Ata-eneler we çagalar, mähirlilik bilen gürrüňdeş boluň!
«Her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa bolsun». ÝAKUP 1:19
1, 2. Ata-eneler hem çagalar bir-birine nähili garaýarlar we käte nähili kynçylyga uçraýarlar?
BIR kitapda ABŞ-da ýaşaýan ýüzlerçe çagalara şeýle soragyň berlendigi aýdylýar: «Eger siz ata-eneňiziň ertir dünýäden ötjekdigini bilseňiz, olara näme diýerdiňiz?» Çagalaryň takmynan 95 göterimi ata-enesini biynjalyk etmezlik üçin kynçylyklary we aladalary barada däl-de, şeýle sözleri aýtjakdyklaryny belläp geçdiler: «Eden ýalňyşlarym üçin meni bagyşlaň. Men sizi örän söýýärin!» («For Parents Only», Şonti Feldan we Liza Raýs).
2 Umuman, çagalar ata-enesini, ata-eneler hem çagalaryny söýýärler. Şeýle söýgini, esasan-da, mesihçi maşgalasynda görse bolýar. Muňa garamazdan, olara käte gürrüňdeş bolmak kyn düşýär. Olar ýürekden we aç-açan gürrüňdeş bolan ýagdaýynda-da, käbir meseleler babatda asla gürrüň etmeýärler. Bu näme sebäpden bolýar? Gowy gürrüňdeşlige näme päsgel berýär? Olar muny nädip ýeňip bilerler?
GÜRRÜŇDEŞ BOLMAGA WAGT TAPYŇ
3. a) Köp maşgalalara gowy gürrüňdeş bolmak näme üçin kyn düşýär? b) Ysraýyllylara maşgala agzalary bilen gürrüňdeş bolmak näme üçin aňsatdy?
3 Köp maşgala agzalarynyň aýtmagyna görä, gowy gürrüňdeşlik üçin wagt tapmak kyn. Ýöne gadymy Ysraýylda beýle bolmandyr. Musa ysraýylly atalara şeýle diýipdi: «Bulary (Hudaýyň sözlerini) çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin» (Kan. tag. 6:6, 7). Çagalar uzak gününi öýde ejesi bilen ýa mellekde kakasy bilen, ýa-da kakasynyň iş ýerinde geçiripdirler. Şonda olaryň bile bolmaga we gürrüň etmäge wagtlary bolýardy. Bu ata-enelere çagalarynyň zerurlygyny, isleg-arzuwyny hem-de häsiýetlerini bilmäge mümkinçilik berýärdi. Çagalara bolsa, ata-enesi bilen dostlaşmaga kömek edýärdi.
4. Köp maşgala agzalary näme üçin gürrüňdeş bolmaýarlar?
4 Emma häzirki döwür örän tapawutlanýar. Käbir ýurtlarda çagalary kiçilikden, hatda iki ýaşyndan mekdebe berýärler. Köp ata-eneler uzak ýerde işleýärler. Olar öýde biraz wagt bile bolsalar-da, telewizora, kompýutere ýa-da başga zatlara güýmenip geçirýärler. Köp halatlarda ata-eneler we çagalar bir öýde ýaşasalar-da, özlerini keseki ýaly alyp barýarlar. Olar bir-biri bilen asla gürrüňdeş bolmaýan ýaly görünýär.
5, 6. Käbir ata-eneler köp wagtyny çagalary bilen geçirmek üçin näme edýär?
5 Siz köp wagtyňyzy maşgala agzalaryňyz bilen geçirmek üçin näme edip bilersiňiz? (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň). Käbirleri telewizora ýa-da kompýutere sarp edýän wagtyny çäklendirdiler. Käbiri bolsa, günüň dowamynda iň bolmanda bir gezek saçak başynda bile ýygnanyşmaga çalyşýarlar. Maşgala okuwy ata-enelere we çagalara bir-biri bilen dostlaşmaga hem-de ruhy gürrüňleri etmäge gowy mümkinçilik döredýär. Emma aç-açan gürrüňdeş bolmak üçin bu ýeterlikli däl. Munuň üçin yzygiderli we ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmak gerek. Siz çagaňyza mekdebe gitmänkä ruhlandyryjy gürrüňleri aýdyň, bile doga etmegi teklip ediň ýa-da gündelik aýady bile ara alyp maslahatlaşyň. Bu siziň çagaňyza güýçli täsir eder.
6 Käbir ata-eneler köp wagtyny çagalary bilen geçirmek üçin gün tertibini özgertdiler. Meselem, iki ýaş çagasyny ýeke özi ekleýän bir aýal uzakly gün işleýän işinden çykýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Irden biziň ählimiz işe ýa-da mekdebe gitmek üçin gapydan ylgaşyp çykýardyk. Agşam işden öýe gelenimde, çagalarym eýýäm süýji ukuda bolýardy, olara eneke seredýärdi. Işden çykanymdan soň, biz az pul bilen oňmaly bolýarys, ýöne men indi çagalarymyň pikirini we kynçylyklaryny bilýärin. Men olaryň eden dogasyny diňleýärin we olara görkezme berip, ruhlandyryp hem-de öwredip bilýärin».
«EŞITMEKDE ÇALT» BOLUŇ
7. Çagalar hem-de ata-eneler nämeden nägile bolýarlar?
7 Ýokarda agzalan kitabyň awtorlary ýaşlaryň köpüsinden interwýu alandan soňra, gürrüňdeşlige ýene-de nämäniň päsgel berýändigini aýtdylar: «Ýaşlaryň köpüsi ata-enesinden nägile bolup, „Olar bizi diňlemeýärler“ diýýärler». Emma ata-eneler hem çagalary barada şeýle pikir edýärler. Maşgala agzalary aç-açan gürrüňdeş bolmak üçin bir-birini diňlemeli. Hawa, ünsli diňlemek wajyp (Ýakup 1:19-y okaň).
8. Ata-eneler çagalaryny nädip ýürekden diňläp bilerler?
8 Ata-eneler, siz çagalaryňyzy ýürekden diňleýärmisiňiz? Belki-de, size ýadaw wagtyňyz ýa-da wajyp däl zatlar barada gürrüň berenlerinde diňlemek kyn bolýandyr. Ýöne size wajyp däl ýaly bolup görünýän zatlar çagaňyz üçin wajyp bolýandygyny unutmaň. «Eşitmekde çalt boluň» diýmeklik, çagaňyzyň diňe bir näme diýýändigine däl-de, eýsem, ony nädip aýdýandygyna ünsli bolmagy aňladýar. Çaganyň gepleýiş äheňinden, el we ýüz hereketinden onuň duýgulary barada köp zatlary bilse bolýar. Sorag bermek hem wajypdyr. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Maslahat ynsanyň ýüreginde çuň suw ýalydyr; düşünjeli adam bolsa ony çekip çykarar» (Sül. tym. 20:5). Esasanam, çagalaryňyz bilen kyn mesele barada gürrüň etjek bolanyňyzda, paýhasly we düşgür bolmaly.
9. Çagalar ata-enesine näme üçin gulak asmaly?
9 Çagalar, siz ata-eneňize gulak asýarmysyňyz? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Oglum, ataň tälimini eşit, eneň öwredenlerini taşlama» (Sül. tym. 1:8). Ata-eneňiziň sizi söýýändigini we diňe ýagşylyk isleýändigini unutmaň. Şol sebäpli olara gulak asyň we tabyn boluň (Efes. 6:1). Eger maşgalada gowy gürrüňdeşlik we söýgi bolsa, gulak asmaklyk has-da aňsat bolar. Ata-eneňize duýgyňyz barada gürrüň beriň. Bu olara siziň ýagdaýyňyza düşünmäge kömek eder. Ýöne siz hem olara düşünjek bolmaly.
10. Biz Rehabgam bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bileris?
10 Sen deň-duşlaryňyň berýän maslahatyndan örän seresap bolmaly. Olaryň maslahaty gulagyňa ýakymly bolsa-da, ähli ýagdaýlarda kömek etmez, hatda zyýanly bolup-da biler. Köp ýaşlarda uly adamlaryňky ýaly akyldarlyk we tejribe bolmaýar. Ýaşlaryň köpüsi gelen kararynyň gelejege nähili zyýan ýetirjekdigi barada oýlanmaýar. Süleýman patyşanyň ogly Rehabgam bilen bolan wakany ýada salalyň. Ol Ysraýyla patyşa edip bellenende, ýaşulularyň maslahatyna gulak asmagyň deregine, bile önüp-ösen deň-duşlarynyň akylsyz maslahatyna eýerdi. Netijede, köp adamlar oňa garşy pitne turuzdylar (1 Pat. 12:1—17). Rehabgama meňzemejek boluň. Ata-eneňize öz pikiriňizi we duýgyňyzy açyk aýtmaga çalşyň. Olaryň berýän maslahatyna gulak asyň we akyldarlygyndan öwreniň.
11. Ata-eneler mähirli we kiçigöwünli bolsalar nähili netije berer?
11 Ata-eneler, siz çagalaryňyzyň deň-duşlaryndan maslahat soramagyny islemeseňiz, özüňizi mähirli we kiçigöwünli alyp baryň. Bir ýetginjek uýa şeýle ýazýar: «Men bir oglanyň adyny agzan badyma, ata-enem biynjalyklanyp başlaýarlar. Şonda men özümi oňaýsyz duýup, gürrüňi dowam etmek islemeýärin». Başga bir ýetginjek uýa şeýle diýýär: «Ýetginjekleriň köpüsi ata-enesiniň maslahat bermegini isleýärler, ýöne ata-eneler olara çynlakaý garamasa, çagalar başga birine, hatda tejribesi bolmadyk adamlara ýüz tutarlar». Eger siz çagalaryňyzyň ähli gürrüň berýän zatlaryny duýgudaşlyk bilen diňleseňiz, olar siziň bilen aç-açan gürrüňdeş bolarlar we maslahatyňyza höwes bilen gulak asarlar.
«GEPLEMEKDE ASSA» BOLUŇ
12. Ata-eneler çagalarynyň aýdýanlaryna ters düşünseler nämä päsgel berer?
12 Ata-eneler çagalarynyň aýdýan zatlaryna ters düşünseler hem gürrüňdeşlige päsgel berer. «Soňky günlerde» çagalara hem ruhy taýdan, hem başga taraplardan howp abanýar. Şol sebäpli mesihçi ata-eneler çagalaryny goramak isleýärler (2 Tim. 3:1—5). Emma çagalar muňa nädogry düşünip, özüni erkinlikden mahrum edilýän ýaly duýmaklary mümkin.
13. Näme üçin ata-eneler pikirini aýtmaga howlukmaly däl?
13 Ata-eneler pikirini aýtmaga howlukmasalar paýhasly bolardy. Elbetde, çagalaryňyz sizi biynjalyk edýän zatlar barada gürrüň berenlerinde, olary rahatlyk bilen diňlemek aňsat bolmaýar. Emma şonda-da olary öňürti ünsli diňlejek boluň. Akyldar patyşa Süleýman: «Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr, utançdyr» diýdi (Sül. tym. 18:13). Şol sebäpli parahatlygy elden bermän, çagaňyzy sabyrly diňläň. Şonda siz ýagdaýa doly göz ýetirersiňiz we onuň näme üçin «oýlanyşyksyz gepländigine» düşünersiňiz (Eýýup 6:1—3). Hawa, siz söýýän ata-ene hökmünde gulagyňyzy eşitmek, diliňizi şypa bermek üçin ulanyň.
14. Näme üçin çagalar geplemekde assa bolmaly?
14 Çagalar, siz hem «geplemekde assa bolmaly», ýagny ata-eneňiziň aýdýanlaryna derrew garşy çykmaly däl. Sebäbi olar sizi terbiýelemekde Hudaýyň öňünde borçludyrlar (Sül. tym. 22:6). Belki-de, olar siziň häzirki ýagdaýyňyzy başdan geçirendirler. Olar ýaşlykda goýberen ýalňyşyna ökünip, sizi şeýle zatlardan goramak isleýändirler. Şol sebäpli ata-eneňizi duşman däl-de, dost hasaplaň. Olar size zyýan ýetirmek islemeýärler (Süleýmanyň tymsallary 15:31-i okaň). «Ataňy, eneňi syla» we olaryň seni söýşi ýaly, sen hem olara söýgiňi bildir. Şonda ata-eneňe «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen (seni) ulaltmak» aňsat bolar (Efes. 6:2, 4).
«GAHARLANMAKDA ASSA» BOLUŇ
15. Dogan-garyndaşlarymyz bilen sabyrly bolmaga bize näme kömek eder?
15 Bize dogan-garyndaşlarymyz bilen özümizi sabyrly alyp barmak hemişe aňsat bolmaýar. Pawlus resul Kolosedäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň. Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin» (Kol. 1:1, 2; 3:19, 21). Pawlus Efeslilere: «Her ýamanlyk bilen birlikde... gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun» diýip maslahat berdi (Efes. 4:31). Eger biz Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan sabyrlylyk, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetleri ösdürsek, kyn ýagdaýlarda-da özümizi rahat alyp bararys (Gal. 5:22, 23).
16. Isa şägirtlerine nädip düzediş berdi we onuň bize nähili ähmiýeti bar?
16 Geliň, Isa bilen bolan waka seredeliň. Ol resullary bilen iň soňky agşamy nahar iýmäge ýygnanyşanda, onuň başdan geçiren agyr ýagdaýyny göz öňüne getireliň. Isa birnäçe sagatdan ejir çekip öljekdigini bilýärdi. Eger ol Hudaýa wepaly galsa, Atasynyň adyny mukaddesläp, ynsan maşgalasyny halas ederdi. Emma şol agşamky naharda resullaryň «aralarynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada jedel turýar». Isa olara gaharlanmady, gaty söz-de aýtmady, gaýtam, rahatlyk bilen düzediş berdi we kyn ýagdaýlarda olaryň goldaw berendigini aýtdy. Şeýtan şägirtleri bugdaý kimin elemegi sorasa-da, Isa olaryň wepaly galjakdygyna ynam bildirdi. Hatda olar bilen äht baglaşdy (Luka 22:24—32).
17. Çagalara rahatlygy saklamaga näme kömek eder?
17 Ata-eneler, siz Isanyň galdyran göreldesi barada oýlanyň. Esasan-da, ýetginjek çagalar ata-enesiniň berýän görkezmesine şübhelenip bilerler. Şeýle ýagdaýda çagalar ata-eneňiň söýgüsini we edýän aladasyny göz öňüne tutmaly. Eger sen ata-eneňi sabyrly diňläp, berýän görkezmesini kabul etseň, jogapkärli adam bolandygyňy görkezersiň we olaryň ynamyny gazanarsyň. Şonda ata-eneň saňa köpräk erkinlik berer. Özüne erk edýän adam — paýhaslydyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalyk edýändir» diýilýär (Sül. tym. 29:11).
18. Söýgi häsiýeti gürrüňdeşlige nädip kömek edýär?
18 Mähriban ata-eneler we çagalar, maşgala agzalaryňyz bilen gowy gürrüňdeşlik edip bilmeseňiz, ruhdan düşmäň. Munuň üçin tagalla ediň we Hudaýyň Sözündäki maslahata eýeriň (3 Ýahýa 4). Çünki täze dünýäde adamlar kämil bolar we birek-birek bilen düşünişmezlik, öýke-kine bolmaz. Emma biz şu günler ýalňyşlyk goýberip bileris. Şol sebäpli ýürekden bagyşlap, ötünç soramakdan çekinmäň we «söýgüde birigiň» (Kol. 2:3). Söýgi güýçlüdir, «sabyrlydyr, şepagatlydyr... Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr» (1 Kor. 13:4—7). Eger biz söýgini ösdürsek, has gowy gürrüňdeşlik ederis. Bu maşgala bagt getirer we Ýehowany şöhratlandyrar.