Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb17 Aprel sah. 5
  • Sen wagza çykmaýan mesihçileri ruhlandyryp bilersiň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen wagza çykmaýan mesihçileri ruhlandyryp bilersiň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Meňzeş maglumat
  • Yhlasy gowşan wagyzçylary unutmaň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Maňa dolanyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Olara haýal etmän dolanmaga kömek ediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sürüden azaşanlara kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
mwb17 Aprel sah. 5

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Sen wagza çykmaýan mesihçileri ruhlandyryp bilersiň

Çopan ýiten goýny erjellik bilen gözleýär

Aprel aýynyň 11-ne, sişenbe güni geçiriljek Ýatlama agşamyna wagza çykmaýan mesihçilera hem gatnaşar. Olar ýaşaýyş ýolunda ylgawa başlasalar-da, «Ýehowa dolanyň» atly broşýurada agzalýan her dürli kynçylyklar bilen göreşýärler (Ýew 12:1). Emma Ýehowa üçin olar gaty eziz, sebäbi Hudaý oglunyň gany arkaly olary satyn aldy (Res 20:28; 1Pt 1:18, 19). Biz nädip olara ýygnaga dolanmaga kömek edip bileris?

Çopanyň sürüden azaşan goýnuny erjellik bilen gözleýşi ýaly, ýygnak ýaşululary hem wagza çykmaýan mesihçileri idäp, olara kömek edýärler (Lk 15:4—7). Bu Ýehowanyň söýgi bilen alada edýändigini görkezýär (Ýer 23:3, 4). Wagza çykmaýan mesihçileri diňe ýaşulular däl, eýsem, her birimiz ruhlandyryp bileris. Ýehowa biziň ýagşylyk etmek, duýgudaşlyk bildirmek üçin edýän tagallamyzy görüp begenýär we ol bizi hökman bereketlär (Sült 19:17; Res 20:35). Şol sebäpli, geliň, kimi ruhlandyryp biljekdigimiz barada oýlanalyň we olara haýal etmän kömek edeliň!

Lora aýnadan seredýär; Ebbi doga edýär; Ebbi bilen Lora bir-birini gujaklaýar; olar surata düşýär

«WAGZA ÇYKMAÝAN MESIHÇILERI RUHLANDYRYŇ» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ebbi nätanyş uýa duşanda nädip birinji ädim ätdi?

  • Wagza çykmaýan mesihçilere kömek etmek islesek näme üçin ýaşululara ýüz tutmaly?

  • Ebbi Lora bilen ikinji gezek duşuşmak üçin nähili taýýarlyk gördi?

  • Ebbi Lorany ruhlandyranda tutanýerliligini, sabyrlylygyny we söýgüsini nädip görkezdi?

  • Luka 15:8—10-njy aýatlarda aýdylýan Isanyň mysalyndan näme öwrenip bileris?

  • Loranyň we Ebbiniň bilelikde eden tagallasy nähili netije berdi?

a Şu makalada «wagza çykmaýan mesihçi» diýlende, soňky alty aýyň dowamynda wagza çykmaýan we hasabat tabşyrmaýan wagyzçylar göz öňüne tutulýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş