Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 25 sah. 64—sah. 65 abz. 6
  • Heýwere keselli adamyň sagalyşy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Heýwere keselli adamyň sagalyşy
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Sagbolsun aýtmagy näme üçin ýatdan çykarmaly däl?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa adamlary söýýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Heýwere keselli on adamyň diňe biri minnetdar bolýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Mesihden görelde alalyň
    Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 25 sah. 64—sah. 65 abz. 6
Isa heýwere keselli adamy sagaldýar

25-NJI BAP

Heýwere keselli adamyň sagalyşy

MATTA 8:2—4; MARKUS 1:40—45; LUKA 5:12—16

  • ISA HEÝWERE KESELLI ADAMY SAGALDÝAR

Isa dört şägirdi bilen «bütin Jeliläni aýlanyp, sinagogalarda wagyz edýärdi». Onuň edýän ajaýyp işleri hakdaky gürrüň ähli ýere ýaýraýar (Markus 1:39). Muny bir şäherde ýaşaýan heýwere keselli adam hem eşidýär. Luka lukman ony «tutuş endamy heýwere keselli bir adam» diýip suratlandyrýar (Luka 5:12). Heýwere kesele uçran adamyň bedeni kem-kemden betnyşan bolup başlaýardy.

Hawa, heýwere keselli adam örän gözgyny ýagdaýdady we ol adamlaryň arasynda ýaşamaly däldi. Galyberse-de, ol golaýda kimdir birini görende: «Men haram, men haram» diýip gygyrmalydy. Şeýdip, ol başgalary ýokanç keselden goramalydy (Lewiler 13:45, 46). Emma bu adam näme edýär? Ol Isanyň ýanyna barýar-da, dyza çöküp: «Halypam, eger sen isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýýär (Matta 8:2).

Bä, bu adamyň imanyna telpek goýaýmaly! Onuň gözgyny ýagdaýyny görseňiz, ýüregiňiz para-para bolsa gerek! Isa näme ederkä? Siz şol ýerde bolan bolsaňyz näme ederdiňiz? Isanyň ýüregi awap, oňa elini degirýär-de: «Isleýärin, tämiz bol!» diýýär (Matta 8:3). Geň galaýmaly, heýwere keselli adam şol bada tämizlenýär.

Siz Isa ýaly duýgudaş we ähli zady başarýan adamyň patyşa bolmagyny isleýärsiňizmi? Şu wakadan görnüşi ýaly, biz Isanyň ýer ýüzüniň üstünden Patyşa bolanda, Mukaddes Ýazgylardaky: «Onuň garyba, mätäje haýpy geler, mätäçleriň janlaryny gutarar» diýen pygamberligiň ýerine ýetjekdigine şübhelenmeýäris (Zebur 72:13). Hawa, şonda Isa ejir çekýän ähli adamlara kömek edip, ýüreginde beslän niýetini amala aşyrar.

Ýadyňyza düşýän bolsa, heýwere keselli adam heniz sagalmanka, adamlar bir-birine Isa hakda höwes bilen gürrüň berýärdiler. Indi bolsa olar şu gudraty hem eşiderler. Emma Isa adamlaryň biriniň beren gürrüňi esasynda iman etmeklerini islemeýärdi. Isa: «Ol... sesini gataltmaz, ony köçelerde eşitdirmez» diýen pygamberligi bilýändigi üçin, iliň gözünde bolmakdan gaça durýardy (Işaýa 42:1, 2). Şol sebäpli Isa heýwere keselinden tämizlenen adama: «Bu hakda hiç kime aýdaýma, ýöne git-de, özüňi ruhana görkez we Musanyň tabşyryşy ýaly, gurbanlyk getir. Bu ruhanylara şaýatlyk bolar» diýýär (Matta 8:4).

Emma sagalan adam şeýle bir begenýär welin, bolan zatlary içine sygdyryp bilmeýär. Ol bu täzeligi hemmelere gürrüň berip çykýar. Muny eşiden adamlaryň Isany göresi gelip, içi byjyklaýardy. Şol sebäpli Isa şähere arkaýyn girip bilmeýärdi we adamlaryň ýok ýerlerinde bolmaly bolýardy. Emma şonda-da sagalmak we Isadan tälim almak üçin adamlar ähli ýerlerden gelýärdi.

  • Heýwere keselli adamyň bedeni nähili bolýardy we şeýle adam näme etmelidi?

  • Heýwere keselli adam Isa näme diýip ýalbarýar we Isanyň sagaldyşyndan nämäni bilse bolýar?

  • Isanyň eden işi sagalan adama we başgalara nähili täsir edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş