BÄŞINJI BAP
Çagany bäbeklikden terbiýeläň
1, 2. Çaga terbiýelemek meselesinde ata-eneler kömek üçin kime ýüzlenmeli?
TAKMYNAN 3 000 ýyl mundan ozal, bir minnetdar ata şeýle diýdi: «Çagalar Rebden mirasdyr» (Zebur 127:3). Dogrudan-da, ata-ene bolmak Hudaýyň beren sylagy, bu sylaga durmuş guranlaryň köpüsi mynasyp bolup biler. Ýöne olar çagalary bolansoň, tizden munuň diňe bir şatlyk däl-de, jogapkärçilikdigine-de göz ýetirýärler.
2 Esasan, şu günler çaga terbiýelemek örän kyn. Muňa garamazdan, köp ata-eneler munuň hötdesinden gelýär, onuň sebäbini mezmurçy şeýle düşündirýär: «Öýi Reb bina etmese, bina edýänleriň zähmeti biderekdir» (Zebur 127:1). Ýehowanyň görkezmesine näçe köp eýerseňiz, şonça-da gowy ata-ene bolarsyňyz. Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 3:5). Çaga terbiýelemegiň ýigrimi ýyllyk meýilnamasyna eýerip, Ýehowanyň maslahatyny diňlemek isleýärmisiňiz?
MUKADDES ÝAZGYLARYŇ GARAÝŞYNY KABUL EDIŇ
3. Çaga terbiýelemekde atanyň nähili borjy bar?
3 Bütin dünýäde erkek adamlaryň köpüsi çaga terbiýelemek aýalyň işidir öýdýär. Dogrudan-da, Hudaýyň Sözüne görä, maşgalanyň ekleýjisi ata hasaplanýar. Emma onuň maşgalada başga-da borjunyň bardygy aýdylýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Daşardaky işiňi gutar; ekin meýdanlaryňy ekişe taýýarla; öýüňi onsoň sal» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 24:27). Hudaýyň garaýşyna görä, çagany ata-enäniň ikisi-de terbiýelemeli (Süleýmanyň tymsallary 1:8, 9).
4. Näme üçin oglanlary gyzlardan artyk saýmaly däl?
4 Siz çagalaryňyza nähili garaýarsyňyz? Maglumata görä, Aziýada «köplenç ata-eneler gyz çaga dünýä inse gynanýar». Latyn Amerikasynda bolsa, hatda «medeniýetli maşgalalarda-da» gyzyň dogulmagyna garşy ters pikir henizem bar. Emma gyzjagazlar ikinji derejeli çaga däl. Geçmişde tanymal Ýakup ata öz çagalary, şol sanda gyzlary hakda: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýdi (Gelip çykyş 33:1—5; 37:35). Şonuň ýaly Isa-da: «Goý, çagalar ýanyma gelsin» diýip, çagalaryň (oglan-gyzlaryň) ählisine pata berdi (Matta 19:13—15). Biz Isanyň garaýşynyň Ýehowanyňky ýaly bolandygyna şübhelenmän bileris (Kanun taglymaty gaýtalanyşy 16:14).
5. Är-aýal çaga edinjek bolsa nämäni göz öňünde tutmaly?
5 Siziň ýaşaýan ýeriňizde aýal adatça köp çaga dogurýarmy? Aslynda, näçe çaga edinmelidigini är-aýalyň özi çözmeli. Eger ata-ene köp çagany iýdirip, geýdirip, bilim berip bilmese näme? Elbetde, bu zatlary är-aýal heniz çagasy dogulmanka göz öňünde tutmaly. Käbir ata-eneler çagalaryny ekläp bilmeýändigi üçin, olaryň käbirini garyndaşlaryna terbiýelemäge berýärler. Şeýle etmek gowumy? Elbetde gowy däl. Bu ata-enäni çagalary terbiýelemek borjundan boşatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, öz maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir» diýilýär (1 Timoteos 5:8). Jogapkär är-aýal «maşgalasynyň» aladasyny etmek üçin näçe çaga edinmelidigini öňünden oýlanar. Munuň üçin göwreli bolmakdan goraýan serişdeleri ulansa bolarmy? Bu meseläni är-aýalyň özi çözmeli, eger ulanmak isleseler, onda goranmak usullaryny-da özleri saýlamaly. «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Galatýalylar 6:5). Emma çagany aýyrtmak üçin ulanylýan serişdeleriň ähli görnüşi Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýär. Ýehowa Hudaý «ýaşaýşyň gözbaşy» (Zebur 36:9). Şol sebäpli ýaňy düwünçek bolan çagany aýyrtmak Ýehowa hormat goýmazlyk we adam öldürmek bilen deňelýär (Müsürden çykyş 21:22, 23; Zebur 139:16; Ýermeýa 1:5).
ÇAGAŇYZYŇ ZERURLYKLARYNY KANAGATLANDYRYŇ
6. Çagany haçan terbiýeläp başlamaly?
6 Süleýmanyň tymsallary 22:6-da şeýle diýilýär: «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdir». Ata-enäniň ýene bir borjy çaga terbiýe bermekdir. Çagany haçan terbiýeläp başlamaly? Örän ir terbiýeläp başlamaly. Pawlus resul Timoteosa «bäbeklikden» terbiýe berlendigini aýdýar (2 Timoteos 3:15). Bu aýatda ulanylýan grek sözi bäbegi ýa-da heniz dogulmadyk çagany aňladýar (Luka 1:41, 44; Resullaryň işleri 7:18—20). Diýmek, Timoteosy bäbeklikden terbiýeläp başlapdyrlar, çünki bu dogry. Çagany terbiýeläp başlamak üçin iň gowy wagt bäbeklikdir. Hatda bäbekleriň hem bilim alasy gelýär.
7. a) Näme üçin ata-enäniň ikisi-de çagasy bilen ysnyşmaly? b) Ýehowanyň ýalňyz Ogly bilen gatnaşygy nähilidi?
7 Bir ene: «Men bäbejigimi gören badyma söýdüm» diýýär. Eneleriň köpüsi şeýle diýýär. Çaga doglansoň, ejesi onuň bilen wagtyny näçe köp geçirse, şonça-da olar biri-birine ýakynlaşýar. Ejesi çagasyny emdirende bolsa, olar has-da ysnyşýar (1 Selanikliler 2:7-ni deňeşdiriň). Enäniň mähri we sözleri çaganyň duýgy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin örän ähmiýetli (Işaýa 66:12-ni deňeşdiriň). Ata barada näme diýse bolar? Ol hem çagasyna ysnyşmaly. Bu babatda Ýehowanyň özi görelde görkezýär. Süleýmanyň tymsallarynda Ýehowanyň ýalňyz Ogly bilen gatnaşygy beýan edilýär. Onda şeýle diýilýär: «Reb meni ýolunyň başlangyjynda... eýeledi... her gün Onuň begenjidim» (Süleýmanyň tymsallary 8:22, 30; Ýahýa 1:14). Şonuň ýaly gowy ata-da çagasy bilen mähirli hem söýgüli gatnaşygyny ilkibaşdan berkider. Bir ata şeýle maslahat berýär: «Çagaňa çuňňur söýgiňi bildir. Gujaklanyp, ogşalmakdan entek ýekeje çaga-da ölmedi».
8. Ata-eneler bäbekleriniň aň-düşünjesini nädip ösdürmeli?
8 Emma çagalara bu ýeterlikli däl. Çaganyň beýnisi, doglandan başlap maglumaty kabul etmäge we ýatda saklamaga ukyply bolýar, bu maglumatyň esasy gözbaşy bolsa ata-enedir. Dili mysal alyp göreliň. Alymlaryň aýtmagyna görä, çaganyň gowy geplemegi we okamagy, «ata-enäniň bäbeklik döwründe çagasy bilen edýän gatnaşygyna bagly bolýar». Çagaňyz bäbekkä onuň bilen gepleşiň we kitap okap beriň. Ol sizden görelde alyp başlar, hatda tizden oňa okamagy-da öwredersiňiz. Mümkin, ol mekdebe barmanka, okamagy öwrener. Bu, esasanam, mugallymyň ýetmezçilik edýän ýa-da synplaryň çagalardan doly ýerinde ýaşaýan bolsaňyz peýda eder.
9. Ata-eneler haýsy esasy maksady ýatdan çykarmaly däl?
9 Mesihçi ata-enäniň esasy maksady çaganyň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak (Kanun taglymaty 8:3-e serediň). Näme üçin? Çagajyga Isa Mesihiň häsiýetlerini ösdürmäge, has dogrusy, «täze häsiýetleri geýinmäge» kömek etmeli (Efesliler 4:24). Munuň üçin ata-eneler gerekli «gurluşyk gurallaryny» we onuň «usullaryny» tapmaly.
HAKYKATY ÇAGAŇYZYŇ GULAGYNA GUÝUŇ
10. Çagalar nähili häsiýetleri ösdürmeli?
10 Jaýyň berkligi gurluşykda ulanylan gurallaryň hiline bagly bolýar. Pawlus resul mesihçi häsiýetleri ösdürmek üçin «altyn, kümüş, gymmatbaha daşlar» gerek diýdi (1 Korinfliler 3:10—12). Bu gurallara iman, akyldarlyk, düşünje, wepalylyk, hormat, Ýehowa we onuň kanunlaryna söýgi bilen minnetdarlyk ýaly häsiýetler degişli (Zebur 19:7—11; Süleýmanyň tymsallary 2:1—6; 3:13, 14). Ata-eneler bu häsiýetleri ösdürmäge çagalaryna nädip kömek edip biler? Munuň üçin gadymdan gelýän kada eýermeli.
11. Ysraýylly ata-eneler çagalaryna Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge nädip kömek edýärdi?
11 Ysraýyl halky Wada edilen diýara girmänkä, Ýehowa ata-enelere şeýle diýdi: «Meniň şu günki tabşyran sözlerim, seniň ýüregiňde bolmaly. Olary çagalaryň gulagyna guýmalysyň, öýde otyrkaň, ýolda gidip barýarkaň, ýatanyňda, turanyňda şolar barada gürrüň ber» (Kanun taglymaty 6:6, 7). Hawa, ata-eneler çagalaryna görelde bolmaly, olar bilen dostlaşmaly, gürrüňdeş bolmaly we olara tälim bermeli.
12. Näme üçin ata-eneler çagalaryna gowy görelde bolmaly?
12 Görelde boluň. Ýehowa, ilki bilen: «Sözlerim seniň ýüregiňde bolmaly», soňra bolsa: «Ogluň gulagyna guýmalysyň» diýdi. Diýmek, Hudaýa ýaraýan häsiýetler ilki ata-enäniň ýüreginde bolmaly. Ata-ene hakykaty söýmeli we şonuň esasynda ýaşamaly. Diňe şonda olar hakykaty çagasynyň ýüreginde ornaşdyryp biler (Süleýmanyň tymsallary 20:7). Näme üçin? Sebäbi çagalara eşiden zadyndan, gören zady has gowy täsir edýär (Luka 6:40; 1 Korinfliler 11:1).
13. Mesihçi ata-eneler çagalaryna wagt tapmak üçin Isadan nähili görelde almaly?
13 Dostlaşyň. Ýehowa ysraýylly ata-enelere: «Öýde otyrkaň we ýolda gidip barýarkaň... (çagalaryňa) gürrüň ber» diýdi. Şol sebäpli ata-eneler işli bolsa-da, çagalary bilen bile bolmaga wagt tapmaly. Isa çagalar üçin wagt tapmalydygyna düşünýärdi. Gullugynyň soňky günlerinde «adamlar çagalaryny getirip başladylar. Olar Isadan çagalarynyň üstüne elini goýmagyny haýyş etjek boldular». Isa muňa nähili garady? «Ol çagalary gujaklap, olaryň üstüne ellerini goýdy-da, patalady» (Markus 10:13, 16). Oýlanyp görüň, Isanyň ölmegine bary-ýogy biraz wagt galypdy. Muňa garamazdan, ol çagalara üns berip, wagtyny sarp etdi. Nähili ajaýyp görelde!
14. Näme üçin ata-ene çagasyna wagt sarp etse peýdaly bolar?
14 Gürrüňdeş boluň. Çagaňyza wagt sarp edip, özara pikir alyşmaga şert dörediň. Näçe köp gürrüňdeş bolsaňyz, şonça-da, çagaňyzyň häsiýetlerini oňat bilersiňiz. Ýöne gürrüňdeşligiň diňe bir gepleşmek däldigini unutmaň. Braziliýaly bir ene şeýle diýýär: «Men diňlänimde, ýüregim bilen diňlemegi öwrenmeli boldum». Onuň eden tagallalary ýerine düşdi, sebäbi ogly ejesine duýgularyny aýdyp başlady.
15. Dynç alanda nämäni unutmaly däl?
15 Çagalar üçin «gülmäge-de... oýnamaga-da wagt» gerek, çünki olar dynç almaly (Wagyz kitaby 3:1, 4; Zakarýa 8:5). Ata-eneler çagalary bilen wagtyny bile geçirseler, dynç alyş örän peýdaly bolar. Gynansak-da, köp maşgalalar dynç almaklygy telewizora seretmek diýip düşünýärler. Käbir telegepleşikler gyzykly bolsa-da, olaryň köpüsi dogry garaýyşlaryňy ýoýýar we maşgalany gürrüňdeşlikden kesýär. Şonuň üçin çagalar bilen haýsy-da bolsa bir peýdaly iş bilen meşgullansaňyz gowy bolmazmy? Aýdym aýdyň, oýun oýnaň, dostlaryňyz bilen gürrüňdeş boluň we owadan ýerlere gezmäge gidiň. Şeýle işler gürrüňdeşlige ýardam eder.
16. Ata-eneler çagalaryna Ýehowa barada näme we nädip öwretmeli?
16 Tälim beriň. Ýehowa: «Sözlerimi ogluňyzyň gulagyna guýmalysyňyz» diýdi. Mundan öňki aýatlarda nämäni we nädip öwretmelidigi aýdylýar. Birinjiden, «Hudaýyňyz Rebbi (Ýehowany) tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň» (Kanun taglymaty 6:5). Soňra bolsa bu sözleri çagaň gulagyna «guýmalysyňyz». Çagaňyza Ýehowa we onuň kanunlaryna bolan söýgüsi artar ýaly öwretmeli (Ýewreýler 8:10-y deňeşdiriň). «Guýmak» sözi gaýtalap öwretmegi aňladýar. Has dogrusy, çagada Ýehowa ýaramly häsiýetleri ösdürmek üçin, ilki bilen, Hudaý barada oňa hemişe gürrüň berip bilimini artdyrmaly. Muňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny çagaň bilen yzygiderli geçmeklik hem degişli.
Ata-eneler, görelde boluň, dostlaşyň, gürrüňdeş boluň we tälim beriň
17. Ata-eneler çagasynda nähili isleg döretmeli? Näme üçin?
17 Çaganyň ýüregine täsir etmegiň aňsat däldigini ata-eneleriň köpüsi bilýär. Petrus resul mesihçilere: «Ýaňy doglan bäbekler ýaly Hudaýyň sözi bolan päk süýdi küýsäň» diýip maslahat berdi (1 Petrus 2:2). «Küýsäň» diýen söz köp adamlaryň ruhy iýmiti islemeýändigini görkezýär. Ata-eneler şol islegi çagasynda döretmek üçin dürli ýollary agtarmaly bolýar.
18. Isanyň ulanan haýsy usullaryny ata-eneler ulanyp biler?
18 Isa adamyň ýüregine täsir eder ýaly, aýdyň mysallary ulanýardy (Markus 13:34; Luka 10:29—37). Bu usul, aýratynam, çagalary öwredende peýdaly bolar. Owadan reňkli suratlary, gyzykly hekaýalary ýa-da «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» diýen kitaby ulanyp, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri öwredip bilersiňiza. Okuw täsirli bolar ýaly, ony gyzykly geçiriň. Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň suratyny çekip, olary sahnalaşdyryň we çagalaryň döredijilik ukybyny ösdürmäge mümkinçilik dörediň. Şeýle-de Isa sorag berýärdi (Matta 17:24—27). Maşgalaňyz bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçeniňizde, Isanyň usullaryny ulanjak boluň. Ýehowanyň beren kanunyny ýöne bir aýdyp geçmegiň deregine, şeýle soraglary beriň: Ýehowa şeýle kanuny näme üçin berdi? Biz ony näme üçin berjaý etmeli? Berjaý etmesek näme bolar? Şeýle soraglar çaga oýlanmaga hem-de Hudaýyň kanunynyň amatly we peýdalydygyny düşünmäge kömek eder (Kanun taglymaty 10:13).
19. Ata-eneler çagalary babatda Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerseler, çagalara nähili uly peýda berer?
19 Eger siz çagaňyza görelde bolsaňyz, dostlaşsaňyz, gürrüňdeş bolsaňyz we öwretseňiz, oňa ýaşlykdan Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edersiňiz. Çagaňyz Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolsa, bagtly mesihçi bolar. Ol deň-duşlary tarapyndan garşylyga we synaga duş gelende-de, imanyna görä ýaşamaga jan eder. Çagaňyza şeýle gatnaşygyň gadyryny bilmäge hemişe kömek ediň (Süleýmanyň tymsallary 27:11).
TERBIÝE BERMEK WAJYP
20. Terbiýe näme we terbiýäni nädip bermeli?
20 Terbiýe—pikiri we ýüregi düzetmäge kömek edýär. Çagalara hemişe terbiýe bermek gerek. Pawlus resul atalara çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» diýip maslahat berýär (Efesliler 6:4). Ata-eneler Ýehowadan görelde alyp, çagalaryny söýgi bilen terbiýelemeli (Ýewreýler 12:4—11). Söýgi bilen terbiýeläniňizde, edilýän talaplaryň sebäbini düşündirmeli. Şonuň üçin bize «öwredileni diňlemeli» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 8:33). Çagany nähili terbiýelemeli?
21. Ata-eneler çagalaryny terbiýelände haýsy prinsipleri ýatdan çykarmaly däl?
21 Ata-eneleriň käbiri çagany terbiýelände, haýbat atmaly, sögmeli ýa-da käýemeli diýip düşünýär. Emma Pawlus resul: «Atalar, çagalaryňyzy gaharlandyrmaň» diýdi (Efesliler 6:4). Ähli mesihçilere «hemmeler bilen ýumşak... Aýdýan zatlaryňa garşy çykýanlara mylakatlylyk bilen görkezme bermeli» diýip maslahat berilýär (2 Timoteos 2:24, 25). Mesihçi ata-eneler çagany terbiýelände pugtalygyň gerekdigine düşünýär, ýöne şu sözleri hem ýatdan çykarmazlyga çalyşmaly. Emma käwagt düşündirmek ýeterlikli bolmaýar, şonda temmi bermeli bolýar (Süleýmanyň tymsallary 22:15).
22. Çaga temmi bereniňizde nämäni düşündirmeli?
22 Emma çagalaryň hemmesine birmeňzeş terbiýe berip bolmaýar. Käbir çagalar «söz bilen terbiýelenýän däldir». Gulak asmaýany üçin käwagt olara temmi berseňiz, janyny halas edersiňiz (Süleýmanyň tymsallary 17:10; 23:13, 14; 29:19). Emma çaga özüne näme üçin temmi berilýändigine düşünmeli. «Taýak we temmi akyldarlyk getirýändir» (Süleýmanyň tymsallary 29:15; Eýýup 6:24). Şeýle-de temmi bereniňizde çägini bilmeli. Ýehowa öz halkyna: «Men saňa gerekli derejede temmi bererin» diýdi (Ýermeýa 46:28b). Mukaddes Ýazgylar çagany gahar-gazap bilen terbiýelemegi ýa-da aýylganç urup bir ýerine şikes ýetermegi gadagan edýär (Süleýmanyň tymsallary 16:32).
23. Temmi berlende çaga nämä düşünmeli?
23 Ýehowa öz halkyna temmi bermezinden öň şeýle diýdi: «Gorkma... çünki Men seniň bilen» (Ýermeýa 46:28a). Ata-ene-de temmi berende, çaga özüni ret edilen ýaly duýmaly däl (Koloslylar 3:21). Gaýtam, çaga ata-enesiniň «onuň tarapyndadygy» üçin terbiýe berýändigine düşünmeli.
ÇAGAŇYZY ERBETLIKDEN GORAŇ
24, 25. Şu günler çagalary haýsy iň aýylganç howpdan goramaly?
24 Adamlaryň köpüsi çagalyk döwrüni bagtly saýýarlar. Olar özlerini howpsuz duýandygyny we nähili ýagdaýa düşseler-de, ata-enesiniň alada etjekdigine arkaýyn bolandygyny ýatlaýar. Ata-eneler hem çagalarynyň şeýle duýguda bolmagyny isleýär, ýöne bu azgyn dünýäde çagalary howpdan goramak barha kynlaşýar.
25 Soňky döwürlerde giňden ýaýran iň aýylganç howplaryň biri çagalary zorlama. Maglumatlara görä, Malaýziýada soňky on ýylyň içinde zorlanan çagalaryň sany dört esse köpeldi. Germaniýada ýylda takmynan 300 000 çaga zorlanýar, Günorta Amerikada bolsa, bir maglumata görä, her ýyl 9 000 000-a golaý çaga zorlanýar! Gynansak-da, köp çagalar öz öýündäki ynamly adamyň elinden şeýle ýagdaýa sezewar bolýar. Ýöne çagalaryň ygtybarly goragçysy ata-eneler bolmaly. Olar çagalaryny nädip gorap biler?
26. Çagalary goramagyň nähili ýoly bar we bilim çagany nädip goraýar?
26 Tejribäniň görkezişine görä, ahlak taýdan bozuk adamlar köplenç jyns gatnaşyk meselesi barada az bilýän çagalary azdyrýar. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin çaga kiçi bolsa-da, oňa düşündirmeli. Bu bilim çagany «ýaman ýoldan, egri sözli adamdan halas eder» (Süleýmanyň tymsallary 2:10—12). Nähili bilim? Bu Mukaddes Ýazgylardaky nämäniň gowy we nämäniň erbetdigini görkezýän ahlak prinsipleri baradaky bilim. Şeýle-de çaga käbir uly adamlaryň erbet işleri edýändigini hem-de uly adamlar çagadan ahlaksyz iş etmegi talap edende, olara boýun bolmaly däldigini bilmeli (Danyýel 1:4, 8; 3:16—18-nji aýatlary deňeşdiriň). Çagaňyza şeýle zatlar barada öwredeniňizde, bir sapar aýtmaklyk ýeterlikli däl. Köplenç çagalaryň ýadynda gowy galar ýaly, ençeme gezek gaýtalamaly bolýar. Çagalar ulalanda, kakasy gyzynyň, ejesi oglunyň ýeke galmaga hakynyň bardygyna hormat goýsa, oňa nämäniň edeplidigine oňat düşünmäge kömek eder. Elbetde, erbetlikden iň gowy gorag, ata-enäniň çagalaryny gözden düşürmän gözegçilik etmegidir.
HUDAÝYŇ GÖRKEZMESINI AGTARYŇ
27, 28. Ata-enelere çagany terbiýelemekde iň uly kömegiň Çeşmesi kim bolup biler?
27 Dogrudan-da, çagany bäbeklikden terbiýelemek aňsat däl, ýöne Hudaýa iman edýän ata-eneler olary terbiýelemekde ýeke däldir. Serdarlaryň döwründe ýaşan Manoý atly bir adamyň çagasy bolanda, ol çagasyny terbiýelemek üçin Ýehowadan görkezme diledi. Ýehowa onuň dilegini eşitdi (Serdarlar 13:8, 12, 24).
28 Şonuň ýaly şu günler mesihçi ata-eneler hem çagasyny terbiýelemek üçin Ýehowa doga edip ýüzlenip biler. Ata-ene bolmak kyn, ýöne bu uly sylag. Gawaýaly bir mesihçi är-aýal şeýle diýýär: «Ýetginjeklik döwri başlanýança, çagany terbiýelemek üçin siziň on iki ýyl wagtyňyz bar. Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanmaga çalyşsaňyz, çagalaryňyz Ýehowa ýürekden gulluk etmek kararyna gelende, siz şatlanarsyňyz we kalbyňyz rahatlyk tapar» (Süleýmanyň tymsallary 23:15, 16). Çagaňyz şeýle karara gelende, siz: «Ine, çagalar Rebden mirasdyr» diýip bilersiňiz.
a Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir eden edebiýaty.