Jemleýji sözler
«Iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan adamlardan görelde alyň». ÝEWREÝLER 6:12
1, 2. Imanyňy häzirden berkitmek näme üçin wajyp? Mysal getir.
IMAN. Bu diňe bir owadan söz däl-de, örän gowy häsiýeti hem aňladýar. Emma biz bu sözi eşidenimizde, «haýal etme!» diýen söz hem ýadymyza düşýär. Eger iman etmeýän bolsak, onda soňa goýman Hudaýa iman etmeli. Eger iman edýän bolsak, onda ony haýal etmän goramaly we berkitmeli. Näme üçin?
2 Göz öňüne getir, sen aňyrsyna göz ýetmeýän çölüň içinden barýarsyň. Suwsuzlykdan ýaňa dodaklaryň kepäp gidýär. Suw tapanyňda ony günden aýap saklaýarsyň. Soňra barmaly ýeriňe ýetýänçäň, suwuň gutarmaz ýaly, ony dolduryp durmaly. Şu günler biz ruhy çölde ýaşaýarys. Bu zalym dünýäde hakyky iman çölde suw damjasy ýaly gymmat saýylýar. Eger biz suwy aýap, ony dolduryp durmasak, derrew bugaryp gider. Suwsyz ýaşap bolmaýar. Imanymyz hem bolmasa, ruhy taýdan heläk bolarys (Rim. 1:17).
3. Ýehowa imanymyzy nädip berkidýär we haýsy iki zady ýatdan çykarmaly däl?
3 Ýehowa biziň haýal etmän iman etmelidigimizi bilýär. Şeýle-de ol imany berkitmegiň we gorap saklamagyň kyndygyna düşünýär. Şol sebäpli Ýehowa wepaly gullukçylaryndan görelde alar ýaly, Mukaddes Ýazgylarda mysallaryny ýazdyrdy. Pawlus resul: «Iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan adamlardan görelde alyň» diýdi (Ýewr. 6:12). Ýehowanyň guramasy hem bizi imanyny görkezip, ajaýyp görelde galdyran erkekdir aýallaryň mysallaryna erjellik bilen eýermäge höweslendirýär. Biz bu kitapda olaryň mysallaryna seredip geçdik. Indi biz näme etmeli? Gel, şu iki zady unutmaly: 1) Imanymyzy berkitmeli; 2) Umydymyz hakda hemişe oýlanmaly.
4. Şeýtan imanymyzy nädip gowşatjak bolýar, ýöne biz näme üçin gorkmaly däl?
4 Imanyňy berkit. Imanyň ganym duşmany — Şeýtan. Bu zalym hökümdar imanymyzy gowşatmak üçin dünýäni göçme manyda gurak çöle öwürdi. Ol bizden has güýçli. Emma imanymyzy ösdürip ýa-da berkidip bolmaýar diýip gorkmalymy? Ýok, gorkmaly däl! Ýehowa ýürekden iman edýän adamlaryň hakyky Dosty. Ol bize Şeýtana garşy durmaga, hatda ol bizden gaçar ýaly kömek etjekdigine söz berýär! (Ýakup 4:7). Imanymyzy berkidip, ony abatlamak üçin her gün wagt tapsak, Şeýtana garşy durup bileris. Nädip?
5. Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylary nädip iman etdi? Düşündir.
5 Bilşimiz ýaly, Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylarynyň dogabitdi imany ýokdy. Olar Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly iman etdiler (Gal. 5:22, 23). Olar Ýehowanyň kömegini diläp, imanyny berkitdiler. Gel, bizem olardan görelde alyp, Ýehowanyň Özünden dilänlere we eden dogasyna görä ýaşaýanlara has köp mukaddes ruhy berýändigini unutmaly (Luka 11:13). Biz ýene-de näme edip bileris?
6. Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
6 Biz şu kitapda imanyny görkezip, ajaýyp görelde galdyran käbir adamlaryň mysalyna seretdik. Mundan başga-da ençeme mysallar bar! (Ýewreýler 11:32-ni oka). Olaryň her haýsy öz gezeginde gowy görelde galdyrdy. Biz doga arkaly olar barada okap, oýlansak peýdaly bolar. Eger-de biz Mukaddes Ýazgylarda şol adamlaryň imany barada ýüzleý okasak, imanymyzy berkidip bilmeris. Okan zatlarymyz doly peýda getirer ýaly, wakalaryň kontekstine seretmeli we haýsy döwürde bolup geçendigini bilmeli. Eger biz şol bikämil erkekdir aýallaryň «biziňki ýaly duýgularynyň» bolandygyny unutmasak, olary hakykatda bolşy ýaly, göz öňümize getirip bileris (Ýakup 5:17). Olara duýgudaşlyk bildirsek, biziňki ýaly synaglara we kynçylyklara duşanlarynda, nähili duýgulary başdan geçirendiklerine düşüneris.
7—9. a) Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylary şu günler biziňki ýaly sežde eden bolsalar, özüni nähili duýardy? b) Biz näme üçin imanymyzy edýän işlerimiz bilen berkitmeli?
7 Biz edýän işlerimiz bilen hem imanymyzy berkidip bileris. Sebäbi «iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» (Ýakup 2:26). Göz öňüne getir, şu kitapda aýdylan Hudaýyň wepaly gullukçylaryna Ýehowanyň häzir bize tabşyran işi ynanylan bolsa, olar nähili begenerdi!
8 Meselem, Ybraýym pygamber çölde daşdan ýasalan gurbanlyk sypasynyň öňünde däl-de, «uzakdan gören» wadalarynyň jikme-jik düşündirilýän owadan Patyşalyk we uly kongres zallarynda Hudaýyň gullukçylary bilen bile sežde etmeli diýen bolsalar, özüni nähili duýardy? (Ýewreýler 11:13-i oka). Ylýas pygambere Ýehowa sežde etmek üçin imandan dänen patyşanyň döwründe Bagalyň zalym pygamberlerini ýok etmek däl-de, parahat ýagdaýda adamlara teselli we umyt berýän habary wagyz etmek tabşyrylan bolsa, ol muňa nähili garardy? Dogrudan-da, Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylary şu günler biziňki ýaly sežde eden bolsalar, örän begenerdi.
9 Gel, şonuň üçin edýän işlerimiz bilen imanymyzy berkideli. Şonda Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesi biziň üçin peýdaly bolar. Girişde aýdylyşy ýaly, olar bilen dost bolup, has-da ýakynlaşarys. Emma gelejekde olar biziň bilen bile ýaşar we hakyky dostumyz bolar.
10. Jennetde biz nämä begeneris?
10 Umydyň hakda hemişe oýlan. Gadymy döwürdäki wepaly gullukçylar hemişe Hudaýyň berýän umydyndan güýç alýardy. Sen barada näme diýse bolar? Göz öňüne getir, Hudaýyň wepaly gullukçylary «dogrular» hökmünde direlende, olary garşy alyp, nähili begeneris! (Resullaryň işleri 24:15-i oka). Sen olara nähili soraglar berersiň?
11, 12. Sen täze dünýäde: a) Habyla b) Nuh pygambere ç) Ybraýym pygambere d) Ruta e) Abygaýyla ä) Estere nähili soraglary bererdiň?
11 Habyl bilen görüşeniňde, onuň ene-atasy barada bilesiň gelerdimi? Habyl Erem bagyny goran keruplara sorag berdimi? Olar Habyla jogap berdimikä? Nuh pygamber barada näme diýse bolar? Ol nefillerden gorkdumy? Gämide bir ýyllap ol nädip ähli haýwanlaryň aladasyny etdi? Eger Ybraýym pygamber bilen görüşseň, oňa şeýle soraglar berip bilersiň: Sam bilen görşüpmidiň? Ýehowa barada saňa kim öwretdi? Ur şäherinden gitmek kyn boldumy?
12 Şonuň ýaly Jennetde direljek wepaly aýallara-da käbir soraglary beresiň gelýändir. Meselem, Ruty Ýehowa sežde etmäge näme höweslendirdi? Abygaýyl Dawuda kömek edendigini Nawala gürrüň berende gorkdumyka? Soňra Ester bilen Mordekaýa näme boldy?
13. a) Hudaýyň direljek wepaly gullukçylary saňa nähili soraglary bermegi mümkin? b) Gadymy döwürdäki wepaly erkekdir aýallar bilen görüşjekdigiňe nähili garaýarsyň?
13 Elbetde, Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylary saňa-da sorag baryny berer. Şonda sen soňky günler barada we Ýehowanyň kyn günlerde halkyna nähili bereket berendigi hakda höwes bilen gürrüň berersiň! Elbetde, olar Ýehowanyň ähli wadalarynyň berjaý bolandygyny bilip begenerler. Täze dünýäde biz Hudaýyň gadymy gullukçylaryny göz öňümize getirmeli bolmarys. Sebäbi olar Jennetde biziň bilen bile ýaşar! Gel, şol adamlar bilen görüşmek üçin, häzirden elimizde baryny edip, olaryň imanyndan görelde alaly. Şonda olar bilen dostlaşyp, Ýehowa şatlyk bilen bile ebedi gulluk ederis!