ÝEDINJI BAP
Öýde pitneçi bolsa...
1, 2. a) Isa ýehudy dini ýolbaşçylaryň biwepalygyny görkezmek üçin nähili mysaly gürrüň berdi? b) Isanyň mysalyndan ýetginjekler barada näme öwrenýäris?
ISA ölmezinden birnäçe gün öň, ýehudy dini ýolbaşçylaryna oýlandyryjy sowal berdi. Ol şeýle diýdi: «Siz şu barada näme pikir edýärsiňiz? Bir adamyň iki çagasy bardy. Ol birinjisine: „Balam, şu gün gidip üzümçilikde işle“ diýýär. Ol bolsa: „Ýok, gitjek däl“ diýýär. Ýöne soňra aýdanyna ökünip, işlemäge gidýär. Ol adam ikinji çagasynyň hem ýanyna baryp, şol sözleri aýdýar. Ol bolsa: „Bolýar, hojaýyn“ diýýär-de, ýöne gitmeýär. Bu iki çaganyň haýsysy atasynyň diýenini etdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler (Matta 21:28—31).
2 Isa bu mysal arkaly ýehudy ýolbaşçylarynyň biwepalygyny görkezýär. Olar ikinji ogul ýaly Hudaýyň yradasyny ýerine ýetirjek diýip, beren sözünde tapylmadylar. Ata-eneleriň köpüsi Isanyň bu mysalyndan onuň maşgala durmuşyny gowy bilýändigine düşünýärler. Mysalda ýaşlaryň köplenç näme barada pikir edýändigini we näme etjekdigini öňünden bilmegiň kyndygy gowy beýan edilýär. Ýaşlar ýetginjek döwründe köp azar berseler-de, ulalansoň jogapkärli, abraýly adam bolup ýetişmekleri mümkin. Muny pitneçi ýetginjegiň döredýän kynçylyklaryna seredenimizde ýadymyzdan çykarmaly däl.
PITNEÇI DIÝIP KIME AÝDYLÝAR?
3. Näme üçin ata-eneler çagasyna pitneçi diýmäge howlukmaly däl?
3 Ýetginjekleriň käte ata-enelerine göz-görtele garşy çykýandygyny eşidýäris. Belki, siziň özüňizem başartmajak ýaly görünýän ýetginjekli maşgalany bilýänsiňiz. Emma çaganyň pitneçi ýa-da pitneçi däldigini bilmek aňsat däl. Galyberse-de, näme sebäpden bir maşgaladaky çagalaryň biriniň pitne turzup, beýlekisiniň turuzmaýandygyna düşünmek kyn. Eger ata-ene çagasynyň gün-günden pitneçä öwrülýändigini görse näme etmeli? Bu soraga jogap bermek üçin, ilki bilen, pitneçiniň kimdigini bileliň.
4—6. a) Pitneçi diýip kime aýdylýar? b) Ýetginjek gulak asmasa, ata-eneler nämäni unutmaly däl?
4 Ýönekeý dil bilen aýdanyňda, bilgeşleýin we kesirlik bilen häkimiýete boýun bolmaýan ýa-da garşy çykýan adama pitneçi diýilýär. Elbetde, «akylsyzlyk çaganyň ýüreginde kök urandyr» (Süleýmanyň tymsallary 22:15). Şonuň üçin käwagt çagalaryň hemmesi ata-enesine ýa-da häkimiýete garşy çykýarlar. Köplenç şeýle ýagdaý ýetginjek döwründe, çaga beden we duýgy taýdan ösende döreýär. Durmuşdaky özgerişler sebäpli her bir adam sarsgyn ýagdaýa düşýär, ýetginjeklik döwri bolsa özgerişlerden doly. Siziň ýetginjek ogluňyz ýa-da gyzyňyz çagalyk dünýäsini taşlap, uly adamlaryň hataryna goşulýar. Şonuň üçin ýetginjeklik döwri çaga bilen ata-enäniň arasynda kynçylyklaryň döremegi mümkin. Ýetginjekler bu döwrüň çalt geçmegini isleýär, ata-eneler bolsa köplenç oýlanman ony haýallatmaga çalyşýarlar.
5 Pitneçi ýetginjek ata-enesiniň hormatlaýan zatlaryny ret edýär. Emma ýadyňyzda bolsun, çaganyň birnäçe gezek gulak asmanlygy sebäpli oňa pitneçi diýip bolmaz. Ruhy taýdan seredenimizde, käbir çagalar Mukaddes Ýazgylar barada onçakly gyzyklanmaýar, käbiri bolsa asla gyzyklanmaýar, emma bu olaryň pitneçidigini aňlatmaýar. Şol sebäpli çagaňyza pitneçi diýmäge howlukmaň.
6 Çagalaryň ählisi ýetginjeklik döwri ata-enäniň baştutanlyk etmegine garşy çykýarmy? Ýok. Durmuşdan görnüşi ýaly, pitne turuzýan ýetginjekler gaty az. Eger çaga kesirlik bilen pitne turuzmagyny dowam etse näme etmeli? Ol näme üçin pitne turuzýar?
PITNEÇI BOLMAGYŇ SEBÄPLERI
7. Şeýtanyň dünýäsi çagany nädip pitneçi edip biler?
7 Çaganyň pitneçi bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri Şeýtanyň dünýäsidir. «Bütin dünýä... Şeýtanyň goly astynda» (1 Ýahýa 5:19). Şeýtanyň goly astyndaky dünýäde ahlaksyzlyk gitdigiçe artýar, şonuň üçin mesihçiler oňa garşy göreşmeli bolýarlar (Ýahýa 17:15). Şu günki ahlak kadalar öňkä garanda, örän pese düşdi we howply hem has erbet täsir edýär (2 Timoteos 3:1—5, 13). Eger ata-eneler çagalaryna öwredip, gorap, nesihat berip durmasalar, olar «Hudaýa gulak asmaýan adamlarda hereket edýän garaýşyň» täsirine düşmegi mümkin (Efesliler 2:1, 2). Muňa deň-duşlaryň täsiri hem degişli. Mukaddes Ýazgylarda: «Akylsyzlaryň dosty... zelel çeker» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 13:20). Şoňa görä-de, kim dünýäniň ruhy siňen adamlary bilen dostlaşsa, erbet ruhuň täsirine düşer. Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşamagyň iň bagtly ýoldugyna düşünmek üçin, ýaşlara hemişe kömek gerek (Işaýa 48:17, 18).
8. Haýsy sebäplere görä çaga pitneçi bolup biler?
8 Çaganyň pitneçi bolmagyna öý-içeriniň ýagdaýy hem sebäbi bolup biler. Meselem, ata-enesiniň biri arakkeş, neşekeş ýa-da rehimsiz bolsa, çaganyň durmuşa bolan garaýşyna zyýan ýetirip biler. Eger çaga ata-enesiniň onuň bilen gyzyklanmaýandygyny duýsa, pitneçi asuda öýde-de döräp biler. Emma çaga diňe daş-töweregiň täsiri astynda pitneçi bolmaýar. Çagalaryň käbiri Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşaýan, daş-töweregiň täsirinden goraýan ata-enesiniň gadyr-gymmatyny bilmeýärler. Näme üçin? Munuň sebäbi adamlaryň bikämilligi bolsa gerek. Pawlus: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» diýdi (Rimliler 5:12). Adam ata diňe özüni bilýän pitneçi bolany sebäpli, ähli nesillerine erbet miras galdyrdy. Şonuň üçin ýetginjekleriň käbiri edil nesil atasy ýaly pitneçi boldy.
GEÇIRIMLI ELI WE ZALYM REHABGAM
9. Çäkden çykyp berilýän terbiýe çagany nädip pitneçi edip biler?
9 Ýetginjegiň pitneçi bolmagynyň ýene bir sebäbi, ata-eneler çagalarynyň terbiýesine sowuk-sala garaýarlar (Koloslylar 3:21). Akýürekli ata-eneleriň käbiri çagalaryny gaty berk tutup, temmi berende çäginden çykýarlar. Käbirleri bolsa has geçirimlik edip, tejribesiz ýetginjekleri goraýan prinsipleri ulanmaýarlar. Terbiýe berende ähli zady göz öňünde tutmak aňsat däl. Her çaganyň öz zerurlygy bar. Olaryň birine beýlekisine garanda has köp esewan etmeli bolýar. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylardaky iki mysal zalymlyk we öte geçirimlilik bilen berilýän terbiýäniň howpludygyny görmäge kömek eder.
10. Baş ruhany Eli wepaly gulluk etse-de, näme üçin erbet ata hasaplanýar?
10 Gadymy Ysraýylda ýaşan baş ruhany Eliniň çagalary bardy. Ol kyrk ýyl gulluk edeni üçin, Hudaýyň kanunyny gowy bilýärdi. Ol mukaddes gullugyny ak ýürekden ýerine ýetirmekden başga-da, ogullary Hopny bilen Pinehasa Hudaýyň kanunlaryny yhlas bilen öwreden bolmaly. Ýöne Eli ogullaryna öte geçirimlik edýärdi. Onuň ogullary Hopni bilen Pinehas ruhanylyk borjuny ýerine ýetirende, iýip-içmegiň we ahlaksyz höweslerini kanagatlandyrmagyň aladasyny edýärdiler. Ogullary mukaddes ýerde wejera işleri etse-de, olary gullukdan aýyrmaga Eliniň gaýraty çatmady. Ol ogullaryna sähelçe igenip goýýardy. Özüniň geçirimligi bilen Eli olary Hudaýdan eý gördi. Netijede, onuň ogullary Ýehowanyň arassa seždesine garşy pitne turuzdylar we Eliniň bütin maşgalasy zyýan çekdi (1 Şamuwel 2:12—17, 22—25, 29; 3:13, 14; 4:11—22).
11. Ata-eneler Eliniň erbet mysalyndan nähili sapak alyp biler?
11 Bu wakalar bolanda Eliniň ogullary uludy. Emma bu mysal terbiýä sowuk-sala garamaly däldigini görkezýär (Süleýmanyň tymsallary 29:21-i deňeşdiriň). Ata-eneleriň käbiri söýgi bilen rehimliligi ýoýuşdyryp, çürt-kesik, yzygiderli, paýhasly düzgünleri goýmaýarlar we olary berjaý etmegi çagalaryndan talap etmeýärler. Şeýle ata-eneler çagalary Hudaýyň prinsiplerini bozsalar-da, söýgä esaslanan temmini bermeýärler. Sebäbi şeýle geçirimlilik edilse, çagalar ata-enesine ýa-da häkimiýete hormat goýmazlygy mümkin (Wagyz kitaby 8:11-i deňeşdiriň).
12. Rehabgam höküm sürende nähili ýalňyşlyk goýberdi?
12 Zalymlyk bilen höküm süren Rehabgamyň mysalyna seredeliň. Ol Ysraýylyň birleşen patyşalygynyň iň soňky we erbet patyşasydy. Rehabgam atasy Süleýman patyşanyň süteminden närazylyk bildirýän halky miras alýar. Ol raýatlarynyň ýagdaýyna düşünýändigini görkezdimi? Ýok. Halk biraz ýeňillik bermegini haýyş edende, ol ýaşulularyň paýhasly maslahatyna gulak asman, halkyna öňküden hem beter sütem etmegi buýruk berdi. Rehabgamyň tekepbirligi on taýpaly demirgazyk patyşalygyň pitne turuzmagyna getirdi, netijede patyşalyk ikä bölündi (1 Patyşalar 12:1—21; 2 Ýyl ýazgylary 10:19).
13. Rehabgamyň goýberen ýalňyşyny gaýtalamazlyk üçin ata-eneler näme etmeli?
13 Rehabgamyň mysalyndan ata-eneler birnäçe wajyp sapak edinip biler. Olar dogada «Rebbi... agtaryp», terbiýe usullaryny Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň esasynda barlamaly (Zebur 105:4). Wagyz kitaby 7:7-de şeýle diýilýär: «Jebir akyldara akylsyzlyk etdirip biler». Çäklendirme oýlanyp goýulsa, ýetginjekleriň kämilleşmegine kömek eder we erbetlikden gorar. Emma zalymlyk, çendenaşa goýlan çäklendirmeler çaganyň özüne we öz güýjüne ynanýan adam bolup ýetişmegine päsgel berýär. Eger ata-eneler erkinlik bilen berk tutmagyň arasynda belli bir araçäk goýsalar, ýetginjekleriň köpüsi pitne turuzmazlar.
ÇAGANYŇ ALADASYNY EDIP, ONY PITNEÇI BOLMAKDAN SAKLAP BOLAR
Ata-eneler ýetginjeklere kynçylyklary ýeňmäge kömek etseler, olar paýhasly adam bolup ýetişer
14, 15. Ata-eneler çagasynyň ulalýandygyna nähili garamaly?
14 Ata-eneler ýetginjek çagasynyň ulalýandygyny görüp begenseler-de, onuň özbaşdak bolup, özüne ynanyp başlandygyny görende gynanmagy ahmal. Ýetginjek döwri çaga käte kesirlik edip, işleşmek islemese geň galmaň. Ýadyňyzda bolsun, mesihçi ata-eneleriň maksady çagalaryny ruhy taýdan ýetişen, paýhasly, jogapkärli mesihçi edip ulaltmakdyr (1 Korinfliler 13:11; Efesliler 4:13, 14-nji aýatlary deňeşdiriň).
15 Ýetginjekler köpräk erkinlik soranda, nähili kyn bolsa-da, ata-eneler olaryň haýyşyna dogry garamaga çalyşmaly. Sebäbi iru-giç çaga ulalmaly. Käbir ýetginjekler ýaşynyň kiçiligine garamazdan uly adam ýaly pikirlenýär. Meselem, ýaş patyşa Ýoşyýa barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Heniz ýetginjek ýaşyndaka (takmynan on bäş ýaşly) Ýoşyýa Dawudyň Hudaýyny agtaryp başlady». Ol ýetginjek bolsa-da, jogapkär adam bolup ýetişdi (2 Ýyl ýazgylary 34:1—3).
16. Uly jogapkärçilik ynanylanda çagalar nämä düşünmeli?
16 Erkinlik jogapkärligi talap edýär. Şol sebäpli «ýaňy ulalan adamyň» gelen käbir kararynyň we hereketiniň netijesini görmäge ýol beriň. «Adam näme ekse şony-da orar» diýen prinsip diňe bir ululara däl, ýetginjeklere-de degişli (Galatýalylar 6:7). Çagalary ömür boýy ähli kynçylyklardan gorap bolmaýar. Emma çagaňyz erbet iş etmek islese näme etmeli? Jogapkärli ata-ene hökmünde siz «ýok» diýmelisiňiz. Elbetde, munuň sebäbini düşündirip bilerseňiz, ýöne «ýok» diýeniňiz hiç haçan «hawa» öwrülmesin (Matta 5:37-ni deňeşdiriň). «Ýok» diýeniňizde parahat düşündiriň we ynandyryp aýdyň, çünki «ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 15:1).
17. Ýetginjekler nämä mätäç bolup biler we ata-eneler olara nädip kömek etmeli?
17 Ýaşlar goýulýan çäkler we düzgünler bilen höwesli ylalaşmasalar-da, yzygiderli berilýän terbiýe olary gorar. Ata-eneler öz islegine görä düzgünleri üýtgedip dursalar, çaganyň başyny çaşyrarlar. Ýetginjekler çekinjeňlige, ynamsyzlyga garşy göreşmek üçin gerekli kömegi alsalar, durnukly adam bolup ýetişerler. Şeýle-de ata-eneler ýetginjekleriň ynama mynasypdygyny görkezseler, olar munuň gadyryny bilerler (Işaýa 35:3, 4; Luka 16:10; 19:17-nji aýatlary deňeşdiriň).
18. Ýetginjekler barada nähili maglumat ata-eneleri ruhlandyrýar?
18 Maşgalada asudalyk, durnuklylyk we söýgi höküm sürse, çagalara gowy täsir edişini görüp, ata-eneler teselli tapar (Efesliler 4:31, 32; Ýakup 3:17, 18). Öýde arakkeşlik, zorluk we başga-da erbet zatlaryň bolandygyna garamazdan, gowy adam bolup ýetişýän ýetginjekler az däl. Şonuň üçin ýetginjekler öýde özlerini howpsuz duýar ýaly şert döretseňiz, olary söýüp, duýgudaşlyk we alada edýändigiňizi görkezseňiz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler boýunça paýhasly çäklendirme goýup, öwüt berseňiz-de, olar ulalanda mynasyp adam bolup ýetişerler we siz muňa guwanarsyňyz (Süleýmanyň tymsallary 27:11-i deňeşdiriň).
ÇAGALAR KYNÇYLYGA UÇRANDA
19. Çagalary gitmeli ýoluna öwrenişdirmek ata-enäniň borjy bolsa-da, çaga nämä borçly?
19 Elbetde, ata-eneleriň borjuny dogry ýerine ýetirmegiň uly ähmiýeti bar. Süleýmanyň tymsallary 22:6-da: «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz» diýilýär. Ata-eneleri gowy bolsa-da, uly kynçylyga uçran çagalar barada näme diýse bolar? Şeýle bolmagy mümkinmi? Hawa. Munuň üçin tymsallardaky aýady çagalaryň ata-enesine gulak asyp, boýun bolmaga borçludygyny görkezýän başga aýatlar bilen baglanyşdyryp görmeli (Süleýmanyň tymsallary 1:8). Maşgala agzybir bolar ýaly, ata-eneler bilen çagalar bir-birine Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanmaga kömek etmeli. Olar bilelikde tagalla etmeseler kynçylyk dörär.
20. Tejribesizlik sebäpli ýalňyşan çagasyna ata-eneler näme etse paýhasly bolar?
20 Ýetginjek ýalňyşyp kynçylyga uçrasa, ata-ene näme etmeli? Çaga şeýle ýagdaýda kömege mätäç bolýar. Eger ata-ene ýetginjegiň tejribesizdigini göz öňünde tutsa, bolan iş üçin gaty ünjä düşmez. Pawlus ruhy taýdan ösen mesihçilere: «Eger biri bilmän ýalňyş ädim ätse, siz, ruhy taýdan ösenler, ony ýumşaklyk bilen düzetmäge çalşyň» diýip maslahat berdi (Galatýalylar 6:1). Akylsyzlyk sebäpli ýalňyşlyk eden ýetginjege-de ata-eneler şeýle garamaly. Ata-eneler ýetginjegiň näme üçin nädogry hereket edendigini we ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etmelidigini düşündirende, çaganyň özüni däl-de, eden hereketiniň erbetdigini anyk görkezmeli (Ýahuda 22, 23-nji aýatlary deňeşdiriň).
21. Çagasy agyr günä edende, ýygnagyň tertibi boýunça ata-ene näme etmeli?
21 Ýetginjek agyr günä etse näme etmeli? Şeýle ýagdaýda çaga aýratyn kömege we tejribeli adamyň maslahatyna mätäç bolýar. Ýygnak agzasynyň biri agyr günä eden bolsa, toba edip, kömek üçin ýaşula ýüz tutmaly (Ýakup 5:14—16). Toba eden adama ýaşulular ruhy taýdan dikelmäge kömek edýärler. Ýetginjege kömek bermek ata-enäniň borjy bolsa-da, meseläni çözmek üçin, ýaşulular bilen maslahatlaşylsa dogry bolar. Eger ýetginjek agyr günä eden bolsa, ata-eneler ony ýaşulular maslahatyndan gizlemeli däl.
22. Çagalary agyr günä edende, ata-eneler Ýehowanyň göreldesine eýerip nähili garaýyşda bolmaly?
22 Çagalarynyň agyr günäsi ata-enelere juda erbet täsir edýär. Sustupes ata-eneler gaharlanyp, ýolundan azaşan ýetginjegi gorkuzmak islär, ýöne bu çagany diňe öjükdirer. Şeýle kyn ýagdaýda özüňizi alyp barşyňyz ýetginjegiň gelejegine täsir etjekdigi ýadyňyzda bolsun. Dogry ýoldan azaşan halky toba edende, Ýehowanyň bagyşlamaga taýyn bolandygyny unutmaň. Ýehowanyň söýgi bilen aýdan sözlerine gulak asalyň: «Onda geliň, dawamyzy çözeliň. Eger günäleriňiz gyrmyzy mata kimin bolsa, gar ýaly agardaryn; eger dok gyzyl mata kimin bolsa, ap-ak ýüň ýaly agardaryn» (Işaýa 1:18). Ata-eneler üçin nähili ajaýyp görelde!
23. Çagalaryň biri agyr günä etse ata-eneler näme etmeli we nämeden gaça durmaly?
23 Ýolundan azaşan ýetginjege yzyna dolanmaga kömek etjek boluň. Tejribeli ata-enelerden we ýygnak ýaşululardan maslahat soraň (Süleýmanyň tymsallary 11:14). Oýlanyşyksyz hereket etmejek boluň, çagalary yzyna dolanmaga päsgel berjek sözleri aýtmakdan ägä boluň. Hetdanaşa gaharlanmakdan we gödek sözlemekden gaça duruň (Koloslylar 3:8). Umydyňyzy üzmäň (1 Korinfliler 13:4, 7). Edilen erbet işi ýigreniň, ýöne çagaňyza rehimsiz we zalym bolmaň. Iň wajyp zat, çagalara gowy görelde bolmaga jan ediň we Hudaýa bolan imanyňyzy berk saklaň.
BILGEŞLEÝIN PITNE TURUZÝAN ÇAGA HÖTDE GELMEK
24. Maşgalada nähili kynçylyklar döreýär we ata-eneler näme etmeli?
24 Käbir ýagdaýda ýetginjek pitne turuzmagy berk ýüregine düwüp, mesihi kadalaryny bütinleý ret edýär. Şeýle ýagdaýda maşgala agzalaryň abadançylygyny saklamaga ýa-da dikeltmäge üns bermeli. Bar güýjüňizi pitneçi çaga sarp edip, beýleki çagalar ünssüz galmasyn. Bu kynçylygy öýdäkilerden gizlemäň, gaýtam, olar bilen ara alyp maslahatlaşyň, ýöne jikme-jik gürrüň bermegiň deregine olary köşeşdirjek boluň (Süleýmanyň tymsallary 20:18-i deňeşdiriň).
25. a) Çaga pitne turuzmagyny dowam etse, ýygnagyň tertibi boýunça ata-ene nähili çäre görüp biler? b) Çagalaryň biri pitneçi bolsa ata-ene nämäni unutmaly däl?
25 Ýahýa resul ýygnakdaky toba etmeýän günäkär barada şeýle diýdi: «Ony öýüňize salmaň, salam hem bermäň» (2 Ýahýa 10). Kämillik ýaşyna ýeten çaga asla gulak asmasa, ata-ene şu çäräni görmeli bolýar. Maşgalanyň beýleki agzalaryny goramak üçin şeýle çäräni käwagt ulanmaly. Maşgalaňyz goraga we köpräk üns bermegiňize mätäç bolýar. Şonuň üçin kesgitli, ýöne paýhasly kadalary ulanmak talap edilýär. Beýleki çagalaryňyz bilen gürrüňdeş boluň. Olaryň mekdepdäki we ýygnakdaky işleri bilen gyzyklanyň. Şeýle-de olara pitneçi çagany däl-de, onuň eden işini gowy görmeýändigiňizi düşündiriň. Çaganyň özüni däl-de, ýaman işlerini ýazgaryň. Ýakup pygamberiň iki oglunyň eden zalymlygy zerarly bütin maşgalasy betbagtçylyga uçranda, ol ogullaryny däl-de, olaryň gahar-gazabyny näletledi (Gelip çykyş 34:1—31; 49:5—7).
26. Çagalaryň biri pitneçi bolsa, gowy ata-ene nämeden teselli tapyp biler?
26 Maşgalaňyzda şeýle ýagdaýyň dörändigine özüňizi günäkärleýänsiňiz. Eger siz doga edip, Ýehowanyň maslahatyna görä eliňizden gelenini eden bolsaňyz öz-özüňizi gynamaň. Size kämil ata-enäniň ýoklugy we ýagşy ata-ene bolmak üçin güýjüňizi gaýgyrmandygyňyz teselli bersin (Resullaryň işleri 20:26-ny deňeşdiriň). Bilgeşleýin pitne turuzýan çaga maşgala üçin agyr synag, emma Hudaý siziň ýagdaýyňyza düşünýändigine we wepaly gullukçylaryny hiç haçan terk etmeýändigine ynanyp bilersiňiz (Zebur 27:10). Beýleki çagalaryňyz üçin öýüňiz ruhy taýdan howpsuz we asuda ýer bolar ýaly alada ediň.
27. Pitneçi çaganyň ata-enesi ýiten ogul mysalyny ýatlap, nämä umyt edip biler?
27 Galyberse-de, hiç haçan umydyňyzy üzmäň. Terbiýe bermekde eden tagallaňyz ahyry ýolundan azaşan ýetginjegiň ýüregine täsir edip, akylyna aýlanmagy mümkin (Wagyz kitaby 11:6). Käbir mesihçi maşgalalar siziň ýaly ýagdaýy başdan geçirdiler. Şeýle ata-eneleriň käbiri Isanyň mysalyndaky ýiten ogul ýaly ýolundan azaşan çagalarynyň dolananyny gördüler (Luka 15:11—32). Siziň hem çagaňyz yzyna dolanar.