Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/9 sah. 21—25
  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Sabyrly bolmak wajyp
  • Söýgi bilen terbiýelemek näme
  • Açyk gürrüňdeşlik
  • Çagany bäbeklikden terbiýeläň
    Maşgala bagtynyň syry
  • Ata-eneler we çagalar, mähirlilik bilen gürrüňdeş boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/9 sah. 21—25

Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň

«Edýän ähli zadyňyz söýgi bilen bolsun» (1 KORINTOSLYLAR 16:14).

1. Çaga dünýä inende, ata-eneler näme duýýar?

ÇAGANYŇ dünýä inmegi ata-eneleriň köpüsi üçin iň bagtly günleriň biridir. Eliýa atly bir ene şeýle diýýär: «Men doglan gyzjagazymy ilki görenimde, tolgunyp, özümi diýseň bagtly duýdum. Şeýle owadan çagany meniň birinji gezek görşümdi». Emma şeýle bagtly gün ata-eneleriň biynjalyk bolmagyna sebäp hem bolup biler. Eliýanyň ýanýoldaşy şeýle gürrüň berýär: «Gyzyma gowy ata bolup, durmuşda ýüze çykjak kynçylyklara hötde gelmegi başarar ýaly, oňa kömek edip bilerinmi diýen sowallar meni örän biynjalyk edýärdi». Şeýle sowal ata-eneleriň köpüsini biynjalyk edýär, olar çagalary söýgi bilen terbiýelemegiň wajypdygyna düşünýärler. Emma çagalaryna şeýle terbiýe bermek isleýän mesihçi ata-enelere aňsat bolmaz. Näme üçin?

2. Ata-eneler nähili kynçylyklara uçraýarlar?

2 Biz zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, şu günler daşýüreklik we diňe özüňi bilmeklik ýaly häsiýetler agdyklyk edýär. Hatda maşgala agzalary biri-birine «doňýüreklik» edip, «gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum,.. nebsine buýurmazak, zalym» bolup başladylar (2 Timoteos 3:1—5). Şeýle häsiýetli adamlar bilen her gün gürrüňdeş bolmak hatda mesihçilere we olaryň maşgaladaky gatnaşygyna hem täsir edip biler. Mundan başga-da ata-eneler bilmän göwnüňe degiji sözleri aýdyp, başga meselelerde-de oýlanman bir zat edip, nebsine buýurmazlyk ýaly miras alan häsiýetlerine garşy göreşýärler (Rimliler 3:23; Ýakup 3:2, 8, 9).

3. Ata-eneler nädip bagtly çagalary ýetişdirip bilerler?

3 Şeýle kynçylyklara garamazdan, ata-eneler bagtly we ruhy taýdan berk çagalary ýetişdirip bilerler. Nädip? Munuň üçin olar Mukaddes Ýazgylardaky: «Edýän ähli zadyňyz söýgi bilen bolsun» diýen maslahata eýermeli (1 Korintoslylar 16:14). Hawa, «kämil birligiň bagy... söýgüdir» (Koloseliler 3:14). Geliň, Pawlus resulyň Korintoslara ýazan birinji hatyndaky söýginiň üç tarapyna seredeliň we ata-eneler çagalaryny terbiýelände, bu häsiýetiň nädip kömek etjekdigini ara alyp maslahatlaşalyň (1 Korintoslylar 13:4—8).

Sabyrly bolmak wajyp

4. Ata-eneler näme üçin sabyrly bolmaly?

4 Pawlus: «Söýgi sabyrlydyr» diýip ýazdy (1 Korintoslylar 13:4). «Sabyrly» diýip terjime edilen grek sözi çydamly we gahary gelmezek diýmegi aňladýar. Näme üçin ata-eneler sabyrly bolmaly? Olaryň köpüsi munuň ençeme sebäbini aýdyp bilerler. Birnäçe mysala seredeliň. Köplenç çagalar bir zat etmek islese bir gezek sorap goýmaýarlar. Eger ata-enesi «ýok» diýip berk jogap berse-de, çaga «hawa» jogaby almak üçin gaýta-gaýta haýyş etmegi mümkin. Ýetginjekler bolsa etjek işini ata-enesi akylsyzlyk hasap etse-de, diýenini etdirmek üçin ençeme wagtlap jedel edip bilerler (Süleýmanyň tymsallary 22:15). Çagalar hem biziň ýaly bir eden ýalňyşyny birnäçe gezek gaýtalaýarlar (Zebur 130:3).

5. Ata-enelere sabyrly bolmaga näme kömek edip biler?

5 Sabyrly bolmaga ata-enelere näme kömek edip biler? Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Adamyň paýhasy onuň gaharyny köşeşdirýändir» (Süleýmanyň tymsallary 19:11). Ata-eneler özleriniň «çagaka çaga ýaly gepläp, çaga ýaly oýlanyp, çaga ýaly paýhas edýändigini» ýada salsalar, çagalarynyň edýän hereketine düşünip bilerler (1 Korintoslylar 13:11). Ata-eneler, siz çagakaňyz bolgusyz bir zady sorap, ejeňiziň ýa-da kakaňyzyň ýüregine düşen wagtyňyzy ýada salyp bilermisiňiz? Ýetginjekkäňiz ata-eneňiziň siziň duýgyňyza ýa-da ýagdaýyňyza düşünmeýär diýip pikir eden wagtyňyz boldumy? Şeýle bolsa, onda siz çagalaryň näme üçin özlerini şeýle alyp barýandygyna we olara şol bir zady yzygiderli hem-de çydamlylyk bilen ýatladyp durmalydygyna düşünýänsiňiz (Koloseliler 4:6). Kanuny çagalarynyň ýüregine «guýmaly» diýip, Ýehowanyň Ysraýylly ata-enelere aýdan sözüne seredeliň (Kanunyň gaýtalanyşy 6:6, 7). «Guýmaly» diýen ýewreý sözi «gaýtalamak, gaýta-gaýta aýtmak, täsir galdyrmak» diýmegi aňladýar. Diýmek, çaga Hudaýyň kanunyny berjaý etmegi öwrenýänçe, ata-eneler gaýta-gaýta aýtmaly. Şeýle ýatlatmalar çagalar üçin başga ýagdaýlarda-da gerek.

6. Näme üçin sabyrly bolmak başyna goýbermekligi aňlatmaýar?

6 Emma sabyrly bolmak başyna goýbermekligi aňlatmaýar. Hudaýyň Sözünde şeýle duýduryş berilýär: «Başyna goýberilen çaga... enesini utanja goýýandyr». Şeýle netije getirmez ýaly şol tymsalda: «Taýak we temmi akyldarlyk getirýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 29:15). Käwagt çagalar ata-enesiniň şeýle etmäge haky ýok diýip düşünmekleri mümkin. Emma mesihçi maşgalalarda demokratik ýol höküm sürmeýär we maşgalada tertip-düzgün ýola goýlanda, çagalaryň razylygy bilen edilmeýär. Gaýtam, Ýehowa maşgalanyň Başy hökmünde ata-enelere çagalaryny söýgi bilen öwredip, terbiýelär ýaly ygtyýar berýär (1 Korintoslylar 11:3; Efesliler 3:15; 6:1—4). Aslynda, terbiýe Pawlusyň söýgi barada aýdan indiki häsiýetleri bilen baglanyşykly.

Söýgi bilen terbiýelemek näme

7. Näme üçin çagalary terbiýelemek we öwretmek şepagatlyk bildirmegi aňladýar, muňa nämeler degişli?

7 Pawlus «söýgi... şepagatlydyr» diýip ýazdy (1 Korintoslylar 13:4). Çagalaryna hakykatdan şepagatlyk bildirýän ata-eneler olary yzygiderli terbiýeleýärler. Şeýtmek bilen olar Ýehowanyň göreldesine eýerýärler. Pawlus: «Reb söýýänini terbiýeleýändir» diýip ýazýar. Mukaddes Ýazgylardaky terbiýe diýen söz diňe bir temmi bermegi aňlatmaýar. Bu terbiýe bermegi we öwretmegi aňladýar. Şeýle terbiýäniň maksady näme? Pawlus şeýle düşündirýär: «Dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir» (Ýewreýler 12:6, 11). Ata-eneler Hudaýyň islegini şepagatlylyk bilen çagalaryna öwredip, olaryň dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýän adam bolup ýetişmegine ýardam edýärler. Eger çagalar «Rebbiň temmisini» kabul etseler, olar kümüşdir altyndan hem gymmatly akyldarlygy, düşünjäni we düşgürligi ösdürerler (Süleýmanyň tymsallary 3:11—18).

8. Ata-eneler çagalaryna terbiýe bermeseler köplenç nähili netije getirýär?

8 Emma çagalaryna terbiýe bermeýän ata-eneler olara şepagatlyk bildirmeýärler. Ýehowa öz ylhamy bilen Süleýmana şeýle sözleri ýazdyrýar: «Taýagyny gaýgyrýan ogluny ýigrenýändir; ony söýýän bolsa wagtynda ýola getirýändir» (Süleýmanyň tymsallary 13:24). Yzygiderli terbiýe almaýan çagalar diňe özüni bilýän we bagtsyz bolup ýetişerler. Hemme zada ygtyýar bermän belli bir çäk goýup, paýhaslyk we duýgurlyk bildirýän ata-eneleriň çagalary bolsa, tersine, mekdepde gowy okaýarlar, başgalara garanda ukyply bolýarlar we özlerini bagtly duýýarlar. Görşümiz ýaly, şepagatlylyk bilen terbiýeleýän ata-eneler çagalaryny söýýändigini görkezýärler.

9. Mesihçi ata-eneler çagalaryna nämäni öwretmeli we bu talaplara nähili garamaly?

9 Şepagatlylyk we söýgi bilen terbiýelemek nämäni aňladýar? Ata-eneler çagalaryndan näme talap edilýändigini açyk aýtmaly. Mysal üçin, mesihçi ata-eneler çagalaryna Mukaddes Ýazgylaryň esasy prinsiplerini bäbeklikden öwredýärler we hakyky sežde bilen bagly işlere doly gatnaşmagyň wajypdygyny görkezýärler (Çykyş 20:12—17; Matta 22:37—40; 28:19; Ýewreýler 10:24, 25). Çagalar bu talaplaryň özgermeýändigini gowy bilmeli.

10, 11. Ata-eneler maşgalada tertip-düzgüni ýola goýanda, näme üçin çagalarynyň garaýşyny göz öňünde tutmaly?

10 Emma ata-eneler maşgalada tertip-düzgüni ýola goýmanka, bu meseläni çagalary bilen ara alyp maslahatlaşmak islär. Eger çagalaryň öz pikirini aýtmaga mümkinçiligi bolsa, olar tertip-düzgüne höwes bilen gulak asarlar. Meselem, ata-eneler çagalary belli bir wagtda öýde bolmaly diýen karara gelseler, onda olar ýörite bir wagt belläp, çagalaryndan şol wagty talap etmeli. Ýa-da olar çagalary bilen maslahatlaşyp, olaryň isleýän wagtynyň sebäbini düşündirmegi soramaly. soňra çagalarynyň näçede öýde bolmalydygyny aýdyp, onuň paýhaslydygyny düşündirmeli. Eger olaryň garaýyşlary gabat gelmese, ata-eneler näme etmeli? Çagalarynyň islegi Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelmese, ata-eneler razy bolup bilerler. Bu ata-enäniň abraýyny gaçyrmaýarmy?

11 Bu soraga jogap bermek üçin Lut we onuň maşgalasyna degişlilikde Ýehowanyň öz ygtyýaryny söýgi bilen ulanyşyna seredeliň. Luty, onuň aýalyny we gyzlaryny Sodom şäherinden çykaranda, perişdeler oňa şeýle diýdiler: «Daga gaç, heläk bolaýma». Emma Lut: «Ýok, eý baýarym!» diýip jogap berýär. Soňra bolsa başga maslahat hödürläp: «Ine, şindi, bu şäher gaçmaga ýakyn we ol kiçidir. Men ol ýerde gutularyn» diýýär. Ýehowa näme jogap berýär? «Ine, bu zat üçin-de seniň göwnüňi görerin» diýýär (Barlyk 19:17—22). Ýehowa abraýyny gaçyrdymy? Elbetde gaçyrmady! Ol Lutuň haýyşyny göz öňünde tutup, oňa uly şepagatlylyk bildirdi. Ata-eneler, maşgalada tertip-düzgüni ýola goýanyňyzda, haýsy ýagdaýda çagalaryň garaýşyny göz öňünde tutup bilersiňiz?

12. Özüni ynamly duýmaga çagalara näme kömek eder?

12 Emma çagalar diňe bir tertip-düzgüni bilmek bilen çäklenmän, eýsem, ony bozanlarynda nähili temmi aljakdygyny hem bilmeli. Ata-eneler bu meseläni çagalary bilen ara alyp maslahatlaşyp, olaryň düşünendigine göz ýetirenden soň, tertip-düzgüni ýola goýmaly. Temmi bererin diýip-de, sözüni berjaý etmeýän ata-eneler çagasyny söýmeýändigini görkezýärler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Erbet iş edýän adamlara tiz höküm çykarylmaýar. Şol sebäpli adam balasynyň ýüregi erbetlik etmekden gorkmaýar» (Wagyzçy 8:11). Dogry, ata-eneler çagasyny utandyrmazlyk üçin başga çagalaryň ýanynda temmi bermän biler. Emma ata-enesiniň hatda temmi meselesinde-de «hawa» diýeni hawa, «ýok» diýeni ýok bolsa, çagalar özüni howpsuzlykda duýup, ata-enesine bolan hormaty we söýgüsi has-da artar (Matta 5:37).

13, 14. Ata-eneler çagalaryny terbiýelände, Ýehowadan nädip görelde alyp bilerler?

13 Eger söýgi bilen temmi berip, onuň kabul edilmegini islesek, çaganyň ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Pam atly bir ene şeýle ýatlaýar: «Biz iki çagamyza temmi berende, olaryň zerurlygy biri-birinden tapawutlanýardy. Birine gowy täsir eden temmi, beýlekisine täsir etmeýärdi». Onuň ýanýoldaşy Lari şeýle diýýär: «Biziň uly gyzymyz boýun egmezekdi we oňa has berk temmi bermeli bolýardy. Emma kiçi gyzymyza kesgitli bir söz aýtmak ýa-da makullamazlyk bilen garamak ýeterliklidi». Dogrudan-da, söýýän ata-eneler her çagasyna gabat gelýän temmini kesgitlemäge çalyşýarlar.

14 Ýehowa her gullukçysynyň güýçli we gowşak taraplaryny bilip, ata-enelere görelde görkezýär (Ýewreýler 4:13). Temmi bermeli bolanda, Ýehowa hiç haçan rehimsiz ýa-da öte geçirimli bolmaýar. Gaýtam, ol hemişe halkyna «gerekli derejede temmi berýär» (Ýeremiýa 30:11). Ata-eneler, siz çagalaryňyzyň güýçli we gowşak taraplaryny bilýärmisiňiz? Berýän terbiýäňiz gowy netije getirer ýaly, olaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýarmysyňyz? Şonda çagalaryňyzy söýýändigiňizi görkezersiňiz.

Açyk gürrüňdeşlik

15, 16. Ata-eneler nädip çagalaryny açyk gürrüňdeşlige höweslendirip bilerler we mesihçi ata-eneleriň bu babatda nähili netijeli usuly bar?

15 Söýginiň ýene bir tarapy «adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr» (1 Korintoslylar 13:6). Ata-eneler nädip çagalaryny dogrulygy we hakykaty söýmegi öwredip bilerler? Munuň üçin ata-eneler hatda çagalarynyň aýdýanlaryny halamasalar-da, olara duýgularyny ýürekden aýtmaga höweslendirmeli. Elbetde, çagalarynyň pikirleri we duýgulary ahlak kadalaryna gabat gelse, ata-eneler begenýärler. Eger gabat gelmese, çagalaryň ýürekden aýdýan sözleri erbet zatlara bolan höwesini bildirer (Barlyk 8:21). Şeýle ýagdaýda ata-eneler näme etmeli? Şoňa meňzeş pikiri aýdan badyna çagalary derrew düzetse bolar. Eger ata-eneler şeýtseler, onda çagalary olaryň diňe eşidesi gelýän zatlary aýtmagy öwrenerler. Elbetde, edepsiz sözleri derrew düzetmeli, ýöne çagalara nädip hormatly gepleşmegi we näme aýtmalydygyny öwretmegiň arasynda uly tapawut bar.

16 Ata-eneler nädip çagalaryny açyk gepleşmäge höweslendirip biler? Ýokarda agzalan Eliýa şeýle diýýär: «Açyk gürrüňdeşligi döretmek üçin çagalarymyz bizi biynjalyk edýän zatlary aýdanlarynda, gaty ýüregimize almazlyga çalyşýardyk». Tom atly bir ata şeýle diýýär: «Gyzymyz biziň aýdýanlarymyz bilen ylalaşmasa-da, öz ýüregindäkisini aýtmaga höweslendirýärdik. Eger biz hemişe onuň sözüni bölüp, öz islegimizi aýtsak, özüne ynamy bolmazdy we ýüregindäkisini aýtmagy öwrenmezdi. Şeýle-de biz ony diňlände, bizi-de diňlemegi höweslendirýärdik». Elbetde, çagalar ata-enesine gulak asmaly (Süleýmanyň tymsallary 6:20). Ýöne açyk gürrüňdeşlik ata-enelere çagalarynda düşgürligi ösdürmäge mümkinçilik berýär. Dört çagaly Winsent şeýle diýýär: «Çagalarymyz nämäniň gowudygyny özleri düşüner ýaly, biz köplenç belli bir netijä gelmezden öň, onuň gowy we erbet taraplaryny ara alyp maslahatlaşýardyk. Olar düşgür bolmagy öwrendiler» (Süleýmanyň tymsallary 1:1—4).

17. Ata-eneler nämä şübhelenmän biler?

17 Ata-eneler bikämil, şol sebäpli çagalaryny terbiýelemek meselesinde Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlary birkemsiz berjaý edip bilmezler. Ýöne siz sabyr, şepagatlylyk we söýgi bilen terbiýeleseňiz, çagalaryňyzyň gymmatly saýjakdygyna şübhelenmän bilersiňiz. Ýehowa siziň edýän tagallaňyza bereket berer (Süleýmanyň tymsallary 3:33). Aýratynam, ähli mesihçi ata-eneler çagalarynyň Ýehowany özleriniň söýşi ýaly söýmegini isleýär. Ata-eneler bu ajaýyp maksada nädip ýetip biler? Indiki makalada munuň käbir netijeli usullaryna serederis.

Ýadyňyzdamy?

• Paýhaslyk ata-enelere sabyrly bolmaga nädip kömek eder?

• Söýgi we şepagatlylyk biri-biri bilen nähili baglanyşykly?

• Ata-ene bilen çagalaryň arasynda açyk gürrüňdeşlik näme üçin wajyp?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş