Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 37 sah. 94—sah. 95 abz. 1
  • Isa dul aýalyň ogluny direldýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa dul aýalyň ogluny direldýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ölen adamlar direler!
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa pygamberiň gudratlaryndan näme öwrenýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýahýa Isanyň özünden eşitmek isleýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 37 sah. 94—sah. 95 abz. 1
Isa şägirtleri bilen dul aýalyň ogluny direldýär

37-NJI BAP

Isa dul aýalyň ogluny direldýär

LUKA 7:11—17

  • NAÝIN ŞÄHERINDE BOLAN DIRELIŞ

Isa ýüzbaşynyň hyzmatkärini sagaldansoň, Kapernaumdan çykyp, Naýin şäherine gidýär. Bu şäher Kapernaumyň günorta-günbatar tarapynda 32 km uzaklykda ýerleşýärdi. Isanyň ýeke özi däldi, onuň ýanynda şägirtleri we uly märeke bardy. Agşam düşende, olar Naýin şäherine golaýlaýarlar. Şähere girip barýarkalar, ölini jaýlamaga barýan birgiden ýehudylara duş gelýärler. Olar ýaş oglanyň jesedini jaýlamak üçin şäherden çykyp barýardylar.

Oglanyň ejesi hemmelerden beter hasrat çekýärdi. Ol aýal duldy, üstesine-de, ýeke-täk perzendi aradan çykdy. Ýanýoldaşy ölende, her niçik-de bolsa, onuň ýanynda ogly bardy. Ol onuň ýeke-täk guwanjydy, gartaşan çagy aladasyny etjek arkadaýanjydy. Ine, ol hem dünýäden ötdi. Indi ony kim goldar, kim oňa daýanç bolar?

Dul aýalyň hasrat çekişini görüp, Isanyň ýüregi dilim-dilim bolýar, onuň ýagdaýyna diýseň gynanýar. Ol mähirli we ynamly sözler bilen aýala göwünlik berip: «Goý, aglama» diýýär. Emma Isa ony gury söz bilen doýurjak bolmady. Ol ýatan merhumyň golaýyna baryp, tabyda elini degirýär (Luka 7:13, 14). Ýas tutup barýan adamlar muny görüp, sakga durýarlar. Olaryň köpüsi: «Bu adam näme etjek bolýarka?» diýip, geň galan bolmaly.

Isa şägirtleri bilen dul aýalyň ogluny direldýär

Eýsem, Isanyň ýany bilen gelen adamlar näme pikir edýärkä? Olar onuň eden ençeme gudratlaryny, syrkawlary sagaldandygyny görseler-de, heniz onuň adam direldendigini görmändiler. Hawa, geçmişde direliş bolupdy, ýöne Isa muny başararmyka? (1 Patyşalar 17:17—23; 2 Patyşalar 4:32—37). Isa merhuma: «Ýaş ýigit, saňa diýýärin, ýeriňden tur!» diýýär (Luka 7:14). Göz öňüne getiriň, ol oglan ýerinden galýar-da, gepläp başlaýar! Isa hem ony ejesine gowşurýar. Ejesi bolsa aňk-taňk bolup durdy, şol bir wagtyň özünde hem begenjiniň çägi ýokdy. Indi ol ýeke däldi.

Adamlar ýaş oglanyň direlendigini görende, ýaşaýyş demini berýän Ýehowany şöhratlandyryp başlaýarlar. Käbiri: «Biziň aramyzda beýik pygamber peýda bolupdyr» diýse, başgalary: «Hudaý öz halkyna nazar saldy» diýýärdi (Luka 7:16). Bu täsin waka golaý-goltumdaky şäherdir obalara ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Ol 10 km uzaklykda ýerleşýän Isanyň önüp-ösen şäheri bolan Nazarete-de ýeten bolmaly. Hatda günortada ýerleşýän Ýahuda çenli hem baryp ýetýär.

Suwa çümdürýän Ýahýa henizem türmededi. Ol Isanyň görkezýän gudratlary bilen içgin gyzyklanýardy. Ýahýanyň şägirtleri Isanyň edýän işleri hakda oňa gürrüň berýärdiler. Bu gürrüňler oňa nähili täsir etdikä?

  • Isa Naýin şäherine golaýlanda nähili waka bolýar?

  • Gören zatlary Isa nähili täsir edýär we bu ony näme etmäge höweslendirýär?

  • Isanyň eden işi adamlarda nähili täsir galdyrýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş