Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/11 sah. 8—12
  • Sürüden azaşanlara kömek ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sürüden azaşanlara kömek ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kim kömek edip biler?
  • Bilelikde kömek ediň
  • Olara söýgiňizi bildiriň
  • «Goýunlarymy özüm gözläp taparyn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Olara haýal etmän dolanmaga kömek ediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/11 sah. 8—12

Sürüden azaşanlara kömek ediň

«Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýiten goýnumy tapdym» (LUKA 15:6).

1. Isa mähirli çopandygyny nädip subut etdi?

ÝEHOWANYŇ ilkinji Ogly Isa Mesihe «goýunlaryň uly Çopany» diýilýär (Ýew. 13:20). Onuň gelmegi barada Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilipdi. Şeýle-de Hudaýyň Sözünde Isa Ysraýylyň «ýitirim bolan goýunlaryny» gözlän meşhur Çopandygy aýdylýar (Mat. 2:1—6; 15:24). Çopanyň goýunlaryny goramak üçin janyny bermäge taýyn bolşy ýaly, Isa-da goýun kimin adamlar üçin janyny gurban berdi. Indi, olar töleg gurbanyndan peýdalanyp bilýär (Ýahýa 10:11, 15; 1 Ýahýa 2:1, 2).

2. Käbir mesihçiler nähili sebäplere görä, yzygiderli wagyz etmegini goýdular?

2 Gynansak-da, käbir mesihçiler Isanyň töleg gurbanyny gymmat saýyp, özüni Hudaýa bagyş etseler-de, ýygnakdan daşlaşdylar. Belki, olar göwnüçökgün, näsaglyk ýa-da başga sebäplere görä yhlasyny gowşadyp, yzygiderli wagyz eden däldirler. Emma Dawudyň 23-nji mezmurynda aýdylyşy ýaly, olar diňe Hudaýyň sürüsinde galsa, özlerini rahat duýup, bagtly bolar. Dawut: «Reb meniň Çopanymdyr; men hiç bir zatda mätäçlik çekmerin» diýdi (Zeb. 23:1). Hudaýyň sürüsiniň goýunlary ruhy taýdan hiç bir zatda mätäçlik çekmeýär. Emma azaşan goýunlar barada şeýle diýip bolmaz. Kim olara kömek edip biler? Olara nädip kömek bermeli? Olar sürä dolanar ýaly näme etmeli?

Kim kömek edip biler?

3. Isa Hudaýyň örüsinden ýiten goýunlary yzyna dolandyrmagyň wajypdygyny nädip görkezdi?

3 Ýiten goýunlary Hudaýyň örüsine dolandyrmak üçin tagalla etmeli (Zeb. 100:3). Isa muny şeýle mysal arkaly görkezdi: «Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda galdyryp, azaşanyň gözlegine çykmazmy? Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol azaşmadyk togsan dokuzysyndan köp oňa begener. Şeýlelikde, bu körpelerden biriniň heläk bolmagy göklerdäki Ataňyzyň islegi däldir» (Mat. 18:12—14). Sürüden azaşan goýun kimin adamlara kim kömek edip biler?

4, 5. Ýaşulular Hudaýyň sürüsine nähili garamaly?

4 Mesihçi ýaşulular ýiten goýunlara kömek bermek isläninde, Ýehowa özüni bagyş eden adamlaryň Hudaýyň sürüsidigini unutmaly däl. Olar Hudaýyň örüsiniň gymmatly goýunlarydyr (Zeb. 79:13). Şeýle goýunlar mähirli aladasynyň edilmegine mätäçdir. Şonuň üçin söýýän çopanlar olar bilen aýratyn gyzyklanmaly. Ýaşulularyň mähirlik bilen ideg etmegi örän peýdalydyr. Çopanlar söýgi bilen olary ruhlandyryp, Hudaýa ýakynlaşmaga we sürä dolanmaga kömek edip biler (1 Kor. 8:1).

5 Hudaýyň sürüsindäki çopanlaryň borjy azaşan goýunlary gözlemek we olara kömek etmek. Pawlus resul Efesdäki ýygnagyň ýaşulularyna çopançylyk borjuny ýatladyp, şeýle diýdi: «Özüňize we Reb Hudaýyň Öz (Isanyň) gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň» (Res. iş. 20:28). Petrus resul hem mesh edilen ýaşululara şeýle etmegi maslahat berdi: «Araňyzdaky Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen, özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly däl-de, sürä görelde bolup, Hudaýyň isleýän ýolunda otladyň» (1 Pet. 5:1—3).

6. Näme üçin Hudaýyň goýunlary, aýratyn hem şu günler çopanlaryň alada etmeklerine mätäç?

6 Ýaşulular «gowy çopan» Isanyň göreldesine eýermeli (Ýahýa 10:11). Ol Hudaýyň goýunlarynyň aladasyny edýärdi. Isa Simun Petrusa «goýunlarymy bak» diýende, olaryň aladasyny etmegiň wajyplygyny belledi (Ýahýa 21:15—17-nji aýatlary okaň). Esasanam, şu günler goýunlaryň aladasyny etmeli, çünki Iblis Hudaýa özüni bagyş eden mesihçileriň aýypsyzlygyny gowşatmak isleýär. Şeýtan bizi, ýagny Ýehowanyň goýunlaryny günä itermek üçin, ten höweslerini we zalym dünýäni ulanýar (1 Ýahýa 2:15—17; 5:19). Aýratynam, yzygiderli wagyz etmeýän mesihçiler gowşak bolýar, şonuň üçin olara «ruhda geziň» diýen çakylyga eýermäge kömek etmeli (Gal. 5:16—21, 25). Şeýle goýunlara kömek edenimizde, Hudaýa bil baglap, doga etmek we mukaddes ruhuň görkezmesine eýerip, Mukaddes Ýazgylary ussatlyk bilen ulanmak wajypdyr (Sül. tym. 3:5, 6; Luka 11:13; Ýew. 4:12).

7. Ýaşululara Hudaýyň sürüsiniň goýunlaryny bakmak nähili derejede wajyp?

7 Gadymy Ysraýylda çopanyň ujy egri uzyn taýagy ýa-da hasasy bolýardy. Çopan onuň kömegi bilen sürini ugrukdyrýar. Çopan goýunlary agyla salanda we çykaranda, «sanaýardy» (Lew. 27:32; Mika 2:12; 7:14). Mesihçi ýaşulular hem özüne ynanylan Hudaýyň sürüsiniň goýunlaryny gowy tanamaly we aladasyny etmeli (Süleýmanyň tymsallary 27:23-i deňeşdiriň). Şonuň üçin çopançylyk idegi ýaşulular maslahatynda ara alyp maslahatlaşylýan wajyp meseleleriň biridir. Şeýle duşuşyklarda sürüden azaşan goýunlara kömek etmek üçin nämeler etmelidigi çözülýär. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, onuň özi goýunlaryny gözlär we aladasyny eder (Ezek. 34:11). Şol sebäpli ýaşulular Hudaýyň göreldesine eýerip, azaşan goýunlara sürä dolanmaga kömek edýär. Hudaý olaryň edýän tagallasyna begenýär.

8. Nädip ýaşulular goýunlara kömek edip bilýär?

8 Eger mesihçilerden biri ýarawsyz bolan ýagdaýynda, Hudaýyň sürüsiniň çopany ideg etse, ony ruhlandyryp, begendirer. Ruhy taýdan gowşan mesihçä hem aýratyn üns berilse, şeýle ýagdaýy görse bolýar. Ýaşulular ýygnaga barmaýan mesihçä Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okap berip, ýygnakda geçilen makalany ýa-da gyzykly pikirleri ara alyp maslahatlaşyp we doga edip biler. Şeýle-de ol ýygnak duşuşyklaryna gelse, dogan-uýalaryň begenjekdigine ynandyryp biler (2 Kor. 1:3—7; Ýakup 5:13—15). Ýygnaga gatnaşmaýan mesihçini ideg etsek, telefon arkaly habarlaşsak ýa-da hat ýazsak, bu onuň üçin köp zat bolmagy mümkin! Mesihçi ýaşulular sürüden azaşan goýunlara duýgudaşlyk bilen kömek edip, uly şatlyk tapýarlar.

Bilelikde kömek ediň

9, 10. Näme üçin diňe ýaşulular sürüden azaşan goýunlara kömek etmeli däl?

9 Biz başagaý we kyn döwürde ýaşaýarys, şonuň üçin imandaşyň ýygnakdan daşlaşýandygyna üns bermezligimiz mümkin (Ýew. 2:1). Emma Ýehowa üçin goýunlary gymmatlydyr. Teniň her bir agzasynyň gymmatly bolşy ýaly, goýunlaryň hem her biri gymmatlydyr. Şol sebäpli biziň ählimiz doganlarymyz bilen gyzyklanmaly we çyn ýürekden biri-birimiziň aladamyzy etmeli (1 Kor. 12:24). Siz imandaşlara şeýle garaýarsyňyzmy?

10 Sürüden azaşan goýunlary gözläp, kömek etmek, ilki bilen ýaşulularyň borjy bolsa-da, imandaşlaryň aladasyny diňe olar etmeli diýmek nädogry. Başga dogan-uýalar hem ýaşululara kömek edip biler. Biz dogan-uýalarymyza sürä dolanmaga kömek etmeli. Biz muny nädip edip bileris?

11, 12. Ruhy taýdan kömege mätäç dogana ýardam etmek üçin size nähili ýumuş berilmegi mümkin?

11 Käwagt ýaşulular tejribeli wagyzçylardan, ruhy taýdan gowşan, ýöne kömek isleýän doganlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş edýär. Şeýle okuwyň maksady olarda «başky söýgini» oýarmak (Ylh. 2:1, 4). Olary ruhy taýdan berkitmek üçin, ýygnaga barmadyk döwründe geçilen materialy ara alyp maslahatlaşyp bileris.

12 Eger-de ýaşulular ruhy kömege mätäç dogana Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş etse, Ýehowanyň görkezme we edýän tagallaňa ak pata bermegi barada doga ediň. «Işleriňi Rebbe tabşyr, niýetleriň amala aşar» (Sül. tym. 16:3). Ruhy taýdan gowşan dogan bilen okuw geçeniňde, Mukaddes Ýazgylardaky aýatlar we imanyňy berkidýän pikirler barada oýlanyň. Pawlus resulyň mysaly barada pikirleniň (Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary okaň). Pawlus berkitjek bir ruhy sylaga ýetirmek üçin, Rimdäki mesihçileri görmegi gaty küýseýärdi. Şeýle-de ol özüniň, hem beýlekileriň ruhlanmagyny umyt edýärdi. Hudaýyň sürüsinden azaşan goýunlara kömek edende, biz hem şeýle garaýyşda bolmaly dälmi?

13. Ýygnaga barmaýan mesihçi bilen näme barada gürrüň etse bolar?

13 Siz ýygnaga barmaýan mesihçä okuw geçeniňizde, şeýle sorag berip bilersiňiz: «Sen hakykaty nädip bildiň?» Onuň öňki şatlykly günlerini ýada salmaga kömek ediň. Ýygnaga, kongrese we wagza gatnaşan wagtynda bolan gyzykly wakalaryny gürrüň bermegi haýyş ediň. Onuň bilen Ýehowa gulluk eden bolsaňyz, şol şatlykly günleriňiz barada gürrüň ediň. Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyňa begenýändigiňizi aýdyň (Ýakup 4:8). Hudaý halky barada alada edýändigine, aýratynam, onuň kyn günlerde teselli we umyt berýändigine minnetdarlygyň barada gürrüň beriň (Rim. 15:4; 2 Kor. 1:3, 4).

14, 15. Ýygnaga barmaýan mesihçilere öň alan haýsy bereketlerini ýatlatsak, peýdaly bolar?

14 Ruhy taýdan gowşan dogana ýygnak bilen ýakyn gatnaşykda bolan wagtlary alan bereketlerini ýatlatmak peýdaly bolar. Meselem, Hudaýyň Sözi we niýeti barada bilimde ösmek bereketdi (Sül. tym. 4:18); ol ruha görä gezende, günä garşy göreşmegiň aňsatlygy (Gal. 5:22—26); ynsabynyň arassa bolany üçin dogada Ýehowa ýakynlaşyp bilmegi we ýüregi, pikirleri goraýan «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygyny» duýmagy (Flp. 4:6, 7). Şulary göz öňünde tutup we çyn ýürekden söýgi bildirip, ruhy dogana ýa-da uýa sürä dolanmak üçin eliňizden gelenini aýamaň (Filipililer 2:4-i okaň).

15 Aýdaly, siz ýaşuly. Siz ýygnaga barmaýan är-aýala çopançylyk idegini edýärsiňiz. Şonda olar bilen Hudaýyň Sözündäki hakykaty bilip başlan ilkinji günlerini ýatlasaňyz gowy bolar. Olara hakykat nähili ajaýyp, paýhasly, ynandyryjy we ruhy taýdan azat edijidi! (Ýahýa 8:32). Olar Ýehowa, onuň söýgüsi we ajaýyp niýeti barada bilende, nähili minnetdardylar! (Luka 24:32-ni deňeşdiriň). Olara Ýehowa özüni bagyş eden mesihçilerde Hudaý bilen ýakyn gatnaşygynyň we doga etmäge ajaýyp mümkinçiliginiň bardygyny ýatladyň. Ýygnaga barmaýan mesihçini «mübärek Hudaýyň... şöhratly Hoş Habaryna» bütin ýüregi bilen seslenmäge höweslendiriň (1 Tim. 1:11).

Olara söýgiňizi bildiriň

16. Ruhy taýdan berilýän kömegiň netijeli bolýandygy barada mysal getiriň.

16 Ýokarda berlen maslahatlar, dogrudan-da, netijelimi? Hawa. On iki ýaşly bir oglan wagyzçy bolýar, emma on bäş ýaşynda yzygiderli wagyz etmegini goýýar. Soňra ol ýene-de wagyz edip başlaýar we otuz ýyldan gowrak doly wagtly gulluk etdi. Onuň ruhy taýdan berkemegine bir ýaşuly kömek etdi. Ol ýaşulynyň ruhy taýdan eden kömegine örän minnetdar!

17, 18. Hudaýyň sürüsinden azaşanlara kömek etmäge haýsy häsiýetler ýardam eder?

17 Söýgi—ruhy taýdan gowşan mesihçileri ýygnaga dolanmaga kömek etmäge höweslendirýär. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34, 35). Mesihçiler söýgüsi bilen tapawutlanýarlar. Biz suwda çokundyrylan, emma soňra ruhy taýdan gowşan mesihçilere söýgimizi bildirmelimi? Elbetde, bildirmeli! Olara kömek etmek üçin Hudaýa ýaraýan birnäçe häsiýetleri görkezmeli.

18 Hudaýyň sürüsinden azaşan mesihçä kömek etmek üçin sizde nähili häsiýetler bolmaly? Söýgüden başga rehimdarlygy, ýagşylygy, ýumşaklygy we sabyrlygy görkezmeli. Ýagdaýa görä, geçirimli bolmak hem wajypdyr. Pawlus şeýle diýdi: «Rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünligi, ýumşaklygy we sabry geýniň. Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň. Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýniň» (Kol. 3:12—14).

19. Näme üçin azaşan goýunlara Hudaýyň sürüsine dolanmaga kömek bermek üçin tagalla etmeli?

19 Biz indiki makalada käbirleriniň haýsy sebäplere görä, Hudaýyň sürüsinden azaşandygyna serederis. Şeýle-de sürä dolanyp gelenleri nädip kabul edilmelidigi görkeziler. Indiki makalany öwreneniňizde we şu makala barada oýlananyňyzda, goýun kimin mesihçileriň Hudaýyň sürüsine dolanmaga kömek edýän tagallalaryňyzyň biderek däldigine şübhelenmäň. Bu zalym dünýäde adamlaryň köpüsi baýlyk ýygnamak üçin bütin ömrüni bagyş edýärler, emma bir adamyň jany bu dünýäniň ähli baýlygyndan gymmatlydyr. Muny Isa ýiten goýun tymsalynda gowy belläp geçýär (Mat. 18:12—14). Şony ýadyňyzda saklap, Ýehowanyň azaşan gymmatly goýunlaryna sürä dolanmaga kömek etmek üçin güýjüňizi gaýgyrmaň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Sürüden azaşan goýunlar babatda mesihçi ýaşulularyň nähili borjy bar?

• Siz ýygnaga barmaýan dogan-uýalara nädip kömek edip bilersiňiz?

• Sürüden azaşanlara ýardam etmek üçin size nähili häsiýetler kömek eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş