ÝIGRIMI IKINJI BAP
Ol synaglarda wepaly galdy
1, 2. Isa Kapernaumda wagyz edende, Petrus nämä umyt eden bolmaly, ýöne näme boldy?
PETRUS Isanyň daş-töweregindäki adamlaryň ýüzüne aladalanyp seredýär. Olar Kapernaum şäheriniň sinagogasynda otyrdylar. Petrus şol şäherde ýaşaýardy. Ol Jelile deňziniň demirgazyk kenarynda balyk tutýardy. Petrusyň dost-ýarlary, garyndaşlary we balykçy ýoldaşlary hem şu ýerde ýaşaýardy. Petrus öz şäherinde ýaşaýan bu adamlar Isanyň Mesihdigine ynanarlar we iň Beýik Mugallymdan Hudaýyň Patyşalygy barada eşidip, begenerler diýip tama edýärdi. Emma şol gün bar zat tersine bolýar.
2 Adamlaryň köpüsi ony diňlemegi bes edýär. Olar Isanyň aýdan zatlary bilen ylalaşman, hüňürdeşip başlaýar. Esasanam, Petrusy Isanyň käbir şägirtleriniň özüni alyp barşy has-da biynjalyk edýär. Olar täze hakykaty eşidip, ýüzündäki şatlygyndan nam-nyşan galmaýar. Indi olar gaharlanyp, ýüzlerinden gar ýagýar. Köpüsi bolsa, Isanyň aýdan sözlerini diňlär ýaly däl diýýärler. Olar Isany diňlemejek bolup, sinagogadan çykyp gidýärler we Isanyň yzyna eýermegi bes edýärler (Ýahýa 6:60, 66-njy aýatlary oka).
3. Petrusyň imany ençeme gezek näme etmäge kömek etdi?
3 Bu Petrus hem-de beýleki resullar üçin kyn pursat boldy. Isanyň şol günki aýdan sözlerine Petrus doly düşünmedi. Elbetde, Isanyň sözlerine göni manyda düşünseň, aklyňa sygdyryp bolmajak ýaly görünýärdi. Petrus näme eder? Bu onuň wepalylygyny synaýan ilkinji hem soňky synagy däldi. Gel, Petrusyň imany synaglara garşy durmaga we wepaly galmaga nädip kömek edendigini bileli.
Başgalar ýüz öwürse-de, ol wepaly galýar
4, 5. Adamlar Isadan nämä garaşdy, ýöne ol näme etdi?
4 Petrus köplenç Isanyň aýdýan sözlerine we edýän işlerine haýran galýardy. Käte onuň Halypasy adamlaryň garaşmadyk zadyny aýdýardy we edýärdi. Bir gün mundan öň, Isa müňlerçe adamy gudrat bilen doýrupdy. Şol sebäpli olar ony patyşa etjek bolýar. Emma Isa şägirtlerini gaýyga mündürip, Kapernauma ugradýar, özi hem gaçyp gidýär. Köp adamlar muňa örän geň galýar. Şägirtler gije tupan turan Jelile deňzinde gaýykda barýarkalar, Isa suwuň ýüzünde ýöräp, ýene-de olary haýran galdyrýar we Petrusyň imanyny berkitmek üçin wajyp sapak berýär.
5 Irden şägirtler märekäniň hem gaýyklara münüp gelendigini görýär. Adamlar Hudaý barada hakykaty däl-de, gudrat arkaly çörekden doýmak üçin gelen bolmaly. Isa olary diňe iýip-içginiň aladasyny edýändigi üçin ýazgardy (Ýahýa 6:25—27). Isa bu gürrüňi Kapernaumyň sinagogasynda dowam edip, bir wajyp, ýöne adamlara düşünmesi kyn bolan hakykaty aýdýar.
6. Isa nähili mysal getirdi we bu adamlara nähili täsir etdi?
6 Isa adamlaryň diňe çörek iýmek üçin däl-de, ebedi ýaşaýşy almak üçin Isanyň töleg gurbanyna iman etmelidigine we onuň göreldesine eýermelidigine düşünmeklerini isledi. Soňra Isa Musanyň günlerindäki gökden ýagan çöregi mysal getirip, özüni manna bilen deňeşdirýär. Käbir adamlar muňa nägilelik bildirende, Isa ebedi ýaşaýşy almak üçin, has aýdyň mysal arkaly bedenini iýmelidigini we ganyny içmelidigini aýdýar. Adamlaryň muňa hasam gahary gelýär. Käbirleri: «Bu sözler kabul ederden agyr; ony diňlär ýaly däl-ä» diýdiler. Isanyň köp şägirtleri hem onuň yzyna eýermegini bes edýära (Ýahýa 6:48—60, 66).
7, 8. a) Petrus Isa barada nämä düşünmedi? b) Isanyň resullaryna beren soragyna Petrus näme jogap berdi?
7 Petrus näme ederkä? Ol hem Isanyň aýdan sözlerini aklyna sygdyryp bilen däldir. Ol henizem Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin Isanyň ölmelidigine düşünmeýärdi. Petrus beýleki durnuksyz şägirtler ýaly Isanyň yzyna eýermegini bes edermikä? Ýok, sebäbi onuň beýleki şägirtlerden tapawutlylykda aýratyn bir häsiýeti bardy.
8 Isa resullaryna ýüzlenip: «Siziň hem gidesiňiz gelýärmi?» diýýär (Ýahýa 6:67). Ol bu soragy 12 resulyna berse-de, Petrus jogap berýär. Ol köplenç beýleki resullardan öňürtiläp gepleýärdi. Sebäbi ol iň ulusy bolan bolmaly. Her näme bolsa-da, ol resullarynyň arasynda iň açyk adamdy we pikirini aýtmaga hiç haçan çekinmeýärdi. Şu saparam ol: «Halypam, biz nirä gideli? Ebedi ýaşaýyş berýän sözler sende ahyryn» diýip, ýatdan çykmajak ajaýyp sözleri aýdýar (Ýahýa 6:68).
9. Petrus Isa wepalydygyny nädip görkezdi?
9 Petrusyň aýdan sözleri seniň ýüregiňe täsir edýärmi? Petrusyň Isa bolan imany oňa wepaly galmaga kömek edýär. Ol Isanyň ýeke-täk Halasgärdigine we Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýän zatlary arkaly halas edýändigine doly göz ýetirdi. Petrus käbir zatlara düşünmese-de, Hudaýyň razylygyny gazanmak we ebedi ýaşaýşa ýetmek üçin, gidere ýeriniň ýokdugyny bilýärdi.
Isanyň taglymatlaryna düşünmesek-de ýa-da olary ýerliksiz hasaplasak-da, olara wepalydygymyzy görkezmeli
10. Biz Petrusyň wepalylygyndan nädip görelde alyp bileris?
10 Senem munuň bilen ylalaşýarmyň? Gynansak-da, şu günler köp adamlar Isany söýýän diýseler-de, oňa wepaly bolmaýarlar. Biz Isanyň taglymatlaryny Petrus ýaly gowy görsek, şonda wepaly galyp bileris. Hatda Isanyň taglymatlaryna düşünmesek-de ýa-da olary ýerliksiz hasaplasak-da, olary öwrenmeli, manysyna düşünmeli we şolara görä ýaşamaly. Biz wepaly bolsak, diňe şonda Isanyň isleýşi ýaly, ebedi ýaşaýşa umyt edip bileris (Zebur 97:10-y oka).
Isa käýese-de, Petrus wepaly galýar
11. Isa şägirtleri bilen nirä gitdi? (Şeýle-de çykgyda seret).
11 Köp wagt geçip-geçmänkä, Isa resullaryny we käbir şägirtlerini alyp, demirgazykda ýerleşýän Hermon dagyna gidýär. Käte Jelile deňzinden onuň gara örtülen çür depesini görse bolýardy. Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi obalaryndan geçip, daga golaýlaşdygyça, ol has beýik görünýärdib. Şu owadan ýerden Wada edilen diýaryň köp ýeri görünýärdi, Isa-da şu ýerde şägirtlerine bir wajyp soragy berýär.
12, 13. a) Isa adamlaryň özi barada nähili pikirdedigini näme üçin bilesi geldi? b) Petrusyň beren jogaby onuň ýürekden iman edýändigini nädip görkezýär?
12 Isa şägirtlerinden: «Adamlar maňa kim diýýärler?» diýip soraýar. Göz öňüne getir, şonda Petrus Isanyň ýüzünden mährini, güýjüni we akylynyň ýitiligini duýýar. Isa adamlaryň özi barada näme pikir edýändigini bilesi gelýär. Şägirtler Isa barada adamlaryň nädogry pikir edýändigini aýdýarlar. Emma Isa başga zady hem bilesi gelýär. Ýakyn şägirtleri hem şeýle ýalňyş pikirdedimi? Şol sebäpli ol: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip soraýar (Luka 9:18—20).
13 Petrus ýene-de derrew jogap berýär. Ol beýleki şägirtleriň pikirini aýdyň we mertlik bilen aýdýar. Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berýär. Göz öňüne getir, Isa Petrusy makullap ýylgyrýar we ony öwýär. Ol bu wajyp hakykaty ýürekden iman edýän adamlara ynsanyň däl-de, Ýehowanyň açýandygyny Petrusa aýdýar. Petrus şol wagt aýan bolan Ýehowanyň iň wajyp hakykatyna, ýagny ençeme ýyl mundan öň wada edilen Mesihiň kimdigine düşünýär! (Matta 16:16, 17-nji aýatlary oka).
14. Isa Petrusa nähili wajyp borçlary ynandy?
14 Gadymy pygamberlige görä, Mesih gurluşykçylaryň taşlan burç daşy diýip atlandyrylýar (Zeb. 118:22; Luka 20:17). Isa şu we beýleki pygamberlikleri göz öňünde tutup, Ýehowanyň mesihçiler ýygnagyny hut şol daşyň ýa-da gaýanyň üstünde gurjakdygyny aýan edýär. Soňra Isa Petrusa ýygnakda käbir wajyp borçlary ynandy. Bu käbir adamlaryň pikir edişi ýaly, Petrusa beýleki resullardan tapawutlylykda has hormatly borçlaryň berlendigini aňlatmaýar. Isa Petrusa «Patyşalygyň açarlaryny berýär» (Mat. 16:18, 19). Ol, ilki, ýehudylara, soňra samariýalylara, ahyry, özge milletlilere Hudaýyň Patyşalygyna girmäge kömek etmelidi.
15. Petrus Isa näme diýip garşy çykdy we näme üçin?
15 Emma Isa kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem talap ediljekdigini aýdýar. Muny Petrus bilen bolup geçen wakalar subut edýär (Luka 12:48). Isa oňa mundan başga-da Mesih baradaky wajyp hakykaty açýar, şol sanda özüniň Iýerusalimde ejir çekip öldüriljekdigini aýdýar. Bu zatlary Petrus hiç akylyna sygdyryp bilmeýär. Ol Isany gyra çekip: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin; beýle zat saňa asla bolmasyn» diýip, oňa garşy çykýar (Mat. 16:21, 22).
16. Isa Petrusa näme diýip käýedi we Isanyň aýdan sözleri bize-de näme üçin peýdaly?
16 Petrus Isa kömek etmek islese-de, onuň aýdan sözlerine haýran galan bolmaly. Isa Petrusa arkasyny öwrüp, şonuň ýaly pikirde bolan şägirtlerine seredýär-de: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen maňa Hudaýyň islegini berjaý etmäge päsgel berýärsiň. Sebäbi sen Hudaýyň däl-de, adamlaryň pikir edişi ýaly pikirlenýärsiň» diýýär (Mat. 16:23; Mar. 8:32, 33). Isanyň aýdan sözleri biziň üçinem peýdaly. Sebäbi bizem Hudaýyňky ýaly däl-de, adamlaryňky ýaly pikir etmegimiz mümkin. Eger bizem şeýle pikirde bolsak, hatda kömek etmek niýetimiz bolsa-da, bilmezlikden Hudaýa däl-de, Şeýtana ýaraýan zatlary etmegimiz mümkin. Petrus Isanyň aýdan sözlerine nähili garady?
17. Isanyň Petrusa: «Çekil öňümden» diýmegi nämäni aňladýardy?
17 Elbetde, Petrus özüne göni manyda Şeýtan Iblis diýilmändigine düşünendir. Isa Petrusa käýände, Şeýtana diýen sözlerini aýtmady. Isa Şeýtana: «Ýanymdan aýryl» diýen bolsa, Petrusa: «Çekil öňümden» diýdi (Mat. 4:10). Isa Petrusyň köp gowy häsiýetiniň bardygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol ondan ýüz öwürjek bolmaýar-da, nädogry garaýşyny düzetjek bolýar. Petrus Halypasynyň öňünde durup büdreme daşy ýaly päsgel bermeli däldi-de, ony goldamalydy.
Maslahaty pesgöwünli kabul edip, düzelsek, diňe şonda Isa Mesihe hem-de onuň Atasy Ýehowa Hudaýa has ýakynlaşarys
18. Petrus wepalydygyny nädip görkezdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
18 Petrus jedel edip, gaharlanyp, çişip ýördümi? Ýok, ol pesgöwünlilik bilen düzedişi kabul etdi. Şeýdip, ol ýene-de wepalylygyny görkezdi. Käwagt mesihçileriň ählisine maslahat bermeli bolýar. Eger biz maslahaty pesgöwünli kabul edip, düzelsek, diňe şonda Isa Mesihe hem-de onuň Atasy Ýehowa Hudaýa has ýakynlaşarys (Süleýmanyň tymsallary 4:13-i oka).
Isa käýese-de, Petrus wepaly galdy
Petrus wepaly bolany üçin sylaglanýar
19. Isa nähili haýran galdyryjy sözleri aýdýar we Petrus näme barada pikir eden bolmaly?
19 Isa tizden başga bir haýran galdyryjy sözleri aýdýar. Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri ynsan Oglunyň Patyşalygynda gelşini görmän ölümi asla datmaz» diýýär (Mat. 16:28). Elbetde, Petrus bu sözler bilen hem gyzyklanandyr. Isanyň bu sözleri näme aňladýarka? Belki, Petrus ýaňyja berk käýinç alansoň, şeýle hormata mynasyp bolup bilmerin diýip pikir edendir.
20, 21. a) Petrusyň gören görnüşini gürrüň ber. b) Pygamberleriň arasynda bolan gürrüň Petrusa garaýşyny düzetmäge nädip kömek etdi?
20 Takmynan bir hepde geçensoň, Isa Ýakuby, Ýahýany we Petrusy alyp, «bir beýik daga» çykýar. Megerem, ol golaýda ýerleşen Hermon dagydyr. Bu ýary gije bolan bolmaly, sebäbi üç resuly uky basýar. Emma Isa doga edip durka, olary ukusyndan açan bir täsin waka bolýar (Mat. 17:1; Luka 9:28, 29, 32).
21 Olaryň gözüniň alynda Isanyň daş-keşbi üýtgäp başlaýar. Onuň ýüzi gitdigiçe şöhle saçyp, gün ýaly ýaldyraýar. Egin-eşigi ap-ak bolýar. Soňra Isanyň ýanynda Musa bilen Ylýasyň keşbinde iki adam peýda bolýar. Olar Isanyň «bu dünýäden gitjekdigi hem-de Iýerusalimde bolmaly zatlar», ýagny onuň öldürilmegi we direlmegi hakynda gürrüň edýärdiler. Şonda Petrus Isanyň ejir çekip, ölmegi barada nädogry garaýyşda bolandygyna düşünýär (Luka 9:30, 31).
22, 23. a) Petrus açyk we mähirli häsiýetini nädip görkezdi? b) Şol gije Petrus, Ýakup we Ýahýa Hudaýyň ýene-de nähili berekedini aldy?
22 Petrus üýtgeşik gudraty görüp, oňa goşulman, ýöne bir seredip durmagy birhili görýär. Musa bilen Ylýas Isany goýup gitjek ýaly bolanlarynda, Petrus: «Mugallym, bäri diýseň gowy. Gel, biz üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. Belki, muny Petrus olary saklajak bolup aýdandyr. Elbetde, görnüşdäki Hudaýyň wepaly gullukçylary bireýýäm aradan çykypdy we olara çadyr gerek däldi. Aslynda, Petrus näme diýýänine düşünmeýärdi. Ýöne Petrusyň açyk hem mähirli bolandygy size täsir etmeýärmi? (Luka 9:33).
Ýakup, Ýahýa we Petrus täsin görnüş görüp, Hudaýyň berekedini aldy
23 Şol gije Petrus, Ýakup we Ýahýa ýene-de Hudaýyň berekedini alýar. Dagda bulut peýda bolýar-da, olary gurşap alýar. Şonda buludyň içinden ses gelýär. Bu Ýehowa Hudaýyň sesidi! Ol: «Bu meniň Oglum, saýlap alanymdyr. Oňa gulak asyň» diýýär. Görnüş aýrylansoň, olar dagda diňe Isa bilen galýarlar (Luka 9:34—36).
24. a) Görnüş Petrusa näme üçin peýdaly boldy? b) Şu günler görnüşiň bize nähili peýdasy bar?
24 Bu görnüş Petrus hem-de biziň üçin, gör, nähili uly bereket! Onlarça ýyl geçensoň, Petrus şol gije Isanyň gökdäki Patyşa hökmünde «ajaýyp şöhratyny» «gözi bilen görendigini» beýan edýär. Bu görnüş Hudaýyň Sözündäki köp pygamberlikleri tassyklady we Petrusyň öňünde boljak synaglaryna döz gelmäge imanyny berkitdi (2 Petrus 1:16—19-njy aýatlary oka). Bizem Ýehowanyň üstümizden bellän Halypamyza wepaly galmaly, ondan öwrenmeli, maslahatyny kabul edip, düzelmeli we her gün onuň yzyna pesgöwünlilik bilen eýermeli. Şonda Petrus ýaly synaglarda berk durup bileris.
a Mundan bir gün öň adamlar Isany Hudaýyň pygamberi saýyp şöhratlandyrdylar. Indi bolsa, olar sinagogada Isanyň sözlerine gaharlandylar. Bu olaryň durnuksyz bolandygyny görkezýär (Ýahýa 6:14).
b Jelile deňzi deňiz derejesinden 210 m aşakda ýerleşýär. Isa şägirtleri bilen deňiz derejesinden 350 m beýiklikde ýerleşýän ýere barýar. Olar owadan ýerlerden 50 km ýol geçdiler.