Saglygyň aladasyny Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ediň
«Hudaýyň Rebbi (Ýehowany)... bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!» (MAR. 12:30).
1. Hudaý ynsany ýaradanda nähili niýeti bilen ýaratdy?
ÝEHOWA HUDAÝ ynsany ýaradanda onuň kesellemegini we ölmegini islemedi. Adam ata bilen How ene Erem bagyny, Jenneti 70 ýa-da 80 ýyl däl, ebedi «bejermelidi we ony goramalydy» (Bar. 2:8, 15; Zeb. 90:10). Eger ilkinji ynsan çatynjasy Ýehowa wepaly galyp, ony söýýändigi üçin hökümdarlygyna tabyn bolsadylar, hiç haçan kesellemezdi, garramazdy we ölmezdi.
2, 3. a) Wagyzçy kitabynda garran adam nähili suratlandyrylýar? b) Adam atanyň ölmegine kim günäkär we ölüm nädip ýok ediler?
2 Wagyzçy kitabynyň 12-nji babynda bikämil dünýäde garran adamyň «agyr günleri» suratlandyrylýar (Wagyzçy 12:1—7-nji aýatlary okaň).a Çal saç güllän «badam agajyna» meňzedilýär. Egilen we titreşýän aýaklara bolsa «güýçlüler» diýilýär. «Penjireden seredýänler tümlükden başga hiç zat görmez» diýmek bilen, kütelen gözleri suratlandyrýar. «Däne döwýänler», ýagny dişiň «azalandygy üçin» «işden galýar» diýilýär.
3 Aslynda, Hudaý adamyň aýaklarynyň titremegini, gözüniň kütelmegini we dişiniň dökülmegini islemändi. Şol sebäpli Adam atadan geçen ölümi, ýagny «iblisiň işleriniň» baryny Hudaýyň Ogly Patyşalyk arkaly ýok eder. Ýahýa resul: «Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýogaltmak üçin aýan boldy» diýdi (1 Ýahýa 3:8).
Paýhasly aladalanmak ýerlikli
4. Näme üçin Ýehowanyň gullukçylary saglygy barada paýhasly aladalanýar we nämäni unutmaýar?
4 Ýehowanyň Güwäçileriniň käbiri ähli bikämil adamlar ýaly keselçilige we garrylygyň ýarawsyzlygyna duçar bolýar. Şeýle ýagdaýlarda saglyk barada paýhasly alada etmek ýerlikli we peýdalydyr. Çünki biz Ýehowa bar güýjümiz bilen gulluk etmek isleýäris (Mar. 12:30). Emma biz dogry garaýyşda bolmaly, sebäbi saglygymyz barada näçe alada etsek-de, garrylykdan we ähli keselçilikden doly gutulyp bilmeris.
5. Biz Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň kesele döz gelendiginden näme öwrenip bileris?
5 Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň köpüsi ýarawsyzlyga duçar bolupdy. Olardan biri Epafroditdi (Flp. 2:25—27). Pawlus resulyň wagyzda wepaly işdeşi bolan Timoteosyň ýygy-ýygydan aşgazany agraýardy. Şonuň üçin Pawlus oňa «az-kem şerap» içmegi maslahat berdi (1 Tim. 5:23). Pawlusyň özi hem şol döwürde bejerip bolmaýan «tenindäki tikenden», ýagny göz ýa-da başga bir keselden ejir çekýärdi (2 Kor. 12:7; Gal. 4:15; 6:11). Pawlus «tenindäki tikeni» aýyrmak barada Ýehowa ýalbardy (2 Korintoslylar 12:8—10-nji aýatlary okaň). Hudaý Pawlusyň «tikenini» gudrat bilen aýyrmady, ýöne kesele döz geler ýaly güýç berdi. Şeýdip, Ýehowanyň güýji Pawlusyň ejizliginde aýan boldy. Biz mundan sapak edinip bilerismi?
Saglyk barada çendenaşa aladalanmaň
6, 7. Näme üçin saglygymyz barada çendenaşa aladalanmaly däl?
6 Mälim bolşy ýaly, Ýehowanyň Güwäçileri medisina kömegini we dürli bejeriş usullaryny alýarlar. «Oýanyň!» atly žurnalda saglyk barada köp makalalar çap edilýär. Biz belli bir bejeriş usulyny maslahat bermesek-de, medisina işgärleriniň berýän kömeginiň gadyryny bilýäris. Şeýle-de beden taýdan doly sagdyn bolmajagymyzy unutmaýarys. Şonuň üçin saglygymyz barada çendenaşa aladalanmaly däl. Biziň garaýşymyz «umytsyz», ýagny diňe bu ýaşaýşa umyt baglaýanlara meňzemeli däl. Olar keselinden gutulmak üçin bejerişiň ähli görnüşini alýarlar (Efes. 2:2, 12). Biz bu zalym dünýäde ýaşamak üçin Ýehowanyň merhemetinden mahrum bolmak islemeýäris. Sebäbi Biz Hudaýa wepaly galsak, Onuň wada eden täze dünýäsinde «ebedi ýaşaýşa ýapyşyp» biljekdigimize ynanýarys (1 Tim. 6:12, 19; 2 Pet. 3:13).
7 Biz ýene-de bir sebäbe görä, saglyk barada çendenaşa aladalanmaýarys. Biz diňe öz aladamyzy etmeli däl. Bu howp barada Pawlus filipililere duýduryp, şeýle diýdi: «Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlesin» (Flp. 2:4). Özüň barada paýhasly alada etmek ýerlikli, ýöne dogan-uýalarymyz we «Patyşalyk baradaky... Hoş Habary» wagyz eden adamlarymyz bilen gyzyklansak, saglyk barada çendenaşa alada etmezlige kömek eder (Mat. 24:14).
8. Saglyk barada çendenaşa aladalanmak nämä eltip biler?
8 Mesihçi Hudaýyň Patyşalygyny däl-de, öz saglygyny birinji ýerde goýmak howpuna düşýär. Biz saglyk barada çendenaşa aladalanyp, hatda käbir berhiziň, bejeriş usulynyň, iýmit goşundysynyň peýdasy barada öz pikirimizi adamlara ynandyryp başlarys. Bu babatda Pawlusyň mesihçilere: «Mesih Isanyň gününe çenli sap, müýnsüz bolar ýaly, iň ýokary zatlara göz ýetireliň» diýen sözlerindäki prinsipe seredeliň (Flp. 1:10, 11).
Iň ýokary zatlar näme?
9. Biz haýsy iň ýokary zatlary äsgermezlik etmeli däl we näme üçin?
9 Biz iň ýokary zatlara göz ýetirsek, adamlara Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolmaga kömek edýän işlere yhlasly gatnaşarys. Bu hoş habary wagyz etmek we Mukaddes Ýazgylary öwretmekdir. Bu şatlykly iş bize hem öwrenýänlere peýdaly (Sül. tym. 17:22; 1 Tim. 4:15, 16). «Garawul diňi» we «Oýanyň!» atly žurnallarda agyr keselli dogan-uýalar barada makalalar yzygiderli çap edilýär. Käte bu makalalarda olaryň nädip kesele döz gelýändikleri hakynda gürrüň berilýär. Olar adamlara Ýehowa we onuň ajaýyp wadalary bilen tanyşmaga kömek edip, wagtlaýyn hem bolsa kynçylygyny unudýandygyny belläp geçýärlerb.
10. Bejeriş usulyny saýlamaga näme üçin jogapkärli garamaly?
10 Her bir uly ýaşly mesihçi kesellände bejeriş usulyny saýlamakda «öz ýüküni özi götermelidir» (Gal. 6:5). Emma nähili bejeriş usulyny saýlamagymyz Ýehowa üçin ähmiýetsiz däldigini unutmaly däl. Biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine hormat goýýandygymyz üçin ruhy hem-de Ýehowa bilen gatnaşygymyza zyýan ýetirýän bejeriş usullaryndan we gandan gaça durýarys (Res. iş. 15:20). Käbir keseliň anyklanylyşy we bejeriş usullary jadygöýlük bilen baglanyşykly bolýar. Ýehowa jadygöýlik bilen meşgullanyp, imandan dänen ysraýyllylary ýazgaryp, şeýle diýdi: «Mundan beýläk, çörek gurbanlaryny getirmäň. Men buhury ýigrenýärin. Täze dogan aýy we sabat gününi belläp, ýygnak çagyrýarsyňyz. Siz dabaraly ýygnak geçirip, jadyly güýji ulanýarsyňyz — men muňa razy däldirin» (Iş. 1:13). Syrkawlan wagtymyz dogalarymyza böwet boljak we Hudaý bilen gatnaşygymyzy bozjak zatlary etmek nädogrudyr (Ýerem. ag. 3:44).
«Sagdyn düşünjeli» bolmaly
11, 12. Saglygymyzy bejerdende «sagdyn düşünjäniň» nähili ähmiýeti bar?
11 Kesellän wagtymyz Ýehowanyň gudrat arkaly bejerjekdigine garaşmaly däl. Ýöne bejeriş usulyny paýhasly saýlamak barada doga edip bileris. Biz bejeriş usulyny saýlanymyzda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we dogry düşünjä esaslanmaly. Biz agyr kesele duçar bolanymyzda, birnäçe lukman bilen maslahlaşsak, paýhasly bolar, çünki Süleýmanyň tymsallary 15:22-de: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr» diýilýär. Pawlus resul imandaşlaryny «häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamaga» çagyrdy (Titus 2:13).
12 Köp adamlaryň ýagdaýy Isanyň günlerindäki keselli aýalyňky ýaly. Markus 5:25, 26-njy aýatlarda, şeýle okaýarys: «Şol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal bardy. Ol ençeme tebibiň elinden köp ezýetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi; ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam haly has erbetleşipdi». Isa ony bejerip, duýgudaşlyk bildirdi (Mar. 5:27—34). Käbir mesihçiler göwnüçökgünlik sebäpli hakyky diniň prinsiplerine garşy gelýän keseli anyklaýyş we bejeriş usulyny saýlamaga yryldy.
13, 14. a) Bejeriş usulyny saýlanymyzda, Şeýtan aýypsyzlygymyzy nädip gowşatjak bolýar? b) Biz näme üçin okkultizm bilen ujypsyzja bagly bolan ähli zatdan gaça durmaly?
13 Şeýtan bizi hakyky dinden daşlaşdyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Onuň duzaklary diňe jynsy ahlaksyzlyk we baýlyk däl. Ol okkultizm (adamda we kosmosda syrly güýjüň barlygyny inkär etmeýän ylym) we jadygöýlik bilen bagly näbelli bejeriş usullar arkaly käbir mesihçileriň aýypsyzlygyny gowşatjak bolýar. Bizi «Iblisden» we «hemme ýazykdan» Ýehowa halas eder ýaly doga etmeli. Biz Şeýtanyň eline düşmezlik üçin spiritizm we okkultizm bilen bagly zatlara baş goşmaly däl (Mat. 6:13; Titus 2:14).
14 Ýehowa ysraýyllara palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullanmagy gadagan etdi (Kanun. 18:10—12). Pawlus «ten işlerine» «jadygöýligiň» hem degişlidigini aýtdy (Gal. 5:19, 20). Galyberse-de, «jadygöýlik» bilen meşgullanýanlar Ýehowanyň täze dünýäsinde ýaşamaz (Ylh. 21:8). Şonuň üçin spiritizm bilen ujypsyzja baglanşygy bolan ähli zady Ýehowa ýigrenýär.
«Siziň ýumşaklygyňyz (paýhaslylygyňyz, TD)» belli bolsun
15, 16. Bejeriş usulyny saýlanymyzda näme üçin paýhasly bolmaly we I asyryň ýolbaşçylyk maslahaty nähili paýhasly nesihat berdi?
15 Ýokarda aýdylyşy ýaly, käbir keseli anyklaýyş we bejeriş usulyna şübhelensek, ondan gaça durmak paýhasly bolar. Emma biz bejeriş usulyna düşünmesek, spiritizm bilen baglanyşykly diýmek nädogrydyr. Mukaddes Ýazgylaryň esasynda saglyk barada alada etmek üçin, sagdyn pikirli bolup, Hudaýyň akyldarlygyna daýanmaly. Süleýmanyň tymsallary kitabynyň 3-nji babynda şeýle diýilýär: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular... sagdyn öwüdi, paýhasy... sakla. Şeýle etseň, olar seniň janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar» (Sül. tym. 3:5, 6, 21, 22).
16 Biz saglygymyza perwaýsyz garamasak-da, keseliň we garrylygyň öňüni almak barada alada edenimizde, Hudaýyň merhemetini ýitirmez ýaly seresap bolmaly. Beýleki meseleler ýaly saglyk meselesinde-de, Mukaddes Ýazgylardaky «ýumşaklygyňyz (paýhaslylygyňyz, TD) bütin ynsanlara belli bolsun» diýen prinsipe eýermeli (Flp. 4:5). I asyryň ýolbaşçylyk maslahaty wažyp hat arkaly mesihçilere butparazlykdan, gandan we zynadan gaça durmagy maslahat berdi. Şol hatda: «Şulardan saklansaňyz, ýagşy edersiňiz» diýilýär (Res. iş. 15:28, 29). Haýsy manyda?
Kämil saglyk baradaky umydy unutman sagdyn düşünjeli boluň
17. Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşamak saglygymyza nähili peýda berýär?
17 Biziň her birimiz özümize şeýle sorag bersek, gowy bolar: «Mukaddes Ýazgylaryň zyna we gan baradaky prinsipleri boýunça ýaşamagyň peýdalydygyna düşünýärinmi? Şeýle-de «her hili ten we ruh pisliginden tämizlenmek» üçin edýän tagallaňyzyň peýdalydygy barada oýlanyp görüň (2 Kor. 7:1). Şahsy gigiýena barada Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna eýerip, köp keseliň öňüni alsa bolýar. Biz ruhy hem beden taýdan zyýan ýetirýän çilimi we neşäni ulanmaýarys. Şeýle-de aram iýmek-içmek saglyga peýdalydyr (Süleýmanyň tymsallary 23:20; Titus 2:2, 3-nji aýatlary okaň). Uky we beden maşklary adama özüni gowy duýmaga ýardam etse-de, esasanam, biz Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerip, ruhy hem beden taýdan özümizi gowy duýýarys.
18. Biz, ilki bilen, nämäniň aladasyny etmeli we saglyk barada haýsy pygamberligiň ýerine ýetmegine garaşýarys?
18 Ilki bilen, biz gökdäki Atamyz bilen gymmatly gatnaşygymyzy berkidip, ruhy saglygymyzyň aladasyny etmeli. Ol «häzirki we geljekki ýaşaýşyň», ýagny wada eden täze dünýäsiniň Gözbaşy (1 Tim. 4:8; Zeb. 36:9). Hudaýyň täze dünýäsinde ruhy we beden taýdan doly sagdyn bolarys, çünki günälerimiz Isanyň töleg gurbany arkaly geçiler. Hudaýyň Guzusy, Isa Mesih «ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine» elter we Hudaý gözlerimizden ähli ýaşymyzy süpürer (Ylh. 7:14—17; 22:1, 2). Şonda biz «ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men ýaramok» diýmez» diýen tolgundyryjy pygamberliginiň ýerine ýetişini göreris (Iş. 33:24).
19. Saglygymyz barada paýhasly aladalansak, nämä ynanyp bileris?
19 Biz gutulyşyň golaýdygyna ynanyp, Ýehowanyň keseli we ölümi ýok etjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şoňa çenli bolsa, söýgüden doly Atamyzyň agyra we ýarawsyzlyga döz gelmäge kömek etjekdigine ynanýarys, çünki ol biziň aladamyzy edýär (1 Pet. 5:7). Geliň, şonuň üçin saglygymyz barada alada edenimizde, hemişe Hudaýyň Sözündäki aýdyň görkezmä eýereliň!
a Wagyzçy 12:1 «Agyr günler gelmänkä, sen: «Şatlykly günlerim ýok» diýjek ýyllaryň golaýlamanka, 2 gün, aý we ýyldyzlaryň ýagtylygy garalmanka, bulutlar ýagmyr ýagdyrmanka, ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradyjyňy ýatla; 3 ol gün öýi saklaýanlar titreşer, güýçlüler egiler, el degirmeni bilen däne döwýänler azalandygy üçin işden galar we penjireden seredýänler tümlükden başga hiç zat görmez; 4 Köçä tarap bakýan gapylar ýapylar, degirmen sesi kesiler, sen guşlaryň sesine oýanarsyň we ähli saz gyzlary dymyşar. 5 Beýiklikden hem ýoldaky elhençden gorkarsyň, badam agažy güllär, çekirtge zordan ýörär, işdäsi kesiler, çünki adam köp wagtlyk öýi boljak ýere gidýär we köçede ýas tutýanlar aýlanýar. 6 Kümüş bagy üzülmänkä, altyn käse döwülmänkä, küýze çeşme başynda bölünmänkä, guýynyň çarhy döwülmänkä, Ýaradanyňy ýatla. 7 Şonda ölen adam ozalky ýagdaýyna topraga öwrüler, ruh bolsa ony beren Hudaýa dolanar».
b 2003-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 17-nji sahypasyndaky çarçuwada, şeýle makalalaryň sanawy ýerleşdirilen.
Gaýtalamak üçin soraglar?
• Keselçilige kim günäkär we günäniň ýetiren zyýanyndan bizi kim halas eder?
• Saglygymyz barada aladalanmak ýerlikli bolsa-da, nämeden gaça durmaly?
• Näme üçin saýlan bejeriş usulymyz Ýehowa üçin ähmiýetsiz däl?
• Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermek näme üçin saglyga peýdaly?