Photo by Stringer/Getty Images
OÝA BOLUŇ!
Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky uruş. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
ABŞ-nyň, Ysraýylyň we Eýranyň arasynda bolýan çaknyşyklar sebäpli adamlaryň köpüsi biynjalyk bolýar. Urşuň soňy ula ýazarmy? Hökümetler betbagtçylygyň öňüni alyp, parahatlygy dikeldip bilermi?
Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler hakda eşiden adamlar Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolýan çaknyşyklar Ylham kitabynda aýdylýan Armageddon urşunyň başlangyjy bolup biler diýip pikir edýärler.
Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Hökümetler Ýakyn Gündogarda bolýan urşuň soňuna çykyp bilermi?
Mukaddes Kitapda: «Han-beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň, olar janyňy halas edip bilmez» diýilýär (Zebur 146:3).
Hökümetleriň Gündogar ýurtlarynda parahatlygy dikeltjek-dikeltmejegini wagt görkezer. Emma Mukaddes Kitapda hiç bir syýasy ýolbaşçynyň, hökümetiň ýa-da haýsydyr bir toparyň uruşlary ýatyryp, parahatlygy dikeldip bilmejekdigi aýdylýar. Diňe Allatagala «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadar» (Zebur 46:9).
Köpräk bilmek isleseňiz «Uruşlaryň soňy geler» atly «Garawul diňi» žurnalyny okaň.
Pygamberlik ýerine ýetýärmi?
Mukaddes Kitapda: «Siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz... Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar» diýilýär (Matta 24:6, 7).
Gündogar ýurtlarynda bolýan çaknyşyklar «dünýäniň soňunda» ýaşaýandygymyzyň ýene bir subutnamasy. Mukaddes Kitapda oňa «soňky günler» hem diýilýär (Matta 24:3; 2 Timoteos 3:1). Häzirki bolýan uruşlar Allatagalanyň tizden uruşlaryň soňuna çykjakdygyny we adamlaryň kynçylyklaryny aýyrjagyny görkezýär.
Köpräk bilmek üçin «„Dünýäniň soňunda“ nämeler bolar?» atly makalany okaň.
Armageddon söweşi Gündogar ýurtlarynda başlarmy?
Mukaddes Kitapda: «Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýere ýygnadylar» diýilýär (Ylham 16:16).
Armageddon söweşi Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda başlan uruş däl. Bu söweş ähli ynsan hökümetleri bilen Hudaýyň arasynda bolar.
Köpräk bilmek üçin «Armageddon söweşi näme?» atly makalany okaň.
Kyn günlerde kalbymyzda rahatlygy nädip saklap bileris?
Mukaddes Kitapda: «Hiç zadyň aladasyny etmäň, her bir ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga ediň, minnetdarlyk bilen dileg ediň we ýalbaryň» diýilýär (Filipililer 4:6).
Ýehowaa Hudaý biziň dileg etmegimizi isleýär. Sebäbi Hudaý biziň aladamyzy edýär, doga-dileglerimizi eşidýär we gaýgy-alada basanda, döz gelmäge güýç berýär (1 Petrus 5:7). Meselem, ol diňe bir uruşlaryň näme üçin bolýandygyny däl-de, olaryň nädip soňuna çykjakdygyny düşündirýär. Şeýle-de häzirki görýän görgülerimizi nädip aýyrjakdygyny hem aýdýar (Ylham 21:3, 4).
Allatagalanyň bize kömek edişi barada köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitap ýüregiňe giňlik berip bilýärmi?» atly makalany okaň.
a Ýehowa hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18).