Ýygnakda abatlaýjy ruhy saklaň
«Reb Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz (pikiriňiz) bilen bolsun!» (FLP. 4:23, TD).
1. Filipidäki we tiýatiradaky mesihçiler näme üçin öwgä mynasypdy?
BIRINJI asyrda filipidäki mesihçiler garyp ýaşaýardy. Emma olar sahydylar we dogan-uýalara mähirli söýgüsini bildirýärdiler (Flp. 1:3—5, 9; 4:15, 16). Şol sebäpli Pawlus resul olara şeýle ýazdy: «Reb Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz (pikiriňiz) bilen bolsun!» (Flp. 4:23, TD). Tiýatiradaky mesihçiler hem şeýle ruhda bolandygy üçin, Isa Mesih olara şeýle diýdi: «Men seniň nämeler edeniňi bilýärin. Söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy, sabryňy, soňra edenleriň ozalky edenleriňden köpdigini bilýärin» (Ylh. 2:19).
2. Biz nädip ýygnagymyzyň ruhuna täsir edip bileris?
2 Şu günler Ýehowanyň Güwäçileriniň her bir ýygnagy belli bir ruhy bilen tanalýar. Bir ýygnak mähirliligi we söýgüsi bilen tanalýar. Başgalary bolsa, yhlasly wagyz edip, pioner gullugyny gymmat saýýandygy bilen tapawutlanýar. Her birimiz abatlaýjy ruhy ösdürsek, ýygnagyň agzybirligine we ruhy taýdan ösmegine ýardam ederis (1 Kor. 1:10). Emma biz nädogry garaýyşda bolsak, onda ýygnagyň ruhy taýdan gowşamagyna, biperwaýlygyna ýardam edip, hatda agyr günälere göz ýumarys (1 Kor. 5:1; Ylh. 3:15, 16). Siziň ýygnagyňyzyň ruhy nähili? Sen nädip ýygnagyňda abatlaýjy ruhuň bolmagyna ýardam edip bilersiň?
ABATLAÝJY RUHUŇ BOLMAGYNA ÝARDAM EDIŇ
3, 4. Biz nädip Ýehowany şöhratlandyryp, uly ýygnakda öwgi aýdyp bileris?
3 Mezmurçy şeýle aýdym aýtdy: «Men uly ýygnakda Saňa (Ýehowa) şükür ederin, köp halkyň arasynda Saňa sena ederin» (Zeb. 35:18). Ol Hudaýyň başga gullukçylar bilen Ýehowany şöhratlandyrýandygyna begenýärdi. Biz hem her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklarynda, şol sanda «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşykda jogaplar berip, imanymyzy, yhlasly ruhumyzy görkezip bileris. Munuň üçin özümize şeýle soraglary bermeli: «Men mümkin boldugyndan, ýygnakda jogap berýärinmi? Men ýygnaklara gowy taýýarlanyp, manyly jogaplar berýärinmi? Maşgalabaşy hökmünde, çagalaryma jogap bermäge öňünden taýýarlanmaga kömek edýärinmi we olara öz sözleri bilen aýtmagy öwredýärinmi?
4 Biz ýygnaklarda aýdym aýdyşymyz bilen ýüregimiziň berkdigini, ýagny dogry hereket etmegi ýüregimize düwendigimizi görkezip bilýäris. Dawut şeýle diýdi: «Meniň ýüregim berkdir, eý Hudaý, ýüregim berkdir; men nagma aýdyp, alkyş ederin» (Zebur 57:7). Biziň mesihçiler ýygnagynda Ýehowa tüýs ýürekden, saza goşulup, aýdym aýtmaga mümkinçiligimiz bar. Eger biz käbir aýdymlary bilmeýän bolsak, onda maşgala okuwynda ýat tutup bileris. Geliň, Ýehowa dirikämiz, ýagny «barkamyz» öwgüli aýdymlar aýdalyň (Zeb. 104:33).
5, 6. Biz nädip dogan-uýalara myhmansöýerligimizi, sahylygymyzy görkezip bileris we bu ýygnaga nähili täsir eder?
5 Şeýle-de dogan-uýalara myhmansöýerligimizi görkezip, söýgimizi bildirip bileris. Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynyň soňky babynda: «Myhmansöýerligi unutmaň» diýdi (Ýew. 13:2). Aýlanýan gözegçileri we olaryň aýallaryny hem-de öz ýygnagyňdaky pionerleri nahara çagyryp, myhmansöýerligiňi görkezip bilersiň. Onsoňam, maşgala okuwymyza dul aýallary, çagalaryny ýeke terbiýeleýänleri we beýleki dogan-uýalary çagyrmagy ýatdan çykarmalyň.
6 Pawlus resul Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy tabşyr. Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler» (1 Tim. 6:17—19). Pawlus resul imandaşlaryny sahylyk ruhuny ösdürmäge höweslendirdi. Hatda ykdysady taýdan kyn wagtda-da, sahy bolup bileris. Meselem, maşynyň bolsa, kömege mätäç dogan-uýalary wagyz edilýän meýdança we ýygnaga äkidip bilersiň. Kömek edilen dogan-uýalar nädip minnetdarlygyny bildirip biler? Ýangyjyň gymmatlaýandygy sebäpli, olar ýagdaýyna görä, kömek eden dogana benzin puluny berip biler. Şeýle-de biz wagtymyzy dogan-uýalar bilen geçirsek, olar özleriniň gadyrynyň bilinýändigini we söýülýändigini duýarlar. Biz imandaşlarymyza ýagşylyk etsek we wagtymyzy hem-de serişdämizi bermäge taýýar bolsak, diňe bir olara bolan söýgimizi däl-de, eýsem, ýygnagyň abatlaýjy ruhuna ýardam ederis (Gal. 6:10).
7. Ýygnakda abatlaýjy ruhuň bolmagyna syr saklamak nädip ýardam edýär?
7 Dostluk we syr saklamak hem dogan-uýalar bilen söýgimizi berkidýär (Süleýmanyň tymsallary 18:24-i okaň). Hakyky ynamly dostlar öz şahsy işleri barada başgalara gürrüň bermeýärler. Dogan-uýalarymyz öz içki pikirini we duýgularyny bize gürrüň berende, başga birine aýtmasak, birek-birege bolan söýgimiz has-da berkär. Geliň, ynamdar dostlar ýaly bolalyň, şonda ýygnakda maşgaladaky ýaly söýgi bolar (Sül. tym. 20:19).
YHLASLY WAGYZ EDIŇ
8. Laodikiýadakylara nähili maslahat berildi we näme üçin?
8 Isa Laodikiýadaky ýygnaga: «Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň! Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn» diýdi (Ylh. 3:15, 16). Laodikiýadaky mesihçileriň wagza bolan yhlasy gowşapdy. Bu olaryň biri-birine bolan gatnaşygyna täsir etdi. Şol sebäpli Isa söýgi bilen şeýle maslahat berdi: «Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da toba et» (Ylh. 3:19).
9. Biz yhlasly gulluk etsek, ýygnaga nähili täsir eder?
9 Ýygnakda abatlaýjy we gowy ruhy saklamak üçin, biz yhlasly wagyz etmeli. Ýygnak akýürekli adamlary tapmaga we olara hakykaty öwretmäge kömek edýär. Biz hem şägirt taýýarlanymyzda, Isa ýaly yhlasly bolmaly (Mat. 28:19, 20; Luka 4:43). Biz näçe yhlasly wagyz etsek, «Hudaýyň işdeşleri» hökmünde has agzybir bolarys (1 Kor. 3:9). Dogan-uýalar bilen wagyz edenimizde, olaryň imanyny we Ýehowa hem-de hakykata bolan söýgüsini görkezýändigini görüp, olara bolan söýgimiz we hormatymyz artar. Şeýle-de biz «bir pikirde» bolup gulluk etsek, ýygnagyň agzybirligine ýardam ederis (1 Korintoslylar 1:10-y okaň).
10. Biz ökde wagyz etsek, ýygnakdaky başga dogan-uýalara nähili täsir eder?
10 Biz ökde wagyz etmäge çalyşsak, başgalara gowy täsir eder. Biz wagyz edýän adamlarymyz bilen içgin gyzyklansak we olaryň ýüregine ýetmek üçin jan etsek, ökdelik bilen wagyz ederis (Mat. 9:36, 37). Biz yhlasly bolsak, bile wagyz edýän dogan-uýalarymyz hem hyjuwly bolar. Isa şägirtlerini wagyz etmäge iki-ikiden iberdi (Luka 10:1). Bu olara biri-birinden öwrenmäge, şatlanmaga hem-de has hyjuwly wagyz etmäge ýardam etdi. Biz hem yhlasly wagyzçylar bilen gulluk edýändigimize diýseň begenýäris! Olaryň hyjuwy bizi ruhlandyrýar we köp wagyz etmäge höweslendirýär (Rim. 1:12).
IGENMÄŇ WE GÜNÄ ETMÄŇ
11. Musanyň döwründe käbir ysraýyllylar nähili ruhy görkezdiler we bu nämä eltdi?
11 Ýehowa Ysraýyly aýratyn halk edip saýlandan soň köp wagt geçmänkä, olar nägilelik bildirip, igenip başladylar. Şeýdip olar Ýehowa we onuň goýan ýolbaşçylaryna garşy pitne turuzdylar (Müs. çyk. 16:1, 2). Wada edilen diýara Müsürden çykan ysraýyllylaryň diňe birnäçesi girdi. Hatda Musada ysraýyllylaryň pitneçi ruhy sebäpli ýalňyşyp, Wada edilen diýara girip bilmedi! (Kan. tag. 32:48—52). Şu günler biz hem erbet garaýyşda bolmaz ýaly, näme edip bileris?
12. Biz igenmez ýaly näme etmeli?
12 Biz hem igenmekden gaça durmaly. Igenmez ýaly, kiçigöwünliligi ösdürmeli we ygtyýarly adamlara hormat goýmaly. Şol sebäpli kim bilen gatnaşyk edýändigimize ünsli bolmaly. Biz zyýanly göwün açmalary saýlasak we Ýehowanyň prinsiplerine hormat goýmaýan işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyz bilen köp wagt geçirsek, erbet täsir eder. Nädogry garaýyşly we özbaşdak bolmak isleýän adamlar bilen gatnaşyk etmesek, paýhasly bolardy (Sül. tym. 13:20).
13. Ýygnakda igenjeňlik bildirmek, ruhy taýdan nädip zyýan ýetirip biler?
13 Kimdir birine igensek, ruhy taýdan zyýan ýetirer. Meselem, igenjeňlik ýygnakda parahatlygy we agzybirligi bozar. Şeýle-de dogan-uýalardan nägile bolsak, diňe bir olaryň ýüregine ýara salman, eýsem, töhmet we ýamanlama ýaly günäleri ederis (Lew. 19:16; 1 Kor. 5:11). Birinji asyrda käbir igenjeňler häkimiýeti äsgermän, ýolbaşçy doganlara sögýärdiler (Ýahuda 8, 16). Elbetde, Hudaý jogapkär doganlara nägilelik bildirýänlerden närazydy.
14, 15. a) Günäni gizlesek, bütin ýygnaga nähili täsir eder? b) Kimdir biriniň gizlin eden günäsini bilsek, näme etmeli?
14 Biz kimdir biriniň spirtli içgileri köp içip, pornografiýa görüp ýa-da ahlaksyzlyk edip gizlin günä edýändigini bilsek, näme etmeli? (Efes. 5:11, 12). Eger biz şeýle agyr günälere göz ýumsak, Ýehowanyň ruhunyň bütin ýygnaga täsir etmegine päsgel bereris we agzybirlik bozular (Gal. 5:19—23). Korintosdaky mesihçileriň ýygnakdan ähli hapalygy aýryşy ýaly, şu günler biz hem ýygnakda gowy sagdyn ruh bolar ýaly, ony islendik azdyryjy täsirden goramaly. Siz ýygnakda parahatlygy saklamak üçin näme edip bilersiňiz?
15 Ýokarda aýdylyşy ýaly, käbir meselelerde, aýratynam, biri öz duýgularyny, pikirlerini aýdanda, syr saklamaly. Kimdir biriniň syryny ýaýratmak nädogry we zyýanlydyr. Emma agyr günä edilse, ýygnagyň ýaşululary Mukaddes Ýazgylara görä, ony derňemeli we anyklamaly (Lewiler 5:1-i okaň). Şol sebäpli bir doganyň ýa-da uýanyň günä edendigini bilsek, ýaşula ýüz tutmagy oňa maslahat bermeli (Ýakup 5:13—15). Biraz wagt geçensoň, ol ýaşululara ýüz tutmasa, onda özümiz aýtmaly.
16. Agyr günä barada ýaşululara aýtsak, nädip ýygnagyň ruhuny abatlarys?
16 Mesihçiler ýygnagy — ruhy jennetdir. Şonuň üçin agyr günäler barada duýduryp, ýygnagy goramaga kömek etmeli. Ýaşulular günä eden adama günäsini düşündirende, ol hem toba edip, käýinje gulak assa we düzelse, ýygnak üçin howply bolmaz. Ýaşulynyň mähir bilen beren maslahatyna agyr günä eden adam gulak asmasa we toba etmese, näme edilýär? Ýygnagyň abatlaýjy ruhuny bozmaz ýaly, ol ýygnakdan çykarylýar (1 Korintoslylar 5:11-i okaň). Biziň her birimiz ýaşulular bilen hyzmatdaşlyk edip, dogan-uýalaryň ruhy saglygyny gorap, özümizi gowy alyp barsak, ýygnakda abatlaýjy ruhy saklarys.
«RUHUŇ BIRLIGINI» SAKLAŇ
17, 18. Bize «ruhuň birligini» saklamaga näme kömek eder?
17 Isanyň ilkinji şägirtleri «resullaryň nesihatlaryny diňläp», ýygnakda agzybirligi berkitmäge kömek edýärdiler (Res. iş. 2:42). Olar ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän görkezmelerini we maslahatlaryny gymmat saýýardylar. Şu günler hem ýygnak ýaşululary sadyk hyzmatkär bilen işdeş bolup, ýygnakda agzybirligi saklar ýaly, hemmämize göwünlik berýärler we kömek edýärler (1 Kor. 1:10). Biz Ýehowanyň guramasynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan görkezmelerine we ýaşulularyň maslahatlaryna eýersek, «ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga» tagalla edýändigimizi görkezýäris (Efes. 4:3).
18 Şol sebäpli, geliň, ýygnakda abatlaýjy ruhy saklar ýaly, elimizde baryny edeliň. Şonda Reb Mesihiň merhemeti biziň ruhumyz bilen bolýandygyna ynanyp bileris (Flp. 4:23).
[19-njy sahypadaky surat]
Siz ýygnagyň ruhuny abatlamak üçin manyly jogaplar taýýarlaýarsyňyzmy?
[20-nji sahypadaky surat]
Aýdymlary ýat tutup, ýygnagyň abatlaýjy ruhuny saklaň.