Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 16 sah. 44—sah. 45 abz. 5
  • Eýýup nähili adamdy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Eýýup nähili adamdy?
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Ýehowa umyt bagla»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Eýýup Hudaýa wepaly galdy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Eýýup çydamly we aýypsyz adam
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 16 sah. 44—sah. 45 abz. 5
Üç adam Eýýuby görmäge gelýär; Eýýubyň endam-janyna ýara çykdy

16-NJY SAPAK

Eýýup nähili adamdy?

Uz ýurdunda Eýýup atly bir adam ýaşaýardy. Onuň köp çagalary we hyzmatkärleri bardy. Eýýup ýumşak adamdy. Ol garyplara, ýetimlere we köp adamlara kömek edýärdi. Eýýup gowy adam bolsa-da, bir gezek kyn güne düşýär.

Şeýtan

Eýýup hemişe Ýehowa gulak asýardy. Şeýtanyň oňa gahary gelýärdi. Ýehowa Şeýtana: «Eýýuby görýäňmi? Ol maňa gulak asýar, erbet işleri etmeýär» diýdi. Şeýtan: «Sen Eýýuba köp zat berýärsiň. Malyny, ýerini we baýlygyny elinden alsaň, saňa gulak asmaz» diýdi. Ýehowa: «Hemme zadyny alyp göräý, şonda-da maňa gulak asar. Ýöne öldüräýme!» diýdi. Ýehowa näme üçin Şeýtana ýol berdi? Ol Eýýubyň gulak asjakdygyna ynanýardy.

Şeýtan Eýýubyň zatlaryny elinden aldy. Başda sabalylary iberip, Eýýubyň öküzlerini we eşeklerini ogurlatdy. Soň gökden ot ýagdyryp, hemme goýunlaryny öldürdi. Biraz wagtdan haldeýler geldi. Olar hyzmatkärleri öldürip, düýeleri alyp gitdi. Soňra has erbet zat boldy. Eýýubyň çagalary öýde iýip-içip otyrdy. Birdenem güýçli şemal turýar. Olaryň oturan jaýy üstüne ýykylýar. Şeýdip, Eýýubyň ähli çagasy ölýär. Eýýup gynanyp aglaýar, ýöne Ýehowadan öýkelemeýär. Şonda-da oňa gulak asýar.

Şeýtanyň hasam gahary geldi. Ol Eýýubyň endamyna ýara çykardy. Onuň hemme ýeri agyrýardy. Eýýup muny kimiň edýändigini bilmeýärdi. Ol kyn bolsa-da, Ýehowa gulak asdy. Ýehowa-da Eýýuba guwandy.

Şeýtan Eýýubyň içini ýakmak üçin üç adam iberýär. Olar Eýýuba: «Sen erbet iş edensiň. Hudaý saňa şonuň üçin jeza berýär» diýdiler. Eýýup: «Men erbet iş etmedim» diýdi. Şondan soň ol Hudaýy günäkärledi.

Alyhuw atly ýaş oglan olaryň gürrüňini eşidip durdy. Ol: «Siz ýalňyşýarsyňyz. Ýehowa hiç kime ýamanlyk etmeýär. Gaýtam adamlara kyn gününde kömek edýär» diýdi.

Eýýup aýaly we bäbejigi bilen

Ýehowa Eýýuba şeýle sorag berdi: «Asmany we ýeri ýaradanymda nirede bolduň? Ähli zady näme üçin menden görýärsiň? Zatlaryňy kimiň alanyny bilmän meni günäkärleýärsiň». Şondan soň Eýýup: «Bagyşla, men ýalňyşdym. Indi seni gowy tanadym. Sen hemme zady edip bilýän güýçli Hudaý» diýdi.

Şeýtan näme etse-de, Eýýup Ýehowa gulak asdy. Ýehowa-da ony sagaltdy, oňa öňküsinden hem köp zat berdi. Eýýubyň ýene-de çagalary boldy. Şondan soň Eýýup köp ýaşady. Senem kyn bolsa-da, Ýehowa gulak asarmyň?

«Siz Eýýup pygamberiň çydamlylygy we Ýehowanyň beren berekedi hakda eşidensiňiz» (Ýakup 5:11).

Soraglar: Şeýtan Eýýuba näme etdi? Gulak asandygy üçin Ýehowa Eýýuba näme berdi?

Eýýup 1:1—3:26; 4:7; 32:1—5; 34:5, 21; 35:2; 36:15, 26; 38:1—7; 40:8; 42:1—17

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş