9-NJY BÖLÜM
Mesihden görelde alalyň
ALLATAGALANYŇ aýtmagyna görä, Mesih ähli halklaryň Serdary bolmaly. Hudaý bize nähili ýolbaşçynyň gerekdigini bilýär, şol sebäpli ol biziň üçin iň gowy Serdar saýlady. Mesih nähili Ýolbaşçy bolmalydy? Güýçli Serkerdemi? Ökde syýasatçymy ýa-da filosof? Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ol — Mesih Isa — pygamberdi. Emma ol ähli pygamberlerden tapawutlanýardy (Matta 23:10).
Allatagala Isanyň kämil we mukaddes bolup dogulmagynyň aladasyny etdi. Şeýtan bolsa Isany azdyrmak üçin dürli hileleri ulandy. Emma Isa oňa garşy durdy. Isanyň aýdan sözlerinden we eden işlerinden Hudaýyň kämil güýjüni, adalatlylygyny, akyldarlygyny we söýgüsini görse bolýar. Geliň, indi Isanyň göreldesine nädip eýerip bolýandygyny bileliň.
Isa güýjüni gaýgyrman adamlara kömek edýärdi
Isa Hudaýyň beren güýji arkaly adamlara kömek etdi. Ol adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin güýjüni gaýgyrmady. Isa: «Bu märekä haýpym gelýär! Bularyň... iýmäge hem hiç bir zatlary ýok» diýdi (Markus 8:2). Soňra ol gudrat bilen uly märekäni doýurdy.
Isa şäher-şäher, oba-oba aýlanyp, wagyz ederdi we «halkyň arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi» (Matta 4:23). «Bütin märeke Oňa el degirjek bolup dyrjaşýardy. Çünki Ondan güýç çykyp, hemmesine şypa berýärdi». Şol sebäpli onuň yzyna müňlerçe adamlaryň düşmegi geň galdyrmaýar (Luka 6:19). Hakykatdan-da, Isa «Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Matta 20:28)a. Adamlar barada şeýle alada edýän ýolbaşçy barmy näme?
Isa çagalary söýýärdi
Isa Hudaýyň adalatlylygyny görkezdi. Ol Hudaýyň kanunyna we onuň prinsiplerine doly eýerdi. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isa mezmurçynyň: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» diýen sözlerini tassyklady (Zebur 40:8). Isa Allanyň göreldesine eýerip, ähli adamlaryň: baýdyr garyplaryň, erkekdir aýallaryň, uludyr çagalaryň mertebesini sylap, hormat goýýardy we hiç kimi ala tutmaýardy. Bir gezek ata-eneler çagalaryny Isanyň ýanyna getirende, şägirtler olara käýediler. Şonda Isa şägirtlerine: «Degmäň, çagalar meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň; çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi (Markus 10:14).
Isa Hudaýyň beren akyldarlygyny ulandy. Isa örän düşgürdi, «çünki ynsanda näme bardygyny Özi bilýärdi» (Ýahýa 2:25). Hatda Isany tussag etmäge gelen serkerdeler-de: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýdiler. Isa akyldarlygy kim berdi? Ol: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki» diýdi (Ýahýa 7:16, 46).
Isanyň syrkawlara rehimi inip, olary sagaldýardy
Isa Allanyň söýgüsini bildirdi. Onuň adamlara rehimi inýärdi. Bir sapar «tutuş endamy heýwere keselli» adam oňa: «Ýa Reb, isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip ýalbardy. Isanyň oňa haýpy geldi we «elini uzadyp: “Isleýärin, tämiz bol!“ diýdi-de, oňa elini degirdi. Heýwere keseli derrew ol adamdan aýryldy» (Luka 5:12, 13; Markus 1:41, 42). Hawa, Isa ejir çekýän adamlara teselli berýärdi.
Isa siziň hem aladaňyzy edýärmi? Ol şeýle diýdi: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar» (Matta 11:28, 29).
Iň gowy Serdar — Isa. Şol sebäpli ol bize: «Menden öwreniň» diýýär. Siz onuň mähirli çakylygyna seslenermisiňiz? Oňa seslenen her bir adam bagtly bolar.
a Töleg barada bilmek üçin «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 27-nji sapagyna serediň.