Göriplik aňyňy zäherleýär
Napoleon Bonapartda-da, Ýuliý Sezarda-da, Aleksandr Makedonskide-de göriplik bardy. Olar güýçli we şan-şöhrata eýe bolsalar-da, her biriniň ýüregi göriplik bilen zäherlenipdi.
Angliýaly filosof Bertran Rassel şeýle ýazdy: «Napoleon Bonapart Sezara, Sezar Aleksandr Makedonskä, ol bolsa, aslynda hiç haçan bolmadyk Gerkulese göriplik etdi». Islendik adamda baýlygyna, zehinine we durmuşda gazanýan üstünligine garamazdan, göriplik bolup biler.
Göriplik — kimdir biriniň baýlygyna, zadyna, ornuna ýa-da ýagdaýyna göz gyzdyryp, ýamanlyk islemek. Bir kitapda gabanjaňlygyň göriplikden tapawudy şeýle düşündirilýär: «Gabanjaňlyk — başgalardan kem bolmazlygy, «göriplik» bolsa, adamy bar zadyndan mahrum etmek islegi aňladýar». Görip adam kimdir biriniň zadyna ýöne bir göz gyzdyrman, eýsem, onda şol zatlaryň bolmazlygyny isleýär.
Göripligiň ýüregimizde nädip ornaşjagyny we onuň nähili netije berjegini bilmek wajyp. Aýratynam, göriplik bizi eýelemez ýaly, näme etmelidigini bilmeli.
GÖRIPÇILIGI NÄME GÜÝJEDÝÄR?
Ähli bikämil adamlar göripçilige ýykgyn bolýar. Emma käbir zatlar bu häsiýeti güýjedýär (Ýakup 4:5). Pawlus resul olaryň birini agzap, şeýle diýdi: «Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň» (Gal. 5:26). Bäsdeşlik ruhy dogabitdi göripçilige ýykgynlygymyzy güýjedip bilýär. Kristina uýa we Hosea dogan muňa öz durmuşynda göz ýetirdiler.
Pioner bolup gulluk edýän Kristina uýa şeýle diýýär: «Men, köplenç, birine göriplik edýändigimi duýýaryn. Men özümde bolmadyk, iliň zatlaryna göz gyzdyrýaryn». Bir sapar Kristina aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýän bir maşgala bilen bile nahar iýdi. Şonda Kristina we adamsy Erigiň olar bilen ýaşdaşdygyny we öň bir meňzeş borçlarynyň bolandygyny ýatlap, şeýle diýdi: «Meniň ýanýoldaşym hem ýaşuly! Bu nähili beýle bolýar, siz-ä aýlanýan gözegçi, biz bolsa hiç kim?» Bäsdeşlik ruhy ony göripçilige iterdi we adamsy bilen bile eden ýagşy işlerini unudyp, şatlygyny ýitirdi.
Hose gulluk kömekçisi bolmak isleýärdi. Başga doganlary gulluk kömekçisi belläp, ony bellemänlerinde, ol göripçilik edip, ýaşulular maslahatynyň koordinatoryndan gaty gördi. Hose şeýle diýýär: «Men göriplikden ýaňa şol dogany ýigrendim we ol ýygnakda jogapkärli borjy almagymy islemeýändir öýtdüm. Göriplik aňyňy eýelände, gowy oýlanyp bilmeýärsiň we diňe özüň hakda pikir edýärsiň».
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY MYSALLARDAN NÄME ÖWRENÝÄRIS?
Mukaddes Ýazgylarda bu babatda sapak edinmeli köp mysallar bar (1 Kor. 10:11). Olaryň käbiri göripçiligiň nädip döreýändigini we onuň ýüregine ornaşmagyna ýol beren adamlaryň aňyny zäherländigini görkezýär.
Meselem, Adam ata bilen How enäniň ilkinji ogly Kabyl, Ýehowa onuň gurbanyny kabul etmän, dogany Habylyňkyny kabul edende gaty gaharlandy. Kabyl dogry hereket edip bilerdi, emma ol göriplige akyl-huşuny aldyryp, öz doganyny öldürdi (Gel. çyk. 4:4—8). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda Kabyla «Iblisden bolan» diýlendigi geň galdyrmaýar! (1 Ýahýa 3:12).
Ýusubyň on dogany kakasy ony has gowy görýändigi üçin göripçilik etdiler. Ýusup pygamberlik düýşlerini gürrüň berensoň, olar ony has-da beter ýigrendiler. Doganlary Ýusuby hatda öldürmek islediler. Ahyrsoňy, olar inisini gulçulyga satyp, Ýusup öldi diýip, kakalaryny zalymlyk bilen aldadylar (Gel. çyk. 37:4—11, 23—28, 31—33). Ýyllar geçensoň, olar öz eden günäsini boýun alyp, biri-birilerine: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik» diýişdiler (Gel. çyk. 42:21; 50:15—19).
Şeýle hem Kora, Datan we Abyram edýän hormatly borçlaryny Musa hem Harunyňky bilen deňeşdirip, göripçilik edip başladylar. Olar Musany «üstlerinden höküm sürmek» isleýär we özüni başgalardan ýokary tutýar diýip aýypladylar (San. 16:13). Elbetde, bu töhmetdi (San. 11:14, 15). Musany Ýehowanyň özi belledi. Pitneçiler bolsa, Hudaýyň pygamberi Musanyň ornuna göripçilik etdiler. Göripçilik edendigi sebäpli, Ýehowa olary ýok etdi (Zeb. 106:16, 17).
Süleýman patyşa göripçilik ýüregiňe ornaşanda, nähili zalymlyk edilýändigine göz ýetirdi. Ýaňy doglan çagasy ölen bir aýal, bir öýde bile ýaşaýan aýalyň diri çagasyny alyp, ony aldajak bolup, özüniň öli bäbegini onuň ýanynda goýýar. Şu meseläni çözmek üçin, olar Süleýman patyşanyň ýanyna barýarlar, şonda ýalançy aýal diri çaganyň hatda öldürilmegine razy bolýar. Emma patyşa çaganyň hakyky ejesiniň kimdigine düşünip, çagany oňa bermegi buýurýar (1 Pat. 3:16—27).
Göripçilik elhenç zatlara eltýär. Ýokarda aýdylan mysallardan görşümiz ýaly, ol ýigrenje, adalatsyzlyga we adam öldürmäge-de iterip bilýär. Şeýle-de bu mysallardan göripçilik edilen adamlaryň bigünä ýere ejir çekendigini görse bolýar. Göripçilik ýüregimizde ornaşmaz ýaly näme etmeli? Biz göripçilige garşy nähili çäreler görüp bileris?
ZÄHERE GARŞY GÜÝÇLI ÇÄRELER!
Doganlyk söýgüsini ösdüriň. Pawlus resul mesihçilere: «Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň» diýip tabşyrdy (1 Pet. 1:22). Emma söýgi näme? Pawlus: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir» diýip ýazdy (1 Kor. 13:4, 5). Eger biz göripçilik edýän bolsak, dogan-uýalary ýürekden söýýäris diýip bilerismi? (1 Pet. 2:1). Ýonatan Dawuda göripçilik etmedi, çünki «ony jany ýaly söýýärdi» (1 Sam. 18:1).
Imandaşlar bilen gürrüňdeş boluň. 73-nji Mezmury ýazan adam asuda we örän baý ýaşaýan adamlara bahyllyk edýär. Emma ol «Hudaýyň mukaddes mekanyna girende» munuň nädogrudygyna düşünýär (Zeb. 73:3—5, 16, 17). Mezmurçynyň imandaşlary bilen gürrüňdeş bolmagy, Hudaýa ýakynlaşyp alan bereketlerini görmäge kömek etdi (Zeb. 73:28). Biz hem mesihçiler ýygnagynda, dogan-uýalar bilen hemişe gürrüňdeş bolsak, şeýle bereketleri alarys.
Ýagşylyk etmäge jan ediň. Hudaý Kabylyň ýüreginde göripligiň we ýigrenjiň dörändigini bilip, oňa «ýagşylyk et» diýdi (Gel. çyk. 4:7). Mesihçiler nädip ýagşylyk edip biler? Isa: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» we «goňşyňy özüň ýaly söý» diýdi (Mat. 22:37—39). Biz ünsümizi Ýehowa we adamlara kömek etmäge gönükdirsek, şatlyk taparys we göripçilik etmeris. Biz ýürekden wagyz edip, şägirt taýýarlasak, Hudaýy we ýakynymyzy söýýändigimizi görkezeris. Biz şeýdip Ýehowanyň berekedini alarys (Sül. tym. 10:22).
«Şatlanýanlar bilen şatlanyň» (Rim. 12:15). Isa şägirtleriniň üstünliklerine begenip, olaryň has köp wagyz etjekdigini aýtdy (Luka 10:17, 21; Ýahýa 14:12). Biziň hemmämiz Ýehowa agzybir bolup gulluk edýäris. Diýmek, bir adamyň üstünligi hemmeler üçin bereket bolup bilýär (1 Kor. 12:25, 26). Şol sebäpli başgalara jogapkär borçlar berilse, göripçilik etmän, gaýtam begenmeli.
KYN GÖREŞ
Göripçilige garşy göreşmek üçin hemişe tagalla etmeli. Kristina şeýle diýýär: «Mende entegem göripçiligiň bardygyny duýýaryn. Men göripligi ýigrensem-de, ony goýup bilemok, şol sebäpli hemişe göreşmeli bolýaryn». Hose hem göriplige garşy göreşýär. Ol şeýle diýýär: «Ýehowa maňa ýaşulular maslahatynyň koordinatorynyň gowy häsiýetlerini görmäge kömek etdi. Şeýle-de maňa Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin edýän tagallalarym ýardam etdi».
Göripçilik «ten işleri» bolandygy üçin, her bir mesihçi göreşmeli bolýar (Gal. 5:19—21). Eger biz göripçiligiň aňymyza we ýüregimize ornaşmagyna ýol bermesek, has bagtly bolarys we gökdäki atamyz Ýehowany begendireris.
[Çykgyt]
a Atlary üýtgedilen.
[17-nji sahypadaky sitata]
«Şatlanýanlar bilen şatlanyň»