Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 6 sah. 14—15
  • Dawut gorkmaýardy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dawut gorkmaýardy
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut bilen Jalut
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Dawut we Golýat
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ysraýyllylar patyşa talap edýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 6 sah. 14—15

6-NJY SAPAK

Dawut gorkmaýardy

Sen gorksaň näme edýärsiň? ~ Belki, sen ejeňden ýa-da kakaňdan kömek soraýansyň. Emma saňa kömek edip biljek ýene biri bar. Ol hemme adamlardanam has güýçli. Sen onuň kimdigini bilýärmiň? ~ Ol Ýehowa. Gel, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Dawut atly ýaş oglanjyk barada bileli. Ol hemişe Ýehowanyň özüne kömek edýändigini bilýärdi, şonuň üçinem ol gorkmaýardy.

Dawut bäbekkä, ata-enesi oňa Ýehowany söýmegi öwretdi. Bu Dawuda hatda gorkunç zatlar bolanda-da, batyrgaý bolmaga kömek etdi. Ol Ýehowanyň özüne dostdygyny we kömek edýändigini bilýärdi. Bir gezek Dawut goýunlaryny bakyp ýörkä, bir ullakan ýolbars gelip, goýnuny iýjek bolýar. Dawut goýnuny onuň agzyndan alýar! Sen Dawudyň muny nädip edenini bilýärmiň? Ol ýolbarsy kowalap, sakgalyndan tutýar-da öldürýär! Soňra Dawudyň goýunlaryna aýy hem topulýar, şonda ol ony-da öldürýär! Seniň pikiriňçe, Dawuda kim kömek etdikä? ~ Elbetde, Ýehowa.

Bir gezek bolsa Dawut has-da batyrgaý hereket edýär. Ysraýyllylar piliştliler diýilýän adamlara garşy uruşýardy. Piliştlileriň bir esgeri örän uzyn boýly, daýaw adamdy! Onuň ady Jalutdy. Ol ysraýylly esgerleriň we Ýehowanyň üstünden gülýär. Jalut ysraýylly esgerleri özi bilen uruşmaga çagyrýar. Emma ähli ysraýyllylar uruşmaga gorkýarlar. Dawut bu barada eşidende, Jaluta şeýle diýýär: «Men seniň bilen urşaryn! Ýehowa maňa kömek eder we men seni öldürerin!». Seniň pikiriňçe, Dawut batyrgaýdymy? ~ Hawa, ol örän batyrgaýdy. Soňra näme bolandygyny bilesiň gelýärmi?

Dawut öz sapanyny we bäş sany ýylmanak daşy alyp, Jaluda tarap ýöreýär. Jalut ýaş Dawudyň özüne tarap ýöräp gelýändigini görüp, üstünden gülýär. Emma Dawut oňa şeýle diýýär: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe Ýehowanyň ady bilen barýaryn!». Soňra ol sapanyna bir daşy salyp, Jaluta tarap ylgaýar-da, oňa zyňýar. Daş Jalutyň göni maňlaýyna degýär! Ol ýere ýykylyp, ölýär! Piliştlileriň ählisi gorkup, gaçyp gidýärler. Ýaş Dawut şeýle daýaw adamy nädip öldürip bildikä? ~ Oňa Ýehowa kömek etdi, sebäbi Ýehowa daýaw adamdan has güýçlüdi!

Dawut Jaluty öldürýär

Dawut gorkmady, sebäbi Ýehowanyň kömek etjekdigini bilýärdi

Sen Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenip bilersiň? ~ Ýehowa hemme adamlardan hem güýçli. Ol seniň hem Dostuň. Şonuň üçin sen bir zatdan gorksaň, Ýehowanyň saňa batyrgaý bolmaga kömek etjekdigini unutma!

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Zebur 56:3, 4

  • 1 Şamuwel 17:20—54

SORAGLAR:

  • Dawut goýunlaryna ýolbars bilen aýy topulanda näme etdi?

  • Jalut Ýehowanyň üstünden gülende, Dawut oňa näme diýdi?

  • Dawut Jaludy nädip öldürdi?

  • Dawut ýolbarsdan, aýydan we Jalutdan näme üçin gorkmady?

  • Sen Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenip bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş