Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/2 sah. 10—14
  • «Batyr we mert boluň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Batyr we mert boluň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝSYZ DÜNÝÄDE MERT GÜWÄÇILER
  • OLAR IMAN EDÝÄRDI WE BATYRGAÝDY
  • HUDAÝA MERT GULLUK EDEN AÝALLAR
  • SÖZLERIMIZ BILEN BATYRGAÝ EDÝÄRIS
  • ŞA AÝALY ESTER MERTDI
  • «BATYR BOLUŇ!»
  • «Mert bol, işe başla!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Biz batyrgaý bolup bileris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Maňa batyrgaýlyk ber
    Ýehowa aýdym aýdalyň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/2 sah. 10—14

«Batyr we mert boluň»

«Batyr we mert bol... Ýehowa Hudaýyň seniň ýanyňda bolar» (ÝEŞUW 1:9).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Hanok we Nuh pygamber batyrdygyny nädip görkezdi?

  • Gadymy döwürde käbir aýallar imanyny we mertdigini nädip görkezdiler?

  • Ýaş mesihçileriň mertligi size nähili täsir edýär?

1, 2. a) Dogry hereket etmek üçin nähili bolmaly? b) Biz şu makalada nämä serederis?

BATYR adam hiç zatdan çekinmeýär we gorkmaýar. Gaýtam, ol güýçli, mert we gaýduwsyz bolýar. Biz hem günde dogry hereket etmek üçin käte mert bolmaly.

2 Mukaddes Ýazgylarda örän kyn ýagdaýlarda özüni batyr alyp baran adamlar barada aýdylýar. Käbir adamlar bolsa, Hudaýyň gullukçylary ýaly adaty ýagdaýlarda-da özlerini mert alyp bardy. Biz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň batyrgaý gullukçylarynyň göreldesinden näme öwrenip bileris? Biz nädip mert bolup bileris?

HUDAÝSYZ DÜNÝÄDE MERT GÜWÄÇILER

3. Hanok hudaýsyz adamlar barada näme pygamberlik etdi?

3 Tupandan öň ýaşan hudaýsyz adamlara wagyz etmek üçin batyrgaý bolmalydy. Adam atadan soňra ýedinji adam Hanok Hudaýyň habaryny: «Hudaýsyzlyk bilen eden bütin hudaýsyz işleri zerarly, hudaýsyz günäkärleriň Oňa aýdan ähli paýyş sözleri zerarly, hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga, bütin hudaýsyzlary höküm etmäge Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi» diýip, mertlik bilen pygamberlik etdi (Ýahuda 14, 15). Hanok bu pygamberiligi berjaý bolan ýaly aýtdy, çünki onuň hökman ýerine ýetjekdigine ynanýardy. Dogrudan-da, erbet adamlar bütindünýä Tupanynda heläk boldy.

4. Nähili kynçlyklara garamazdan, Nuh Hudaý bilen ýöredi?

4 Hanok pygamberlik edenden 650 ýyl geçensoň, Tupan b. e. öň 2370-nji ýylda boldy. Şol aralykda Nuh pygamber doguldy, maşgala gurdy we ogullary bilen gämi ýasady. Erbet perişdeler ynsan tenine girip, owadan gyzlara öýlendiler we olardan nefiller doguldy. Adamlaryň köpüsi azypdy we ýer ýüzi zalymlykdan dolupdy (Gel. çyk. 6:1—5, 9, 11). Muňa garamazdan, Nuh Hudaý bilen ýöredi we «dogrulyk wagyzçysy» bolup, batyrgaýlyk bilen wagyz etdi (2 Petrus 2:5-i okaň). Biz hem şu soňky günler mert bolmaly.

OLAR IMAN EDÝÄRDI WE BATYRGAÝDY

5. Musa imanyny we batyrgaýdygyny nädip görkezdi?

5 Musa iman edip we mert bolup ajaýyp görelde görkezdi (Ýew. 11:24—27). B. e. öň 1513—1473-nji ýyllarda Hudaý Musa arkaly ysraýyllylary Müsürden azat etdi we çölde görkezme berdi. Musa pygamber bu ýumşy ýerine ýetirmäge özüni mynasyp duýmasa-da, kabul etdi (Müs. çyk. 6:12). Ol dogany Harun bilen zalym faraonyň ýanyna birnäçe gezek baryp, Ýehowanyň halkyny azat etmek we Müsüriň ýalan taňrylaryny paş etmek üçin on jeza berjekdigini mertlik bilen aýtdy (Müs. çyk. 7—12-nji baplar). Musa Hudaýa iman edýärdi we batyrgaýdy, çünki Hudaý oňa şu günler bize kömek edişi ýaly kömek edýärdi (Kan. tag. 33:27).

6. Häkimiýet işgärleri bize sorag berenlerinde, nädip batyrgaýlyk bilen wagyz edip bileris?

6 Isanyň aýtmagyna görä, biz Musa ýaly mert bolmaly. Ol: «Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz. Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler. Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr» (Mat. 10:18—20). Häkimiýet işgärleri bize sorag berenlerinde, Ýehowanyň ruhy bize hormat we iman bilen batyrgaý wagyz etmäge kömek eder (Luka 12:11, 12-nji aýatlary okaň).

7. Näme üçin Ýeşuw batyrgaýdy we üstünlik gazandy?

7 Musa pygamberden soň ysraýyl halkyna baştutanlyk eden Ýeşuw Hudaýyň Kanunyny yzygider okap, imanyny berkidýärdi. B. e. öň 1473-nji ýylda ysraýyllylar Wada edilen diýara girjek mahaly, Hudaý olara: «Batyr we mert bol» diýip tabşyrdy. Ýeşuw paýhasly bolmak we üstünlik gazanmak üçin Kanuny berjaý etmelidi. Hudaý Ýeşuwa: «Gorkma we ýaýdanma, çünki sen nirä gitseň-de, Ýehowa Hudaýyň seniň ýanyňda bolar» diýdi (Ýeşuw 1:7—9). Bu sözler Ýeşuwy nähili ruhlandyrandyr! Elbetde, Hudaý onuň bilen bolany üçin, Wada edilen diýar alty ýylyň içinde diýen ýaly b. e. öň 1467-nji ýylda basylyp alyndy.

HUDAÝA MERT GULLUK EDEN AÝALLAR

8. Rahaw iman edip we mert bolup, nähili görelde görkezdi?

8 Ençeme ýyllaryň dowamynda birnäçe aýal Ýehowa mert gulluk etdiler. Mysal üçin, Eriha şäherinden Rahaw Hudaýa iman edip, Ýeşuwyň iberen iki içalysyny gizledi we şäher patyşasynyň iberen hyzmatkärlerine nädogry ýol salgy berdi. Ysraýyllylar Eriha şäherini basyp alanda, Rahawy we onuň dogan-garyndaşlaryny halas etdi. Rahaw ahlaksyzlyk etmegini goýup, Ýehowanyň wepaly gullukçysy boldy we onuň neslinden Isa doguldy (Ýeşuw 2:1—6; 6:22, 23; Mat. 1:1, 5). Ol Hudaýa iman edeni we mertligi üçin ak pata aldy!

9. Debora, Barak we Ýael batyrgaýdygyny nädip görkezdiler?

9 Ýeşuw ölenden soň b. e. öň takmynan 1450-nji ýyldan Ysraýylda kazylar höküm sürüp başlady. Kenganlylaryň patyşasy Ýabin ysraýyllylary 20 ýyl ezdi. Şonda Hudaý pygamber aýal Debora arkaly kazy Baraka patyşa garşy söweşmelidigini aýtdy. Barak 10 000 esgeri bilen Tabor dagyna çykyp, Ýabiniň goşunynyň serkerdesi Sisera bilen söweşe taýýarlandy. Sisera goşuny we 900 harby arabasy bilen Kişon derýasynyň jülgesine geldi. Ysraýyllylar jülgä düşenlerinde, Hudaý žülgäni suw aldyryp, söweş meýdançasyny batgalyga öwürdi. Kenganlaryň arabalary batgalyga batyp galdy. Barakyň esgerleri «Siseranyň tutuş goşunyny gylyçdan geçirdi». Siseranyň özi bolsa, Ýaeliň çadyrynda gizlenjek boldy, emma Ýael ony uklansoň öldürdi. Deboranyň Baraka pygamberlik edişi ýaly, bu ýeňiş üçin Ýael atly aýal «şöhrata» eýe boldy. Debora, Barak we Ýael batyrgaý hereket edeni üçin, Ysraýyl «40 ýyl parahat ýaşady» (Kaz. 4:1—9, 14—22; 5:20, 21, 31). Hudaýyň köp erkek we aýal gullukçylary imanyny we batyrgaýlygyny görkezdiler.

SÖZLERIMIZ BILEN BATYRGAÝ EDÝÄRIS

10. Sözlerimiz bilen batyrgaý edip bilýändigimizi haýsy mysal görkezýär?

10 Biz aýdýan sözlerimiz bilen Ýehowa gulluk edýän dogan-uýalarymyzy batyrgaý edip bilýäris. B. e. öň 11-nji asyrda Dawut patyşa ogly Süleýmana: «Batyr we mert bol. Gorkma we ýaýdanma, çünki Ýehowa Hudaýym seniň ýanyňda bolar, Ýehowanyň öýünde gulluk etmek üçin gurluşyk işini tamamlaýançaň, ol seni taşlamaz, terk etmez» diýdi (1 Tar. 28:20). Süleýman Iýerusalimde Ýehowa üçin uly ybadathanany batyrgaýlyk bilen gurdy.

11. Ysraýylly gyzjagazyň mertlik bilen aýdan sözleri bir adamyň durmuşyna nähili täsir etdi?

11 B. e. öň onunjy asyrda ysraýylly gyzyň mertlik bilen aýdan sözleri bir adama heýwere keselinden sagalmaga we Ýehowany tanamaga kömek etdi. Şol gyzjagaz ýesir alnyp, Siriýa goşunynyň baştutany heýwere keselli Naamanyň öýünde hyzmat edýärdi. Gyzjagaz Ýehowanyň Elişa pygamber arkaly gudratlar görkezýändigini bilýärdi. Şol sebäpli ol Naamanyň aýalyna, eger Naaman Ysraýyla Hudaýyň pygamberiniň ýanyna barsa, ony sagaldardy diýdi. Naaman Ysraýyla gidip, gudrat arkaly sagaldy we Ýehowanyň gullukçysy boldy (2 Pat. 5:1—3, 10—17). Eger sen şol gyzjagaz ýaly, ýaş hem Hudaýy söýýän bolsaň, Ýehowa saňa mugallymlaryňa, klasdaşlaryňa we başgalara wagyz etmäge kömek eder.

12. Hizkiýa patyşanyň sözleri raýatlaryna nähili täsir etdi?

12 Kyn pursatlarda ýerlikli aýdylan sözler batyrgaý bolmaga kömek edýär. B e. öň sekizinji asyrda aşurlylar Iýerusalime çozanda, Hizkiýa patyşa raýatlaryna: «Batyr we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň hem ýaýdanmaň, sebäbi biziň ýanymyzdakylar, olaryň ýanyndakydan köpdür. Onuň bilen ynsan elidir, biziň bilen bolsa, Ýehowa Hudaýymyzdyr, ol bize kömek eder, biziň üçin söweşer» diýdi. Bu sözler ysraýyllylara nähili täsir etdi? «Hizkiýanyň sözleri märekäni ruhlandyrdy!» (2 Tar. 32:7, 8). Şeýle sözler bizi hem yzarlanan mahalymyz ruhlandyryp biler.

13. Ahap patyşanyň dolandyryjysy Abadýa mertlik babatda nähili görelde görkezdi?

13 Käwagt biz dymmak bilen hem mertdigimizi görkezýäris. B. e. öň onunjy asyrda Ahap patyşanyň dolandyryjysy Abadýa Ýehowanyň ýüz pygamberini zalym patyşa Izebeliň buýrugy boýunça öldürilmez ýaly, mertlik bilen «elli-elliden gowakda» gizledi (1 Pat. 18:4). Şu günlerem Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň köpüsi hudaýhon Abadýa ýaly imandaşlaryny goramak üçin, yzarlaýan adamlara olar barada hiç hili maglumat bermeýärler.

ŞA AÝALY ESTER MERTDI

14, 15. Şa aýaly Ester imanyny we mertdigini nädip görkezdi we netijede näme boldy?

14 B. e. öň bäşinji asyrda Pars patyşalygynda zalym Haman ýehudylary ýok etjek bolanda, şa aýaly Ester berk imanyny we mertdigini görkezdi. Şonda ýehudylaryň gynanyp, oraza tutup we ýürekden doga edendikleri geň galdyrmaýar! (Est. 4:1—3). Şa aýaly Ester howsala düşüpdi. Onuň doganoglany Mordekaý Estere ýehudylary ýok etmäge rugsat berýän kanunyň kopiýasyny iberipdi we patyşanyň ýanyna baryp, halkyna rehim eder ýaly haýyş etmegi tabşyrypdy. Emma patyşanyň ýanyna rugsatsyz barýan islendik adama ölüm jezasy berilýärdi (Est. 4:4—11).

15 Mordekaý Estere: «Eger sen hiç zat diýmeseň, gutulyş başga ýerden geler. Kim bilýär, belki, sen şunuň üçin patyşalyk tagtyna geçensiň?» diýdi. Ester Mordekaýa Susadaky ähli ýehudylary ýygnap, özi üçin oraza tutmagy haýyş etdi. Ester: «Men hem oraza tutaryn, kanuny bozsam-da, patyşanyň ýanyna bararyn. Eger ölmeli bolsam, ölerin» diýdi (Est. 4:12—17). Ester mertlerçe hereket etdi we onuň ady bilen atlandyrylan kitapda Hudaýyň halkyny azat edendigi aýdylýar. Şu günlerem mesh edilen mesihçiler we «başga goýunlar» synaga uçranda, şeýle mertligini görkezýärler we «dogalary eşidýän» Hudaý hemişe olara kömek edýär (Zebur 65:2; 118:6-njy aýatlary okaň).

«BATYR BOLUŇ!»

16. Isa ýaş mesihçilere nähili görelde görkezdi?

16 Bir sapar 12 ýaşly Isany ene-atasy ybadathanadan tapýar. «Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi... Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar» (Luka 2:41—50). Isa ýaş bolsa-da, imany berk we mert bolany üçin ybadathanadaky uly ýaşly mugallymlara sorag berýärdi. Ýygnakdaky ýaş mesihçiler hem Isanyň göreldesine eýerse, umydy hakynda «hasabat soran her kese» jogap bermek mümkinçiligini elden bermezler (1 Pet. 3:15).

17. Näme üçin Isa şägirtlerine «batyr boluň» diýdi we biz näme üçin mert bolmaly?

17 Isa adamlara «batyr bolmalydygyny» aýdypdy (Mat. 9:2, 22). Ol şägirtlerine şeýle diýdi: «Ine, wagt geler, hawa, geldi hem, ähliňiz öýüňize-iliňize dagap gidersiňiz, Meni ýeke galdyrarsyňyz. Ýöne Men ýeke däldirin, çünki Ata Meniň bilendir. Bu zatlary Mende parahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň. Men dünýäni ýeňendirin» (Ýahýa 16:32, 33). Biz hem Isanyň ilkinji şägirtleri ýaly dünýäniň bizi ýigrenýändigini duýýarys, emma bu dünýä goşulmak islemeýäris. Biz Isanyň mertligi barada oýlansak, bu bize dünýä goşulmaz ýaly güýç berer. Ol dünýäni ýeňdi, biz hem ýeňip bileris (Ýahýa 17:16; Ýakup 1:27).

18, 19. Pawlus resul imanyny we mertdigini nädip görkezdi?

18 Pawlus resul ençeme synaglara döz geldi. Bir sapar Iýerusalimde ýehudylar ony öldürjek bolanda, rim esgerleri ony halas etdi. «Şol gije Reb Pawlusyň ýanyna gelip, oňa: «Batyr bol! Çünki sen Men barada Iýerusalimde nähili güwä geçen bolsaň, Rimde-de şeýle güwä geçmelisiň» diýdi (Res. iş. 23:11). Pawlus Isanyň aýdyşy ýaly hem etdi.

19 Pawlus Korintosdaky ýygnagy azdyrjak bolan «ýokary derejeli resullary» gorkman ýazgardy (2 Kor. 11:5; 12:11). Pawlus olardan tapawutlykda, türmede oturyp, urlup, janyny howp astyna salyp, syýahat edip, kynçylyklardan, açlykdan we suwsuzlykdan ejir çekip, gijelerine ýatman, şeýle-de imandaşlarynyň aladasyny edip, resuldygyny subut etdi (2 Korintoslylar 11:23—28-nji aýatlary okaň). Pawlus imany we mertligi bilen ajaýyp görelde görkezip, Hudaýyň güýç berýändigini subut etdi!

20, 21. a) Biz näme üçin mert bolmaly? Mysal getir. b) Biz nähili ýagdaýlarda mert bolmaly we näme ynanmaly?

20 Mesihçileriň hemmesi güýçli yzarlanmaz. Emma synaglara döz gelmek üçin biziň hemmämiz mert bolmaly. Meselem, bir ýaş ýigit bandanyň agzasydy. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlansoň, durmuşyny özgertmelidigine düşündi, emma bandadan çykjak adamy köplenç öldürýärdiler. Ýaş ýigit doga edip, bandanyň baştutany bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasynda gürleşdi. Ol bandadan çyksa-da, öldürilmedi we wagyzçy boldy.

21 Hoş habary wagyz etmek üçin hem mert bolmaly. Ýaş mesihçiler mekdepde Hudaýa wepaly bolar ýaly, batyr bolmaly. Şeýle-de kongreslere doly gatnaşmak üçin dünýewi işden rugsat alar ýaly mert bolmaly. Bu zatlary sanasaň, sanardan köp. Biz nähili kynçylyklara uçrasak-da, Ýehowa «iman dogamyzy» eşider (Ýakup 5:15). Biz «batyr we mert bolar» ýaly, Ýehowanyň mukaddes ruhy berjekdigine berk ynanýarys!

[11-nji sahypadaky surat]

Hanok zalym dünýäde batyrgaýlyk bilen wagyz etdi

[12-nji sahypadaky surat]

Ýael batyrgaý we mertdi

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş