Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/9 sah. 26—30
  • Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Tejribeli ata-eneler gowy görelde görkezýärler
  • Tejribeli ata-eneler çagalary bilen doga edýärler
  • Tejribeli ata-eneler çagalaryny Ýazgylary öwrenmegi endik etmäge höweslendirýärler
  • Parahat şertleri dörediň
  • Çaganyň jogapkärligi
  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Çagany bäbeklikden terbiýeläň
    Maşgala bagtynyň syry
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/9 sah. 26—30

Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň

«Oklar güýçli adamyň elinde nähili bolsa, ýaşlyk çagalary hem şeýledir» (Zebur 127:4).

1, 2. Haýsy manyda çagalar «güýçli adamyň elindäki» oklara meňzedilýär?

ÝAÝ ATYJY nyşana atmaga taýýarlanýar. Ol oky ykjam bilen ýaýa goýup, onuň kirşini çekýär. Munuň üçin ünsüňi jemlemeli bolsa-da, ol howlukman oky nyşana dogrulaýar we diňe şondan soň ony atýar. Ol nyşana degermi? Bu ýaý atyjynyň tejribesine, ýeliň täsirine we okuň hiline bagly.

2 Süleýman patyşa çagalary güýçli adamyň elindäki oklara meňzedýär (Zebur 127:4). Bu mysala ýakyndan seredeliň. Ýaý atyjynyň elinde ok bary-ýogy biraz wagt bolýar. Nyşana deger ýaly ol tiz atmaly. Şonuň ýaly çagalaryň Ýehowa ýürekden bolan söýgüsini ösdürmek üçin ata-eneleriň wagty çäkli. Birnäçe ýyldan çagalar ulalyp, özbaşdak durmuş gurarlar (Matta 19:5). Olar nyşana degerlermi, başgaça aýdanda, çagalar öýüni terk edenden soň, Ýehowany söýmegi we oňa gulluk etmegi dowam edermi? Bu birnäçe zada, ýagny ata-enäniň tejribesine, çagalaryň terbiýe alýan ýagdaýyna we olaryň terbiýä seslenişine bagly. Geliň, şularyň üçüsine jikme-jik seredeliň. Ilki bilen, tejribeli ata-ene diýmegiň nämäni öz içine aňladýandygyny ara alyp maslahatlaşalyň.

Tejribeli ata-eneler gowy görelde görkezýärler

3. Näme üçin ata-eneleriň aýdýany edýän işlerine gabat gelmeli?

3 Isa öwreden zatlary boýunça ýaşap, ata-enelere gowy görelde galdyrdy (Ýahýa 13:15). Ol «aýdyp-da, özleri etmeýän» fariseýleri ýazgardy (Matta 23:3). Çagalarda Ýehowa söýgini döretmek üçin ata-eneleriň aýdýan sözleri edýän işlerine gabat gelmeli. Eger aýdýany bir, edýäni başga bolsa, bu kirişsiz ýaý kimindir (1 Ýahýa 3:18).

4. Ata-eneler nähili soraglary özlerine berse paýhasly bolardy we näme üçin?

4 Näme üçin ata-eneleriň göreldesi zerur? Uly adamlar Isanyň göreldesine, çagalar bolsa ata-enesiniň göreldesine eýerip Ýehowany söýmegi öwrenýärler. Çaganyň daş-töweregi oňa ýa gowy täsir edip ýa-da «ýagşy ahlagyny bozup» biler (1 Korintoslylar 15:33). Durmuşyň ep-esli wagtyny, ýagny kämillik ýaşyna ýetýänçä çaga köp wagtyny ata-enesi bilen geçirýär, şol sebäpli bu ýagdaý olaryň durmuşyna has köp täsir edýär. Şoňa görä ata-eneler özlerine şeýle soraglary berse paýhasly bolardy: Men çagama nähili täsir edýärin? Meniň göreldäm çagama peýdaly endikleri ösdürmäge höweslendirýärmi? Doga etmek we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek ýaly wajyp meselelerde men nähili görelde görkezýärin?

Tejribeli ata-eneler çagalary bilen doga edýärler

5. Ata-enesiniň dogasyndan çagalar näme öwrenip biler?

5 Çagalar siziň edýän dogalaryňyzy eşidip, Ýehowa barada köp zady öwrenip biler. Eger nahar edineniňizde, Hudaýa minnetdarlyk bildirip, Mukaddes Ýazgylary öwrenende doga etseňiz, nähili netije çykarar? Olar ten zerurlygymyzyň Ýehowanyň üpjün edýändigine, ruhy hakykaty onuň öwredýändigine we munuň üçin minnetdar bolmalydygyna düşünerler. Bu örän wajyp sapakdyr (Ýakup 1:17).

6. Ata-eneler çagalaryna Ýehowanyň olar barada aýratyn alada edýändigini nädip görkezip biler?

6 Ýöne siz nahardan we maşgala okuwyndan başga wagty hem, özüňize, çagalaryňyza degişli meselelerde doga etseňiz, has gowy netije gazanarsyňyz. Ýehowa siziň maşgalaňyzda birinji orun tutup, siziň her biriňiz barada aýratyn alada edýändigine düşünmäge çagalaryňyza kömek edip bilersiňiz (Efesliler 6:18; 1 Petrus 5:6, 7). Bir ata şeýle gürrüň berýär: «Gyzymyz doglandan biz onuň bilen bile doga edip başladyk. Ol ulalanda, biz onuň paýhaslyk bilen dost saýlamagyny we oňa täsir edýän başga meseleler barada-da doga edýärdik. Durmuşa çykýança, biz onuň bilen doga etmän bir güni-de geçirmedik». Sizem çagalaryňyz bilen her gün doga edip bilermisiňiz? Siz olara Ýehowany diňe bir ten we ruhy zerurlyklary üpjün etmän, eýsem, duýgy taýdan hem alada edýän Dost hökmünde tanadyp bilermisiňiz? (Filipililer 4:6, 7).

7. Aýdyň doga etmek üçin ata-eneler näme bilmeli?

7 Aýdyň doga etmek üçin, elbetde, siz çagaňyzyň durmuşynda nämeleriň bolup geçýändigini bilmelisiňiz. Iki gyzy kemala getiren atanyň sözlerine üns bereliň: «Her hepdäniň ahyrynda men özüme iki sowal berýärdim: Şu hepde çagalarymy näme biynjalyk etdi? Olaryň durmuşynda nähili gowy zatlar bolup geçdi?» Ata-eneler, siz şuňa meňzeş soraglary özüňize berip, soňra çagalaryňyz bilen doga edende, olary aýdyp bilermisiňiz? Şeýle etseňiz, siz çagalaryňyzy diňe bir Dogalary eşidýän Ýehowa doga etmegi däl, eýsem, ony söýmegi hem öwredersiňiz (Zebur 65:2).

Tejribeli ata-eneler çagalaryny Ýazgylary öwrenmegi endik etmäge höweslendirýärler

8. Näme üçin ata-eneler çagalaryna Mukaddes Ýazgylary öwrenmek endigini ösdürmäge kömek etmeli?

8 Ata-eneleriň Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge bolan garaýşy çaganyň Hudaý bilen gatnaşygyna nähili täsir edip biler? Islendik gatnaşygy ösdürmek we berkitmek üçin diňe bir özüň geplemän, eýsem, diňläp hem başarmaly. Biz Mukaddes Ýazgylary «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlan edebiýatlary bilen öwrenende Ýehowany diňleýäris (Matta 24:45—47; Süleýmanyň tymsallary 4:1, 2). Şol sebäpli çagalar Ýehowa bilen berk gatnaşygy ösdürer ýaly, ata-eneler olary Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi endik etmäge höweslendirmeli.

9. Ýazgylary öwrenmegi endik edinmäge çagalara nädip kömek edip bolar?

9 Çagalara Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi endik edinmäge nädip kömek edip bolar? Bu ýagdaýda-da iň gowy görelde ata-eneler bolup biler. Çagalar siziň Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamagy we öwrenmegi halaýandygyňyzy görýärlermi? Belki, size çagalaryň aladasy bilen okamak, öwrenmek üçin wagt tapmak kyn bolýandyr. Onda özüňize şeýle sorag berip bilersiňiz: «Çagalar meniň hemişe telewizoryň öňünde oturanymy görýärlermi?» Şeýle bolsa, onda siz biraz wagtyňyzy şahsy okuwa bagyş edip, çagalara gowy görelde görkezip bilermisiňiz?

10, 11. Näme üçin ata-eneler maşgala okuwyny yzygiderli geçirmeli?

10 Mundan başga-da ata-eneler maşgala okuwyny yzygiderli geçirip, çagalara Ýehowany diňlemegi öwredip bilerler (Işaýa 30:21). Käbiri şeýle sorag berip biler: «Eger ata-eneler çagalary bilen bile ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýan bolsalar, maşgala okuwyny geçirmek nämä gerek?» Munuň ençeme sebäbi bar. Ýehowa ata-enelere çagalaryny öwretmegi tabşyrdy (Süleýmanyň tymsallary 1:8; Efesliler 6:4). Maşgala okuwy çagalara hakyky seždäniň göz üçin edilýän däp-dessur däl-de, maşgala durmuşynda esasy orun tutýandygyna düşünmäge kömek edýär.

11 Şeýle-de maşgala okuwy ýokary hilde geçirilse, ata-enelere ruhy we ahlak meselesinde çagalarynyň pikirini bilmäge mümkinçilik berýär. Meselem, çagalar kiçi bolsa, ata-eneler «Beýik Mugallymdan öwren» diýen edebiýaty ulanyp bilera. Okuw geçende, onuň her bir abzasy çagalara öz pikirini aýtmaga kömek eder. Kitapdaky Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlar, ata-eneler çagalarynyň «ýagşy bilen ýamany tanamak» ukyplaryny kämilleşdirmäge kömek edip biler (Ýewreýler 5:14).

12. Ata-eneler maşgala okuwyny geçirende, nädip çagalarynyň zerurlygyny göz öňünde tutup biler we munuň üçin siz näme edýärsiňiz?

12 Çagalar ulaldygyça, maşgala okuwyny olaryň zerurlyklaryna görä geçirmeli. Bir är-aýalyň ýetginjek gyzlaryna mekdepde geçirilýän tansa paýhasly garamaga kömek eden mysala seredeliň. Kakasy şeýle diýýär: «Biz indiki maşgala okuwynda, men we aýalym çagalaryň ornunda, gyzlarym bolsa ata-enäniň ornunda bolar diýip gepleşdik. Olaryň biri eje, beýlekisi kaka bolmagy saýladylar, emma tansa degişli mowzugy bile tapmalydylar». Bu nähili netije getirdi? Kakasy gürrüňini dowam edip, şeýle diýýär: «Gyzlarymyz ata-ene hökmünde bize, çagalara Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, tansa gatnaşmagyň paýhasly däldigini düşündirende geň galdyk. Soňra olar tansa derek başga mümkinçiligi saýlamagy maslahat berende, bize has-da täsir etdi. Bu bize olaryň pikirine we islegine düşünmäge kömek etdi». Hawa, maşgala okuwyny yzygiderli, netijeli geçirmek üçin erjellik we döredijilik ukyby talap edilýär, ýöne aljak sylagymyz şoňa degýär (Süleýmanyň tymsallary 23:15).

Parahat şertleri dörediň

13, 14. a) Ata-eneler nädip öýde parahat şertleri döredip biler? b) Ata-eneleriň ýalňyşyny boýun almagy nähili gowy netije bermegi mümkin?

13 Ýelsiz howa bolsa, megerem, ok nyşana deger. Şonuň ýaly-da, eger ata-eneler öýde parahat ýagdaýy döretseler, çagalaryň Ýehowany söýmegi ähtimaldyr. Ýakup şeýle ýazdy: «Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir» (Ýakup 3:18). Ata-eneler nädip öýde parahat ýagdaýy döredip biler? Är-aýal nika gatnaşyklaryny berkitmeli. Eger är-aýal bir-birini söýüp, hormat goýsalar, çagalaryna adamlary we şol sanda Ýehowany söýmegi, sylamagy öwredip bilerler (Galatýalylar 6:7; Efesliler 5:33). Söýgi we sylaşyk parahatlygy döredýändir. Şeýle-de parahat är-aýal maşgalada döreýän agzalalygy üstünlikli çözerler.

14 Elbetde, är-aýal bikämil we ýer ýüzünde kämil maşgala ýok. Ata-eneler çagalaryny terbiýelände, ruhy miweleri bildirmekde şowsuzlyga uçrap biler (Galatýalylar 5:22, 23). Şeýle ýagdaý bolanda, ata-eneler näme edip biler? Eger olar ýalňyşandygyny boýun alsalar, çagalarynyň olara bolan sylaşygy gaçarmy? Pawlus resulyň mysalyna seredeliň. Ol köp mesihçileriň ruhy atasydy (1 Korintoslylar 4:15). Emma ol öz kemçiliklerini açyk aýdýardy (Rimliler 7:21—25). Onuň kiçigöwünliligi we akýürekliligi abraýyny gaçyrman, gaýtam, has köp hormat goýmaga höweslendirýär. Kemçiliklerine garamazdan, Pawlus Korintosdaky ýygnaga şeýle sözleri ynam bilen ýazdy: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» (1 Korintoslylar 11:1). Eger siz ýalňyşyňyzy çagalaryň öňünde boýun alsaňyz, mümkin, çagalar olara kän üns bermez.

15, 16. Näme üçin ata-eneler çagalaryny dogan-uýalary söýmäge höweslendirmeli we munuň üçin näme edip bilersiňiz?

15 Ata-eneler çagalary Ýehowany söýüp ulalar ýaly, ýene nähili şertleri döredip bilerler? Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Kim: «Hudaýy söýýärin» diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr. Çünki özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» (1 Ýahýa 4:20, 21). Diýmek, eger siz çagalaryňyzy mesihçi dogan-uýalary söýmegi öwretseňiz, Hudaýy söýmegi öwredýärsiňiz. Ata-eneler özüne şeýle sorag berseler gowy bolardy: «Ýygnak duşuşyklary barada men abatlaýjy ýa-da tankydy äheňde aýdýarynmy?» Muny nädip bilip bolar? Çagalaryňyzyň ýygnak duşuşyklary we dogan-uýalar barada näme diýýänine üns beriň. Olaryň sözleri siziň sözleriňizi görkezer.

16 Ata-eneler çagalaryna dogan-uýalary söýmegi nädip kömek edip bilerler? Iki ýetginjek ogully bir ata şeýle diýýär: «Ogullarymyz kiçi wagtynda-da biz öýe ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalary nahar edinmäge, gürrüňdeş bolmaga çagyrýardyk, biz olar bilen köp şatlykly wagtlarymyzy geçirdik. Biziň ogullarymyz Ýehowany söýýän adamlaryň arasynda ulaldylar, häzir olar Hudaýa gulluk etmegi şatlykly ýol hasaplaýarlar». Denisiň bäş gyzy bar, ol şeýle diýýär: «Biz gyzlarymyzy ýygnakdaky ýaşy bir çene ýeten pionerler bilen dostlaşmaga höweslendirýärdik we mümkinçilik bolanda, aýlanýan gözegçini aýaly bilen myhmançylyga çagyrýardyk». Siz hem çagalaryňyza ýygnak duşuşyklaryna uly maşgala hökmünde garar ýaly kömek edip bilermisiňiz? (Markus 10:29, 30).

Çaganyň jogapkärligi

17. Çagalar nämäni özleri çözerler?

17 Geliň, ýene-de ýaý atyjynyň mysalyna seredeliň. Eger ol tejribeli bolsa-da, egri oky atsa, nyşana degmez. Elbetde, ata-eneler oky göneltmäge jan ederler, başgaça aýdanda, çagalarynyň nädogry pikirlerini düzetmäge çalşarlar. Ýöne bu dünýäniň täsir etmegine ýa-da «ýodalaryny dogrular» ýaly özlerini Ýehowanyň eline bermegi, netijede, çagalaryň özleri çözerler (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; Rimliler 12:2).

18. Çaganyň saýlan ýoly başgalara nähili täsir edip biler?

18 Ata-eneleriň çagalaryny «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmakda» möhüm jogapkärçiligi bolsa-da, nähili ýol saýlajakdygyny çaganyň özi çözýär (Efesliler 6:4). Şol sebäpli çagalar, özüňize şeýle sorag beriň: «Ata-enemiň söýgi bilen berýän terbiýesini kabul ederinmi?» Kabul etseň, sen durmuşda iň gowy ýoly saýlarsyň. Sen ejeňi, kakaňy örän begendirersiň. Esasanam, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:11).

a Ýehowanyň Güwäçileriniň neşir eden kitaby.

Ýadyňyzdamy?

• Ata-eneler doga etmekde we Mukaddes Ýazgylary öwrenmekde nähili görelde berip biler?

• Ata-eneler öýde parahat şertleri nädip döredip biler?

• Çagalar haýsy meseläni özleri çözmeli, olaryň saýlan ýoly başgalara nähili täsir eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş