Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 40
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Ýehowa ýene⁠-⁠de sorag berýär (1—24)

        • Eýýup aýdara söz tapmaýar (3—5)

        • Hudaýy adalatsyz görýärmiň? (8)

        • Hudaý begemot barada aýdýar (15—24)

Eýýup 40:2

Parallel aýatlar

  • +Eýp 33:12, 13; Işa 45:9
  • +Eýp 13:3; 23:3—5; 31:35

Eýýup 40:4

Parallel aýatlar

  • +Eýp 42:5, 6
  • +Zb 39:9; Nak 30:32

Eýýup 40:6

Parallel aýatlar

  • +Eýp 38:1

Eýýup 40:7

Parallel aýatlar

  • +Eýp 38:3; 42:4

Eýýup 40:8

Parallel aýatlar

  • +Zb 51:4; Rim 3:4

Eýýup 40:9

Parallel aýatlar

  • +2Ms 15:6; Zb 89:13; Işa 40:26; 1Kr 10:22
  • +Eýp 37:4; Zb 29:3

Eýýup 40:23

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 3:15

Umumy salgylar

Eýp. 40:2Eýp 33:12, 13; Işa 45:9
Eýp. 40:2Eýp 13:3; 23:3—5; 31:35
Eýp. 40:4Eýp 42:5, 6
Eýp. 40:4Zb 39:9; Nak 30:32
Eýp. 40:6Eýp 38:1
Eýp. 40:7Eýp 38:3; 42:4
Eýp. 40:8Zb 51:4; Rim 3:4
Eýp. 40:92Ms 15:6; Zb 89:13; Işa 40:26; 1Kr 10:22
Eýp. 40:9Eýp 37:4; Zb 29:3
Eýp. 40:23Ýuş 3:15
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
Mukaddes Kitap
Eýýup 40:1—24

Eýýup

40 Ýehowa Eýýuba şeýle diýdi:

 2 «Ynsan Gudratygüýçlüni ýazgaryp,

Onuň bilen jedelleşip bilermi?+

Hudaýy günäkärleýän jogap bersin»+.

 3 Eýýup Ýehowa şeýle diýdi:

 4 «Men bir dereksiz adam+.

Saňa näme jogap bereýin?

Men sesimi çykarmaýyn+.

 5 Men bir gezek, hatda iki gezek gepledim,

Indi dymaýyn, hiç zat aýtmaýyn».

 6 Şonda Ýehowa harasadyň içinden+ Eýýuba şeýle diýdi:

 7 «Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!

Men sorag berjek, senem jogap ber+.

 8 Meni adalatsyz görýärmiň?

Özüňi aklamak üçin, meni ýazgarýarmyň?+

 9 Seniň goluň hak Hudaýyň goly ýaly güýçlümi?+

Onuň batly gygyryşy ýaly, senem gygyryp bilermiň?+

10 Onda şan⁠-⁠şöhrata beslen,

Mertebe we hormat donuny geý.

11 Gahar⁠-⁠gazabyňy saklama,

Tekepbirleri tapyp, olary dyza çöker.

12 Ulumsylary tapyp, olary abraýdan düşür,

Erbetleri duran ýerinde mynjyrat.

13 Hemmesini bile topraga göm,

Olary garaňkylykda baglap goý.

14 Şonda seniň sag eliň halas edip biljekdigini

Men⁠-⁠de boýun alaryn.

15 Begemota seret, seni ýaradyşym ýaly ony⁠-⁠da ýaratdym,

Ol öküz kimin ot iýýär.

16 Begemotyň güýji bilindedir,

Kuwwaty garyn gasynlaryndadyr!

17 Guýrugy kedr agajy kimindir,

Budunyň siňirleri örüm⁠-⁠örümdir.

18 Süňkleri mis kimindir,

Aýaklary demir kimindir.

19 Ol Hudaýyň ýaradan iň täsin haýwanydyr,

Ony diňe Ýaradan gylyçdan geçirip biler.

20 Daglar onuň öri meýdany,

Ýabany haýwanlar bilen bile ýaýnaýar.

21 Ol tikenli agaçlaryň aşagynda,

Gamyşly batgalyklarda ýatýar.

22 Tikenli agaçlar üstüne kölege salýar,

Jülgäniň derekleri gurşaýar.

23 Derýa joşsa⁠-⁠da, ol gorkmaýar,

Iordan+ möwç ursa⁠-⁠da, ol äwmeýär.

24 Oýa wagty kim ony tutup biler?

Kim onuň burnuna çeňňek ildirip biler?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş