Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 24 sah. 62—sah. 63 abz. 7
  • Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • A7-Ç Isa pygamberiň ömri — Isa Jelilede wagyz edýär (1-nji bölüm)
    Mukaddes Kitap
  • Mesih pygamberligi berjaý etdi
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • Isa hoş habary wagyz edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa Kapernaumda uly işleri edýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 24 sah. 62—sah. 63 abz. 7
Isa Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa

24-NJI BAP

Isa tutuş Jelile welaýatynda wagyz edýär

MATTA 4:23—25; MARKUS 1:35—39; LUKA 4:42, 43

  • ISA DÖRT ŞÄGIRDI BILEN JELILÄ AÝLANÝAR

  • ISANYŇ WAGZY WE EDÝÄN IŞLERI ÄHLI ÝERE ÝAÝRAÝAR

Isanyň dört şägirdi bilen Kapernaumda bolan güni başagaýlykda geçýär. Agşam düşende, adamlar Isanyň ýanyna syrkawlary getirýärler, Isa hem olary sagaldýar. Görşümiz ýaly, Isanyň dynç almaga-da eli degmeýär.

Isa ir bilen heniz jahan ýagtylmanka turýar. Ol gökdäki Atasyna doga etmek üçin bir çola ýer tapýar. Emma bu ümsümlik uzaga çekmeýär. «Simun we beýleki şägirtler» Isanyň ýokdugyny bilenlerinde, ony gözlemäge çykýarlar. Emma Petrus has-da alada eden bolmaly, sebäbi Isa onuň öýünde bolýardy (Markus 1:36; Luka 4:38).

Olar Isany tapanlarynda, Petrus: «Hemmeler seni gözläp ýör» diýýär (Markus 1:37). Hawa, Kapernaumyň ýaşaýjylary Isanyň öz ýanlarynda galmagyny isleýärdiler. Olar Isanyň eden işlerine diýseň minnetdardylar, şonuň üçin hem ondan «gitmezligi haýyş edýärler» (Luka 4:42). Eýsem, Isa ýer ýüzüne diňe kesel adamlary sagaltmak üçin geldimi? Ol diňe şu jelegaýda wagyz etmelimi? Isanyň özi bu hakda näme pikir edýär?

Isa Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa

Isa şägirtlerine: «Ýörüň, başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň. Men ol ýerlerde-de wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim» diýýär. Ol hatda özüni galdyrmak isleýän adamlara: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlere-de yglan etmeli, sebäbi men şonuň üçin iberildim» diýýär (Markus 1:38; Luka 4:43).

Dogrudan-da, Isa ýer ýüzüne, esasan-da, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge gelýär. Bu Patyşalyk onuň Atasynyň adyny mukaddes eder, keselçiligi-de hemişelik aýrar. Isa syrkawlary sagaldyp, Hudaý tarapyn iberilendigini subut edýär. Şonuň ýaly-da ençeme ýyl mundan ozal Musa pygamber hem Hudaý tarapyn iberilendigini subut etmek üçin täsin gudratlary görkezipdi (Müsürden çykyş 4:1—9, 30, 31).

Şeýlelikde, Isa dört şägirdi, ýagny Petrus we onuň dogany Andreas, Ýahýa hem-de onuň dogany Ýakup bilen bile başga şäherlerde wagyz etmek üçin Kapernaumdan gaýdýar. Bir hepde mundan öň Isa olary özüne kömekçi edip saýlapdy.

Isanyň we onuň dört şägirdiniň Jeliledäki wagzy gowy netije berýär. Dogrudan-da, Isanyň at-owazasy il içine dolupdy. Hawa, «Isanyň ady bütin Siriýa ýaýraýar». Şeýle-de Iordan derýasynyň aňry tarapyndaky on şäher diýmegi aňladýan Dekapolis welaýatyna hem belli bolýar (Matta 4:24, 25). Şol ýerlerden we Ýahudadan Isanyň we şägirtleriň yzyna ençeme adamlar düşýärler. Olaryň köpüsi ýanlarynda syrkawlary hem getirýärler. Isa olaryň tamasyny ödeýär, sebäbi syrkawlary sagaldyp, jynly adamlary hem azat etmek üçin, olardan jynlary kowup çykarýar.

  • Isanyň Kapernaumda başagaý bolup geçiren gününiň ertesi näme bolýar?

  • Isa ýer ýüzüne näme üçin gelýär we onuň gudrat görkezmeginiň esasy maksady nämedi?

  • Isa kim bilen Jelilä wagyz etmäge gidýär we adamlar onuň wagzyna nähili seslenýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş