Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/07 sah. 8
  • Yhlasy gowşan wagyzçylary unutmaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Yhlasy gowşan wagyzçylary unutmaň
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • «Maňa dolanyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Olara haýal etmän dolanmaga kömek ediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sen wagza çykmaýan mesihçileri ruhlandyryp bilersiň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Ýatlama agşamyna gelenlere nädip kömek edip bolar?
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 2/07 sah. 8

Yhlasy gowşan wagyzçylary unutmaň

1. Näme üçin biz yhlasy gowşan doganlary ruhlandyrmaly?

1 Siz yhlasy gowşan dogan-uýalaryň birini tanaýarmysyňyz? Belki, ol ýygnaga barmagyny bes edip «daşlaşandyr». Siz, megerem, oňa öýden-öýe wagyz edeniňizde duşuşansyňyz. Biz onuň henizem ruhy dogandygyny unutmaly däl. Oňa söýgimizi bildirip, «janlarymyzyň Çopanyna hem Gözegçisine tarap yza öwrülmäge» kömek etmeli (1 Pet. 2:25).

2. Yhlasy gowşan dogany nädip ruhlandyryp bolar?

2 Alada edýäniňizi görkeziň. Yhlasy gowşan dogana jaň etsek ýa-da öýüne baryp gürrüňdeş bolsak, ony unutmandygymyzy bildireris. Oňa näme aýtsak bolar? Ol barada pikir edýändigiňizi aýtsaňyz, ony ruhlandyryp bilersiňiz. Siziň aýdýan sözleriňiz mähirli we ruhlandyryjy bolsun (Fil. 4:8). Oňa ýygnak duşuşyklarynda göwnüňize ýaran pikiri gürrüň berip bilersiňiz. Siz ony ýakynda boljak ýygnak duşuşygyna ýa-da kongrese çagyryň, onuň üçin ýer tutmagy ýa-da bile barmagy teklip ediň.

3. Bir uýa nädip ýygnaga gatnap başlady?

3 Wagyzçylar wagyz edenlerinde, ýigrimi ýyldan gowrak yhlasy gowşan uýa duşdular. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşmasa-da, ýene-de ikilenç ideg edip, täze žurnallary eltip berdiler. Welaýat kongresinden soň oňa käbir pikiri gürrüň berdiler. Şondan soň ol ýygnaga gatnap başlady.

4. Ýygnaga dolanan dogana biz nähili garamaly?

4 Kimdir-biri ýygnaga dolananda. Yhlasy gowşan dogan ýygnaga dolananda, biz özümizi nähili alyp barmaly? Isany wagtlaýynça taşlap giden şägirtlerini ol nähili garşylady? Ol şägirtlerine «doganlar» diýip, olara ynanýandygyny görkezdi. Hatda, olara wajyp ýumuş tabşyrdy (Mat. 28:10, 18, 19). Tizden olar hoş habary wagyz etmegiň «yzyny üzmediler» (Res. iş. 5:42).

5. Nähili ýagdaýlarda yhlasy gowşan wagyzçy barada ýaşululara aýtmaly?

5 Yhlasy gowşan dogana Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi teklip etmezden öň ýa-da ony wagza çagyrmankak, ýaşulular bilen maslahatlaşmaly. Eger meýdançaňyzda yhlasy gowşan wagyzça duşsaňyz, bu barada ýaşululara aýtmaly. Olar oňa gerekli kömegi bererler.

6. Yhlasy gowşan doganlara kömek edip, nähili şatlyk taparys?

6 Mukaddes Ýazgylarda soňuna çenli çydan halas bolar diýip düşnükli aýdylýar (Mat. 24:13). Şonuň üçin büdräp «daşlaşanlar» barada unutmaň. Şeýle dogan-uýalara Ýehowa ýaly söýgi we sabyr edip üns bersek, belki, biziň bagtymyza olar mukaddes gulluga täzeden başlar (Luka 15:4—10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş