OÝA BOLUŇ!
Kimlere Isa pygamberiň hakyky şägirtleri diýse bolar? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Şu günler köp adamlar özlerini Isa pygamberiň şägirtleri hasaplaýarlar. Ýöne olar adamlara ýowuz daraşýarlar. Käbiri diňe özüni bilip ýaşaýar, ýalan sözlemegi hiç zatça görmeýär. Adamlar bilen gödek gepleşýärler. Käbiri bolsa ömürlik ýanýoldaşyna biwepalyk edýär. Köpler şeýle adamlary görüp: «Dogrudan-da, şular Isa pygamberiň şägirtlerimi?» diýip oýlanýarlar.
Kimler Isa pygamberiň hakyky şägirtleri?
«Men Isa pygamberiň şägirdi» diýip, diňe dilinde aýdanyň ýeterlik bolmaýar. Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň yzyna eýerýänlere şägirtler diýilýär (Resullar 11:26). Isanyň özi hem şeýle diýipdi: «Meniň aýdanlarymy berjaý etseňiz, hakykatdanam, şägirdim bolarsyňyz» (Ýahýa 8:31). Elbetde, hiç bir adam Isa pygamberiň yzyna doly eýerip bilmeýär. Ýöne hakyky şägirtler her gün onuň tabşyryklaryna gulak asyp ýaşaýarlar. Geliň, şol tabşyryklaryň käbirine seredeliň.
Hakyky şägirtler adamlary ýürekden söýýär
Isa pygamber şeýle diýdi: «Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34, 35).
Isa pygamber näme etdi? Isa hemmeleri gowy görýärdi, adamyň milletine, at-abraýyna seretmeýärdi. Ol keselleri sagaldýardy, açlary doýurýardy, hatda adamlar üçin şirin janyny gurban berdi (Matta 14:14—21; 20:28).
Hakyky şägirtler näme edýär? Olar hiç kimi ala tutman, hemmeleri deň görýärler. Birek-biregi ýürekden bagyşlaýarlar. Mätäçleri goldamak üçin elinden gelen kömegi edip, hiç zadyny gaýgyrmaýarlar. Şeýdip, adamlary ak ýürekden söýýändiklerini görkezýärler (1 Ýahýa 3:16).
Hakyky şägirtler dogruçyllygy bilen tanalýar
Isa pygamber şeýle diýdi: «Men... hakykat» (Ýahýa 14:6).
Isa pygamber näme etdi? Isanyň aýdýan sözlerinden, edýän işlerinden onuň dogruçyllygy görünýärdi. Ol başgalary aldap, öz islegini etdirjek bolmaýardy ýa-da olary ýalan-ýaşryk zatlara ynandyrjak bolmaýardy. Isa dogruçyllygy bilen tanalýardy, hatda özüne zyýan ýetjegini bilse-de, ýalan sözlemedi (Matta 22:16; 26:63—67).
Hakyky şägirtler näme edýär? Isanyň hakyky şägirtleri ýalan sözlemeýär, ogrulyk etmeýär, döwletiň talap edýän salgytlaryny töleýär we işlemeli sagadyny doly işleýär (Rimliler 13:5—7; Efesliler 4:28). Olar öz peýdasy üçin başgalara ýalan sözlemeýär, mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýynda okaýanlar berlen ýumuşlary başgalardan göçürmeýär. Olar işe girmek üçin arza dolduranlarynda ýa-da başga resminamalary taýýarlanlarynda hiç bir maglumaty gizlemeýär (Ýewreýler 13:18).
Hakyky şägirtler adamlar bilen mähirli gepleşýär
Isa pygamber şeýle diýdi: «Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn. Men ýumşak we pesgöwünlidirin, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar. Meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» (Matta 11:28—30).
Isa pygamber näme etdi: Isa pygamber ýumşak adamdy. Şonuň üçin adamlar oňa arkaýyn ýüz tutýardylar. Ol göwnüçökgünlere göwünlik berip, hemmelere hormat goýýardy. Isa hatda çagalara-da üns berýärdi (Markus 10:13—15; Luka 9:11).
Hakyky şägirtler näme edýär? Isanyň hakyky şägirtleri adamlar bilen mähirli gepleşýär. Başgalaryň ýüregine ýara saljak zatlary ýa-da sögünç sözleri aýtmaýarlar (Efesliler 4:29, 31, 32). Olar adamlaryň ýürekden aladasyny edýärler we ýagşylyk etmäge mümkinçilik gözleýärler (Galatýalylar 6:10).
Hakyky şägirtler ýanýoldaşyna wepaly bolýar
Isa pygamber şeýle diýdi: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Markus 10:9).
Isa pygamber näme etdi? Elbetde, Isa pygamber maşgala gurup görmedi, ýöne ol är-aýallary bir-birine wepaly bolmaga höweslendirdi (Matta 19:9). Olara maşgala ojagyny dargadyp biljek zatlardan daşda durmalydygyny duýdurdy (Matta 5:28).
Hakyky şägirtler näme edýär? Olar nikany bozýan işleri etmeýärler (Ýewreýler 13:4). Är-aýallar bir-birini söýüp, hormat goýýarlar (Efesliler 5:28, 33).