86-NJY HEKAÝA
Ýyldyz adamlara ýol görkezýär
SURATDA bir adamyň ýagty ýyldyzy görkezip duranyny görýäňmi? Bu ýyldyz olar Iýerusalimden çykanda peýda boldy. Olar Gündogardan. Olar ýyldyzlary öwrenýär. Şonuň üçin täze ýyldyz bir beýik adamyň ýanyna eltýändir öýdýärler.
Olar Iýerusalime gelip: «Ýehudylaryň patyşasy boljak çaga nirede?» diýip soraýarlar. Ysraýyllylara «ýehudylar» hem diýýärler. Bu adamlar: «Biz Gündogarda çaganyň ýyldyzyny görüp, sežde etmäge geldik» diýýärler.
Iýerusalimiň patyşasy Hirodes muny eşidip, howsala düşýär. Ol öz ýerine başga biriniň patyşa bolmagyny islemeýär. Şonuň üçin Hirodes ruhanylary çagyryp: «Wada edilen patyşa nirede dogulmaly?» diýip soraýar. Olar: «Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Beýtullahamda dogulmaly» diýip, jogap berýärler.
Şonda Hirodes Gündogardan gelen adamlary ýanyna çagyryp: «Baryň-da, çagany tapyň. Ony tapanyňyzda maňa habar ediň. Menem onuň ýanyna baryp sežde edesim gelýär» diýýär. Aslynda, Hirodes çagany tapyp öldürjek bolýar.
Şondan soň, ýyldyz adamlary Beýtullahama getirip, çaganyň bolýan ýerine gelip durýar. Olar öýe girip, çagany we onuň ejesi Merýemi görýärler. Şonda olar sowgatlaryny çykaryp, Isa berdiler. Emma Ýehowa olaryň düýşüne girip, Hirodesiň ýanyna barmaň diýýär. Olar hem öz ýurduna başga ýol bilen gidýärler.
Hirodes gündogarly adamlaryň gidenini eşidende, gaty gahary gelýär. Ol Beýtullahamdaky oglanlaryň iki ýaşlysyna çenli, hemmesini öldürmegi buýurýar. Emma bu barada Ýehowa Ýusuba düýşünde duýdurýar. Ol hem maşgalasyny alyp, Müsüre gaçýar. Soňra Hirodesiň ölenini eşidip, Ýusup Merýemi we Isany alyp, öýüne Nasyra şäherine dolanýar. Bu ýerde Isanyň ýaşlygy geçýär.
Seniň pikiriňçe, bu täze ýyldyzy kim iberdikä? Bu adamlaryň ýyldyzy görende, ilki Iýerusalime ugranlary ýadyňdadyr. Hudaýyň Ogluny Şeýtan Iblis öldürjek bolýar. Ol Iýerusalimiň patyşasy Hirodesiň hem öldürjekdigini bilýärdi. Diýmek, bu ýyldyzy Şeýtan iberen bolmaly.