Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/9 sah. 7—11
  • Isanyň pikiri sizde-de bolsun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň pikiri sizde-de bolsun
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isadan ýumşaklygy öwreniň
  • Isa adamlara mähirli garady
  • Rehimsiz dünýäde mähriban boluň
  • Mähirlilik—sözde we hereketde görkezilýän häsiýet
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Isanyň söýgüsi adamlary söýmäge höweslendirýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Ýagşylyk kanunyny» berjaý edeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • «Meniň yzyma düş»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/9 sah. 7—11

Isanyň pikiri sizde-de bolsun

«Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun» (FLP. 2:5).

1. Näme üçin Isanyň pikiri bizde-de bolmaly?

ISA MESIH: «Meniň ýanyma geliň... Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar» diýdi (Mat. 11:28, 29). Bu mähirli çakylyk Isanyň pikirini aýan edýär. Bize gowy göreldäni hiç bir adam Isa ýaly görkezip bilmez. Hudaýyň Oglunda uly güýç bolsa-da, ol horluk çekýän adamlara duýgudaşlyk bildirip, mähirli garady.

2. Biz Isanyň haýsy häsiýetlerine serederis?

2 Biz şu we soňky iki makalada, Isanyň häsiýetlerine eýerip, «Mesihiň pikirini» nädip durmuşda görkezip biljekdigimize serederis (1 Kor. 2:16). Şeýle-de Isanyň ýumşaklyk hem kiçigöwünlilik, mähribanlyk, Hudaýa gulak asmaklyk, mertlik we wepaly söýgi ýaly bäş häsiýetine serederis.

Isadan ýumşaklygy öwreniň

3. a) Isanyň pesgöwünliginden şägirtleri nähili sapak edinip bilerler? b) Isa şägirtleriniň kemçiliklerini görende, olara nähili garady?

3 Hudaýyň kämil ogly Isa bikämil we günäli adamlaryň arasynda gulluk etmek üçin, ýer ýüzüne meýletin geldi. Ol adamlaryň käbiri ony öldürtdiler. Isa hemişe şadyýandy we özüne erk edip bilýärdi (1 Pet. 2:21—23). Biz gözümizi Isanyň göreldesine diksek, adamlaryň kemçiligine we bikämilligine dogry garaýyşda bolarys (Ýew. 12:2). Isa şägirtlerine: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň» diýdi (Mat. 11:29). Olar näme öwrenip biler? Isa şägirtleriniň goýberýän ýalňyşyna garamazdan, ýumşak we sabyrlydy. Ol ölüminiň iň soňky gijesi şägirtleriniň aýagyny ýuwup, olara «pesgöwünli» bolmagy öwretdi. Bu olaryň hiç haçan ýadyndan çykmady (Ýahýa 13:14—17-nji aýatlary okaň). Soňra Isa Petrusyň, Ýakubyň we Ýahýanyň uklap ýatanyny görende, olara duýgudaşlyk bildirip, ejizdiklerini aýtdy. Ol Petrusa: «Uklap ýatyrmysyň?...Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne beden ejizdir» diýdi (Mar. 14:32—38).

4, 5. Adamlaryň kemçiligine dogry garaýyşda bolmaga Isanyň göreldesi bize nädip kömek eder?

4 Dogan ýa-da uýa bäsdeşlik edende, derrew öýkelände ýa-da ýaşulularyň we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» beren maslahatyny derrew kabul etmände biz olara nähili gararys? (Mat. 24:45—47). Käte biz bu zalym dünýäniň adamlarynyň erbet endiklerine çydasak-da, emma şol endikleri dogan-uýalarda görsek, bize olary bagyşlamak kyn bolýar. Eger dogan-uýalaryň kemçiligine biziň tiz gaharymyz gelýän bolsa, onda özümize şeýle sorag bermeli: «Men «Mesihiň pikirini» nädip has gowy görkezip bilerin?» Isa şägirtleriniň ruhy taýdan ejizdigini görende, olardan göwni geçmedi; biz hem muny unutmaly däl.

5 Geliň, Petrus resulyň mysalyna seredeliň. Isa Petrusa gaýykdan düşüp ýanyna gelmäge rugsat berende, ol suwuň ýüzünde ýöräp başlady. Emma ýeliň güýjüni görüp, ol gark bolup ugranda, Isa oňa gahar bilen: «Saňa geregi hem şol! Goý, bu saňa sapak bolsun» diýdimi? Ýok! «Isa derrew elini uzadyp ony tutdy-da: «Eý az imanly adam, näme üçin şübhelendiň?» diýdi» (Mat. 14:28—31). Eger biz imany gowşak dogan bilen iş salyşsak, göçme manyda, oňa elimizi uzadyp kömek ederismi? Isa Petrus bilen özüni ýumşak alyp baryp, bize gowy görelde görkezdi.

6. Isa resullara ýokary orny eýelemek barada näme öwretdi?

6 Şeýle-de Petrus resullaryň arasynda kim uly diýen jedelli meselä goşuldy. Ýakup bilen Ýahýa Isanyň Patyşalygynda biri onuň sagynda, beýlekisi solunda oturmak isledi. Muny eşidip, Petrus bilen beýleki resullaryň gahary geldi. Isa resullarynyň şeýle adamlaryň arasynda terbiýelenendigini bilýärdi. Isa olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siziň araňyzda beýle bolmasyn; araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun». Soňra ol özi barada: «Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» diýdi (Mat. 20:20—28).

7. Biziň her birimiz ýygnagyň agzybir bolmagyna nädip ýardam edip bileris?

7 Biz Isanyň pesgöwünliligi barada oýlansak, doganlaryň arasynda «kiçi bolmaga» kömek eder (Luka 9:46—48). Şeýle etsek, biz agzybir bolarys. Uly maşgalanyň atasy ýaly, Ýehowa çagalarynyň «bile (agzybir, TD) ýaşamagyny» isleýär (Zeb. 133:1). Isa mesihçileriň agzybir ýaşamagy barada Atasyna doga edýärdi. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýüşiň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä bilsin» (Ýahýa 17:23). Biziň agzybirligimiz Isa Mesihiň şägirdidigimizi görkezýär. Biz bikämil doganlara Isa ýaly garasak agzybir bolarys. Isa geçirimlidi. Ol biz adamlary bagyşlasak, Hudaýyň hem bizi bagyşlajakdygyny aýtdy (Matta 6:14, 15-nji aýatlary okaň).

8. Biz Hudaýa birnäçe ýyldan bäri gulluk edýän mesihçilerden näme öwrenip bileris?

8 Biz birnäçe ýyldan bäri Isanyň yzyna eýerýän mesihçileriň imanyndan görelde alyp, köp zady öwrenip bileris. Isa ýaly, olar hem adamlaryň bikämildigine düşünýär. Olar «ejizleriň ejizliklerini götermek» we agzybirlige ýardam etmek üçin, Isa ýaly duýgudaşlyk bildirmelidigine düşündiler. Şeýle-de bu bütin ýygnagyň agzalaryny Isa ýaly pikirlenmäge ruhlandyrýar. Olar hem doganlaryna Pawlus resulyň Rimdäki mesihçilere arzuw eden zatlaryny isleýär. Pawlus şeýle diýdi: «Siz ýürekdeş bolup, Hudaýy, ýagny Rebbimiz Isa Mesihiň Atasyny biragyzdan şöhratlandyrar ýaly, çydam hem teselli Hudaýy Isa Mesihe görä, size özara pikirdeşlik bersin» (Rim. 15:1, 5, 6). Hawa, biziň agzybir sežde etmegimiz Ýehowany şöhratlandyrýar.

9. Isanyň göreldesine eýerer ýaly, bize näme üçin mukaddes ruh gerek?

9 Isa pesgöwünli ýüregiň mukaddes ruhuň miwesi bolan ýumşaklyk bilen baglydygyny görkezdi. Şol sebäpli, biz Isanyň göreldesine dogry eýerer ýaly, diňe ol barada bilim alman, eýsem, bizde Ýehowanyň mukaddes ruhy bolmaly. Biz Hudaýyň mukaddes ruhy barada doga etmeli we «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmak» ýaly ruhuň miwesini ösdürmeli (Gal. 5:22, 23). Biz Isanyň pesgöwünliligine we ýumşaklygyna eýersek, gökdäki Atamyz Ýehowany begendireris.

Isa adamlara mähirli garady

10. Isa mähribanlygyny nädip görkezdi?

10 Mähribanlyk — mukaddes ruhuň miwesi. Isa adamlara hemişe mähirli garaýardy. Ol özüni ýagşy niýet bilen gözleýän adamlary «oňat garşylaýardy» (Luka 9:11-i okaň). Biz Isanyň mähribanlygyndan näme öwrenip bileris? Mähirli adam — bu duýgur we duýgudaşlyk bildirýän, eli açyk adam. Isa şeýle adamdy. Onuň adamlara haýpy gelýärdi, «çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy» (Mat. 9:35, 36).

11, 12. a) Isanyň duýgudaşlyk bildirişini gürrüň beriň. b) Biz şu abzaslardaky mysaldan näme öwrenip bileris?

11 Isa duýgudaşlygyny iş ýüzünde görkezdi. Geliň, bir mysala seredeliň. Bir aýal on iki ýyllap gan akma keselinden ejir çekýärdi. Ol Musanyň Kanuny boýunça özüniň murdardygyny we oňa degen adamyň hem murdar bolýandygyny bilýärdi (Lew. 15:25—27). Ol Isanyň adamlara nähili garaýandygy barada ýagşy sözleri eşidip, özüni sagaldyp biljekdigine ynandy. Aýal öz içinden: «Diňe geýmine-de elimi degirsem, sagalaryn» diýdi. Ol mertlik bilen, Isanyň geýimine elini degirdi we şol bada sagalandygyny duýdy.

12 Isa kimdir biriniň özüne el degirenini duýup, daş-töweregine seretdi. Ol aýal Kanuny bozanyna gorkdy we Isanyň aýagyna ýykylyp, ähli zady gürrüň berdi. Isa bu ejir çekýän aýala käýedimi? Ýok! Gaýtam, ol: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýdi (Mar. 5:25—34). Şeýle sözler oňa, gör, nähili teselli berendir!

13. a) Isanyň garaýşy fariseýleriň garaýşyndan nähili tapawutlanýardy? b) Isa çagalara nähili garady?

13 Rehimsiz fariseýler ýaly, Isa hiç haçan berlen ygtyýardan hyýanatçylykly peýdalanmaýardy: ol adamlara agyr ýük götertmeýärdi (Mat. 23:4). Ol Ýehowanyň ýollaryny adamlara mähirli we sabyrly öwredýärdi. Isa şägirtlerini dosty ýaly gowy görüp, hemişe olaryň aladasyny edip, mähribandy (Sül. tym. 17:17; Ýahýa 15:11—15). Hatda onuň ýanynda çagalaram özlerini arkaýyn duýýardy; Isa-da özüni rahat duýýardy. Ol işli bolsa-da, çagalara üns bermek üçin hemişe wagt tapardy. Bir sapar, kimiň uludygy barada jedelleşýän şägirtler çagalaryna elini degirsin diýip, olary Isanyň ýanyna getiren adamlara käýediler. Bu Isa ýaramady, çünki olar dini ýolbaşçylara meňzediler. Ol şeýle diýdi: ««Degmäň, çagalar meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň; çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr». Soňra olaryň öňünde çagany duruzyp, şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» (Mar. 10:13—15).

14. Çagalara söýgi bildirilse, olara nähili peýdasy bolar?

14 Siz şol çagalaryň ulalandan soň, Isanyň olary gujaklap, ak pata berendigini ýada salyp, özlerini nähili duýýandyklary barada oýlanyp görüň (Mar. 10:16). Şu günki çagalar hem ulalansoň, ýaşulularyň we dogan-uýalaryň bildiren söýgüsini mähirli ýatlarlar. Galyberse-de, ýygnakda şeýle aladany görýän çagalar Hudaýyň halkynda Ýehowanyň ruhunyň bardygyny bilerler.

Rehimsiz dünýäde mähriban boluň

15. Şu günler rehimsizlige näme üçin geň galmaly däl?

15 Şu günler köp adamlar mähribanlygy bildirmek üçin wagtyň ýokdygyny aýdýarlar. Ine, şol sebäpli Ýehowanyň gullukçylary mekdepde, işde, syýahat edende we wagyzda her gün bu zalym dünýäniň ruhunyň täsirini duýmaly bolýar. Şeýle rehimsiz gatnaşyk bizi lapykeç etse-de, geň galmaly däl. Ýehowa Pawlus resul arkaly «soňky günlerde» mesihçileriň «özüni söýýän... doňýürek» adamlaryň arasynda ýaşajakdygyny öňünden aýtdy (2 Tim. 3:1—3).

16. Isa ýaly, biz ýygnakda nädip mähriban bolup bileris?

16 Bu zalym dünýäden tapawutlylykda, mesihçileriň ýygnagynda söýgi bildirilýär. Biziň her birimiz Isanyň göreldesine eýerip, doganlygyň mähirli gatnaşygyna ýardam edip bileris. Nädip? Ýygnakda köp dogan-uýalaryň syrkawlamagy ýa-da agyr ýagdaýa düşmegi sebäpli, olar kömege we goldawa mätäç bolýar. «Soňky günlerde» kynçyklyr köpelýär, emma bu biziň üçin täzelik däl. I asyryň mesihçileri şeýle kynçylyklardan ejir çekipdi. Şol sebäpli olara kömek gerekdi, şu günlerem şeýle kömek gerek. Meselem, Pawlus mesihçilere: «Göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň» diýdi (1 Sel. 5:14). Şol sebäpli, biz-de Isa ýaly mähriban bolmaly.

17, 18. Biz nädip Isanyň mähribanlyk häsiýetine eýerip bileris?

17 Biz doganlarymyzy «oňat garşylamaly» we olara Isanyň garaýşy ýaly garamaly. Şeýle-de biz köp ýyldan bäri tanaýan we öň hiç haçan görmedik doganlaryň aladasyny-da etmeli (3 Ýahýa 5—8). Isa kimiň duýgudaşlyga mätäçdigini görüp, duýgudaşlyk bildirýärdi; biz hem şeýle etmeli (Iş. 32:2; Mat. 11:28—30).

18 Biziň her birimiz doganlaryň aladasyny etsek, mähribanlygy bildirip bileris. Muny etmäge mümkinçik gözle we ilki bilen, özüň başla! Pawlus resul: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýdi (Rim. 12:10). Adamlar bilen mähirli gatnaşyk saklap, olara «hilesiz söýgini» bildirmegi öwrensek, Isanyň göreldesine eýereris (2 Kor. 6:6). Pawlus bu söýgini şeýle beýan etdi: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir» (1 Kor. 13:4). Biz dogan-uýalardan öýkelemegiň deregine, şeýle maslahata eýermeli: «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efes. 4:32).

19. Isa ýaly, biz mähriban bolsak nähili bereketler alarys?

19 Isa ýaly, biz hem mähriban bolup, ony hemişe we dürli ýagdaýda görkezsek, bol bereketler alarys. Ýehowanyň ruhy ýygnakda hereket edip, her birimize ruhuň miwesini ösdürmäge kömek eder. Şeýle-de biz Isanyň göreldesine eýerip, başgalara-da kömek etsek, biziň şatlykly we agzybir seždämiz Hudaýy begendirer. Şol sebäpli, geliň, adamlar bilen gatnaşanymyzda, Isa ýaly, ýumşaklygy we mähribanlygy görkezeliň.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Isa ýumşaklygy hem pesgöwünliligi nädip görkezdi?

• Isa mähribanlygy nädip bildirdi?

• Isa ýaly, biz bikämil dünýäde ýumşaklygy we mähribanlygy nädip görkezip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş