Olara haýal etmän dolanmaga kömek ediň!
«Biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn» (ÝAHÝA 6:68).
1. Şägirtleriň köpüsi Isany terk edende, Petrus näme diýdi?
BIR SAPAR şägirtleriň köpüsi Isa Mesihiň bir taglymatyny ret edip, ony terk etdiler. Şonda ol resullaryndan: «Siz hem Meni terk etjekmisiňiz?» diýip soranda, Petrus: «Biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn» diýip jogap berdi (Ýahýa 6:51—69). Dogrudan-da, barara ýer ýokdy. Şol döwürde ýewreýleriň dininde «ebedi ýaşaýyş sözleriniň» bolmaýşy ýaly, şu günlerem ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babylda hem ebedi ýaşaýyş sözleri ýok. Hudaýyň sürüsinden azaşyp, emma Ýehowa ýaranmak isleýänleriň her birine, bireýýäm «oýanmaly sagady» we sürä dolanmak wagty geldi (Rim. 13:11).
2. Hukuk we gizlin mesele boýunça biz nämäni unutmaly däl?
2 Ýehowa Ysraýylyň ýiten goýunlarynyň aladasyny edýändigini görkezdi (Ezekiýel 34:15, 16-njy aýatlary okaň)a. Ýaşulularda hem Ýehowanyň sürüden azaşan goýunlaryna kömek etmek islegi we borjy bar. Olar wagyzçylaryň birinden ýygnaga barmaýan, ýöne kömek soran mesihçi bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş edip biler. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagyzçy ýygnaga barmaýan mesihçiniň agyr günä edenini bilse, näme etmeli? Wagyzçy ýaşulularyň çözýän hukuk we gizlin meselesi boýunça öwüt-nesihat bermegiň deregine, ýaşululara ýüz tutmagy maslahat bermeli. Eger ol muny etmek islemese, onda wagyzçynyň özi ýaşululara aýtmaly (Lew. 5:1; Gal. 6:1).
3. Ýüz goýunly adam ýiten goýnuny tapanda näme etdi?
3 Geçen makalada Isanyň ýüz goýunly adam barada getiren mysalyna seretdik. Ol bir goýny ýitende togsan dokuzyny goýup, ony gözlemäge gidýär. Ol goýny tapyp, örän begenýär! (Luka 15:4—7). Biz hem Hudaýyň sürüsinden bir wagt azaşan goýun ýygnaga dolanyp gelende, örän begenýäris. Ýaşulular we mesihçiler sürüden azaşanlary söýýändigi üçin ideýärler. Olar adamyň sürä dolanmagyny we Hudaýyň goldawyny, goragyny hem-de bereketini almagyny isleýär (Kanun. 33:27; Zeb. 91:14; Sül. tym. 10:22). Eger olarda kömek etmek mümkinçiligi bolsa, näme edip biler?
4. Galatýalylar 6:2, 5-nji aýatlary nähili düşündirip bolýar?
4 Ýehowa goýunlaryny gymmat saýýar we güýjüňden artyk zady talap etmeýär. Muny ýaşulular we dogan-uýalar mähir bilen görkezseler, belki, adama ýygnaga dolanmaga kömek edip biler. Muňa Mukaddes Ýazgylary öwrenmek, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşamak we Hudaýyň Patyşalyk baradaky hoş habaryny wagyz etmek degişlidir. Galatýalylar 6:2, 5-nji aýatlary okap, mesihçiler birek-biregiň ýüküni götermäge kömek edýärler. Emma mesihçi borçlaryny ýerine ýetirmekde «her kim öz ýüküni özi götermelidigini» düşündiriň. Muny Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň hiç biri bize derek edip bilmez.
Olary «ýaşaýşyň gaýgylary» gurşap aldymy?
5, 6. a) Yzygiderli wagyz etmeýän wagyzçyny ünsli diňlemek näme üçin wajyp? b) Ruhy taýdan gowşan wagyzçy ýygnaga barmasa, özüne zyýan ýetirýändigine düşünmäge nädip kömek edip bolar?
5 Ýaşulular we ruhy taýdan ýetişen wagyzçylar ruhdan düşen mesihçileriň ýürekden aýdýan sözlerini ünsli diňlemeli. Aýdaly, siz ýaşuly, «ýaşaýşyň gaýgylary» sebäpli ýygnaga barmaýan mesihçi är-aýaly ideg edýärsiňiz (Luka 21:34). Belki, olaryň ruhy taýdan gowşamagyna pul meselesi we maşgala borçlarynyň artmagy sebäp bolandyr. Olar ilki kynçylygyny çözmeli öýtseler, siz ýygnakdan daşlaşyp çözüp bolmaýandygyny düşündiriň (Süleýmanyň tymsallary 18:1-i okaň). Sypaýyçylyk bilen olara şeýle soraglar beriň: «Siz şu günler ýygnaga barýan günleriňizden bagtlysyňyzmy? Siziň maşgala durmuşyňyz gowulandymy? Şu günler hem Ýehowanyň beren şatlygy sizi ruhlandyrýarmy?» (Neh. 8:10).
6 Şeýle soraglar oňa ýygnaga barmandygy üçin ruhy taýdan gowşandygyna hem-de öňküsi ýaly bagtly däldigine düşünmäge kömek eder (Mat. 5:3; Ýew. 10:24, 25). Belki, olara hoş habary wagyz etmändigi üçin şatlygyny ýitirendigini düşündirersiňiz (Mat. 28:19, 20). Ýygnaga barmaýan wagyzçylar näme etse, paýhasly bolardy?
7. Sürüden azaşanlara nähili maslahat berse bolar?
7 Isa şeýle diýdi: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolmasyn... Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly... hemişe oýa bolup, doga ediň» (Luka 21:34—36). Sürüden azaşan, emma ýene-de şadyýan bolmak isleýänlere doga edip, Hudaýdan mukaddes ruhy we kömek dilemegi maslahat berse bolar. Şeýle-de olary dogasyna görä hereket etmäge höweslendirip bilersiňiz (Luka 11:13).
Belki, olar büdrändir?
8, 9. Büdrändigi sebäpli ýygnaga barmaýan adama ýaşuly nädip kömek edip biler?
8 Adamlaryň bikämilligi sebäpli olaryň arasynda agzalalyk döreýär. Şeýle ýagdaý kimdir birini büdredip biler. Käbirleri ýygnakda hormatlanýan mesihçiniň Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä hereket etmändigine büdrediler. Şeýle sebäbe görä, ýygnaga barmaýan adamy ideg edýän ýaşuly Ýehowanyň hiç kimi büdretmeýändigini düşündirip biler. Onda kimdir biri üçin Hudaý we onuň halky bilen gatnaşygymyzy näme üçin kesmeli? Hudaýa gulluk etmegi dowam edip, «bütin ýer ýüzüniň Kazysynyň» mundan habarlydygyna we ähli zady düzetjekdigine ynamly bolmaly dälmi näme? (Bar. 18:25; Kol. 3:23—25). Adam göni manyda büdräp ýykylsa, ýerinden turman ýatmaz ahyryn.
9 Ruhy taýdan kömek edýän ýaşuly şu zatlara üns berip biler: birwagt adamy büdreden zat, wagtyň geçmegi bilen köplenç onuň üçin ähmiýetsiz bolýar. Belki-de, indi böwet hem ýokdur. Eger adam temmi berlendigi üçin öýkelän bolsa, onda Hudaýa doga edip oýlansa, özüniň hem az-kem günäsiniň bardygyna düşüner we temmi berlendigi üçin, göçme manyda büdräp ýykylmaz (Zeb. 119:165; Ýew. 12:5—13).
Taglymata nädogry düşünmek sebäp boldumy?
10, 11. Mukaddes Ýazgylaryň käbir taglymatlaryna başgaça düşünýänlere nähili deliller getirip bolar?
10 Käbir mesihçiler Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlaryň biri bilen razylaşman, Hudaýyň sürüsinden azaşdylar. Müsür gulçulygyndan azat bolan ysraýyllar Hudaýyň eden «işlerini tiz unutdylar, Onuň maslahatyna garaşmadylar» (Zeb. 106:13). Yzygiderli wagyz etmeýän wagyzça «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» ruhy taýdan gowy iýmit berýändigini ýatlatmak peýdaly bolar (Mat. 24:45). Ol şol arkaly başda hakykaty bilipdi. Ol ýene-de hakykatda gezip başlasa, nähili bolar? (2 Ýahýa 4).
11 Ýaşuly sürüden azaşan adama kömek edende, Isanyň taglymatynyň biri bilen razylaşman, ony terk eden şägirtlerini ýatladyp biler (Ýahýa 6:53, 66). Olar Isa we onuň şägirtleri bilen gatnaşygyny kesip, ruhy taýdan gowşap, şatlygyny ýitirdiler. Ýygnak duşuşyklaryna barmagyny bes edenler bol ruhy iýmitli başga ýer tapdylarmy? Tapmadylar, sebäbi şeýle ýer ýok!
Agyr günä sebäp boldumy?
12, 13. Sürüden azaşan adam agyr günä edenini boýun alsa, oňa nädip kömek etse bolar?
12 Käbir mesihçiler agyr günä edendigi üçin wagyz etmegi we ýygnak duşuşyklaryna barmagy bes edýärler. Olar günäsini ýaşululara aýtsa, ýygnak gatnaşygyndan kesiler öýdüp, pikir edýändir. Emma olar agyr günä etmegini goýsa, çyn ýürekden toba etse, ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmez (2 Kor. 7:10, 11). Gaýta, olar ýygnaga şatlyk bilen kabul ediler we ýaşulular ruhy taýdan gerekli kömegi berer.
13 Aýdaly, siz ruhy taýdan ýetişen mesihçi we size ýygnaga barmaýan wagyzça kömek etmek tabşyryldy. Ol eden agyr günäsini aýtsa, siz näme etmeli? Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, bu işe goşulmagyň deregine, oňa ýaşululara ýüz tutmagy maslahat beriň. Eger ol muny etmek islemese, bu meselede Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerseňiz, Ýehowanyň adyny gymmat saýýandygyňyzy we ýygnagyň abraýy barada alada edýändigiňizi görkezersiňiz (Lewililer 5:1-i okaň)b. Ýaşulular ýygnaga dolanmak we Hudaýyň islegine görä ýaşamak isleýänlere nähili kömek etmelidigini çözerler. Belki, günä eden adama söýgi bilen edilýän düzgün-tertip çäreler görülmeli bolar (Ýew. 12:7—11). Eger adam Hudaýa garşy günä edendigini boýun alyp, çyn ýürekden toba etse, ýaşulular oňa Ýehowanyň merhemetini gazanmaga kömek eder (Iş. 1:18; 55:7; Ýakup 5:13—16).
Ogluň dolanyp gelmegi şatlandyrýar
14. Ýiten ogul tymsalyny öz sözüňiz bilen gürrüň beriň.
14 Sürüden azaşan goýna kömek etmäge tabşyrylan mesihçi Luka 15:11—24-nji aýatlardaky Isanyň mysalyny getirip biler. Bu mysalda ýaş ýigit aýşy-eşretde ýaşap, bar mal-mülküni sowýar. Ahyry, ol ahlaksyz durmuşy ýigrenýär. Ol aç gezýär, öýüni ýatlap, gam çekýär we öýüne dolanmagy ýüregine düwýär! Entek ol uzakdaka, kakasy ony görüp, ylgap barýar, oglunyň boýnundan gujaklap, mähirli ogşaýar we örän begenýär. Ýygnakdan daşlaşan adam bu tymsalyň üstünde oýlansa, ýygnaga dolanmaga kömek eder. Bu zalym dünýä tizden ýok bolar, şonuň üçin ol haýal etmän «öýüne dolanmaly».
15. Näme üçin käbir mesihçiler ýygnakdan daşlaşdylar?
15 Ýygnakdan daşlaşanlaryň köpüsi ýiten ogul ýaly däldir. Gaýygy suwuň akymy ýuwaşlyk bilen kenardan alyp gidişi ýaly, olaryň käbiri ýygnakdan kem-kemden daşlaşdylar. Käbiri bolsa ýaşaýşyň aladalary bilen başagaý bolup, ruhy taýdan gowşadylar. Käbirleri kimdir biriniň hereketine büdräp ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň bir taglymaty bilen razylaşman ýygnaga barmagyny goýdular. Käbiri bolsa agyr günä etdiler. Emma siz ýokarda berlen maslahatlara eýerip, dürli sebäplere görä sürüden azaşana entek giç dälkä ýygnaga dolanmaga kömek edip bilersiňiz.
«Hoş geldiň, oglum!»
16—18. a) Birnäçe ýyl ýygnaga barmadyk dogana ýaşuly nädip kömek etdi? b) Ol näme üçin ruhy taýdan gowşady we oňa nähili kömek berildi, ýygnak ony nähili garşylady?
16 Bir mesihi ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Biziň ýaşulular maslahatymyz ýygnaga gelmeýän doganlary ideg etmäge köp üns berýär. Men bir dogan barada oýlanýaryn. Bir wagt onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, hakykaty bilmäge kömek edipdim. Ol takmynan 25 ýyldan bäri ýygnaga barmaýardy we agyr kynçylyk çekýärdi. Men oňa Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň nähili kömek edip biljekdigi barada düşündirdim. Birnäçe wagtdan soň, ol Patyşalyk zalyna gelip başlady we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşdy. Ol ruhy taýdan berkäp, ýygnaga dolandy».
17 Näme üçin ol dogan ýygnakdan daşlaşdyka? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ruhy işlere däl-de, dünýewi zatlara köp üns berip başladym. Soňra Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi, wagyz etmegi we ýygnaga barmagy goýdum. Men ýygnakdan nädip daşlaşanymy duýmadym. Emma ýaşulynyň meniň bilen ýürekden gyzyklanmagy we alada etmegi ýygnaga dolanmaga kömek etdi». Bu doganyň kynçylyklary Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razy bolanda çözülip başlandy. Ol şeýle diýýär: «Meniň durmuşymda Ýehowanyň söýgüsiniň, görkezmesiniň we guramasynyň ýetmeýändigine düşündim».
18 Ýygnakda dogany nähili garşy aldylar? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men özümi Isanyň gürrüň beren ýiten ogul ýaly duýdum. Otuz ýyl mundan öň ýygnakda bolan we henizem ruhy taýdan berk bir gartaşan uýa: «Hoş geldiň, oglum!» diýdi. Onuň sözleri meniň ýüregimi tolgundyrdy. Dogrudan-da, men öýe dolanyp gelipdim. Men şol ýaşula we bütin ýygnaga maňa bildiren söýgüsine, mähirine, sabryna we eden aladasyna çyn ýürekden minnetdar. Olaryň Ýehowa we ýakyn adamyna bolan söýgüsi ýygnaga dolanmaga kömek etdi».
Olary haýal etmän dolanmaga höweslendiriň
19, 20. Siz nädip ýygnaga barmaýan doganlary haýal etmän sürä dolanmaga höweslendirip bilersiňiz we olara Hudaýyň güýjümizden artyk zady talap etmeýändigini nädip görkezse bolar?
19 Biz soňky günlerde ýaşaýarys we bu zalym dünýäniň soňy ýetip gelýär, şonuň üçin ýygnaga gelmeýänleri ýygnak duşuşyklaryna çagyryň. Olary ýygnak duşuşyklaryna derrew gelip başlamaga höweslendiriň. Şeýtan Hudaý bilen olaryň gatnaşygyny bozmaga we hakyky seždeden daşlaşyp, ýaşaýşyň gaýgylaryndan dynjak ýaly pikir etdirmäge jan edýändigini ýatladyň. Siz olary diňe Isanyň yzyna wepaly eýerip, hakyky dynçlyk tapjakdygyna ynandyryp bilersiňiz (Matta 11:28—30-njy aýatlary okaň).
20 Ýygnaga barmaýan adama, Hudaý biziň güýjümizden artyk zada garaşmaýandygyny ýatladyň. Haçan-da Isanyň ölüminiň öň ýanynda Lazaryň uýasy Merýem gymmat baha ýagy onuň başyna guýanda, oňa nägilelik bildirýärler, şonda Isa: «Oňa degmäň... ol elde baryny etdi» diýdi (Mar. 14:3—8). Isa ybadathananyň hazynasyna biraz pul atan garyp dul hatyny öwdi. Ol hem elinde baryny beripdi (Luka 21:1—4). Biziň köpümiziň ýygnak duşuşyklaryna barmaga we Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmäge güýjümiz ýetýär. Muny şu günler hem ýygnaga barmaýanlaryň köpüsi Ýehowanyň kömegi bilen edip bilýär.
21, 22. Ýehowa dolanýanlary nämä ynandyryp bileris?
21 Goýun kimin sürüden azaşan adam doganlar bilen duşuşmaga çekinýän bolsa, siz ýiten ogul öýüne dolanyp gelende, nähili begenendikleri barada ýatladyp bilersiňiz. Şeýle adamlar ýygnaga dolanyp gelende, mesihçiler hem şeýle şatlanýarlar. Oňa Iblise garşy durup, Hudaýa ýakynlaşmak üçin haýal etmän hereket etmäge höweslendiriň (Ýakup 4:7, 8).
22 Ýehowa dolanyp gelenleri şatlyk bilen garşylarlar (Ýerem. ag. 3:40). Hudaýa gulluk edip, olaryň şatlyk tapandyklary ýadynda. Haýal etmän ýygnaga dolanýanlara gelejekde, köp bereketler eçiler!
a Ezekiýel 34:15 Hökümdar Hudaý Ýehowa diýýär: «Goýunlarymy özüm bakaryn we özüm olary ýatyraryn. 16 Ýiteni gözlärin, ogurlanany yzyna getirerin, maýyp bolany sararyn we hassa bolany kuwwatlandyraryn, semizi hem göçgünlini ýok ederin. Ony adalatlylyk bilen bakaryn».
b Lewililer 5:1 Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Büdrändigi sebäpli ýygnaga gelmeýän mesihçä siz nädip kömek edip bilersiňiz?
• Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlaryň birine nädogry düşünip, Hudaýyň sürüsinden azaşan adama nähili deliller kömek edip biler?
• Ýygnaga dolanmaga ýaýdanýan adama nähili kömek berip bolar?