Süleýmanyň aýdymy
1 Süleýmanyň düzen iň gowy aýdymy+:
Atyr deý ýakymlydyr adyň+,
Arzuwy sen her bir gyzyň.
4 Meni çadyryna getirdi patyşa.
Gel ýanyma, bile gaçaly,
Şatlanyp, göwün açaly!
Şerapdan süýji söýgiňi wasp edeli.
Sen gyz kalbynyň soltany.
6 Gara diýip beýle seretmäň maňa,
Gün şöhlesi saldy meni bu hala.
Süýtdeş doganlarym gaharyna,
Garawul goýdular üzüm bagyna,
Seredip ýetişmedim öz bagyma.
Ýas tutýan zenan ýaly bürenjekli gezmäýin,
Dostlaryň sürüsiniň arasynda ýörmäýin».
8 «Biler bolsaň, gözelleriň soltany,
Yzlap git sen sürüleriň yzyny,
Çopan çadyryna golaý bak owlaklaryňy».
9 «Eý näzenin, boý-syratyň gözeldir,
Faraonyň arabasyna goşulan baýtal ýalydyr+.
10 Ýaňagyňa gulakhalka* gelişýär,
Boýnuňa monjuk ýaraşýar.
11 Altyndan täç ýasarys başyňa,
Kümüşden nagyş çekeris daşyna».
12 «Patyşa bilen otyryn saçak başynda,
Atyrymyň+ ysy ýaýraýar töwerek-daşa.
15 «Sen neneňsi owadan, näzli ýarym,
Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim»+.
16 «Eý aşygym, sen görmegeý, owadan+,
Düşegimiz bolsun al-ýaşyl meýdan.
17 Kedr agajy öýümiziň diregi,
Arçadandyr öýümiziň üçegi.