Ýehowanyň Sözi diri
Süleýman patyşanyň aýdymy
GYZLARYŇ arasynda meniň söýgülim, tikenekleriň arasyndaky liliýa kimindir». «Ýigitleriň arasynda meniň söýgülim, tokaýyň içindäki alma agajy kimindir». «Bakyşy daň şapagy kimin ýalpyldaýan, doly aý kimin owadan, güneş kimin päk aýal kim?» (Süleýmanyň aýdymy 2:2, 3; 6:10). Süleýmanyň aýdymyndaky aýatlar nähili ajaýyp! Mukaddes Ýazgylardaky bu kitap owadan, çeper sözler bilen düzülen welin, oňa «iň owadan aýdym» diýilýär.
Muny takmynan b. e. öň 1020-nji ýylda gadymy Ysraýyl patyşasy Süleýman kyrk ýyl patyşalyk eden döwrüniň başynda ýazdy. Bu aýdymda çopan oglan bilen sulamly oba gyzynyň söýgüsi wasp edilýär. Şeýle-de aýdymda gyzyň ejesi we doganlary, «Iýerusalimiň gyzlary [köşk hanymlary]» we «Sion gyzlary [Iýerusalimiň aýallary]» barada aýdylýar (Süleýmanyň aýdymy 1:4; 3:11). Mümkin, Mukaddes Ýazgylaryň okyjylaryna Süleýmanyň aýdymyndaky aýdylýan sözleriň kime degişlidigini anyklamak kyndyr, ýöne muny näme aýdylýandygyndan ýa-da kime aýdylýandygyndan bilse bolýar.
Hudaýyň Sözündäki Süleýmanyň aýdymynyň iki sebäbe görä uly ähmiýeti bar (Ýewreýler 4:12). Birinjiden, erkek bilen aýalyň arasynda hakyky söýginiň nähili bolmalydygyny öwredýär. Ikinjiden, Isa Mesih bilen mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň arasyndaky söýgüsi beýan edilýär (2 Korintoslylar 11:2; Efesliler 5:25—31).
«MENDE SÖÝGINI OÝARMAŇ»
«Goý, ol meni ogşasyn! Çünki seniň mähriň şerapdan hem gowudyr» (Süleýmanyň aýdymy 1:1). Süleýmanyň aýdymy Süleýman patyşanyň çadyryna getirilen oba gyzynyň sözleri bilen başlanýar. Ol bu ýere nädip düşdikä?
Sulamly gyz şeýle diýýär: «Ejemiň ogullary maňa gaharlandylar, olar meni üzümlige garawul goýdular». Doganlarynyň oňa gaharlanmagynyň sebäbi, söýgülisi çopan oglan ony mylaýym ýazyň güni gezelenç etmäge çagyrýar. Olar ony gezelenç etmäge goýbermän, «üzümligi zaýalan çaga tilkilerinden» goramak üçin garawul goýýarlar. Ol Süleýmanyň düşelgesiniň golaýynda işleýärdi. Sulamly gyz «hoz jeňňelligine baranda», onuň owadandygyny görüp, ony düşelgä getirýärler (Süleýmanyň aýdymy 1:6; 2:10—15; 6:11).
Sulamly gyz köşgüň hanymlaryna çopany gowy görýändigini aýdanynda, olar oňa «süriniň yzyndan gidip», ony tapmagy maslahat berýärler. Emma Süleýmanyň ony goýberesi gelmedi. Onuň owadanlygynyň waspyny ýetirip, «ýylpyldawuk kümüş şaýjagazly gyzyl şelpe» berjekdigini aýtdy. Ýöne gyz bu zatlara göz gyzdyrmady. Süleýmanyň düşelgesine gelip, çopan gyzy görende, joşup şeýle diýdi: «Ah, ne gözelsiň, söýgülim. Ah, sen, ne gözelsiň!» Gyz köşgüň hanymlaryna ýalbaryp: «Mende söýgini oýarmaň, göwnüm isleýänçe gozgamaň» diýýär (Süleýmanyň aýdymy 1:7—10, 15; 2:7; 3:5).
Sowallaryň jogaby:
1:2, 3 — Näme üçin gyz çopan oglanyny ýatlanda, onuň mährini şerap, adyny hoşboý ysly ýag bilen deňeşdirýär? Şerabyň ynsan ýüregini şatlandyryşy we mür, ýagny hoşboý ysly ýagyň başa çalnanda göwnüňi hoş edişi ýaly, gyz söýgülisini ýadyna salanda, oňa goldaw we teselli berýärdi (Zebur 23:5; 104:15). Mesihçiler, ylaýta-da, mesh edilenler Isa Mesihiň olara bildiren söýgüsi hakynda oýlananda, goldaw tapyp ruhlanýarlar.
1:5 — Oba gyzy garaýagyzlygyny näme üçin «Kedar çadyrlaryna» meňzedýär? Şol wagytlar geçi ýüňünden edilýän mata giňden ulanylýardy (Sanlar 31:20). Meselem, «geçiniň ýüňünden edilen mata [bilen] çadyryň üsti ýapylýardy» (Çykyş 26:7). «Kedar çadyrlary» şu günki beduinleriň çadyry ýaly gara geçiniň ýüňünden edilen bolmaly.
1:15 — Çopan oglanyň «seniň gözleriň kepderi ýaly» diýmegi nämäni aňladýar? Çopan oglanyň söýgülisiniň gözleri mähirli we mylaýym bolandygy sebäpli, ony kepderi bilen deňeşdirýär.
2:7; 3:5 — Köşgüň hanymlaryna ýüzlenip, gyz näme üçin «jerenlerden ýa-da meýdan keýiklerinden» ant içýär? Bu jandarlar öz nepisligi we owadanlygy bilen tanalýar. Aslynda, sulamly gyz ähli nepis we owadan zatlaryň hatyrasyna ant içip, köşgüň hanymlaryna öz söýgülisinden başga hiç kime söýgi duýgusyny döretmezligi haýyş edýär.
Biziň üçin sapak:
1:1; 2:6. Arassa, mähirli duýgular diňe durmuş gurmak isleýän ýigit bilen gyzyň arasynda bildirilmeli. Emma olar bu duýgularyny arassa saklamak üçin, jynsy ahlaksyzlyga eltjek hyjuwly duýgulardan seresap bolmaly (Galatýalylar 5:19).
1:5; 2:10—15. Sulamly gyza doganlary söýgülisi bilen daga, çola ýere gitmäge rugsat bermediler. Ýöne bu onuň ahlaksyz ýa-da erbet niýetli gyzdygyny aňlatmaýar. Doganlary ony günä eltip biljek ýagdaýlardan goradylar. Bu waka gyz bilen ýigidiň duşuşýan wagty çola ýeri saýlamaly däldigini görkezýär.
2:1—3, 8, 9. Sulamly gyz owadanlygyna garamazdan, kiçigöwünlilik bilen özüni «Saron gülüne [ýönekeý güle] we meýdan liliýasyna» deňeýär. Emma çopan oglanyň pikirine görä, onuň owadanlygy we Ýehowa wepalylygy «tikenekleriň arasyndaky liliýa» ýalydy. Eýsem, çopan barada näme diýse bolar? Ol syratly hem owadandygy üçin «keýige» meňzedilýär. Şeýle-de ol Ýehowany söýýän we oňa wepaly bolan bolmaly. Gyz şeýle diýýär: «Ýigitleriň arasynda meniň söýgülim, tokaýyň içindäki alma [kölege we miwe berýän] agajy kimindir». Durmuş gurmakçy bolýanlar Hudaýa wepaly, berk imanly ýanýoldaş gözlemeli.
2:7; 3:5. Sulamly oba gyzynyň Süleýmana bolan söýgi duýgusy ýokdy. Şeýle-de ol çopan oglandan başga birine söýgi duýgusyny döretmezligi üçin, köşgüň hanymlaryna ýalbarýar. Sebäbi islendik adamy söýüp bolmaýar. Mesihçiler diňe Ýehowanyň wepaly gullukçylary bilen durmuş gurmaly (1 Korintoslylar 7:39).
«SULAMLY GYZA NÄME BEÝLE SEREDÝÄRSIŇIZ?»
Ynha, «çölden çykýan sütemler kimin tüsse» görünýär (Süleýmanyň aýdymy 3:6). Iýerusalimiň aýallary näme gördüler? Süleýman patyşa hyzmatkärleri bilen şähere gaýdyp gelýär! Patyşa sulamly gyzy getirdi.
Çopan oglan gyzyň yzyndan gidýär we onuň bilen duşuşýar. Ýigit gyza öz söýgüsini ýene duýdurýar, gyz bolsa şäherden gitmek isleýändigini aýdýar. Ol: «Gün salkynka, kölege gitmänkä, mür dagyna we ladan baýyrlygyna baraýyn» diýýär. Ol çopandan «öz bagyna gelip, gowy miwelerden iýmegi» haýyş edýär. Oglan şeýle jogap berýär: «Uýam, gelinligim, men bagyma geldim». Iýerusalimiň aýallary olara: «Dostlar, iýiň, içiň, söýgüden serhoş boluň!» diýýär (Süleýmanyň aýdymy 4:6, 16; 5:1).
Sulamly gyz köşgüň hanymlaryna düýşüni gürrüň berip: «Yşk oduna ýandym men» diýýär. Olar ondan: «Seniň söýgüliňiň başgalardan näme tapawudy bar?» diýip soradylar. Sulamly gyz jogap berip: «Meniň ýarym akja we gyrmyzy, on müňlerçe ýigitlerden syratlydyr» diýýär (Süleýmanyň aýdymy 5:2—10). Süleýmanyň öwgüli sözlerine gyz kiçigöwünlilik bilen: «Sulamly gyza näme beýle seredýärsiňiz?» diýip jogap berýär (Süleýmanyň aýdymy 6:4—7:1). Patyşa ýagdaýdan peýdalanyp, sulamly gyzyň söýgüsini gazanmak üçin, ony taryplap arşa çykarýar. Muňa garamazdan, gyz çopan oglana bolan söýgüsinde wepaly galýar. Süleýman patyşa ahyry ony öýüne goýberýär.
Sowallaryň jogaby
4:1; 6:5 — Näme üçin gyzyň saçlary «geçi sürüsine» deňelýär? Onuň owadan, gür saçlary geçiniň gara ýüňüne meňzeýärdi.
4:11 — Haýsy manyda sulamly gyzyň «dodagyndan arynyň öýjükli baly akýar» we «diliniň astynda bal bilen süýt bar»? Birnäçe wagtlap gapda duran baldan arynyň öýjükli baly süýji we atyr ysly bolýar. Diliniň aşagynda bal bilen süýt bar diýilmegi, sulamly gyzyň sözleriniň ýakymly we mähirlidigi görkezilýär.
5:12 — «Gözleri akar suwlar kenarynda süýtde ýuwunýan gögerçin kimin» diýmek näme aňladýar? Gyz söýgülisiniň owadan gözleri barada aýdýar. Ol onuň gözüniň agyndaky gara görejini süýtde ýuwunýan gögerçine meňzedip, çeper dil bilen beýan edýär.
5:14, 15 — Näme üçin çopanyň eli we aýagy şeýle suratlandyrylýar? Gyz çopanyň barmaklaryny altyna, dyrnagyny pil süňküne meňzedýän bolmaly. Ol aýaklaryny «mermer sütünlerine» meňzedýär, çünki onuň aýaklary güýçli we owadandy.
6:4 — Näme üçin gyz Tirtsa şäherine meňzedilýär? Kenganlylaryň Tirtsa şäherini Ýeşuw basyp alypdy, Süleýman patyşadan soň bolsa, ol şäher on taýpaly demirgazyk patyşalygynyň ilkinji paýtagty bolupdy (Ýeşuw 12:7, 24; 3 Patyşalar 16:5, 6, 8, 15). Bir kitapda bu barada «aýatda aýdylýan şäher örän owadan bolan bolmaly, şonuň üçin hem onuň agzalýandygy düşnükli» diýilýär.
6:13 — «Mahanaim tansy» näme? Muňa «iki düşelgäniň tansy» hem diýilýär. Mahanaim şäheri Iordan derýasynyň gündogar tarapynda, Ýabbok jülgesiniň golaýynda ýerleşýärdi (Barlyk 32:2, 22; 2 Patyşalar 2:29). «Mahanaim tansy» diýilmeginiň sebäbi, şol şäherde geçirilýän baýramçylykda edilýän tanslaryň biri bolmaly.
7:5 — Näme üçin Süleýman sulamly gyzyň boýnuny pil süňkünden ýasalan sütüne meňzedýär? Süleýman ilki bilen gyzy wasp eýläp: «Seniň boýnuň Dawudyň sütünleri kimindir» diýýär (Süleýmanyň aýdymy 4:4). Bu diňi aňladýar. Diň uzyn we insiz, pil süňki bolsa ýylmanak bolýar. Gyzyň ýylmanak we inçe boýny Süleýmana ýaraýar.
Biziň üçin sapak:
4:1—7. Süleýman patyşa sulamly gyzyň başyny näçe aýlajak bolsa-da, gyz bikämilligine garamazdan, päkligini saklaýardy. Onuň ahlak taýdan päkligi gözelligine gözellik goşýar. Mesihçi uýalar barada hem şeýle diýse bolar.
4:12. Haýatly ýa-da germew aýlanan gözel baga diňe gulplanan derwezeden girip bolşy ýaly, sulamly gyzyň mähirli söýgüsine diňe onuň geljekki äri mynasypdy. Durmuş gurmadyk dogan-uýalar üçin nähili oňat görelde!
«ÝEHOWANYŇ ÝALNY»
Sulamly gyz öýüne dolanan mahaly doganlary ony görüp: «Çölden çykyp, söýgülisine ýanaşyp barýan kim?» diýip soradylar. Birnäçe wagt mundan öň, olaryň biri şeýle diýdi: «Eger ol diwar bolan bolsady, onuň üstünde kümüşden çadyr ýasardyk; eger ol gapy bolan bolsady, onda ony kedr tagtalary bilen örterdik». Indi bolsa, sulamly gyz synalan we subut edilen wepaly söýgüsi barada şeýle diýýär: «Men diwar, meniň göwüslerim bolsa gala kimin. Şoňa görä-de onuň gözlerinde ýetişen uly gyz boldum» (Süleýmanyň aýdymy 8:5, 9, 10).
Hakyky söýgi — «Ýehowanyň ýalny». Sebäbi beýle söýgini Ýehowa döretdi. Ol bize söýgi duýgusyny berdi. Şeýle söýginiň ýalny sönmeýär. Süleýmanyň aýdymy erkek adam bilen aýalyň arasyndaky söýginiň «ölüm kimin güýçli» bolup biljekdigini owadan beýan edýär (Süleýmanyň aýdymy 8:6).
Onsoňam, Süleýmanyň ajaýyp aýdymy Isa Mesih bilen onuň gökdäki «gelniniň» agzalarynyň arasyndaky söýgüsini görkezýär (Ylham 21:2, 9). Isanyň mesh edilen mesihçilere bolan söýgüsi, erkek adam bilen aýalyň arasyndaky söýgüdenem güýçlidir. Gelniň agzalary wepaly galmagy berk ýüregine düwdüler. Galyberse-de, Isa «başga goýunlary» hem söýýändigi üçin janyny gurban etdi (Ýahýa 10:16). Şonuň üçin ähli mesihçiler sulamly gyzyň sönmeýän söýgüsinden we wepalylygyndan görelde alyp bilerler.