Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 8 sah. 24
  • Olar zalym hökümdardan gaçýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Olar zalym hökümdardan gaçýar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ol göreldeli maşgalabaşydy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýehowa Isany gorady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýyldyz adamlara ýol görkezýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 8 sah. 24
Hirodes patyşa Beýtullahamdaky ýaş oglan çagalary öldürmegi buýurýar

8-NJI BAP

Olar zalym hökümdardan gaçýar

MATTA 2:13—23

  • ÝUSUP MAŞGALASY BILEN MÜSÜRE GAÇÝAR

  • ÝUSUP MAŞGALASYNY ALYP, NAZARETE GÖÇÝÄR

Ýusup Merýemi turzup, oňa gyssagly habary aýdýar. Ýehowanyň perişdesi ýaňyja Ýusubyň düýşüne girip: «Tur, çagany, aýalyňy al-da, Müsüre gaç we näme etmelidigiňi aýdýançam, şol ýerde gal. Sebäbi Hirodes çagany öldürjek bolup, ony gözläp ýör» diýýär (Matta 2:13).

Ýusup şol gijäniň özünde Merýem bilen ogluny alýar-da, ýola düşýär. Sebäbi Hirodes müneçjimleriň ony aldandygyny bilýär. Ol müneçjimlerden çaganyň ýaşaýan ýerini habar bermeklerini sorapdy. Emma olar Hirodesiň ýanyna barman, ýurtdan çykyp gaýdýarlar. Patyşa gahar-gazaba münýär. Ol Isany öldürmek üçin, Beýtullahama we onuň daş-töweregine adam iberip, iki ýaşa çenli oglan çagalaryň ählisini öldürmegi buýurýar. Ol çaganyň ýaşyny Gündogardan gelen müneçjimleriň aýdan sözlerinden çaklaýar.

Çagalaryň ejeleriniň döken ajy göz ýaşy

Çagalaryň öldürilmegi nähili zalymlyk! Biz näçe çaganyň öldürilendigini bilmeýäris, ýöne olaryň ejeleriniň döken ajy göz ýaşlary we perýady bilen Hudaýyň Ýeremiýa arkaly aýdan pygamberligi ýerine ýetdi (Ýeremiýa 31:15).

Ýusup bolsa maşgalasy bilen Müsüre gaçyp, şol ýerde ýaşap başlaýar. Bir gije Ýehowanyň perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur, çagany we aýalyňy al-da, Ysraýyl topragyna dolan, sebäbi çagany öldürjek bolýan adam aradan çykdy» diýýär (Matta 2:20). Şonda Ýusup aýaly bilen çagasyny alyp, dogduk mekanyna dolanmaly diýen karara gelýär. Şeýdip, Mukaddes Ýazgylardaky «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýen pygamberlik sözleri berjaý bolýar (Hoşea 11:1).

Elbetde, Ýusup maşgalasy bilen Ýahudada, belki-de, Beýtullaham şäheriniň golaýynda ýaşasy gelendir. Sebäbi olar Müsüre gitmezden öň şol ýerde ýaşaýardylar. Emma ol Ýahudada Hirodesyň zalym ogly Arhelasyň patyşa bolandygyny eşidýär. Hudaý hem Ýusubyň düýşüne girip, howp barada duýdurýar. Şonuň üçin ol maşgalasy bilen demirgazyga tarap gidýär we Jeliläniň Nazaret şäherinde ornaşýar. Ol ýerdäki ýehudylaryň dini ýagdaýy Iýerusalimdäkilerden tapawutlanýardy. Isa hem şol ýerde önüp-ösýär, şeýdip: «Oňa nazaretli diýerler» diýen pygamberlik sözleri berjaý bolýar (Matta 2:23).

  • Müneçjimler gaýdyp gelmänsoň, Hirodes patyşa näme edýär we Isa nädip halas bolýar?

  • Ýusup maşgalasy bilen Müsürden gaýdansoň näme üçin Beýtullahama gitmeýär?

  • Şol döwürde Mukaddes Ýazgylardaky haýsy pygamberlikler ýerine ýetýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş