Dinlere näme bolar? Mukaddes Kitapdaky pygamberlik
Siz dinlere nähili garaýarsyňyz? Hudaý diýýän adamlaryň edýän erbet işleri gaharyňyzy getirýärmi? Dinler käbirine ýagşy adam bolmaga kömek etse-de, köplenç uly zyýanam ýetirýär. Bir kitapda aýdylmagyna görä, «taryhda bolan elhenç uruşlaryň käbiri diniň üstünde bolupdy» («Encyclopedia of Religion and War»). Dini ýolbaşçylar Hudaýy razy etmegiň deregine, syýasy pikirleri öňe sürýärler. Käbirleri bolsa, diniň üsti bilen baýap, edýän ahlaksyz işlerini gizleýärler.
Siziň hem dinden göwnüňiz geçen bolsa, «Hudaý olaryň edýän işlerini görmeýärmikä?» diýip oýlanýansyňyz. Mukaddes Kitapda Allatagalanyň erbet işleri edýän dinlerden razy däldigi aýdylýar. Şeýle-de dinlere näme boljakdygy hakda birnäçe pygamberlikler ýazylan. Şol pygamberliklerde tizden Hudaýyň ähli dinleri höküm etjekdigi täsirli beýan edilýär.
Geljekde dinlere näme bolar?
Pygamberlik: Mukaddes Kitapda Beýik Wawilon atly ahlaksyz aýal hakda aýdylýar. Ol gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde otyr. Emma soňra oňa wagşy haýwan garşy çykýar we ony öldürýär (Ylham 17:3, 5, 16).
Manysy: Beýik Wawilon atly ahlaksyz aýal bütin dünýädäki ýalan dinleri aňladýar.a Hudaý şol dinleriň edýän işlerinden razy däl. Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan Birleşen Milletler Guramasyny (BMG)b aňladýar. Ahlaksyz aýalyň gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde oturmagy, ýalan dinleriň syýasy ýolbaşçylara öz diýenini etdirmek isleýändigini görkezýär. Gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň ahlaksyz aýaly öldürmegi, BMG-niň we ony goldaýan hökümetleriň ýalan dinlere garşy çykyp, olary ýok etjekdigini aňladýar. Bu görlüp-eşidilmedik waka bolup, ýalan dinler bütinleý ýok bolar.
Ýalan dinler nädip ýok ediler?
Pygamberlik: «Seniň gören on şahyň we wagşy haýwanyň ahlaksyz aýaly ýigrenip, talarlar... soňra otda ýakyp, kül ederler. Sebäbi şeýle pikiri olaryň (hökümetleriň) ýüregine Hudaý guýdy. Aslynda, olar... patyşalyk ygtyýaryny wagşy haýwana berip, öz pikirini amala aşyrarlar. Bir günüň içinde başyna dürli belalar: ölüm, hasrat we açlyk iner. Ol otda ýanyp kül bolar, sebäbi höküm eden Hudaý Ýehowac güýçlüdir» (Ylham 17:16, 17; 18:8).
Manysy: Allatagala öz «pikirini» hökümetleriň ýüregine guýar. Ol hökümetleri «patyşalyk ygtyýaryny», ýagny güýjüni BMG-a bermäge höweslendirer. Milletleriň beren erk-ygtyýary arkaly BMG bütin dünýädäki ýalan dinleri ýatyrar. Bu wakalar gaty çalt we duýdansyz, hamala «bir günüň içinde» ýaly bolar welin, köp adamlar muňa geň galar (Ylham 18:21).
Ýalan dinler näme üçin ýok ediler?
Pygamberlik: «Onuň günäleri köpelip, göge ýetdi. Hudaý onuň adalatsyz işlerini ýadyna saldy» (Ylham 18:5).
Manysy: Asyrlarboýy ýalan din haram işleri edip gelýär. Şonuň üçin Hudaý ony höküm eder. Geliň, ýalan dinleriň edýän käbir günäli işlerine seredeliň.
Syýasata goşulýar. Ýalan din adamlary hökümete bil baglamaga höweslendirýär. Isa pygamber bolsa şägirtlerine hökümet ýolbaşçylaryna däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna bil baglamagy öwretdi. Hudaýyň Patyşalygy gökdäki hökümet bolup, tizden ähli ynsan hökümetleriň ýerine geçerd (Danyýar 2:44; Matta 6:9, 10; Ýahýa 6:15; 18:36). Ýalan din Hudaýa wepaly bolmaga derek, syýasata goşulýar. Şonuň üçin Ylham kitabyndaky pygamberlikde oňa «patyşalar bilen ahlaksyzlyk edýän» «ady belli ahlaksyz aýal» diýilýär (Ylham 17:1, 2; Ýakup 4:4).
Zorluk-sütem edýär. Pygamberlikde «ýer ýüzünde öldürilenleriň ganynyň» dökülmegine ýalan diniň günäkärdigi aýdylýar (Ylham 18:24). Dinleriň köpüsi adamlara agzybir ýaşamagy öwretmän, gaýtam uruşlaryň, dawa-jenjeliň bolmagyna sebäpkär bolýar.
Açgözlük edýär. Ýalan din «haýasyz işleri bilen toplan baýlygynyň hasabyna» ýaşaýar (Ylham 17:4; 18:7). Dini ýolbaşçylaryň köpüsi erk-ygtyýaryndan peýdalanyp, ýere-göge sygmaýan baýlyk ýygnadylar. Allatagala şeýle açgözlügi ýazgarýar (Titus 1:7).
Ýalan sözleýär. Ýalan dinler Mukaddes Kitapdaky hakykata garşy gelýän däp-dessurlary, taglymatlary öňe sürýärler.e Olaryň öwredýän zatlary adamlary hak ýoldan azaşdyrýar, Hudaýyň adyny masgaralaýar. Şonuň üçin ýalan dine «ýer ýüzündäki ýigrenji zatlaryň enesi» diýilýär (Ylham 17:5; 18:23).
Dinleriň ählisi ýok edilermi?
Ýok. Ylham kitabynda dürli milletden bolan «uly märeke» barada aýdylýar (Ylham 7:9). Olaryň «uzyn ak eşik» geýmegi, Hudaýyň isleýşi ýaly sežde edip, Onuň göwnünden turýandyklaryny aňladýar. Olar «uly betbagtçylykda», ýagny Alla ýalan dinleri we duşmanlaryny ýok edende halas bolarlar (Ylham 7:13, 14; 19:11, 19—21). Uzyn ak eşikli uly märeke — hak dine uýýan adamlarf. Olar Hudaýa ebedi sežde ederler.
Ýalan dinler ýok edilende, hak Alla sežde edýän uly märeke halas bolar
Ýalan dinleriň ýok boljakdygyny bilmegiň size nähili peýdasy bar?
Dinleriň edýän ýigrenji işlerine Hudaýyň goşulmaýandygyny bilip, ýüregiňiz giňän bolsa gerek. Siz ýagty gelejege umyt edip bilersiňiz. Sebäbi tizden Hudaýyň adyny garalaýan we adamlara ejir baryny çekdirýän dinleriň hiç biri bolmaz.
Dinler nähili erbet işleri etse-de, siz Hudaýy razy edip bilersiňiz. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa wepaly adamlar Ata ruhda we hakykatda sežde ederler... Ata hem şeýle adamlary gözleýär» diýilýär (Ýahýa 4:23). Allatagala: «Eý halkym, onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, başyna injek belalara uçramaz ýaly, ol ýerden (Beýik Wawilondan) çykyň!» diýýär (Ylham 18:4, 5). Ol adamlaryň Mukaddes Kitapdaky hakykat boýunça sežde etmeklerini isleýär (1 Timoteos 2:3, 4). Hudaý olary ebedi ýaşatjakdygyny söz berýär (1 Ýahýa 2:17).
a Beýik Wawilonyň näme aňladýandygyny anyklamagyň dört ýoly hakda «Beýik Wawilon näme?» atly makaladan okap bilersiňiz.
b Wagşy haýwany nädip anyklap bolýandygy barada «Ylham 17-nji bapda agzalýan gyrmyzy reňkli wagşy haýwan nämäni aňladýar?» atly makaladan okap bilersiňiz.
c Ýehowa hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» diýen makalany okaň.
d Köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.
e Olaryň käbiri hakda «Özüni Isa pygamberiň şägirtleri hasaplaýan adamlaram Beýik Wawilona degişlimi?» diýen çarçuwada aýdylýar.
f Mukaddes Kitapda hakyky din barada näme ýazylandygyny bilmek üçin «Hakyky dini nädip tapmaly?» atly makalany okaň.