Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/9 sah. 11—15
  • Isa ýaly, gulak asyň we mert boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa ýaly, gulak asyň we mert boluň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Bikämil bolsak-da, gulak asyp bolýar
  • Isa mertligiň ajaýyp göreldesi
  • Isadan mert bolmagy öwreniň
  • Isa ýaly, iman edip, mert boluň
  • «Mert bol, işe başla!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Batyr we mert boluň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Söýgi batyrgaý edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/9 sah. 11—15

Isa ýaly, gulak asyň we mert boluň

«Mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» (ÝAHÝA 16:33).

1. Isa Hudaýa nädip doly gulak asdy?

ISA MESIH hemişe Hudaýyň islegini berjaý ederdi. Ol gökdäki Atasyna gulak asmazlyk barada hiç haçan pikir etmezdi (Ýahýa 4:34; Ýew. 7:26). Emma ýerde ýaşan döwründe Atasyna gulak asmaklyk oňa aňsat bolmady. Isa wagyz edip başlanda, onuň duşmanlary we Şeýtan mekirlik hem güýç bilen, ony yryp, dogry ýoldan çykarmaga synanyşdylar (Mat. 4:1—11; Luka 20:20—25). Şol sebäpli Isa duýgy, ruhy we beden taýdan ejir çekdi. Ahyr soňy, olar ony pürsde öldürdip, maksadyna ýetdiler (Mat. 26:37, 38; Luka 22:44; Ýahýa 19:1, 17, 18). Isa şeýle synaglara döz gelip, köp ejir çekse-de, «ölüme-de boýun egip» gulak asdy (Filipililer 2:8-i okaň).

2, 3. Isa ejir çekse-de, onuň Hudaýa gulak asyşyndan biz näme öwrenip bileris?

2 Isa ynsan bolup ýer ýüzünde ýaşanda, köp zatlary başdan geçirip, gulak asmagyň täze görnüşini öwrendi (Ýew. 5:8). Isa Ýehowa gulluk etmekde ýene nämäni öwrendikä? Ol milliardlarça ýyl Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda boldy we ähli zat ýaradylanda Hudaýyň «ussasydy» (Sül. tym. 8:30). Ol iman edip, ýer ýüzünde horluklara çydasa-da, doly aýypsyzlygyny subut etdi. Hudaýyň Ogly ruhy taýdan ösýärdi. Biz mundan näme öwrenip bileris?

3 Isa kämil adam bolup, Hudaýa wepaly galdy, emma öz güýjüne daýanmady. Ol Hudaýa gulak asmak üçin Ondan güýç sorap, doga etdi (Ýewreýler 5:7-ni okaň). Biz-de hemişe Hudaýa gulak asar ýaly, kiçigöwünlilik bilen yzygiderli doga etmeli. Pawlus resul mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol... ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi» (Flp. 2:5—8). Adam erbetleriň arasynda ýaşasa-da, Hudaýa gulak asyp biljekdigini Isa subut etdi. Elbetde, Isa kämildi, emma biz, bikämil adamlar barada näme diýse bolar?

Bikämil bolsak-da, gulak asyp bolýar

4. Adamlaryň erkin ýaradylmagy nämäni aňladýar?

4 Hudaý Adam ata bilen How enäni erkin edip ýaratdy. Olaryň nesli bolan bizde-de erkinlik bar. Bu nämäni aňladýar? Bu ýagşyny ýa-da ýamany özümiziň saýlap bilýändigimizi görkezýär. Başgaça aýdanyňda, Hudaýa gulak asmalymy ýa-da asmaly däldigini özümiz çözýäris. Şeýle erkinlik bizi jogapkär edýär. Biziň gelýän kararlarymyz ýaşaýşa ýa-da ölüme eltýär. Bu dogan-garyndaşlarmyza hem täsir edýär.

5. Biz nähili göreş alyp barýarys we nädip ýeňiş gazanyp bileris?

5 Bikämilligiň bize miras geçendigi üçin gulak asmak kyn bolýar. Hudaýyň kanunlaryna gulak asmak hemişe aňsat däl. Pawlus gulak asmak üçin göreşdi. Ol şeýle diýdi: «Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär» (Rim. 7:23). Elbetde, biz horluk çekmesek, hiç zat pida etmesek we hiç hili ýetmezçilik bolmasa, Hudaýa gulak asmak aňsat bolýar. Emma Hudaýa gulak asmaklyk islegimize «ten höwesleri, göz höwesi» garşy bolanda, biz näme edýäris? Biziň bikämilligimiz sebäpli döreýän höwesler we «dünýäniň ruhunyň» täsiri örän güýçli bolýar (1 Ýahýa 2:16; 1 Kor. 2:12). Biz olara garşy duryp biler ýaly, synaga duçar bolmazdan öň ýüregimizi taýýarlamaly. Biz nähili synaglara duçar bolsak-da, Ýehowa gulak asmagy ýüregimize düwmeli (Zeb. 78:8). Bu göreşde ýüregini öňünden taýýarlap, ýeňiş gazanan adamlar barada Mukaddes Ýazgylarda köp mysal bar (Ezra 7:10; Dan. 1:8).

6, 7. Şahsy okuwy geçirmegiň paýhasly karara gelmäge kömek edýändigini mysal arkaly düşündiriň.

6 Biz Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary yhlasly okasak, ýüregimizi taýýarlarys. Aýdaly, siz agşam Mukaddes Ýazgylary okaýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyň Sözünden bilen zatlaryňyzy durmuşda ulanmak üçin, Ýehowa doga edip, Ondan mukaddes ruh soraýarsyňyz. Şol günüň ertesi, siz telewizorda bir filmi görmekçi bolduňyz. Siz onuň gaty gowy filmdigini eşitdiňiz, emma ahlaksyzlygyň we zalymlygyň hem bardygyny bilýärsiňiz.

7 Efesliler 5:3-de Pawlusyň: «Zyna, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir» diýen maslahaty barada oýlanýarsyňyz. Şeýle-de onuň Filipililer 4:8-de (okaň) beren maslahaty siziň ýadyňyza düşýär. Siz bu maslahat barada oýlanyp, özüňize şeýle soraglar beriň: «Eger men ýüregimi we aňymy bu film bilen hapalasam, ähli zatda Hudaýa gulak asan Isanyň göreldesine eýererinmi?» Siz näme edersiňiz? Filmi görersiňizmi?

8. Biz näme üçin ruhy we ahlak kadalaryny peseltmeli däl?

8 Biz özümizi ruhy taýdan berk hasaplap, erbet zatlara, şol sanda, zalym we ahlaksyz göwünaçmalaryň täsiriniýe garşy durup bilerin öýdüp, Ýehowanyň ahlak kadalaryny peseltmek ýalňyşlyk bolar. Biz Şeýtanyň erbet täsirinden hem özümizi, hem çagalarymyzy goramaly. Kompýuterde işleýän adamlar ony wirusdan goramak üçin çäreler görýär, çünki wirus ondaky maglumaty ýok edýär; onuň işlemegine päsgel berýär we ol arkaly başga kompýuterlere-de wirus geçýär. Biz hem oýa bolup, Iblisiň «hilelerine» garşy durmaly dälmi näme? (Efes. 6:11).

9. Biz näme üçin her gün Ýehowa gulak asmagy ýüregimize düwmeli?

9 Biz her gün diýen ýaly şeýle karara gelmeli bolýarys: Hudaýyň islegini ýerine ýetirmelimi ýa-da ýetirmeli däl. Biz Hudaýa gulak asyp, onuň dogry prinsipleri boýunça ýaşasak halas bolarys. Biz tä ölüminiň ahyryna çenli Hudaýa gulak asan Isanyň göreldesine eýerip, imanymyzyň bardygyny subut edýäris. Ýehowa biziň wepalylygymyzy sylaglar. Isa şeýle wada berdi: «Soňa çenli çydan halas bolar» (Mat. 24:13). Şonuň üçin biz Isa ýaly mert bolmaly (Zeb. 31:24).

Isa mertligiň ajaýyp göreldesi

10. Biz nähili synaglara duçar bolýarys we şeýle ýagdaýda näme etmeli?

10 Bize her gün zalym dünýäniň adamlarynyň pikiri we hereketi täsir edýär; olara garşy durmak üçin mert bolmaly. Mesihçiler ahlaksyzlyga we dini däp-dessurlara eýermek synagyna düşende ýa-da pul ýetmezçilik edende, Ýehowanyň dogry ýolundan çykyp bilerler. Köp mesihçilere maşgala agzalary garşy bolýar. Käbir ýurtlaryň okuw jaýlarynda ewolýusiýa taglymaty barada bilim berilýär, şol sebäpli ateizm giňden ýaýran. Şeýle ýagdaýda, öz pikirimizi aýtman we hiç zada goşulman bolmaýar. Biz zalym dünýäniň täsirine düşmez ýaly, özümizi goramak üçin hereket etmeli. Bu meselede Isanyň görkezen göreldesi bize kömek eder.

11. Isanyň göreldesi barada oýlansak, has-da mert bolmaga nädip kömek eder?

11 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Dünýäde gaýgy gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» (Ýahýa 16:33). Isa hiç haçan zalym dünýäniň täsirine düşmedi. Şeýle-de ol wagyz etmegine päsgel berdirtmedi; hakyky diniň kadalaryny peseltmäge we özüni alyp barşyna täsir etmegine ýol bermedi. Biz hem şeýle etmeli. Isa şägirtleri barada doga edip, şeýle diýdi: «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler» (Ýahýa 17:16). Biz Isanyň mertligi barada oýlansak, zalym dünýä goşulmaz ýaly, mert bolup bileris.

Isadan mert bolmagy öwreniň

12-14. Isanyň mertligi barada gürrüň beriň.

12 Isa Hudaýa gulluk edende mertligini görkezdi. Ol Hudaýyň Ogly hökmünde özüne berlen ygtyýary ulanyp, «Hudaýyň ybadathanasyna girip, içerdäki satyjylary, alajylary mertlik bilen daşaryk kowdy. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi» (Mat. 21:12). Isa ýerde ýaşan döwrüniň iň soňky gijesi, esgerler ony tussag etmek üçin gelende, ol şägirtlerini goramak üçin mertlik bilen öňe çykyp: «Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň» diýdi (Ýahýa 18:8). Soňra Isa Petrusa gylyjyňy gynyňa sal diýip, ýaraga däl-de Ýehowa bil baglaýandygyny görkezdi (Ýahýa 18:11).

13 Isa ýalan mugallymlary we olaryň ýalan taglymatlaryny mertlik bilen paş edýärdi. Isa olara şeýle diýdi: «Waý günüňize, eý kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz Gökleriň Patyşalygyny adamlara baglaýarsyňyz; ...kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz... çünki siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, olaryň içi bolsa ogurlyk hem nebisjeňlikden doly» (Mat. 23:13, 23, 25). Isanyň şägirtleri-de mert bolmalydy, sebäbi dini ýolbaşçylar olaryň käbirlerini yzarladylar, käbirini bolsa öldürdiler (Mat. 23:34; 24:9).

14 Isa jynlara-da mertlik bilen garşy durdy. Bir sapar, ol arwahly adama gabat geldi. Ol adamy hiç kim zynjyr bilen baglap bilmezdi. Isa gorkman ondan köp jyny kowdy (Mar. 5:1—13). Hudaý şu günler mesihçilere şeýle gudrat görkezmek üçin güýç bermeýär. Biz adamlara hoş habary wagyz edip, «imansyzlaryň akyllaryny kütelden» Şeýtan bilen ruhy taýdan söweşýäris (2 Kor. 4:4). Biziň ýaraglarymyz hem Isanyňky ýaly, «dünýewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratydyr» (2 Kor. 10:4). Galalar bu çuňňur ornaşan ýalan dini düşünjeleri aňladýar. Biz Isanyň göreldesine eýerip, ruhy ýaraglary dogry ulanyp bileris.

15. Näme üçin Isa mertdi?

15 Isa batyrsyramak üçin däl-de, iman edýäni üçin mertdi. Biz hem şeýle bolmaly (Mar. 4:40). Biz imanymyzy nädip berkidip bileris? Bu babatda ýene-de Isanyň göreldesi kömek eder. Isa Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi we oňa doly ynanýardy. Isanyň ýaragy, göni manydaky gylyç däl-de, ruhy gylyçdy, ýagny Hudaýyň Sözüdi. Ol öwredýän zatlaryny Mukaddes Ýazgylardaky sözler bilen tassyklaýardy. Köplenç, ol bir zat aýtmazyndan öň: «Ýazylgydyr» diýip, Hudaýyň Sözünde ýazylanlary göz öňüne tutardya.

16. Biz imanymyzy nädip berkidip bileris?

16 Mesihçi bolanlar dürli synaglara garşy durup biler ýaly imanyny berkitmeli. Şol sebäpli hakykat biziň aňymyza ornaşar ýaly, her gün Mukaddes Ýazgylary okamaly we ýygnaga barmaly (Rim. 10:17). Hakykat ýüregimizde berkär ýaly, okan zatlarymyz barada oýlanmaly. Imanymyz diri bolsa, biz mert bolup bileris (Ýakup 2:17). Şeýle-de biz mukaddes ruh barada doga etmeli, çünki iman mukaddes ruhuň miwesidir (Gal. 5:22).

17, 18. Bir ýaş uýamyz mekdepde nädip mertligini görkezdi?

17 Ýaş uýamyz Kitti hakyky imanyň nädip mert bolmaga kömek edýändigine göz ýetirdi. Ol mekdepde okan döwründe, «hoş habara utanmaly» däldigini bilip, synpdaşlaryna wagyz etmek isledi (Rim. 1:16). Ol her ýyl synpdaşlaryna hoş habary wagyz etmek üçin tagalla edýärdi, emma gorkýardy. Ol ýokary synpda başga mekdebe geçdi. Ol: «Wagyz etmegiň tüýs wagty boldy, indi mümkinçiligi elden gidirmerin» diýdi. Kitti mertlik, paýhaslylyk we amatly pursat barada Hudaýa doga etdi.

18 Birinji sapakda okuwçylardan özi barada gürrüň bermegi haýyş etdiler. Synpdaşlaryň käbiri haýsy dine uýandygyny agzap, emma hakykatdan iman etmeýändiklerini aýtdy. Kitti doga eden amatly pursadynyň gelendigine düşündi. Onuň gezegi gelende, ol ynamly şeýle diýdi: «Men Ýehowanyň Güwäçisi. Men ruhy we ahlak meselesinde Mukaddes Ýazgylara eýerýärin». Ol gürrüň berip durka, synpdaşlarynyň käbiri onuň üstünden güldüler. Emma beýlekileri gyzyklanyp, oňa sorag berdiler. Mugallym bolsa, diniňi goramakda Kittiden görelde almalydygyny aýtdy. Kitti Isanyň mertliginden sapak edinendigine örän begendi.

Isa ýaly, iman edip, mert boluň

19. a) Iman etmek nämäni aňladýar? b) Biz Ýehowanyň ýüregini nädip şatlandyryp bileris?

19 Resullar mert bolmak üçin imanyň gerekdigine düşündiler. Olar Isadan haýyş edip: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýdi (Luka 17:5, 6-njy aýatlary okaň). Iman etmek üçin diňe bir Hudaýyň barlygyna ynanmak ýeterlikli däl. Bu çaganyň mähriban we söýýän kakasy bilen ýakyn gatnaşykda bolşy ýaly, Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitmegi aňladýar. Süleýman patyşa Hudaý tarapyn ylhamlanyp: «Oglum, seniň ýüregiň hikmetli bolsa, meniň ýüregim hem şatlanar. Seniň dodaklaryň dogry zatlar sözlände, meniň kalbym hem guwanar» diýdi (Sül. tym. 23:15, 16). Biz mertlik bilen, dogry prinsipler boýunça ýaşasak, Ýehowany şatlandyrarys we has-da mert bolarys. Geliň, hemişe Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen, dogry prinsipler boýunça ýaşalyň!

a Matta 4:4, 7, 10; 11:10; 21:13; 26:31; Markus 9:13; 14:27; Luka 24:46; Ýahýa 6:45; 8:17-nji aýatlara serediň.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Biz bikämil bolsak-da, Hudaýa gulak asmakda bize näme kömek eder?

• Iman nämä esaslanýar we bize mert bolmaga nädip kömek edýär?

• Isa ýaly, biz Hudaýa gulak assak we mert bolsak nähili bereketler alarys?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş