Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 7 sah. 22—sah. 23 abz. 6
  • Müneçjimler Isany görmäge gelýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Müneçjimler Isany görmäge gelýärler
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ýyldyz adamlara ýol görkezýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Hudaý Isany nädip gorady?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Ýehowa Isany gorady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Olar zalym hökümdardan gaçýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 7 sah. 22—sah. 23 abz. 6
Müneçjimler Ýusup bilen Merýemiň öýüne girende, ogly Isany görýärler

7-NJI BAP

Müneçjimler Isany görmäge gelýärler

MATTA 2:1—12

  • MÜNEÇJIMLER ÝYLDYZYŇ YZYNA DÜŞÜP, IÝERUSALIME, SOŇRA ISANYŇ ÝANYNA GELÝÄRLER

Gündogardan birnäçe adam gelýär. Olar müneçjimler, ýagny ýyldyzlary öwrenip, olaryň durşy boýunça başgalaryň ykbalyny kesgitleýän adamlar (Işaýa 47:13). Müneçjimler heniz gündogardaka, bir «ýyldyzy» görýärler we ony yzarlap, ýüzlerçe kilometr ýol sökýärler. Ýöne olar Beýtullahama däl-de, Iýerusalime gelýärler.

Müneçjimler Iýerusalime gelende: «Ýehudylaryň patyşasy bolmaly oglan nirede? Biz Gündogarda onuň ýyldyzyny görüp, oňa tagzym etmäge geldik» diýýärler (Matta 2:1, 2).

Müneçjimler Hirodis patyşanyň ýanyna barýarlar

Iýerusalimiň patyşasy Hirodes muny eşidip, gaty howsala düşýär. Ol uly ruhanylary we başga-da dini ýolbaşçylary ýanyna çagyryp, olardan Mesihiň nirede dogulmalydygyny soraýar. Olar Mukaddes Ýazgylara salgylanyp: «Beýtullahamda» diýip jogap berýärler (Matta 2:5; Mika 5:2). Şonda Hirodes müneçjimleri çagyrdyp, olara: «Gidiň-de, çagany gowuja gözläň. Ony tapsaňyz, maňa habar beriň, sebäbi menem oňa tagzym edesim gelýär» diýýär (Matta 2:8). Aslynda, Hirodes çagany öldürmek isleýärdi.

Müneçjimler Hirodesyň ýanyndan gaýdansoň, Gündogarda gören «ýyldyzy» olara ýol görkezip başlaýar. Ol adaty ýyldyz däldi we olara ýörite barmaly ugruny görkezýärdi. Ýyldyz tä Ýusup bilen Merýemiň ýaşaýan ýerine gelip durýança, müneçjimler onuň yzyna düşýärler.

Müneçjimler Ýusup bilen Merýemiň öýüne girende, ogly Isany görýärler

Müneçjimler öýe girende, Merýem bilen ogly Isany görýärler. Olar Isa tagzym edip, oňa altyn, ladan, mirra sowgat berýärler. Soňra Hirodesiň ýanyna dolanmakçy bolanlarynda, Hudaý olaryň düýşüne girip, muny etmezligi tabşyrýar. Şol sebäpli olar öz ýurduna başga ýol bilen gaýdýarlar.

Siziň pikiriňizçe, müneçjimlere ýol görkezen «ýyldyzy» kim iberdikä? Ýadyňyza düşýän bolsa, ýyldyz olary göni Isanyň ýanyna Beýtullahama getirmändi. Gaýtam, Isany öldürmekçi bolýan Hirodes patyşanyň ýanyna Iýerusalime alyp gelipdi. Eger Hudaý müneçjimleri Isanyň ýaşaýan ýerini Hirodese aýtmazlygy duýdurmadyk bolsady, ol, dogrudan-da, çagany öldürerdi. Hawa, muny Hudaýyň duşmany Şeýtan etdi. Ol Isany öldürmek isleýärdi we ýyldyzy ulanyp, niýetini amala aşyrmakçydy.

  • Müneçjimleriň gören «ýyldyzynyň» adaty ýyldyz däldigini nireden bilýäris?

  • Müneçjimler Isanyň ýanyna gelende, ol nirede ýaşaýardy?

  • Näme üçin müneçjimlere Şeýtan ýol görkezdi diýse bolar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş