Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 33 sah. 80—sah. 81 abz. 1
  • Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa ýaly pesgöwünli we mähirli boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ine, Ýehowanyň razy bolan Gullukçysy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 33 sah. 80—sah. 81 abz. 1
Isa göçme manyda egrelen we döwüljek bolup duran gamşa meňzeýän adamlara göwünlik beriji habary aýdýar

33-NJI BAP

Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär

MATTA 12:15—21; MARKUS 3:7—12

  • ISANYŇ ÝANYNA ULY MÄREKE ÝYGNANÝAR

  • ISA IŞAÝANYŇ PYGAMBERLIGINI BERJAÝ EDÝÄR

Fariseýler we Hirodesiň tarapdarlary Isany öldürjek bolýarlar. Ol muny bilende, şägirtleri bilen Jelile deňzine tarap gidýär. Onuň ýanyna uly märeke ýygnanýar. Olar Jelileden, Sur we Sidon atly kenarýaka şäherlerinden, Iordan derýasynyň gündogar tarapyndan, Iýerusalimden hem-de uzak günortada ýerleşýän Idumeýadan gelipdiler. Isa köp syrkawlary sagaldýar. Şol sebäpli agyr keselli adamlaryň hemmesi onuň ýanyna barmaga howlugýardy. Olar Isanyň elini degirmegine garaşman, özleri oňa elini degirjek bolýardylar (Markus 3:9, 10).

Adamlar şeýle bir köpdi welin, Isa şägirtlerine kiçiräk gaýygy getirmegi tabşyrýar. Şonda ol gaýyga münýär-de, adamlar ony gysmaz ýaly kenardan biraz daşlaşýar. Bu oňa gaýykda oturan ýerinden öwretmäge ýa-da has köp adamlara kömek etmek üçin başga kenarlara gitmäge mümkinçilik berýärdi.

Matta özüniň Hoş habarynda: «Şeýdip, Işaýa pygamberiň aýdan... sözleri berjaý boldy» diýýär (Matta 12:17). Eýsem, Isa haýsy pygamberligi ýerine ýetirdi?

«Ine, meniň saýlan, söýgüli we göwnüme laýyk gullukçym! Men oňa ruhumy bererin, ol hem halklara adalatyň nämedigini aýdyň görkezer. Ol ne dawalaşar, ne-de gygyrar. Uly ýollarda hiç kim onuň sesini eşitmez. Ol adalaty berkarar edýänçä, egrelen gamşy döwmez, sönüp barýan peltäni öçürmez. Hawa, halklar onuň adyna umyt baglarlar» (Matta 12:18—21; Işaýa 42:1—4).

Dogrudan-da, Isa pygamber Hudaýyň söýgüli we göwnüne laýyk gullukçysy! Ol adalaty aýan edýär, sebäbi ony ýalan dini taglymatlar zerarly tapawutlandyryp bolmaýardy. Fariseýler Hudaýyň Kanunyny nädogry düşündirýärdiler. Olar Sabat güni hatda syrkawa-da kömek etmezler! Isa Hudaýyň adalatyny aýan edip we özünde Hudaýyň ruhunyň bardygyny görkezip, adamlary ýalan taglymatlardan azat edýär. Ine, şonuň üçin dini ýolbaşçylar ony öldürmek isleýärler. Gör, nähili elhençlik!

«Ol ne dawalaşar, ne-de gygyrar. Uly ýollarda hiç kim onuň sesini eşitmez» diýen sözler nämäni aňladýar? Isa syrkawlary sagaldanda, olara hem-de jynlara «özi hakda hiç kime gürrüň bermezligi» tabşyrýardy (Markus 3:12). Ol özi barada adamlaryň köçelerde kimdir birinden eşitmegini ýa-da dilden-dile geçen nädogry maglumatlar arkaly bilmeklerini islemeýärdi.

Şeýle-de Isa göçme manyda egrelen we döwüljek bolup duran gamşa meňzeýän adamlara göwünlik beriji habary aýdýar. Adamlaryň ýaşaýşa bolan höwesi gaçyp barýardy, olar sönüp barýan peltä meňzeýärdiler. Isa egrelen gamşy döwmez ýa-da sönüp barýan peltäni öçürmez. Gaýtam, ýumşak adamlary mähir we söýgi bilen ruhlandyrýar. Dogrudan-da, milletler Isa pygambere bil baglap bilerler!

  • Isa dawalaşman ýa-da uly ýollarda sesini eşitdirmän nädip adalaty aýan edýär?

  • Kimler egrelen gamşa we sönüp barýan peltä meňzeýärdi we Isa olara nähili garaýardy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş