SEKIZINJI BAP
Maşgalaňyzy ýaramaz täsirden goraň
1—3. a) Maşgala nähili ýaramaz täsirler howp salýar? b) Ata-eneler maşgalasyny goramak üçin nämede paýhasly bolmaly?
AÝDALY, siz çagaňyzy mekdebe ibermeli, daşarda bolsa güýçli ýagyş ýagýar. Näme etmeli? Çagaňyzy ýagyşdan goramak üçin hiç zat bermän ugradarmysyňyz? Zordan ýörär ýaly edip geýindirermisiňiz? Elbetde, siz bularyň hiç birini-de etmersiňiz. Ýagyşda ezilmez ýaly ogluňyza diňe gerekli zatlary berersiňiz.
2 Şonuň ýaly ata-eneler çagalaryny göwün açmanyň köp görnüşlerinden, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, deň-duşlaryndan, kämahal hatda mekdebiň ýaramaz täsirinden goramak üçin paýhasly bolmaly. Käbir ata-eneler maşgalasyny goramak üçin az aladalanýarlar ýa-da hiç hili alada etmeýärler. Käbirleri bolsa daşardan gelýän täsiriň ählisini zyýanly hasaplap, goýýan çäklendirmeleri bilen çagalaryň sustuny basýarlar. Şu ýagdaýda paýhasly bolmak mümkinmi?
3 Hawa. Çendenaşa çäklendirme goýmak peýdaly däl, gaýtam, zyýanly (Wagyz kitaby 7:16, 17). Mesihçi ata-eneler maşgalasyny goramak üçin nädip paýhasly bolup biler? Geliň, onuň üç tarapyna: bilim, gürrüňdeşlik we göwün açmaklyga seredeliň.
ÇAGALARAŇYZA KIM ÖWREDER?
4. Mesihçi ata-eneler bilime nähili garamaly?
4 Mesihçi ata-eneler bilimi örän gymmat hasaplaýarlar. Olar çagalaryň mekdepde okamagy, ýazmagy, agzybir ýaşamagy we kynçylygy çözmegi öwrenýändiklerine düşünýärler. Şeýle-de çagalar okamagyň nämedigini mekdepde bilýärler. Häzirki dünýäniň kynçylyklaryna garamazdan, çagalaryň mekdepde özleşdiren endikleri durmuşda üstünlik gazanmaga kömek eder. Mundan başga-da gowy bilim çagalara başarjaň işgär bolup ýetişmäge ýardam edýär (Süleýmanyň tymsallary 22:29).
5, 6. Çagalar mekdepde jyns gatnaşyk barada nädogry maglumaty nädip alyp biler?
5 Emma mekdepde çagalaryň gürrüňdeş bolýan deň-duşlarynyň köpüsiniň garaýşy nädogry bolýar. Mysal üçin, olaryň jyns gatnaşyga we ahlak meselesine bolan garaýşyna seredeliň. Nigeriýada orta mekdepde okaýan ahlak taýdan bozuk bir gyz synpdaşlaryna jyns gatnaşyk barada maslahat berýärdi. Onuň pornografiýa edebiýatyndan toplan bolgusyz gürrüňlerini synpdaşlary dykgat bilen diňleýärdi. Käbir gyzlar onuň maslahatyna eýerdiler. Şeýdip, olaryň biri nikasyz göwreli bolýar, soňra çagasyny özi düşürdip, netijede, ölýär.
6 Gynansak-da, mekdepde jyns gatnaşyk barada nädogry maglumatyň çeşmesi käte çagalar däl-de mugallymlar hasaplanýar. Mekdepde çagalara jyns gatnaşyk hakda bilim berilse-de, ahlak kadalary we jogapkärçilik barada aýdylmaýandygy ata-eneleriň köpüsini howsala düşürýär. On iki ýaşly bir gyzyň ejesi şeýle gürrüň berýär: «Biz dini düşünjeleriň we öňden gelýän däp-dessurlaryň berk ornaşan ýerinde ýaşaýarys. Muňa garamazdan, ýerli mekdebiň hut özünde prezerwatiw berýärler!» Ata-enesi gyzynyň deň-duşlarynyň oňa jyns gatnaşygy teklip edenini eşidip, gaty ünjä düşdüler. Şeýle ýaramaz täsirden ata-eneler çagalaryny nädip gorap biler?
7. Jyns gatnaşyk barada maglumaty kim bermeli?
7 Belki, çagalara jyns gatnaşyk hakda hiç zat aýtmasak gowy bolar? Ýok. Bu barada çagalaryňyza özüňiz bilim beriň (Süleýmanyň tymsallary 5:1). Emma Ýewropa bilen Demirgazyk Amerikanyň käbir ýerlerinde ata-eneler bu barada aýtmaga utanýarlar. Afrikanyň hem käbir ýurtlarynda ata-eneler jyns gatnaşyk barada çagalary bilen az gürrüň edýärler. Sýerro-Leoneli bir ata: «Afrikanyň medeniýetine bu dogry gelmeýär» diýip gürrüň berýär. Käbir ata-eneler şeýle bilim çagany ahlaksyz jyns gatnaşyga iterer diýip pikir edýärler. Bu barada Hudaýyň garaýşy nähili?
HUDAÝYŇ JYNS GATNAŞYGA GARAÝŞY
8, 9. Mukaddes Ýazgylarda jyns gatnaşyk barada nähili aýdyň maglumat berilýär?
8 Mukaddes Ýazgylardan ýerlikli wagty jyns gatnaşyk barada aýtmagyň hiç hili utanç däldigini bilýäris. Ysraýylda Musanyň kanuny sesli okalanda, Hudaýyň halky çagalary bilen gelmelidi (Kanun taglymaty 31:10—12; Ýeşuwa 8:35). Kanunda aýbaşy, döl goýberme, ahlaksyzlyk, zynahorlyk, gomoseksuallyk, ýakyn garyndaşy bilen jyns gatnaşyk, mala ýanaşmaklyk ýaly zatlar barada açyk aýdylýardy (Lewiler 15:16, 19; 18:6, 22, 23; Kanun taglymaty 22:22). Elbetde, şondan soň ata-eneler bilesigeliji perzentlerine köp zady düşündirmeli bolýardy.
9 Süleýmanyň tymsallarynyň 5—7-nji baplarynda ata-eneleriň söýgi bilen beren maslahatlary bar. Bu aýatlarda ahlaksyz jyns gatnaşygyň howpludygy we özüne çekijidigi aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 5:3; 6:24, 25; 7:14—21). Şeýle-de ahlaksyz jyns gatnaşyklaryň nädogrudygy we heläkçilige eltýändigi düşündirilýär. Ýaşlara ahlaksyzlykdan gaça durmak maslahat berilýär (Süleýmanyň tymsallary 5:1—14, 21—23; 6:27—35; 7:22—27). Mundan başga-da jyns gatnaşyklary ahlaksyzlyk bilen däl-de, dogry ýol bilen, ýagny nikada kanagatlandyrylmalydygy aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 5:15—20). Çagalara öwreder ýaly nähili ajaýyp görelde!
10. Näme üçin çagalara jyns gatnaşyk barada Hudaýyň kadasyna laýyk bilim berilse ahlaksyzlyga eltmez?
10 Şeýle terbiýe çagalary ahlaksyz jyns gatnaşyga iterermi? Ýok, çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogrular bolsa bilim bilen halas bolýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 11:9). Çagalaryňyzy dünýäniň täsirinden gorasyňyz gelmeýärmi? Bir ata şeýle gürrüň berýär: «Biz çagalarymyza kiçilikden jyns gatnaşyk barada açyk aýtmaga çalyşýardyk. Şonuň üçin başga çagalar bu tema barada gürrüň açanda, olar gulagyny germeýärdi. Sebäbi çagalarymyz üçin bu gizlin syr däldi».
11. Çagalara jyns gatnaşyk meselesinde nädip kem-kemden bilim bermeli?
11 Öňki baplarda aýdylyşy ýaly, çagalara kiçilikden jyns gatnaşyk barada aýtmaly. Beden organlaryň atlaryny aýdanyňyzda utanyp, jynsy organlary agzaman geçmäň. Çagalaryňyza olaryň dogry atlaryny aýdyň, wagtyň geçmegi bilen edep düzgünlerini öwrediň. Jynsy organlaryň beýleki organlara garanda aýratynlygyny aýdyp, başga adamlaryň ony ellemeli ýa-da görmeli däldigini we olar hakda hiç haçan hapa sözlemezligi ata-eneler çagalaryna düşündirmeli. Çagalar ulalyp başlanda, olara erkek bilen aýaldan çaganyň nädip döreýändigini aýtmaly. Jyns taýdan ýetişip ugranda, olar özleriniň bedeninde nähili özgerişleriň boljakdygyna gowy düşünmeli. Bäşinji bapda aýdylyşy ýaly, şeýle terbiýe alan çaga jynsy ahlaksyzlyga garşy durup biler (Süleýmanyň tymsallary 2:10—14).
ATA-ENELER ÜÇIN ÖÝ ÝUMŞY
12. Mekdepde köplenç nähili nädogry düşünjeler öwredilýär?
12 Mekdep ýaşly çagalary bolan ata-eneler nädogry düşünjelere garşy durmaly bolýarlar. Sebäbi mekdepde ewolýusiýa, milletparazlyk ýa-da üýtgewsiz hakykat ýok diýen ençeme nädogry düşünjeleri öwretmekleri mümkin (1 Korinfliler 3:19; Gelip çykyş 1:27-ni, Lewiler 26:1-i; Ýahýa 4:24; 17:17-nji aýatlary deňeşdiriň). Mekdep işgärleriniň köpüsi gowy niýet bilen ýokary bilim almagy ündeýär. Goşmaça bilimi her kimiň özi saýlasa-da, käbir mugallymlar ony durmuşda üstünlik gazanmak üçin ýeke-täk ýol hasaplaýara (Zebur 146:3—6).
13. Çagalary mekdepdäki nädogry düşünjelerden nädip gorap bolar?
13 Nädogry we ýoýulan düşünjelere garşy durmak üçin, ata-eneler çagalaryna näme öwredilýändigini bilmeli. Diýmek, ata-eneler, siziň üçin öý ýumşuň bardygyny unutmaň! Çagalaryňyzyň okuwy bilen ýürekden gyzyklanyň. Mekdepden gelende olar bilen gürrüňdeş boluň. Olaryň näme öwrenýändigini, haýsy sapagy gowy görüp, haýsysyny kyn görýändigini soraň. Öý işlerine, ýazuwyna, barlag işleriniň netijesine üns beriň. Mugallymlary bilen tanyşmaga çalşyň. Olaryň zähmetini gymmat saýyp, eliňizden gelen kömegi etmek isleýändigiňizi görkeziň.
ÇAGALARYŇYZYŇ DOSTLARY
14. Näme üçin Hudaýa iman edýän çagalar gowy dost saýlamaly?
14 «Muny nireden öwrendiň?» Ençeme ata-eneler çagalaryndan garaşmaýan sözleri eşidende ýa-da edýän hereketini görende geň galyp, şeýle soragy berendir. Şonda çagalar köplenç mekdepdäki ýa-da täze goňşy dostlarynyň şeýle edýändigini aýdýarlar. Hawa, ýaş bolsak-da, garry bolsak-da, dostlarymyz bize täsir edýär. Pawlus resul: «Aldanmaň. Erbetler bilen gatnaşyk etmek gowy endikleri bozýandyrr» diýip duýdurdy (1 Korinfliler 15:33; Süleýmanyň tymsallary 13:20). Aýratyn-da, ýetginjekler deň-duşlaryň täsirine düşýär. Adatça, olaryň özüne ynamy bolmaýar, käte bolsa dostlarynda täsir galdyrmak üçin olara ýaranmak isleýärler. Şol sebäpli olara gowy dost saýlamak örän wajyp!
15. Dost saýlamakda ata-eneler çagalaryna nähili görkezme berip biler?
15 Çagalarynyň hemişe gowy karara gelip bilmeýändigini her bir ata-ene bilýär. Şonuň üçin olar käbir görkezmelere mätäç bolýar. Ýöne çagalaryňyza derek siz olara dost saýlamaly dälsiňiz. Çagalaryňyz ulaldygyça, olara ýagşy-ýamany tapawutlandyrmagy öwrediň. Dostlaryň nähili häsiýetlerini gymmat saýmalydygyny düşünmäge kömek ediň. Şeýle häsiýetleriň iň wajyby Ýehowa bolan söýgi we onuň gözünde dogry işi etmäge taýyn bolmak (Markus 12:28—30). Çagalaryňyza dogruçyl, akgöwünli, adamkärçilikli, erjel adamlary söýüp, hormat goýmagy öwrediň. Olar bilen maşgala okuwy geçeniňizde, Mukaddes Ýazgylardaky gahrymanlarda şeýle häsiýetleri görüp, soňra ýygnakdan şeýle häsiýetli dogan-uýalary tapmaga kömek ediň. Özüňiz hem şeýle häsiýetli adamlar bilen dostlaşyp, çagalaryňyza görelde boluň.
16. Ata-eneler çagalarynyň nähili dost saýlandygyny nädip bilmeli?
16 Çagalaryňyzyň kim bilen dostlaşandygyny bilýärmisiňiz? Dostlary bilen ýakyndan tanyşmak üçin myhmançylyga çagaryp bilermisiňiz? Şeýle-de çagalaryňyzdan dostlary barada başga çagalaryň näme pikir edýändigini sorap görüň. Olaryň dostlary ikiýüzlimi ýa-da dogruçyl? Eger ikiýüzli bolsa, onda şeýle dostlaryň nähili zyýan berjekdigini düşünmäge kömek ediň (Zebur 26:4, 5, 9—12). Çagalaryňyzyň edýän işinde, egin-eşiginde, pikir edişinde, gepleýşinde ýakymsyz zatlary görseňiz, dostlary barada gürrüň bermegi soraň. Mümkin, çagaňyz ýaramaz täsir edýänleriň biri bilen dostlaşandyr (Gelip çykyş 34:1, 2-nji aýatlary deňeşdiriň).
17, 18. Ata-eneler çagasyna erbet dost saýlamakdan gaça durmagy öwretmekden başga ýene nähili kömek edip biler?
17 Çagalara erbet dostlardan gaça durmagy öwretmek ýeterlikli däl. Olara gowy dostlary tapmaga kömek ediň. Bir ata şeýle gürrüň berýär: «Biz hemişe bir zada derek başga zady oýlap tapmaga çalyşýarys. Meselem, mekdepde çagamyza futbola ýazylmagy teklip edenlerinde, aýalym, oglum, üçimiz bile oturyp, täze dostlar peýda bolsa, munuň näme sebäpden gowulyga eltmejekdigini ara alyp maslahatlaşdyk. Soňra çagamyza ýygnakdaky çagalardan birnäçesini çagyryp, seýilgähde futbol oýnamagy teklip etdik. Bu gowy netije berdi».
18 Paýhasly ata-eneler çagalaryna gowy dost tapmaga, olar bilen wagtyny peýdaly geçirmäge kömek edýär. Ýöne ata-eneleriň köpüsinde göwün açma meselesi kynçylyk döredýär.
NÄDIP GÖWÜN AÇMALY?
19. Maşgalada şatlanmagyň günä däldigini Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar görkezýär?
19 Mukaddes Ýazgylarda şatlanmak ýazgarylýarmy? Elbetde ýok! Onda «gülmegiň-de... oýnamagyň-da wagty...» bar diýilýärb (Wagyz kitaby 3:4). Gadymy Ysraýylda Hudaýyň halky saz çalmagy, tans etmegi, oýun oýnamagy, tapmaça aýtmagy gowy görýärdi. Isa Mesih uly nika toýunda we Matta Lewiniň öýünde «uly zyýapatda» bolupdy (Luka 5:29; Ýahýa 2:1, 2). Hawa, Isa adamlaryň göwün açmalaryny bozan adam däldi. Goý, siziň öýüňizde gülki, şatlyk hiç haçan günä hasaplanmasyn!
Gowy gurnalan, meselem, çadyr gurup dynç almak, çagalara öwrenmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek eder
20. Maşgalasynyň dynç alşy barada aladasyny edip, ata-eneler nämäni unutmaly däl?
20 Ýehowa—«bagtly Hudaý» (1 Timoteos 1:11). Diýmek, Ýehowa sežde etmeklik şatlykdan mahrum etmeýär, gaýtam, lezzet berýär (Kanun taglymaty 16:15-i deňeşdiriň). Çagalar tebigatyna görä, şadyýan bolýar. Olar oýnap, göwün açyp ähli gujruny çykarýarlar. Oýlanylyp gurnalan göwün açmalar, diňe bir oýnap-gülmegi aňlatmaýar. Şeýle göwün açmalarda çaga öwrenýär, hemme taraplaýyn ösýär. Maşgalabaşy öýündäkileriň zerurlyklary, şol sanda dynç alşy üçin hem jogapkär. Ýöne bu meselede paýhasly bolmaly.
21. Häzirki göwün açmalaryň nähili howply taraplary bar?
21 Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, bu ynjalyksyz «soňky günlerde» «Hudaýy däl-de, lezzeti söýýän» adamlar köpelýär (2 Timoteos 3:1—5). Adamlaryň köpüsi durmuşynda esasy orunda göwün açmany goýýar. Göwün açmalaryň görnüşleri şeýle kän welin, olardan ätiýaç bolmasak, olar iň wajyp zatlaryň ýerini tutmagy mümkin. Üstesine-de, häzirki göwün açmalar ahlaksyzlyk, zorluk, neşekeşlik we başga-da ýaramaz işler bilen baglanyşykly (Süleýmanyň tymsallary 3:31). Şeýle zyýanly göwün açmalardan çagany nädip goramaly?
22. Ata-eneler çagalaryna göwün açmalary paýhasly saýlamagy nädip öwredip biler?
22 Ata-eneler çäklendirme goýmaly. Ýöne iň esasy zat, olar çagalaryna peýdaly göwün açma bilen zyýanly göwün açmany saýgaryp, onuň çägini bilmegi öwretmeli. Şeýle terbiýe üçin wagt we tagalla gerek. Bir mysala seredeliň. Iki ogully ata uly oglunyň täze radioýaýlymy ýygy-ýygydan diňleýändigine üns berýär. Bir güni ol işe barýarka, radiony şol ýaýlyma düzýär, wagtal-wagtal maşynyny saklap, käbir aýdymlaryň sözlerini ýazýar. Soňra ogullary bilen diňlän zady barada pikir alyşýar. Ol ogullarynyň garaýşyny bilmek üçin: «Siz nähili pikir edýärsiňiz?» diýen sorag bilen başlap, soňra beren jogaplaryny ünsli diňleýär. Bu mesele Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen çözülenden soň, ogullary şol radioýaýlymy diňlemezlige razy bolýarlar.
23. Ata-eneler çagalaryny zyýanly göwün açmalardan nädip gorap biler?
23 Paýhasly ata-eneler çagasynyň nähili aýdym-saz, teleprogrammalar, wideofilmler, gülküli suratly kitaplar, wideooýunlar bilen gyzyklanýandygyny barlap durýarlar. Şeýle ata-eneler kassetalaryň daşyna, aýdymyň sözlerine, kitabyň, gazetiň mazmunyna we filmlerden parçalara seredýärler. Häzirki çagalara teklip edilýän «göwün açmalaryň» käbiri depe saçyňy üýşürýär. Çagalaryny ýaramaz täsirden goramak isleýän ata-eneler Mukaddes Ýazgylary, oňa esaslanan edebiýatlary, meselem, «Ýaşlaryň sowallary peýdaly maslahatlar, I tom» diýen kitaby, «Garawul diňi», «Oýanyň!» (rus.) atly žurnallardaky makalalary ulanyp, zyýanly göwün açmalar barada çagalary bilen pikir alyşýarlarc. Ata-eneler paýhasly bolup, aýdyň we yzygiderli çäklendirme goýsalar, adatça, gowy netije berýär (Matta 5:37; Filipililer 4:5).
24, 25. Maşgala bilen dynç almagyň nähili peýdaly görnüşleri bar?
24 Zyýanly göwün açmalara çäk goýmak ýeterlikli däl. Ýaman işleriň ornuny dogry işler bilen doldurmaly, ýogsam, çagalaryň ters ýola düşmegi mümkin. Mesihçi maşgalalaryň köpüsi meýdanda oturylyşyk gurup, gezelenç edip, sport oýunlary oýnap, garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna baryp, bile dynç alan wagtlaryny guwanç bilen ýatlaýarlar. Käbirleri maşgala agzalary bilen bile okamakdan lezzet alyp, gowy dynç alandygyny aýdýar. Käbiri gülküli we gyzykly gürrüňleri etmegi gowy görýär. Ýene birileri bolsa gyzykýan zatlaryny bilelikde edýärler. Meselem, agaç ussaçylygy bilen meşgullanýarlar, saz gurallaryny çalýarlar, surat çekýärler we Hudaýyň ýaradan zatlaryny öwrenýärler. Şeýle işlerden lezzet almagy öwrenýän çaga zyýanly göwün açmalar bilen höweslenmän, has gyzykly göwün açmalaryň bardygyna düşünýär. Oýna gatnaşmak, seredip oturmakdan has gyzykly bolýar.
25 Dost-ýarlaryň bilenem gowy dynç alyp bolýar. Oturylyşyga gowy ýolbaşçylyk edilip, köp myhman çagyrylmasa, uzak wagta çekmese, çagalar ýönekeý oturylyşykdan has köp peýda alar. Şeýle-de oturylyşyklar dogan-uýalaryň söýgisini artdyrar (Luka 14:13, 14-i, Ýahuda 12-ni deňeşdiriň).
MAŞGALAŇYZ DÜNÝÄNI ÝEŇIP BILER
26. Haýsy iň wajyp häsiýet maşgalany ýaramaz täsirden gorar?
26 Hawa, maşgalamyzy ýaramaz täsirden goramak üçin köp tagalla etmeli. Üstünlige ýetmek üçin ähli zatdan güýçli bir häsiýet bar. Bu — söýgi! Biri-biriňize söýgiňiz bolsa maşgalaňyz howpsuz ýere öwrülip, özara gürrüňdeşligiň netijesinde çagalaryňyzy ýaramaz täsirden gorarsyňyz. Şeýle-de Ýehowa bolan söýgiňizi artdyryň. Maşgala agzalarynyň ählisi şeýle söýgini artdyrsa, çagalar dünýäniň ýaramaz täsirine düşmez. Olar hatda Hudaýy ynjytmak baradaky pikiri-de ýigrenip ulalar. Ýehowany jany-teni bilen söýýän ata-eneler onuň söýgüsinden, akyldarlygyndan, paýhaslylygyndan görelde almaga jan eder (Efesliler 5:1; Ýakup 3:17). Şonda çagalar Ýehowa bolan seždä gadagan edilýän ençeme düzgünlerden doly, şatlyksyz, oýun-gülküsiz we tizräk gaçyp gutulasyň gelýän ýol hökmünde garamaz. Olar Hudaýa bolan seždäniň iň bagtly, iň manyly ýaşaýyş ýoldugyna düşünerler.
27. Maşgalalar dünýäni nädip ýeňip biler?
27 Dünýäniň ýaramaz täsirinden gaçyp, «tegmiltsiz, müýnsüz» bolmaga jan edýän maşgalalaryň paýhasly gullugyny görüp, Ýehowa begenýär (2 Petrus 3:14; Süleýmanyň tymsallary 27:11). Şeýle maşgalalar Şeýtanyň dünýäsiniň ähli azgynlygyna garşy duran Isa Mesihden görelde alýarlar. Ýerdäki ýaşaýşynyň ahyrynda Isa: «Men dünýäni ýeňendirin» diýdi (Ýahýa 16:33). Goý, siziň hem maşgalaňyz dünýäni ýeňip, geljekde ebedi ýaşasyn!
a Goşmaça maglumat üçin Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir eden «Ýehowanyň Şaýatlary we bilim» (rus.) atly broşýuranyň 4—7-nji sahypalaryna seredip bilersiňiz.
b «Gülmek» diýen ýewreý sözi «oýnamagy», «haýsy-da bolsa bir göwün açmany hödürlemegi», «baýramçylygy» we «şatlanmagy» aňladýar.
c Ýehowanyň Şaýatlary neşir etdi.