Mukaddes duşuşyklarymyza hormat goýýarys
Men olary mukaddes dagyma hem elterin we olary doga öýümde begendirerin. (IŞAÝA 56:7, TD)
1. Mukaddes Ýazgylar boýunça biz duşuşyklarymyza näme üçin mynasyp hormat goýmaly?
ÝEHOWA halkyny, ýagny mesh edilen mesihçileri we olaryň ýoldaşlaryny, sežde etmek üçin «mukaddes dagynda» ýygnady. Ol halkyny «doga öýünde», ýagny ruhy ybadathanasynda begendirýär. Oňa «bütin milletleriň doga öýi» hem diýilýär (Işaýa 56:7; Markus 11:17). Ýehowanyň öz halkyny sežde etmek üçin ýygnamagy şol seždäniň mukaddes, arassa hem belentdigini görkezýär. Öwrenmek hem sežde etmek üçin barýan duşuşyklarymyza mynasyp hormat goýup, biz mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýandygymyzy görkezýäris.
2. Ýehowa sežde etmek üçin saýlanan ýeriň mukaddes hasaplanýandygyny näme görkezýär we Isa-da ony mukaddes hasaplaýandygyny nädip görkezdi?
2 Gadymy Ysraýylda Ýehowa sežde etmek üçin saýlanan ýer mukaddes hasaplanypdyr. Çadyr we onuň içindäki zatlar «iň mukaddes» bolar ýaly, mesh we mukaddes edilmelidi (Çykyş 30:26—29). Çadyryň iki bölümine «Mukaddes Jaý» we «Iň Mukaddes Jaý» diýlipdir (Ýewreýler 9:2, 3). Wagtyň geçmegi bilen, çadyryň deregine Iýerusalimde ybadathana guruldy. Iýerusalim şäheri Ýehowa edilýän seždäniň merkezi bolany üçin oňa «mukaddes şäher» diýip başladylar (Nehemýa 11:1; Matta 27:53). Isanyň ýer ýüzünde gulluk eden wagty ybadathana mynasyp hormat goýýardy. Adamlaryň ybadathana hiç hili hormat-sylag goýman, söwda-satyk edýänini we içinden geçýänini görüp, onuň gahary geldi (Markus 11:15, 16).
3. Ysraýyllylaryň ýygnaklarynyň mukaddesdigini näme görkezýär?
3 Ysraýyllylar Ýehowa sežde etmek we Hudaýyň kanunyny diňlemek üçin yzygiderli ýygnanyşýardylar. Baýramçylygyň belli günlerine mukaddes ýa dabaraly ýygnaklar diýilmegi şol duşuşyklaryň mukaddes hasaplanandygyny görkezýär (Lewililer 23:2, 3, 36, 37). Ezranyň we Nehemýanyň günlerinde geçirilen şeýle ýygnaklarda lewililer «halka kanuny düşündirýärdiler». «Halkyň bolsa kanunyň sözlerini eşidip, uly ahy-nala edenleri»üçin lewililer «bütin halky köşeşdirip: «Aglamaň! Sebäbi şu gün — mukaddes gündür» diýdiler. Soňra ysraýyllylar ýedi günläp «uly şatlyk bilen» Çatma-telär baýramyny bellediler. Soňra bolsa, «her gün, ilkinji günden başlap, tä soňky güne çenli hakyky Hudaýyň kanun kitabyny sesli okadylar. Olar ýedi gün baýram etdiler we düzgüne görä sekizinji gün diýlende dabaraly ýygnak boldy» (Nehemýa 8:7—11, 17, 18, TD). Şol günler mukaddesdi, şoňa gantnaşýan adamlar oňa mynasyp hormat goýmalydylar.
Biziň duşuşyklarymyz hem mukaddes
4, 5. Duşuşyklarymyz nämeler sebäpli mukaddes hasaplanýar?
4 Hawa, şu günler ýer ýüzünde Ýehowanyň ýörite ybadathanaly mukaddes şäheri ýok. Muňa garamazdan, biz Ýehowa sežde etmek üçin geçýän duşuşyklaryň mukaddesdigini unutmaýarys. Biz hepdede üç sapar duşuşyp, Mukaddes Ýazgylary okaýarys we öwrenýäris. Nehemýanyň günlerinde bolşy ýaly, şol duşuşyklarda-da Ýehowanyň Sözi düşündirilýär (Nehemýa 8:8). Duşuşyklaryň hemmesi doga bilen başlanýar we doga bilen-de jemlenýär, olaryň köpüsinde bolsa biz Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlary aýdýarys (Zebur 26:12). Hakykatdan-da, ýygnagyň duşuşyklary seždäniň wajyp bir bölegi, şol sebäpli biz olara hormat we sylag goýmaly.
5 Ýehowa öz halkynyň sežde etmek, Sözüni öwrenmek we imandaşlary bilen söhbetdeş bolmak üçin duşuşýanyny görüp, olara ak pata berýär. Duşuşyk geçýän wagty, Ýehowanyň «ol ýerde bereket bolsun diýip, tabşyryk berendigine» berk ynanyp bileris (Zebur 133:1, 3). Eger-de şol duşuşyklara baryp, öwrenilýän ruhy tema ünsli bolsak, onda bizem şol bereketden paýymyzy alarys. Onsoňam, Isa: «Iki ýa üç adam Meniň adymdan haýsy ýerde üýşüşse, Men-de şol ýerde, olaryň arasynda bolaryn» diýdi. Şu sözler dogan-uýalaryň arasynda ýüze çykan agyr meseläni çözmek üçin duşuşýan ýygnak ýaşulularyna degişli, ýöne umuman alanyňda, şu aýaty biziň duşuşyklarymyza-da degişli etse bolýar (Matta 18:20). Mesihçiler Isanyň adyndan üýşüşseler, Isa-da mukaddes ruh arkaly şol ýerde bolýan bolsa, onda şeýle duşuşyklar mukaddes hasaplanmaly dälmi?
6. Duşuşyklar geçirilýän uly-kiçi binalary hakda näme aýtsa bolar?
6 Elbetde, Ýehowa ynsan eli bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar. Şeýle-de bolsa, biziň Patyşalyk Zallarymyz — hakyky sežde üçin gurlan jaýlardyr (Resullaryň işleri 7:48; 17:24). Biz şol ýerde Ýehowanyň Sözüni öwrenmek, oňa doga etmek we öwgüli nagmalar aýtmak üçin ýygnanýarys. Kongres Zallaryny hem hut şeýle maksat üçin ulanýarys. Kongres geçirmek üçin kireýine alnan uly binalar, ýagny konferens zallary, sergi zallary ýa stadionlar hem mukaddes duşuşyklar üçin ulanylýan wagty sežde edilýän ýere öwrülýärler. Sežde etmek üçin geçýän şol uly-kiçi duşuşyklar hormata mynasyp. Biz şol duşuşyklara goýýan hormatymyzy, garaýyşymyz hem özümizi alyp barşymyz bilen görkezmeli.
Duşuşyklara hormatyňy nädip görkezmeli?
7. Duşuşyklara hormatymyzy nädip görkezmeli?
7 Biz duşuşyklara mynasyp hormaty iş ýüzünde-de görkezip bileris. Birinjiden, Patyşalyk aýdymlaryny aýtmak üçin wagtynda barmaly. Şol aýdymlaryň köpüsi doga görnüşinde düzülipdir, şonuň üçin hem aýdymlary sylaşykly aýtmaly. Pawlus resul Zeburyň 22-nji mezmurynda ýazylan sözleri Isa degişli edip, şeýle diýdi: «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgüli nagmalar aýdaryn» (Ýewreýler 2:12). Şol sebäpli-de, duşuşygy alyp barýan dogan aýdymyň adyny aýtmanka, biz eýýäm ýerimizde oturmagy endik edinmeli. Soňra bolsa, hemmeler bilen aýdym aýdyp, onuň manysyna üns bermeli. «Rebbe sena ediň. Men dogrularyň mejlisinde, ýygnakda Rebbe bütin ýüregim bilen şükür ederin» diýen mezmurçynyň göreldesine eýerip, aýdym aýdalyň (Zebur 111:1). Şeýlelik-de, Ýehowa öwgüli nagmalary aýtmak — ýygnaga irräk gelmäge we soňuna çenli galmaga örän oňat sebäp.
8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysal duşuşyklarda aýdylýan doganyň hormat bilen diňlenmäge mynasypdygyny görkezýär?
8 Ýygnanan adamlaryň adyndan aýdylýan doga hem ähli duşuşyklarymyzy ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Bir gezek Iýerusalimde ýaşaýan irki mesihçiler duşuşanlarynda, batly sesleri bilen «agzybirlikde» Hudaýa ýürekden doga etdiler. Netijede, olar yzarlamalara garamazdan, «Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemegi» dowam etdiler (Resullaryň işleri 4:24—31). Eýsem, şol mesihçileriň haýsam bolsa biri, doga edilýän wagty başga zatlar hakda pikir edendir öýdýäňizmi? Ýok, olar «agzybirlik bilen» doga etdiler. Biziň duşuşyklarymyzda-da doga hemmeleriň adyndan aýdylýar. Şeýle dogalar hormat bilen ünsli diňlenmäge mynasyp.
9. Mukaddes duşuşyklara hormat goýýandygymyzy nädip geýnişimiz we özümizi alyp barşymyz bilen görkezip bileris?
9 Onsoňam, duşuşyklarymyzyň mukaddesdigini geýnişimiz we egin-eşigimiz bilen görkezýäris. Sylaşykly geýinsek we saçymyza timar bersek, onda duşuşyklaryň abraýy has-da artar. Pawlus resul şeýle maslahat berdi: «Erkekleriň gaharlanyp jedelleşmän, her ýerde mukaddes eller galdyryp doga etmegini isleýärin. Aýallaryň hem saç örümleri, gyzyllar, hünjüler we gymmatbaha eşikler bilen däl-de, eýsem ýaraşykly egin-eşikler, haýa we salykatlylyk bilen, Hudaý ýolunda gezýändiklerini ykrar edýän aýallara ýaraşýan ýagşy işler bilen özlerini bezemeklerini isleýärin» (1 Timoteos 2:8—10). Üsti açyk stadionlarda uly kongresler geçirilende, elbetde, howanyň ýagdaýyna görä geýinmeli bolar, ýöne howa näçe yssy bolsa-da, salykatly hem ýerlikli geýinmeli. Şeýle-de duşuşyklara hormat goýýan bolsak, onda dogan-uýalar çykyş edýän wagty çörek iýmeris ýa-da sakgyç çeýnemeris. Duşuşyklarymyza salykatly geýinsek we özümizi edepli alyp barsak, onda Ýehowa Hudaýy, oňa seždäni we imandaşlarymyzy hormatladygymyz bolar.
Hudaýyň maşgalasyna ýaraşýan edim-gylym
10. Pawlus resul ýygnagyň duşuşyklarynda özümizi edepli alyp barmalydygymyzy nädip görkezdi?
10 Pawlus korintoslylara ýazan birinji hatynyň 14-nji babynda ýygnak duşuşyklarynyň geçirilişi hakda paýhasly maslahat berýär. Ol sözüni şeýle jemleýär: «Ýöne herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolsun» (1 Korintoslylar 14:40). Duşuşyklar — mesihçiler ýygnagynyň geçirýän wajyp işleriniň biri. Şol duşuşyklarda Hudaýyň maşgalasyna ýaraşýan edim-gylym bolmaly.
11, 12. a) Duşuşyklara barýan çagalar nämä göz ýetirmeli? b) Çagalar ýygnagyň duşuşyklarynda imany hakda nädip aýdyp bilerler?
11 Esasanam, çagalara ýygnakda özüni nähili alyp barmalydygyny öwretmeli. Mesihçi ene-atalar öz çagalaryna Patyşalyk Zalyna we kitap öwrenilýän duşuşyga oýun oýnamaga barmaýandygyny düşündirmeli. Şol ýerlerde biz Ýehowa sežde edýäris we onuň Sözüni öwrenýäris. Akyldar patyşa Süleýman şeýle sözleri ýazdy: «Hak Hudaýyň öýüne baranyňda aýagyňa ünsli bolup, diňlemäge taýyn bol» (Wagyzçy 5:1). Musa ysraýyllylara ululary we «çagalary» ýygnamagy öwretdi. Ol şeýle diýdi: «Halk diňläp, öwrener ýaly, Ýehowa Hudaýyňdan gorkar ýaly, şu kanunyň ähli sözleri berjaý eder ýaly olary ýygna... Kanuny bilmeýän ogullary hem diňläp, Ýehowadan gorkmagy öwrener» (Kanunyň gaýtalanyşy 31:12, 13).
12 Şu günler hem çagalar ene-atasy bilen ýygnaga, esasan, diňlemek we öwrenmek üçin gelýärler. Çagalar ünsli diňläp, Mukaddes Ýazgylaryň esasy hakykatlaryna düşünip bilýän bolsa, onda olar hem gysgaça jogap berip, imanyny «ykrar edip» bilerler (Rimliler 10:10). Ol çaga, belki, düşünýän sowalyna birki söz bilen jogap berer. Başda oňa jogabyny okatsaň-da bolar, şeýlelik-de, wagtyň geçmegi bilen, öz sözleri bilen jogap bermegi öwrener. Jogap bermek çaga üçin peýdaly we ol ondan şatlyk tapar. Olaryň öz dini hakda ýürekden aýdýan sözleri bolsa ýygnaga baran uly adamlary begendirýär. Adatça, ene-atalaryň özleri hem jogap berip, olara oňat görelde görkezýärler. Mümkin bolsa, her bir çaganyň öz Mukaddes Ýazgylary, aýdym kitaby hem-de duşuşykda öwrenilýän edebiýaty bolmaly. Olar şol edebiýata mynasyp hormat goýmagy-da öwrenmeli. Şu zatlaryň hemmesi ýaş çagalara duşuşyklaryň mukaddesdigine düşünmäge kömek eder.
13. Ilkinji sapar ýygnaga gelen adamlaryň näme pikirde bolmagyny isleýäris?
13 Elbetde, biz duşuşyklarymyzy hristian dünýäsiniň buthanalarynda geçýän gulluklara meňzetmek islämizok. Olaryň gulluklarynda mähir-söýgi ýok, göz üçin keramatly bolmaga çalyşýarlar ýa-da rok konsert ýaly uly gykylyk bilen geçýär. Biz Patyşalyk Zallarynda geçýän duşuşyklaryň mähirli hem ýakymly geçmegini isleýäris, ýöne dynç alynýan ýa gümür-ýamyr edilýän seýil baga meňzetmek islämizok. Biz Ýehowa sežde etmek üçin duşuşýarys, şonuň üçin hemişe-de duşuşyklaryň mertebesini saklamaly. Biz ilkinji sapar ýygnaga gelen adamlaryň çykyşlary diňläp, biziň we çagalarymyzyň özüni alyp barşyny görüp: «Hudaý dogurdan-da siziň araňyzda» diýmegini isleýäris (1 Korintoslylar 14:25).
Hudaýa sežde etmek üçin hemişe duşuşarys
14, 15. a) Biz «Hudaýyň öýüni äsgermezlik» etmezlik üçin näme etmeli? b) Häzir Işaýa 66:23-de ýazylan sözler nädip ýerine ýetýär?
14 Ýokarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa halkyny ýygnaýar we olary «doga öýünde», ýagny ruhy ybadathanasynda begendirýär (Işaýa 56:7). Wepaly Nehemýa ýehudylara ybadathana hormat goýup, maddy taýdan goldamagy ýatlatdy. Ol şeýle diýdi: «Biz Hudaýyň öýüni äsgermezçilik etmeli däl» (Nehemýa 10:39). Onsoňam, biz Ýehowanyň «doga öýünde» sežde etmäge çakylygyny yzyna gaýtarmaly däl.
15 Sežde etmek üçin hemişe duşuşmagyň wajypdygyny görkezip, Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Aýma-aý, sabatma-sabat bütin adamzat tagzym etmek üçin meniň öňüme geler» diýip, Ýehowa aýdýar» (Işaýa 66:23). Häzir şu sözler ýerine ýetýär. Hepdeden-hepdä, aýma-aý Hudaýa özüni bagş eden mesihçiler Ýehowa sežde etmek üçin yzygiderli duşuşýarlar. Meselem, olar ýygnagyň duşuşyklaryna gatnaşýarlar we hoş habary wagyz edýärler. Eýsem, sen, tagzym etmek üçin Ýehowanyň öňüne yzygiderli gelýän adamlaryň arasynda barmyň?
16. Duşuşyklara yzygiderli barmagy näme üçin häzirden endik edinmeli?
16 Ýehowanyň wada berýän täze dünýäsinde Işaýa 66:23-däki sözler doly ýerine ýeter. Şol döwürde «bütin adamzat» sözüň doly manysynda bütin ebediligiň dowamynda hepdeden-hepdä, aýma-aý Ýehowa «tagzym [ýagny sežde] etmek üçin geler». Täze dünýäde-de Ýehowa sežde etmek üçin hemişe duşuşjak bolsak, onda häzirden mukaddes duşuşyklara yzygiderli barmagy endik edinsek gowy bolmazmy?
17. Duşuşyklar bize näme üçin «ol gün golaýlaýanlygyny näçe görsek, şonça-da» gerek?
17 Bu zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, biz sežde etmek üçin ýygnagyň duşuşyklaryna barmagy ýüregimize öňküden-de berk düwmeli. Mukaddes duşuşyklara mynasyp hormat goýýandygymyz sebäpli, biz dünýewi işlere, mekdepde berilýän öý işlere we gijeki okuwlara imandaşlar bilen yzygiderli duşuşmaga päsgel berdirmeris. Biz şol duşuşyklardan güýç alýarys. Biz ýygnagyň duşuşyklarynda birek-birek bilen ýakyndan tanyşýarys, birek-biregi ruhlandyrýarys hem-de «söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrýarys». Biz şu zatlary «ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görsek, şonça-da» köp etmeli (Ýewreýler 10:24, 25). Şonuň üçin, geliň, yzygiderli baryp, salykatly geýnip we özümizi edepli alyp baryp, mukaddes duşuşyklarymyza mynasyp hormat goýalyň. Şeýdip, biz mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýandygymyzy görkezýäris.
Gaýtalamak üçin
• Ýehowanyň halkynyň duşuşyklarynyň mukaddes hasaplanmalydygyny näme görkezýär?
• Duşuşyklarymyz näme sebäpli mukaddes hasaplanýar?
• Çagalar mukaddes duşuşyklara nädip hormat goýup biler?
• Biz duşuşyklara yzygiderli barmagy näme üçin endik edinmeli?