalar bizi özüne çekmez, olaryň duzagyna düşmeris, Ýehowa bilen aragatnaşygymyzy bozup, heläkçilige eltmez! (Ýakup 1:14, 15).

5. Bize näme güýç berýär?

5 Mesihçileriň hemişe-de işi köp, şol sebäpli hem käwagtlar biraz dynç almak isleýärler. Aslynda, Wagyzçy 3:4-de «gülmegiň wagty» hem-de «şatlykdan ýaňa bökmegiň wagty» bar diýilýär. Şeýlelik-de, Mukaddes Ýazgylara görä, dynç alyş — wagtyňy biderek geçirmek däl. Ýöne dynç alyş güýç bermeli. Ruhy saglygymyza howp salmaly däl hem-de ruhy işlere päsgel bermeli däl. Ruhy taýdan ýetişen mesihçiler bermegiň has bagtly edýändigine düşünýärler. Olar Isanyň berýän ýumşak boýuntyrygyny dakynyp, durmuşynda Ýehowanyň islegini ilkinji orunda goýýarlar hem-de «janlaryna [hakyky] dynçlyk tapýarlar» (Matta 11:29, 30; Resullaryň işleri 20:35).

Dogry dynç almak

6, 7. Dynç alşyň oňatlygyny ýa ýamanlygyny kesgitlemäge näme kömek edýär?

6 Mesihçiler nädip dogry dynç alşy saýlamaly? Çagalara ene-atalary kömek edýär, ýygnaklarda bolsa, ýaşulular kömek edip biler. Aslynda, haýsy kitabyň, kinonyň, oýnuň, tansyň ýa-da aýdym-sazyň erbetdigini bize başgalar aýtmaly däl. Pawlus ruhy taýdan ýetişen adamlar «saýgarma ukyplaryny ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirýär» diýýär (Ýewreýler 5:14; 1 Korintoslylar 14:20). Mukaddes Ýazgylar şu meselä degişli prinsipleri berýär. Şol boýunça terbiýelenen ynsabyňa gulak assaň, ol saňa uly kömek eder (1 Timoteos 1:19).

7 Isa «agaç miwesinden tanalýandyr» diýdi (Matta 12:33). Eger-de saýlan dynç alşyň zorluga, ahlaksyzlyga ýa spiritizme höwes ýaly çüýrük miweleri berse, onda ondan çürt-kesik ýüz öwürmeli. Şeýle-de dynç alyş janyňa ýa saglygyňa howp salmaly däl, pul kynçylygyny-da döretmeli däl, lapyňy keç etmeli däl, beýleki adamlary büdretmeli däl. Pawlusyň duýdurmagyna görä, biz doganyň ynsabyna ýara salsak, onda günä etdigimiz bolar. Pawlus şeýle diýýär: «Şeýlelikde, siz doganlaryňyza garşy günä edip, olaryň ejiz ynsaplaryny ýaralamak bilen, Mesihe garşy günä edýärsiňiz. Şonuň üçin, damak doganymyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, onda men doganymy büdretmez ýaly, asla et iýmerin» (1 Korintoslylar 8:12, 13).

8. Kompýuter oýunlary we wideofilmler näme üçin howply?

8 Dükanlar we bazarlar kompýuter oýunlaryndan we wideofilmlerden ýaňa hyryn-dykyn. Şolaryň käbiri wagtyňy şadyýan geçirmäge we dynç almaga kömek edýän bolmagy mümkin, ýöne köp ýagdaýlarda Mukaddes Ýazgylar şeýle göwün açmalary ýazgarýar. Oýnuň düzgünine görä, oýunçylar bir-birini maýyp etmeli bolsa, öldürmeli bolsa ýa-da başga ýaman işleri etmeli bolsa, onda muňa ýönekeý göwün açma diýip bolmaz ahyryn! Ýehowa «zorlugy söýýäni ýigrenýär» (Zebur 11:5; Süleýmanyň tymsallary 3:31; Koloseliler 3:5, 6). Oýnaýan oýnuň sende açgözlügi oýarýan bolsa ýa-da seni gaharjaň edýän bolsa, ýadadýan bolsa, gymmatly wagtyňy ýele sowurýan bolsa, onda onuň edýän ruhy zyýany hakda oýlan-da, derrew düzeljek bol (Matta 18:8, 9).

Peýdaly dynç almak

9, 10. Paýhasly mesihçiler nädip dynç alýarlar?

9 Käbir mesihçiler: «Dogry dynç almak üçin näme etmeli? Dünýäniň hödürleýän zatlary köplenç Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär ahyryn!» diýýärler. Şeýle-de bolsa, göwnejaý dynç alsa bolar, ýöne biraz tagalla etmeli. Munuň üçin öňünden mazaly oýlanyp, dynç alşy planlaşdyrmaly, esasanam, ene-atalar. Köpler maşgalasy we ýygnagy bilen oňat dynç alýarlar. Hiç ýerik howlukman saçak başynda günüň dowamynda bolan wakalar hakda ýa-da Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň etseň, janyňa ýakymly we örän abatlaýjy bolýar. Meselem, açyk howada dynç almak, ýerlikli oýunlary oýnamak, daga gitmek ýa-da ýörüşe gitmek örän gyzykly bolsa gerek. Şeýle peýdaly dynç alsaň, keýpiňi göterýär we güýç berýär.

10 Üç ogul-gyz ýetişdiren ýygnak ýaşulusy we aýaly şeýle gürrüň berýär: «Çagalar bilen kiçiliginden kanikuly geçirjek ýerini bile saýlardyk. Käwagtlar çagalarymyza oňat dostlaryndan birini çagyrmaga rugsat bererdik, şonda kanikul has-da gyzykly geçerdi. Käbir wajyp wakalar hem göz öňünde tutulýardy. Wagtal-wagtal ýygnakdan bir maşgalany we dost-ýarlary öýe myhmançylyga çagyrýardyk. Biz açyk howada nahar bişirip, soňra bileje iýerdik, dürli oýunlary oýnardyk. Biz maşynly daga gidip, soňra gezelenç etmegi we daga çykmagy halardyk. Şeýle syýahat wagty Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda köpräk öwretmäge çalyşýardyk».

11, 12. a) Dynç almaga başgalary çagyrmak üçin siz näme edip bilersiňiz? b) Köplenç nähili oturylyşyk gowy ýatda galýar?

11 Seniň özüň ýa-da maşgalaň dynç almak üçin başgalary hem çagyryp bilermi? Meselem, dul hatynlary, sallahlary, çagasyny ýeke özi terbiýeleýän enäni ýa atany ruhlandyryp bilersiňiz (Luka 14:12—14). Şeýle-de ýygnaga ýaňy gelip başlanlardan hem birkisini çagyryp bilersiň, ýöne beýlekilere etjek zyýanly täsirinden ägä bolmaly (2 Timoteos 2:20, 21). Saglygy gowşak dogan-uýalara gelmek kyn bolsa, onda bir zatlar bişirip, belki, özüňiz olaryňka baryp, çaý başynda dynç alyp bilersiňiz (Ýewreýler 13:1, 2).

12 Oturylyşyk mahaly ýönekeý nahar iýilse, dogan-uýalar hakykata gelişini hem-de Hudaýa wepaly gulluk etmäge nämeleriň kömek edişini gürrüň berseler, onda şeýle dynç alyş köplenç ýatdan çykmaýar. Mukaddes Ýazgylar hakdaky gürrüňe hemmeler, hatda çagalar hem gatnaşyp biler. Şeýle gürrüňler birek-biregi ruhlandyrýar, hiç kim çekinip durmaýar ýa-da özüni amatsyz duýmaýar.

13. Isa we Pawlus myhman çagyrmak we myhmançylyga barmak meselesinde nähili görelde görkezdi?

13 Isa myhmansöýerlik meselesinde oňat görelde görkezdi. Onuň özi-de myhman çagyrdy, myhmançylyga-da baryp gördi. Ol şeýle ýagdaýlarda ruhy zatlar hakda gürrüň edýärdi (Luka 5:27—39; 10:42; 19:1—10; 24:28—32). Irki şägirtleri hem onuň göreldesine eýerýärdiler (Resullaryň işleri 2:46, 47). Pawlus resul şeýle diýdi: «Men, berkitjek bir ruhy sylaga ýetirmek üçin, sizi görmegi gaty küýseýärin. Islegim özüm araňyzdakam sizde we mende, biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr» (Rimliler 1:11, 12). Şoňa meňzeşlikde, üýşmeleň birek-biregi ruhlandyrmaga oňat mümkinçilik bermeli (Rimliler 12:13; 15:1, 2).

Göz öňünde tutulmaly zatlar

14. Oturylyşygy uludan tutmak näme üçin maslahat berilmeýär?

14 Oturylyşygy uludan tutmak maslahat berilmeýär, sebäbi köplenç şeýle ýagdaýda tertip-düzgüne gözegçilik etmek kyn bolýar. Meselem, ruhy işlere päsgel bermeýän wagty, belki, birnäçe maşgala açyk howada bilelikde dynç almak ýa-da bäsdeşlik etmän oýun oýnamak isleýändir. Eger-de oturylyşykda ýaşululardan, gulluk hyzmatçylaryndan ýa-da ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalardan käbiri bar bolsa, onda olar oňat täsir ederler hem-de dynç alşyňyz has-da gyzykly geçer.

15. Tertip-düzgüne oňat gözegçilik etmäge näme üçin öý eýesi jogapkär?

15 Oturylyşygy guraýan oňat gözegçiligiň zerurlygyny unutmaly däl. Elbetde, biz myhmansöýer bolmak isleýäris, ýöne gelen myhman seniň geleňsizligiň sebäpli öýüňde bolýan zady görüp, büdräýse, sen örän gynansaň gerek?! Kanunyň gaýtalanyşy 22:8-de agzalýan prinsipe seredip geçeliň. Täze jaý salýan her bir ysraýylly üsti tekiz üçeginiň daşyna tutalga aýlamaly ekeni, sebäbi köplenç myhmanlar bilen üçekde oturylýan ekeni. Näme üçin tutalga aýlamalydy? «Ondan biri ýykylyp, öý-içeriň gana galmaz ýaly». Hut şonuň ýaly-da, senem oturylyşyga gelýän myhmanlary her hili paýhasly tertip-düzgünler bilen beden hem ruhy taýdan goramaly.

16. Oturylyşykda spirtli içgiler hödür edilse, nädip paýhasly bolmaly?

16 Oturylyşykda myhmanlara spirtli içgiler berilýän bolsa, onda örän paýhasly bolmaly. Öý eýeleriň köpüsi myhmanlarynyň içýän mukdaryna özleri gözegçilik edip bilse, diňe şol ýagdaýda spirtli içgileri hödür edýärler. Başgalary büdredip biljek ýa bolmasa, aşa içmäge eltip biljek hiç bir zada ýol berilmeli däl (Efesliler 5:18, 19). Käbir sebäplere görä, myhmanlaryň käbiri spirtli içgilerden saklanmak isleýär. Köp ýurtlarda belli bir ýaşa çenli spirtli içgileri içmek gadagan. Kaýsaryň şeýle kanunlary aşa çäklendirýän bolsa-da, mesihçiler şonda-da tabyn bolmak isleýärler (Rimliler 13:5).

17. a) Oturylyşykda aýdym-saz goýulsa, öý eýesi näme üçin saýlamagy başarmaly? b) Oturylyşykda tans oýnalsa, onda nädip edepli bolmaly?

17 Öý eýesi aýdym-sazyň, tansyň we beýleki göwün açmalaryň Mukaddes Ýazgylara gabat gelýändigine göz ýetirmeli. Her kim her hili aýdym-sazy halaýar, şol sebäpli aýdym-sazlar hem dürli-dürli. Emma welin, häzirki aýdym-sazlar köplenç nägile bolmaga, ahlaksyzlyk ýa-da zorluk etmäge höwes döredýär. Şoňa görä-de, saýlamagy başarmaly. Oňat aýdym-saz hökman haýal ýa ýuwaş bolmaly däl. Ýöne jynsy höwesi oýarýan, edepsiz, gaty sesli ýa-da örän çalt depginli hem bolmaly däl. Sesini pesräk goýmagyň wajypdygyna düşünmeýän birine aýdym-saz saýlamagy tabşyrmakdan hem ägä bol. Buduňy we göwsüňi oýnakladyp, edepsiz tans etmek hem mesihçilere gelişmeýär (1 Timoteos 2:8—10).

18. Ene-atalar çagalarynyň gidýän oturylyşygyna göz-gulak bolup, nädip olary gorap biler?

18 Çagalary oturylyşyga çagyrylsa, onda mesihçi ene-atalar şol ýerde nämeler ediljekdigini hökman bilmeli. Köplenç çagalary bilen özleri hem gitseler, has-da paýhasly bolar. Gynansak-da, käbir ene-atalar çagalaryna gözegçilik edilmeýän oturylyşyga gitmäge rugsat berdiler. Netijede, baranlaryň käbiri ahlaksyzlyga baş goşdy ýa-da başga edepsiz işleri etdiler (Efesliler 6:1—4). Uly ýaşly ýetginjekler özlerini has jogapkärçilikli alyp barsalar-da, şonda-da olara «ýaşlyk höweslerinden gaçmaga» kömek edip durmaly (2 Timoteos 2:22).

19. Nämä oňat düşünsek, «öňürti Patyşalygy agtarmaga» kömek eder?

19 Peýdaly hem güýç berýän dynç alyş we göwün açmalar durmuşy has-da gyzykly edýär. Ýehowa bize göwün açmaga päsgel bermeýär, ýöne munuň gökde hazyna ýygnamaga kömek etmeýändigine-de oňat düşünýäris (Matta 6:19—21). Isa şägirtlerine durmuşda iýmegiň, içmegiň ýa geýmegiň däl-de, «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtarmagyň» has-da wajypdygyny aýtdy. Iýmegi, içmegi we geýmegi «başga milletler agtarýarlar» (Matta 6:31—34).

20. Ýehowanyň wepaly gullukçylary Beýik Ekleýjiniň nähili ýagşylyklaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp bilerler?

20 Hawa, «iýsek-de, içsek-de, her näme etsek-de», Beýik Ekleýjiniň berýän ähli ýagşylygyna minnetdarlyk bildirip, «baryny Hudaýyň şöhraty üçin edip bileris» (1 Korintoslylar 10:31). Hudaýyň ýoly boýunça ýaşaýan dost-ýarlar bilen ýer ýüzünde boljak Jennetde Ýehowanyň jomartlygyndan lezzet almaga köp mümkinçilikler bolar (Zebur 145:16; Işaýa 25:6; 2 Korintoslylar 7:1).

Ýadyňdamy?

• Şu günler mesihçilere peýdaly dynç alyş tapmak näme üçin kyn?

• Mesihi maşgalalar nädip dynç almagy halaýarlar?

• Peýdaly dynç almak üçin nämeleri göz öňünde tutmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş